Işgärleri taýýarlamagyň täze ugurlary | TDH
Jemgyýet

Işgärleri taýýarlamagyň täze ugurlary

опубликованно 03.08.2015 // 1052 - просмотров
 

5.Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek işi

Täze okuw ýylynda ýurdumyzyň ýokary bilim ulgamynda täze hünärleriň sekizisi boýunça hünärmenler taýýarlanyp başlanar, şol sanda Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde arassaçylyk we keselleriň öňüni alyş gullugy üçin hünärmenler taýýarlanylar.

... Döwlet gurluşygy adam maýasy hasaba alnyp amala aşyrylmalydyr, şonuň üçin hem Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan alnyp barylýan syýasatyň özeninde durmuş ugurlarynyň ileri tutulýan toplumy—milletimiziň saglygyny goramak esasy binýat bolup hyzmat edýär. Şeýlelikde, saglygy goraýyş ulgamy döwrüň talaplaryna, daşky gurşawy goramagyň, ykdysady, ylym-bilim hem-de medeni meseleleriň we beýlekileriň talaplaryna laýyklykda alnyp barylýar.

Şunda saglygy goraýyş strategiýasy keselleriň öňüni almaga, saglygyň we lukmançylyk kömeginiň döwrebap ugurlaryna, ýurdumyzyň ýörelgeleriniň hem-de dünýä tejribesiniň häzirki gazananlarynyň utgaşmagynda, tutuşlygyna durmuş derejesini gowulandyrmagyň wezipelerini nazarda tutmak bilen, ilatyň saglygyny goramagyň ylmy taýdan esaslandyrylan çemeleşmeleri ýaly şertlere esaslanýar.

Ýurdumyzda ýokanç keselleriň birnäçesiniň düýbünden ýok edilendigi baradaky halkara guramalary tarapyndan berlen güwänamalar, bu ulgamda türkmen lukmanlarynyň tejribesiniň Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy tarapyndan Ýewropa sebiti ýurtlarynda peýdalanylmagynyň maslahat berilmegi milli saglygy goraýyş ulgamynyň bu meselelerii çözmekde gazanan üstünlikleriniň ykrarnamasydyr.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ýurdumyzda arassaçylyk we keselleriň öňüniň alynmagyna gözegçilik etmek boýunça ýokary netijeler gazanyldy. Türkmenistanyň Sanitariýa kodeksiniň täze redaksiýasy kabul edildi, drakunkulýoz, poliomielit, gyzzyrma keselleri ýok edildi, muny degişli halkara güwänamalary hem tassyklaýar.

Şunda ýokanç däl keselleriň öňüni almak işlerinde azyk önümleriniň hem-de agyz suwunyň hiline we howpsuzlygyna gözegçilik etmäge aýratyn orun degişlidir. Bu işde ilkinji nobatda degişli kanunçylyk binýady berkidildi: - Türkmenistanyň “Azyk önümleriniň hili we howpsuzygy hakyndaky”, “Agyz suwy hakyndaky”, “Ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goramak we wagyz etmek hem-de çaga iýmiti önümlerine talaplar hakynda”, “Türkmenistanda azyk önümleriniň hilini we howpsuzlygyny üpjün etmekde arassaçylyk gözegçiligini kämilleşdirmek hakyndaky” we beýleki kanunlary kabul edildi. Ilaty arassa agyz suwy bilen üpjün etmegiň maksatnamasy we “2013-2017-nji ýyllar üçin Türkmenistanyň ilatynyň sagdyn iýmitlenmeginiň milli maksatnamasy” durmuşa geçirilýär. Türkmenistanyň ilatynyň sagdyn iýmitlenmegi boýunça Pudagara utgaşdyryjy komitet döredildi.

Şunda arassaçylygy üpjün etmek hem-de keselleriň ýaýramagynyň öňüni almak uly ähmiýete eýedir. Bu ugur boýunça hünärmenleri taýýarlamak döwrüň möhüm wezipesidir, şunda bukmançylygyň öňüni alyş ugurlarynyň möhüm meseleleriniň biri bolan arassaçylyk - keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek işi hil taýdan täzeçe çemeleşmegi talap edýär.

Bu ugurda ýokary derejesi hünärmenlere keselleriň öňüni almak we arassaçylyk işleri bilen meşgullanýan ylmy-kliniki merkezlerde, döwlet arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň edaralarynda, şol sanda Aşgabatda gurluşygy alnyp barylýan täze lukmançylyk merkezlerinde isleg barha artýar.

2014-nji ýylda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Tejribe-önümçilik we iýmit merkeziniň gurluşygyna badalga berildi. Bu toplumyň düzümindäki döwrebap barlaghanalarda azyk tehnologiýalary we sagdyn iýmitlenmek, azyk önümleriniň hilini we howpsuzlygyny üpjün etmek, önümçilik - zähmet şertleri hem-de beýleki meseleler boýunça ylmy-barlag işleri geçiriler.

“2014-2020-nji ýyllarda Türkmenistanda ýokanç däl keselleriň öňüni almak we oňa garşy çäreler boýunça Aşgabat jarnamasynda bellenilen meseleleri ýerine ýetirmegiň Milli strategiýasyny”, “2013-2017-nji ýyllarda Türkmenistanyň ilatynyň sagdyn iýmitlenmeginiň Milli maksatnamasyny” hem-de “2003-2020-nji ýyllarda Türkmenistanda immunoprofilaktikanyň Milli maksatnamasyny” ýokary guramaçylyk derejesinde häzirki zaman we ylmy-tehniki çemeleşmeleriň kömegi arkaly durmuşa geçirmek üçin giň mümkinçilikler açylýar.

Bu merkeziň işiniň esasy ugurlary iýmit önümleriniň hiline yzygiderli gözegçiligi kämilleşdirmekžeg, şol sanda daşary ýurtlardan getirilýän azyk önümleriniň hiline gözegçiligi amala aşyrmakdan, ylmy taýdan esaslandyrylan arassaçylyk - keselleriň öňüni alyş kadalarynyň we düzgünleriniň işlenip taýýarlanylmagyny üpjün etmekden ybarat bolar. Tejribe-önümçilik merkezinde azyk önümlerini döwlet tarapyndan hasaba almak boýunça, bazarlara barlaghana gözegçiligi, daşky gurşawa gözegçilik barlaghanasy, zähmet, jemagat arassaçylygy, toksikologiýa, bakteriologiýa, wirusologiýa, parazitologiýa bölümleri, immunologiýa serişdeleriniň, merkezi ammary bolan epidemiologiýa we immunologiýa bölümleri hereket eder.

Bu ýerde maglumat seljeriş we ylmy-önümçilik bölümleri göz öňünde tutulandyr, olar ähli welaýatlardaky barlaghanalary hem öz içine alýan umumy barlaghana ulgamyny kämilleşdirmäge mümkinçilik berer. Merkeziň hünärmenleri iýmit we suw bilen baglanyşykly keselleriň öňüni almak boýunça barlaglary, wirisologiýanyň, bakteriologiýanyň hem-de parazitologiýanyň aýry-aýry ugurlary boýunça ýokanç keselleriň çeşmelerini anyklamak üçin işleri geçirerler.

Merkeziň düzüminde okuw merkezi hereket eder, ol Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň arassaçylyk we keselleriň öňüni alyş gulluklarynyň hünärmenleriniň taýýarlyk derejesini we tejribesini ýokarlandyrmakda uly mümkinçilikleri açar.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, tejribe-önümçilik merkezi döwlet arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň ylmy-barlag, amaly-usulyýet, maglumat - seljeriş we barlag ulgamynyň merkezi edarasy bolar.

Paýtagtymyzda gurulýan aýratyn howply ýokanç keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek boýunça merkez ýurdumyzyň arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň düzüminde tejribe - önümçilik merkezi hökmünde hyzmat edýän desgalaryň ýene biridir. Onuň düzümine edara jaýy, häzirki zaman barlaghanalary, synag üçin haýwanlar saklanylýan jaý, şeýle hem göçme ykjam barlaghana üçin awtoduralga girýär. Bu merkeziň işiniň esasy maksady Türkmenistanyň çäklerine aýratyn howply ýokanç keselleriň getirilmeginden we ýaýramagyndan goramak bolup durýar.

Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek işi gullugynyň düzümlerinden başga-da, Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek işi hünäri boýunça bilim aljak hünärmenler dürli edaralarda guramaçylyk – usulyýet, öňüni alyş we seljeriş boýunça degişli işleri alyp bararlar. Olar fiziologiki, himiki, biohimiki, genetiki, gigiýena we beýleki barlaglaryň netijeleri esasynda ýörite maksatnamalary, hukuknamalary, düzgünleri işläp düzmäge gatnaşarlar.

Ýurdumyzda arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek ulgamy öňüni alyş çäreleriniň birnäçesini, şol sanda daşky gurşawyň adamlaryň saglygyna ýetirýän ýaramaz täsirini aradan aýyrmaga mümkinçilik berýän, arassaçylyk düzgünlerini edara - kärhanalaryň kanunçylygyň hereket edýän talaplaryna laýyklykda berjaý etmegine gözegçiligi, bu meselede düzgün bozulmalaryny ýüze çykarmak we öňüni almak boýunça çäreleri öz içine alýar.

Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagynyň öňüni almak işleriniň talabalaýyk ýola goýulmagyny üpjün etmek halkara hyzmatdaşlygynyň iň möhüm ugurlarynyň biridir. Ýokanç kesellere garşy göreş çärelerinde, esasan-da, täze döreýän hem-de giň sebitlere ýaýrap, diňe bir saglygy goraýşyň meselesi bolman, ählumumy meselä öwrülen ýokanç kesellere garşy göreş ileri tutulýan ugur bolup durýar. Biziň ýurdumyzyň halkara ulgamyna goşulyşmagy, keselleriň öňüni almak çärelerini işläp düzmegi we derman serişdeleriniň öndürilişini artdyrmagy, bu ugurdan hünärmenleri taýýarlamagy ilatyň howpsuzlygyny ýokarlandyrýar.

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň maglumatlaryna görä, ynsanlaryň saglygynyň bary-ýogy 10 göterimi saglygy goraýyş ulgamynyň işi bilen baglanyşyklydyr, 20 göterimi nesle geçijilik, ýene şonçasy ekologiýa meselelerine baglydyr. Galan 50 göterimi bolsa adamyň ýaşaýyş - durmuş kadasyna hem-de arassaçylyk, saglygy berkitmek we ony uzak ýyllaryň dowamynda saklamak meselesi boýunça sowatlylygyna baglydyr. Şundan görnüşi ýaly, saglygy berkitmek köp görnüşli we köp ugurly iş bolup durýar.

Ol diňe lukmançylyk –arassaçylyk babatda sowatlylyk bilen çäklenmän, sagdyn durmuş ýörelgelerine uýgunlaşmagy, adamlaryň saglygyny goramak we durmuş şertlerini gowulandyrmak boýunça zerur şertleri döretmegi hem öz içine alýar. Bu syýasy çözgütler saglyk adamyň, jemgyýetiň baýlygydyr, halkyň saglygy bolsa ýurduň baýlygydyr diýen ýörelgeden ugur alýan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tagallasy netijesinde yzygiderli durmuşa geçirilýär.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe saglygy goraýyş ulgamynyň kämilleşdirilmegi ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüş strategiýasyny üstünlikli durmuşa geçirmegiň esasy şerti bolup durýar. Halkyň saglygy we abadynçylygy bolsa bu ösüşiň esasy maksadydyr.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter