Türkmenistanyň Prezidenti bilen Belarus Respublikasynyň Prezidentiniň duşuşygy | TDH
Syýasat habarlary

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Belarus Respublikasynyň Prezidentiniň duşuşygy

опубликованно 11.10.2019 // 263 - просмотров
 

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşmak üçin Aşgabada gelen Belarus Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenkonyň duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň öňýanynda iki ýurduň Liderleri Sammitiň resmi banneriniň öňünde surata düşdüler.

Türkmenistanyň we Belarusyň Prezidentleri birek-birek bilen mähirli görşüp, netijelilik hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanan däp bolan dostlukly döwletara gatnaşyklarynyň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmaga dörän mümkinçilige kanagatlanma bildirdiler.

Iki ýurduň Liderleri türkmen-belarus gatnaşyklarynyň ýokary derejesini belläp, ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde, abraýly halkara guramalarynyň hem-de düzümleriniň, şol sanda GDA-nyň ugry boýunça ösdürilýän gatnaşyklaryň yzygiderli depginini nygtadylar.

Prezident Aleksandr Lukaşenko göwnaçyk kabul edişlik we türkmen topragynda bildirilen mähirli myhmansöýerlik üçin hoşallyk bildirip, gyzyklanma bildirýän hyzmatdaşlaryň ählisi bilen netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmak meselelerinde işjeň orny eýeleýän Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistan bilen giň hyzmatdaşlyk etmek ugruna Belarus Respublikasynyň ygrarlydygyny tassyklady.

Bellenilişi ýaly, şu babatda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň çäklerinde bilelikde netijeli işlemegiň tejribesi görelde alarlykdyr. Şunda türkmen tarapy dürli pudaklarda netijeli gatnaşyklary ösdürmek boýunça anyk başlangyçlar bilen çykyş etdi.

Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň we Belarusuň Baştutanlary hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny hem-de esasy meselelerini ara alyp maslahatlaşyp, ýokary derejede gazanylan we ikitaraplaýyn resminamalaryň uly toplumynda berkidilen ylalaşyklaryň iş ýüzünde durmuşa geçirilişine ilkinji derejeli üns berdiler.

Şunda söwda-ykdysady ulgamda köptaraply mümkinçiligiň bardygy bellenildi. Onuň has doly ulanylmagynda bilelikdäki Hökümetara toparyna uly orun berilýär. Iki ýurduň innowasion ösüşe tarap ugur almagy özara bähbitli uzakmöhletleýin hyzmatdaşlygy diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek, geljegi uly täze taslamalara çykmak üçin amatlyşertleri döredýär.

Şunuň bilen birlikde, bilim, ylym we medeniýet ugry boýunça netijeli gatnaşyklar ýola goýlan ynsanperwer ulgamda däp bolan hyzmatdaşlygyň möhümdigi nygtaldy. Sport hem-de syýahatçylyk ulgamlarynda hem gatnaşyklary işjeňleşdirmek we tejribe alyşmak üçin oňat mümkinçilikler bar. Şunuň bilen baglylykda, Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Aleksandr Lukaşenko bu ugurlarda hyzmatdaşlygy has-da ösdürmek babatda pikirlerini aýtdylar. Bu bolsa iki ýurduň we halkyň arasyndaky dostluk gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna ýardam eder.

Duşuşygyň dowamynda GDA döwletleriniň Baştutanlarynyň mejlisiniň gün tertibi gyzyklanma bildirilip ara alnyp maslahatlaşyldy. Mejlisiň netijeleri boýunça birnäçe möhüm resminamalary kabul etmek göz öňünde tutulýar. GDA-nyň çäklerinde umumy abadançylygyň we rowaçlygyň maksatlaryna kybap gelýän köptaraply hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga şu ýyl Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda başlyklyk edýän Bitarap Türkmenistanyň uly goşandy bellenildi.

Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de Aleksandr Lukaşenko sebit we dünýä derejesindäki möhüm meseleler boýunça taraplaryň garaýyşlarynyň gabat gelýändigini ýa-da ýakyndygyny kanagatlanma bilen nygtap, halkara derejesinde netijeli hyzmatdaşlygy iki ýurduň hem dowam etmäge taýýardygyny tassykladylar.

Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň we Belarus Respublikasynyň Baştutanlary täze mazmuna eýe bolýan döwletara gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de pugtalandyryljakdygyna we üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirip, birek-birege hem-de iki dostlukly halklara iň oňat arzuwlaryny aýtdylar.

Duşuşyga Belarus Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary I.Lýaşenko hem-de daşary işler ministri W.Makeý gatnaşdylar.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter