Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna gutlag hatlary gelip gowuşýar | TDH
Syýasat habarlary

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna gutlag hatlary gelip gowuşýar

опубликованно 05.10.2019 // 128 - просмотров
 

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA

Siziň Alyhezretiňiz!

Garaşsyzlyk güni mynasybetli Türkmenistanyň halkyna iň mähirli gutlaglarymy ibermäge şatdyryn.

Häzirki çylşyrymly döwürde halkara hyzmatdaşlygy hemme wagtdakydan möhümdir. Tutuş dünýä «Biz, halklar, parahatçylygyň, durnukly ösüşiň we adam hukuklarynyň bähbidine tagallalarymyzy birleşdirýäris» diýen şygary öňe sürende rowaçlanýar.

Siziň ýurduňyzyň Birleşen Milletler Guramasyny pugtalandyrmak hem-de tagallalarymyzy hemmeler üçin nurana geljege tarap ilerletmek işine işjeň gatnaşjakdygyňyza bil baglaýaryn.

Siziň Alyhezretiňiz, belent hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul etmegiňizi haýyş edýärin.

Antoniu GUTERREŞ,
Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary.

* * *

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA

Siziň Alyhezretiňiz!

Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli Siziň Alyhezretiňize tüýs ýürekden gutlaglarymy ibermek mende ägirt uly kanagatlanma duýgusyny döredýär.

Size tüýs ýürekden bagt, ýurduňyzyň halkyna bolsa abadançylyk arzuw edýärin.

NARUHITO,
Ýaponiýanyň Imperatory.

* * *

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA

Mongol halkynyň adyndan hem-de hut öz adymdan Sizi we dostlukly türkmen halkyny milli baýram — Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Mongoliýa bilen Türkmenistanyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň ýakyn ýyllarda iki halkyň bähbidine has-da pugtalandyryljakdygyna, şeýle hem diňe bir ikitaraplaýyn derejede däl-de, halkara we sebit derejesinde hem çuňlaşdyryljakdygyna we ösdüriljekdigine ynanýaryn.

Siziň Alyhezretiňiz, jenap Prezident, Size berk jan saglyk we ähli gowulyklary, Türkmenistanyň dostlukly halkyna bolsa abadançylyk arzuw edýärin.

Tüýs ýürekden hormatlamak bilen,

Haltmaagiýn BATTULGA,
Mongoliýanyň Prezidenti.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter