Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Hatyra gününe düşýän dynç gününi geçirmek hakynda | TDH
Syýasat habarlary

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Hatyra gününe düşýän dynç gününi geçirmek hakynda

опубликованно 04.10.2019 // 234 - просмотров
 

Hatyra gününiň dynç gününe düşýändigi sebäpli, şeýle hem Türkmenistanyň Zähmet kodeksiniň 81-nji maddasynyň ikinji bölegine laýyklykda, karar edýärin:

1. 2019-njy ýylyň 6-njy oktýabryndaky dynç gününi 7-nji oktýabra — duşenbe gününe geçirmeli.

2. Şu Permanyň ýerine ýetirilmegini eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, ähli edaralar, kärhanalar we guramalar üpjün etmeli.

Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter