Resmi habarlar 4-nji Awgust | TDH
Resminamalar

Resmi habarlar 4-nji Awgust

опубликованно 04.08.2015 // 960 - просмотров
 

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, türkmen wekiliýeti Türkmenistanyň doganlyk owgan halkyna saglygy goraýşy ösdürmekde ynsanperwer kömegini bermek maksady bilen, Owganystan Yslam Respublikasynyň Hyrat welaýatynyň Turgundy şäherçesinde guruljak 20 orunlyk çaga dogrulýan öýüň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşmak üçin, 2015-nji ýylyň 5-nji awgustynda Owganystan Yslam Respublikasynda gulluk iş saparynda bolar.

***

Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedow Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň düzüminde düzgün-nyzamyň gowşamagyna ýol berendigi üçin, Türkmenistanyň goranmak ministri, general-maýor Gündogdyýew Begenç Ataýewiçe berk käýinç yglan edildi.

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter