Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow durky täzelenen “Köpetdag” stadionynyň açylyşyna gatnaşdy | TDH
Syýasat habarlary

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow durky täzelenen “Köpetdag” stadionynyň açylyşyna gatnaşdy

опубликованно 04.08.2015 // 1039 - просмотров
 

Aşgabat, 4-nji awgust (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow durky täzelenen “Köpetdag” stadionynda ýurdumyzyň Kubogy ugrunda geçirilen futbol duşuşygyna gatnaşdy.

Mälim bolşy ýaly, milli Liderimiz adam, onuň saglygy hem-de abadançylygy baradaky aladany döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hataryna çykardy. Köp kilometrlik Saglyk ýoluna ýöriş etmek hem-de bedenterbiýe we sportuň dürli görnüşleri bilen yzygiderli meşgullanmak arkaly hemişe bedenini taplaýan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hut özüniň şahsy göreldesi netijesinde türkmenistanlylaryň ýaş nesliniň arasynda “Sagdyn bedende—sagdyn ruh” diýen şygar uly meşhurlyga eýe boldy. Köpçülikleýin bedenterbiýe hereketini we ýokary netijeler sportuny höweslendirmek hem-de ösdürmek meseleleri hemişe milli Liderimiziň üns merkezinde durýar.

Döwlet Baştutanymyzyň durmuşa geçirýän giň halkara hyzmatdaşlyk syýasaty hem ýurdumyzda sportuň okgunly ösdürilmegine ýardam edýär. Ýurdumyzda iri halkara sport ýaryşlary yzygiderli geçirilýär, türkmen türgenleri olimpiýa hereketine barha işjeň gatnaşýarlar.

Aziýanyň Olimpiýa geňeşiniň çözgüdi ýurdumyzda sporty ösdürmekde örän ähmiýetli waka boldy. Şol çözgüde laýyklykda, Aşgabat Merkezi Aziýa sebitinde ilkinji bolup, Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny geçirmäge hukuk gazandy. Bu iri toplumlaýyn ýaryşlar paýtagtymyzda gurulýan Olimpiýa şäherjiginiň meýdançalarynda geçiriler. Orta Aziýadaky täsin we örän iri toplum diňe bir islendik derejedäki ýaryşlary geçirmäge ukyply bolmak bilen çäklenmän, eýsem, türkmen türgenleri üçin okuw-türgenleşik merkezi, türgenleriň hem-de milli toparlaryň dünýäniň, Aziýanyň çempionatlaryna, Olimpiýa oýunlaryna taýýarlyk görmek üçin oňat binýat bolup hyzmat eder.

“Köpetdag” stadionynyň öňünde hakyky baýramçylyk ýagdaýy emele geldi. Bu ýerde şanly waka mynasybetli harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary ýygnandylar. Bu ýere ýygnananlaryň ählisi hormatly Prezidentimizi ruhubelentlik bilen garşyladylar.

Milli Liderimiz durky täzelenen “Köpetdag” sport toplumynyň içine girdi. Bu ýerde milli Liderimizi Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň “Köpetdag” futbol toparynyň esasy we taýýarlaýyş toparlarynyň oýunçylary, olaryň tälimçileri garşyladylar.

Hormatly Prezidentimiz “Köpetdag” futbol toparynyň oýunçylary we tälimçileri bilen salamlaşyp, olary durky täzelenen “Köpetdag” sport toplumynyň açylmagy hem-de ulanmaga berilmegi bilen tüýs ýürekden gutlady. Bu ýerde sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmak we dürli ýaryşlary, şol sanda halkara ýaryşlaryny geçirmek üçin ähli şertler üpjün edildi.

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda mundan beýläk-de ýokary netijeli sportuň ösdürilmegi, türgenler we tälimçiler üçin ähli zerur şertleriň döredilmegi babatda döwletimiz tarapyndan yzygiderli alada ediljekdigini, ýurdumyzyň sport ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň has-da berkidiljekdigini aýtdy.

“Köpetdag” futbol toparynyň oýunçylary, tälimçileri durky täzelenen sport toplumynda halkara derejeli ýaryşlary geçirmek, netijeli türgenleşik işlerini alyp barmak, şeýle hem sportuň başga-da birnäçe görnüşleri bilen meşgullanmak üçin amatly şertleriň döredilendigini belläp, munuň üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden alkyş sözlerini aýtdylar.

Soňra döwlet Baştutanymyz futbolçylara “Köpetdag” futbol klubunyň nyşanyny hem-de futbol topary üçin niýetlenen “Hundaý” kysymly awtobusyň açaryny gowşurdy.

Çuňňur hoşallygyň nyşany hökmünde milli Liderimize “Köpetdag” futbol toparynyň futbolçularynyň we tälimçileriniň adyndan sport lybasy sowgat berildi.

Döwlet Baştutanymyz şu günki wakadan ýadygärlik hökmünde futbolçularyň we tälimçileriň haýyşy boýunça futbol topuna ýadygärlik ýazgy ýazdy hem-de olar bilen surata düşdi. Bu top “Köpetdag” sport toplumynyň özboluşly gymmatlygyna öwrüler.

Sagdyn durmuş ýörelgesiniň, sport bilen yzygiderli meşgullanmagyň tarapdary bolan we bu ugurda ildeşlerimize görelde bolýan döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy boýunça häzirki wagtda ýurdumyzyň ähli ýerlerinde dürli sport desgalarynyň gurluşygynyň giňden ýaýbaňlandyryldy. Bularyň ählisi türgenler, ilkinji nobatda, ýaşlar üçin öz ussatlygyny has-da kämilleşdirmek, geljekde ýokary sport netijelerini gazanmak babatda giň mümkinçilikleri açýar.

Türkmen türgenleri ajaýyp türgenleşik binýadyna hem-de sport muşdaklarynyň iň gelim-gidimli ýerleriniň birine öwrüljek durky täzelenen sport toplumyna haýran galýandyklaryny aýdyp, milli Liderimizi sportda ýokary netijeleri gazanmak hem-de belent sepgitlere ýetmek üçin ähli tagallalary etjekdiklerine ynandyrdylar.

Türkmenistanyň Içeri işler ministrligi “Köpetdag” sport toplumynyň durkuny täzelemegiň buýrujysy bolup çykyş etdi, ähli gurluşyk işlerini bolsa ýurdumyzyň gurluşykçylary ýerine ýetirdiler.

Desganyň umumy meýdany 11 gektardan gowrakdyr, onda 26 müň 503 orunlyk münberler, futbol meýdançasy ýerleşýär. Meýdançanyň daşynda bolsa ylgaw ýodajyklary, uzynlygyna we belentlige bökmek boýunça desgalar, şeýle hem türgenleşikler üçin meýdançalar göz öňünde tutulypdyr. Stadionyň ylgaw ýodajyklaryna sintetiki kauçuk, şeýle hem ýokary tehnologiýaly we ekologiýa taýdan arassa serişdeler düşelipdir. Munuň özi türgenleriň şikes almagynyň öňüni alýar.

Toplumyň çäginde toparlar bolup oýun oýnamak üçin niýetlenen açyk sport meýdançalary, ähli görkezijilere laýyk gelýän türgenleşik korty, trenažýor zallary ýerleşýär. Bulardan başga-da, sport toplumyna şeýle desgalar üçin zerur bolan döwrebap düzümler, şol sanda ýuwunylýan, eşik çalşyrylýan otaglar, tälimçileriň otaglary we beýlekiler girýär.

Sport desgalarynyň gurluşygyna bildirilýän häzirki zaman talaplaryna laýyklykda, stadion girelgeleriň birnäçesi bilen üpjün edildi. Durky täzelenenden soň, stadion ýörite yşyklandyryş—ses ulgam bilen hem enjamlaşdyryldy. Stadionyň yşyklandyrylyşynyň telewizion gepleşikleri alyp barmak üçin şertler babatda FIFA-nyň talaplaryna laýyk gelýändigini bellemek möhümdir.

Topluma ýanaşyk ýerler doly abadanlaşdyryldy we bagy-bossanlyga öwrüldi. Bu ýerde dürli agaç nahallary oturdyldy, bezeg gülleri ekildi.

Soňra “Köpetdag” sport toplumyna şu gün ýerli topar bilen bäsleşýän Marynyň “Merw” futbol toparynyň oýunçylary we bäsleşigiň eminleri çagyrylýar. Mälim bolşy ýaly, “Köpetdag” bilen “Merwiň” ilkinji duşuşygy 1:0 hasabynda “Köpetdagyň” ýeňşi bilen tamamlanypdy...

Futbol örän gyzykly oýundyr. Ýurdumyzda hem sportuň bu görnüşiniň meşhurlygy, aýratyn hem ýaşlaryň arasynda meşhurlygy barha artýar. Türkmenistanyň Futdol Federasiýasy 1992-nji ýylyň aprel aýynda döredildi. Şu geçen döwrüň dowamynda baý tejribe toplanyldy hem-de uly üstünlikler gazanyldy. Şol üstünlikler bolsa halkara derejesinde ykrar edildi. 1994-nji ýylda Türkmenistan Halkara Futbol Federasiýasynyň (FIFA) hem-de Aziýanyň futbol konfederasiýasynyň (AFK) doly hukukly agzasy boldy. Häzirki wagtda FIFA-nyň düzümine dünýäniň 209 ýurdy girýär. AFK-nyň düzüminde bolsa milli assosiasiýalaryň 46-sy bar.

Soňra futbol oýnunyň başlanýandygy yglan edilýär.

“Merw” we “Köpetdag” toparlary bu oýna dürli görkezijiler bilen geldiler. Ýurdumyzyň çempionatyna hem-de Kubogy ugrundaky ýaryşlara yzygiderli gatnaşýan “Merw” topary 2015-nji ýylda Türkmenistanyň birinjiliginiň birinji ýarymynyň netijeleri boýunça 8-nji orny eýeleýär.

Bir mahallar meşhur bolan “Köpetdag” futbol topary bolsa soňky ýyllarda biraz futbol dünýäsiniň ünsünden düşdi—ýurdumyzyň 6 gezek çempiony soňky gezek Türkmenistanyň Kubogy ugrundaky bäsleşige 2007-nji ýylda gatnaşdy. Şol oýunda hem ol özüniň şu günki bäsdeşi “Merw” topary bilen duşuşypdy. 8 ýyl mundan ozal geçirilen duşuşykda Türkmenistanyň Kubogy ugrundaky ýaryşyň çärýek finalynda “Köpetdag” “Merw” toparyndan 1:2 hasabynda utulypdy.

Soňra bu meşhur türkmen futbol topary biraz ýatdan çykaryldy. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Içeri işler ministrliginiň öňünde “Köpetdag” toparyny gaýtadan dikeltmek baradaky wezipäni goýdy. Şondan soňra örän gysga wagtyň içinde bu topar täzelenen görnüşde futbol giňişligine gaýdyp geldi.

Şu futbol möwsüminden “Köpetdag” topary milli çempionatyň birinji ligasynda çykyş edip başlady we ilkinji duşuşyklardan has erjellik görkezmegi başardy. Futbol janköýerleriniň tamasy ýerine düşdi—häzirki güne çenli “Köpetdag” Merkezi zolakda öňdäki orunda barýar.

Bu topar Türkmenistanyň Kubogy ugrundaky ýaryşyň birinji deslapky tapgyrynda ýokary ligada çykyş edýän “Merw” topary bilen duşuşdy. Şol duşuşykda paýtagtly futbolçular ussatlyk görkezmegi başardylar. Netijede “Köpetdag” ýeňiş gazanmagy başardy. Baýramalyda geçen şol birinji duşuşygyň barşy “Köpetdagyň” öz garşydaşynyň meýdanynda gazanan ýeňşiniň kanunalaýyk ýagdaýdygyny görkezdi. “Köpetdagyň” kapitanynyň uzak aralykdan geçiren ýeke-täk pökgüsi 2015-nji ýylyň çempionatynda geçirilen pökgüleriň iň owadany bolmaga dalaş edýär.

Şu gün “Köpetdag” özüniň durky täzelenen, halkara ülňüleriniň talaplaryna laýyk gelýän stadionynda Türkmenistanyň Kubogyny almak ugrundaky bäsleşikde özüniň ozalky bäsdeşi bilen ikinji gezek duşuşdy.

Heniz oýun başlanmanka, “Köpetdagyň” futbolçularynyň esasan hem goranyp we garşydaşlarynyň ýalňyşlygyndan peýdalanyp, hüşgärlik bilen oýnajakdygyny çaklap bolýardy. Çünki olar birinji oýunda ýeňiş gazanypdylar. “Merwiň” bolsa öňki utulyşynyň öwezini dolmak üçin duşuşygyň ilkinji pursatlaryndan hüjüme geçmegine garaşylýardy.

Ýöne bu oýun düýbünden başgaça häsiýete eýe boldy. Ýaş we hyjuwly köpetdaglylar oýun başlanan badyna hüjüme geçdiler. Olaryň yhlasly hüjümi 15-20 minut dowam etdi, şondan soň marylylar birneme oýnuň depginini güýçlendirip, ýer eýeleriniň derwezesiniň öňünde howply pursatlary döretmegi başardylar. Ýöne, “Köpetdagyň” oýunçylary ýene-de hüjüme geçdiler. “Köpetdagyň” ýarym goragçysy jerime urgusy bilen hasaby açdy. Derwezeban onuň batly depen pökgüsini gaýtaryp bilmedi. Şeýlelikde, oýnuň 30-njy minutynda “Köpetdagyň” oýunçysy M.Annagulyýewiň geçiren pökgüsi bilen, hasap 1:0 boldy.

Şondan soň, maryly futbolçular oýnuň depginini biraz gowşatdylar, “Köpetdagyň” oýunçylary bu ýagdaýdan başarjaňlyk bilen peýdalanyp we geçirilen pökgüden ruhlanyp, garşydaşlarynyň derwezesine hüjümi has-da güýçlendirdiler, ýöne “Merwiň” oýunçylary ussatlyk bilen gorandylar. Şeýle bolsa-da, duşuşygyň 39-njy minutynda “Köpetdagyň” futbolçusy H.Öwezow tapawutlanmagy başardy. Ol garşydaşlarynyň derwezebanynyň ýalňyşlygyndan peýdalanyp, ikinji pökgini tora urdy.

Eýýäm duşuşygyň birinji ýarymynyň ahyrynda paýtagtly futbolçularyň ýeňşi mese-mälim äşgär boldy. Duşuşygyň ikinji ýarymynda hem ýagdaý üýtgemedi. “Köpetdag” hüjümini yzygiderli dowam etdi, “Merw” bolsa goranmaly boldy, ýöne marylylar hem aram-aram hüjüm edip, paýtagtlylaryň derwezesiniň öňünde howply ýagdaýlary döretmegi başardylar. Şeýlelikde, hasap oýnuň ahyryna çenli üýtgemedi. “Köpetdag” 2:0 hasabynda mynasyp ýeňiş gazandy. Ol futbol boýunça Türkmenistanyň Kubogyny almak ugrundaky göreşini dowam etdirer!

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter