Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna gutlag hatlary gelip gowuşdy | TDH
Syýasat habarlary

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna gutlag hatlary gelip gowuşdy

опубликованно 02.10.2019 // 236 - просмотров
 

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA

Hormatly jenap Prezident!

Amerikan halkynyň adyndan Size hem-de Türkmenistanyň halkyna ýurduňyzyň Garaşsyzlygynyň 28 ýyllygynyň baýram edilmegi mynasybetli iň gowy arzuwlarymy beýan etmäge rugsat ediň!

Men ýurtlarymyzyň arasynda ýola goýlan hem-de geçen ýylyň dowamynda has-da berkän ikitaraplaýyn gatnaşyklara uly sarpa goýýaryn. Amerikanyň Birleşen Ştatlary ýurtlarymyzyň arasyndaky medeni, bilim we ykdysady gatnaşyklaryň has-da giňeldiljekdigine, şeýle hem Merkezi Aziýanyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi üçin Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygyň dowam etdiriljekdigine umyt edýär.

Men hyzmatdaşlygyň geljekde hem üstünlikli dowam etjekdigine umyt edýärin.

Hormatlamak bilen,
Donald TRAMP,
Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti.

***

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA

Hormatly jenap Prezident!

Slowakiýa Respublikasynyň raýatlarynyň adyndan we öz adymdan Sizi Türkmenistanyň milli baýramy — Garaşsyzlyk güni bilen gutlaýaryn.

Ýurtlarymyzyň halklarynyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň, özara bähbitli hyzmatdaşlygyň we özara düşünişmegiň geljekde hem özara gyzyklanma döredýän ähli ugurlarda ösdüriljekdigine ynanýaryn.

Türkmenistana we onuň raýatlaryna demokratiýany gurmakda we ýurduň durmuş-ykdysady derejesini ýokarlandyrmakda uly üstünlikleri arzuw edýärin.

Hormatlamak bilen,
Zuzana ÇAPUTOWA,
Slowakiýa Respublikasynyň Prezidenti.

***

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA

Hormatly jenap Prezident!

Horwatiýa Respublikasynyň raýatlarynyň adyndan we öz adymdan Size Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy hem-de türkmen halkyna öňe ilerlemegi we abadançylyk arzuw edýärin.

Horwatiýa Respublikasy Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk we dostluk gatnaşyklaryna ýokary baha berýär. Biziň gatnaşyklarymyz ähli ugurlarda, hususan-da, ykdysady ugurda yzygiderli berkidilýär. Bilelikdäki tagallalarymyz bilen döwletlerimiziň halklarynyň bähbidine horwat-türkmen gatnaşyklaryny üstünlikli ösdürmäge ýardam etmegi dowam etjekdigimize ynanýaryn.

Size iň gowy arzuwlarymy we horwat halkynyň mähirli dostlugyny beýan edýärin.

Jenap Prezident, Size uly hormatym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň!

Kolinda GRABAR-KITAROWIÇ,
Horwatiýa Respublikasynyň Prezidenti.

***

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA

Bahreýn Patyşalygynyň halkynyň adyndan hem-de öz adymdan Siziň dostlukly ýurduňyzyň milli baýramy — Garaşsyzlyk güni mynasybetli iň gowy arzuwlarymy we tüýs ýürekden çykýan gutlaglarymy ýollaýaryn.

Şu mümkinçilikden peýdalanyp, Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk we bagtyýarlyk, dostlukly türkmen halkyna bolsa, Siziň parasatly ýolbaşçylygyňyzda mundan beýläk-de öňe ilerlemegi we abadançylyk arzuw edýärin.

Hormatlamak we sarpa goýmak bilen,
Hamad Bin Isa AL-HALIFA,
Bahreýniň Patyşasy.

***

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA

Nepalyň hökümetiniň we halkynyň adyndan hem-de öz adymdan Siziň Alyhezretiňizi hem-de Siziň üstüňiz bilen Türkmenistanyň halkyny Garaşsyzlyk baýramy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk we bagtyýarlyk, Türkmenistanyň halkyna bolsa, öňe ilerlemegi we rowaçlyk arzuw edýärin.

Biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň geljek ýyllarda has-da pugtalandyryljakdygyna ynanýaryn.

Şarma OLI,
Nepalyň Premýer-ministri.

***

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA

Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli Size hem-de Siziň ýurduňyzyň dostlukly halkyna tüýs ýürekden gutlaglarymy beýan edýärin.

Şu pursatdan peýdalanyp, ýurtlarymyzyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň hem-de hyzmatdaşlygyň halklarymyzyň islegine laýyklykda ösdüriljekdigine ynanýaryn.

Türkmenistanyň we onuň halkynyň abadançylygynyň bähbidine alyp barýan işiňizde Size täze üstünlikleri arzuw edýärin.

Çwe Rýon HE,
Koreýa Halk Demokratik Respublikasynyň
Ýokary Halk Ýygnagynyň Prezidiumynyň Başlygy.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter