Türkmenistanyň Prezidenti bilen Gyrgyz Respublikasynyň Prezidentiniň duşuşygy | TDH
Syýasat habarlary

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Gyrgyz Respublikasynyň Prezidentiniň duşuşygy

опубликованно 11.10.2019 // 188 - просмотров
 

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bilen GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşmak üçin paýtagtymyza gelen Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sooronbaý Žeenbekowyň duşuşygy boldy.

Duşuşygyň başlamagynyň öňýanynda iki ýurduň Liderleri Sammitiň resmi banneriniň öňünde surata düşdüler.

Hormatly Prezidentimiz Gyrgyzystanyň döwlet Baştutanyny mähirli we tüýs ýürekden mübärekläp, ýurdumyzyň daşary syýasat ýörelgesiniň ileri tutulýan ugurlarynyň biriniň goňşy ýurtlar bilen netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmekden ybaratdygyny belledi. Bu ýurtlaryň halklary häzir täze döwrüň ýagdaýlary nazara alnyp, täzeden dikeldilýän Beýik Ýüpek ýolunyň söwda-ykdysady we medeni däpleri bilen gadymdan bäri baglanyşyklydyr.

Dostlukly döwletiň Baştutany bildirilen mähirli kabul edişlik üçin hoşallyk bildirip, Aşgabatda bolup görmäge örän şatdygyny nygtady hem-de halklarymyzyň taryhy-medeni umumylygynyň ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmek üçin möhüm ýagdaý bolup hyzmat edýändigini belledi. Gyrgyzystan Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn pugtalandyrmaga gyzyklanma bildirýär hem-de türkmen Lideriniň alyp barýan döredijilikli, ösüşlere beslenen daşary we içeri syýasatyna ýokary baha berýär diýip, Prezident Sooronbaý Žeenbekow nygtady.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gün tertibine möhüm meseleler girizilen Arkalaşygyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisiniň GDA-nyň çäklerinde söwda-ykdysady gatnaşyklaryň giňeldilmegine hyzmat etjekdigine ynam bildirdi. GDA-da dostlukly ýurtlar oňyn baý tejribe topladylar.

Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň we Gyrgyz Respublikasynyň Liderleri bar bolan mümkinçilikleri hem-de döwrüň ýagdaýlaryny nazara alyp, ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Söwda-ykdysady, energetika, ulag ulgamlary ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda agzaldy.

Geçen ýylyň awgustynda Sooronbaý Žeenbekowyň Gyrgyz Respublikasynyň Baştutany hökmünde Türkmenistana bolan ilkinji saparynyň barşynda ýokary derejede gazanylan ylalaşyklaryň häzirki wagtda üstünlikli durmuşa geçirilýändigi aýratyn bellenildi.

Taraplar netijeli gatnaşyklaryň, şol sanda iki ýurduň işewür toparlarynyň arasynda gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna we işjeňleşdirilmegine ýardam berýän işewür duşuşyklary geçirmegiň ähmiýetini aýratyn belläp, dürli ugurlarda gatnaşyklary ösdürmekde Hökümetara türkmen-gyrgyz toparynyň eýeleýän ornuny bellediler.

Iki ýurduň Liderleri Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de Sooronbaý Žeenbekow döwletara hyzmatdaşlygynyň ýokary derejesini we depginini belläp, ynsanperwer ulgamda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň, hususan-da, ylym-bilim hem-de medeni gatnaşyklary mundan beýläk-de höweslendirmegiň wajypdygyny nygtadylar. Sport hem ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ugurlarynyň biri hökmünde agzaldy.

Taraplar halkara derejesinde mundan beýläk-de netijeli hyzmatdaşlyk etmäge taýýardygyny tassyklap, özara gyzyklanma döredýän sebit we ählumumy gün tertibiniň birnäçe möhüm meseleleri boýunça pikir alyşdylar.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz biziň ýurdumyzyň halkara başlangyçlaryna berýän goldawy üçin gyrgyz Liderine minnetdarlyk bildirdi hem-de ýurdumyzyň ähli gyzyklanýan hyzmatdaşlar bilen, şol sanda BMG-niň hem-de beýleki abraýly guramalaryň çäklerinde mundan beýläk-de gatnaşyk etmäge ygrarlydygyny tassyklady.

Duşuşygyň ahyrynda Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we
Sooronbaý Žeenbekow Türkmenistan bilen Gyrgyzystanyň arasyndaky däp bolan dostlukly gatnaşyklaryň mizemezdigini ýene-de bir gezek nygtap, iki ýurduň halklaryna parahatçylyk, abadançylyk we rowaçlyk baradaky arzuwlaryny aýtdylar.

Duşuşyga Gyrgyz Respublikasynyň daşary işler ministri Ç.Aýdarbekow hem-de Gyrgyz Respublikasynyň Prezidentiniň Diwanynyň daşary syýasat bölüminiň müdiri D.Sydykow gatnaşdylar.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter