Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda | TDH
Syýasat habarlary

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda

опубликованно 04.10.2019 // 299 - просмотров
 

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň garaşsyzlygyny we özygtyýarlylygyny pugtalandyrmakda, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmakda, medeniýet pudagyny hem-de beýleki pudaklary ösdürmek boýunça döwlet maksatnamalaryny durmuşa geçirmekde, önjeýli döwlet we jemgyýetçilik işinde gazanan uly üstünlikleri üçin, zehinli ýaş döredijilik işgärlerini taýýarlamaga we terbiýelemäge goşan aýratyn goşantlaryny, döwletimiziň we jemgyýetimiziň öňünde bitiren uly hyzmatlaryny, uzak ýyllaryň dowamynda çeken halal, döredijilikli zähmetini, ýokary hünär ussatlygyny, şeýle hem hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň Garaşsyzlygynyň 28 ýyllyk baýramçylyk çärelerini ýokary derejede guramaçylykly geçirmäge gatnaşandyklaryny nazara alyp, karar edýärin:

Ýurdumyzyň şu raýatlaryny Türkmenistanyň medallary
bilen sylaglamaly:

Türkmenistanyň «Gaýrat» medaly bilen:

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň ýanyndaky Türkmen döwlet ýörite çeperçilik mekdebiniň mugallymy Amanmuhammet Hydyrowy,

Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň başlygynyň orunbasary Akmät Begenjowiç Nepesowy,

Daşoguz welaýatynyň Gurbansoltan eje adyndaky etrabynyň Täze zaman geňeşliginiň Dörtýap obasynyň ýaşaýjysy, pensioner Rejep Bazarowy;

Türkmenistanyň «Watana bolan söýgüsi üçin» medaly bilen:

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Bahargül Gurbanmyradowna Abdyýewany,

Türkmenistanyň Mejlisiniň Ýerli wekilçilikli häkimiýet we öz-özüňi dolandyryş edaralary bilen işlemek baradaky komitetiniň agzasy Şatlyk Gurbanowiç Işanowy,

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň guramaçylyk we medeni-köpçülik işleri bölüminiň müdiri Jennet Şyhmyradowna Ballyýewany,

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň Aşgabat şäheri we Ahal welaýaty boýunça bölüminiň müdiri Ýusup Gylyçdurdyýewiç Gylyçdurdyýewi,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň umumy bölüminiň müdiri Begenç Baýrammämmedowiç Saparowy,

Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Daşoguz welaýat komitetiniň başlygy Serdar Aşyrowiç Gaýypowy,

Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň «Mizan» täjirçilik merkeziniň «Mizan» myhmanhanasynyň aşpezi Muratniýaz Atabaýewiç Klyçýewi,

Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň Ahal welaýat alyjylar jemgyýetleri birleşiginiň Köşi alyjylar jemgyýetiniň «Türkmen nagyşlary» önümçilik kärhanasynyň «Nusaý» restoranynyň müdiri Nurgeldi Tokarowy,

Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky baş drama teatrynyň režissýory Eziz Emirgulyýewiç Işangulyýewi,

Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň Folklor-etnografiýa studiýasynyň baş baletmeýsteri Maksat Annamuhammedowiç Garaýewi,

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň Saz mugallymy kafedrasynyň uly mugallymy, aýdym, dirižýorlyk we saz mugallymçylygy fakultetiniň dekany Hijran Rozyniýazowiç Ergeşowy,

Türkmen döwlet medeniýet institutynyň medeni guramaçylyk işi kafedrasynyň mugallymy Merdan Myratgulyýewiç Abaýewi,

Türkmenistanyň Alp Arslan adyndaky milli drama teatrynyň saz bölüminiň müdiri Mämmet Daňatarowiç Hydyrowy,

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgüniň konsert bölüminiň alyp baryjysy Döwlet Kakamyradowiç Annageldiýewi,

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň kitaphanasynyň müdiri, «Altyn asyr» medeniýet merkeziniň çeper ýolbaşçysy Gurbanmyrat Ýagşyýewi,

Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň «Altyn asyr: Türkmenistan» teleradioýaýlymynyň Režissýorlar, suratçylar we beýleki işgärler toparynyň ýolbaşçysy Guwanç Hudagulyýewiç Söýünowy,

Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň «Teleradiomerkezi» döwlet kärhanasynyň Göçme telewizion stansiýasynyň çalşyk başlygy Şöhrat Öwezdurdyýewiç Garaýewi,

Ahal welaýat medeniýet müdirliginiň medeniýet merkeziniň artisti Gülşöhre Aýdogdyýewna Orazsähedowany,

Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynyň Irikli oba medeniýet öýüniň medeni çäreleriniň guramaçysy Ogulbagt Manyýewany,

Lebap welaýatynyň Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly drama teatrynyň baş ýolbaşçysy Mekan Artykmyradowiç Silapowy,

Mary welaýatynyň Wekilbazar etrabynyň A.Gandymow adyndaky geňeşliginiň Watan obasynyň ýaşaýjysy, pensioner Enejan Altyýewany;

Ýurdumyzyň şu raýatlaryna Türkmenistanyň hormatly atlaryny dakmaly:

«Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri» diýen hormatly ady:

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň baş direktory Ýusup Gurbanberdyýewiç Baýramowa;

«Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri» diýen hormatly ady:

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgüniň baş režissýory Aman Arslanowiç Rozyýewe,

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgüniň Türkmenistanyň Döwlet tans toparynyň balet artisti Geldi Annamuhammedowiç Nyýazowa,

Türkmenistanyň Mollanepes adyndaky talyplar teatrynyň režissýory Amanmämmet Baýrammämmedowiç Täçmämmedowa,

Türkmenistanyň Nebitgaz toplumynyň «Nebitgazhyzmat» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň Medeni-işewürlik merkeziniň «Galkynyş» folklor tans toparynyň baş çeper ýolbaşçysy Allaberdi Tagandurdyýewiç Nazarowa,

Aşgabat şäher häkimliginiň «Aşgabat» döredijilik toparynyň artisti Töre Şamyradowiç Orazgeldiýewe,

Lebap welaýatynyň Dänew etrabynyň Seýdi şäherindäki çagalar sungat mekdebiniň saz gurallaryny bejerýän ussasy Çary Gutlyýewe.

Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter