DIM-de geçirilen metbugat maslahatyna gatnaşanlar GDA döwletleriniň Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisiniň jemlerini ara alyp maslahatlaşdylar | TDH
Syýasat habarlary

DIM-de geçirilen metbugat maslahatyna gatnaşanlar GDA döwletleriniň Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisiniň jemlerini ara alyp maslahatlaşdylar

опубликованно 13.10.2019 // 196 - просмотров
 

12-nji oktýabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginide GDA döwletleriniň Baştutanlarynyň Geňeşiniň Aşgabat mejlisiniň jemlerine bagyşlanan metbugat maslahaty geçirildi.

Türkmenistanyň DIM-niň guran çäresine ýurdumyzda ýerleşýän diplomatik wekilhanalaryň we halkara guramalarynyň wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, şeýle hem ýurdumyzyň hem-de daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Maslahatda çykyş edip, wise-premýer, Türkmenistanyň daşary işler ministri Reşit Meredow ýurdumyzyň GDA başlyklyk etmeginiň çäklerinde Aşgabatda ýylyň dowamynda GDA-nyň pudaklaýyn dürli düzümleriniň hünärmenleriniň duşuşyklarynyň geçirilendigini belledi.

Türkmenistanyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna başlyklyk etmeginiň çäklerinde geçirilen çäreleriň ählisiniň ýokary derejede geçirilendigi we GDA giňişliginde yzygiderli özara hereketiň esasy ugurlaryny bellän wajyp çözgütleriň kabul edilendigi nygtaldy.

GDA döwletleriniň Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisiniň netijeleri barada aýdyp, ýurdumyzyň daşary işler ministri Arkalaşygyň döwletleriniň strategiki ykdysady hyzmatdaşlyk baradaky Jarnamasyna gol çekilmeginiň möhümligine ünsi çekdi, Türkmenistanyň Prezidenti 2017-nji ýylyň oktýabrynda Soçide ony işläp taýýarlamak başlangyjyny öňe sürdi.

Reşit Meredow GDA gatnaşyjy döwletleriň Baştutanlarynyň 1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda sowet halkynyň gazanan Ýeňşiniň 75 ýyllygy mynasybetli Arkalaşygyň ýurtlarynyň halklaryna we dünýä bileleşigine Ýüzlenmesiniň örän möhümdigini belledi.

Bu ýere ýygnananlaryň ünsi GDA döwletleriniň Baştutanlarynyň Sammitinde ählumumy ykdysadyýetde GDA-nyň ykdysady goşulyşmak babatda we Arkalaşygyň eýeleýän ornuny güýçlendirmek, owgan meselesini çözmek, ynsanperwer ulgamda, taryhy-medeni mirasy öwrenmek hem-de wagyz etmek, hyzmatdaşlygyň beýleki ugurlary boýunça Türkmenistanyň Prezidentiniň öňe süren düýpli başlangyçlaryna çekildi.

Şeýle hem Türkmenistanyň we Russiýanyň Prezidentleriniň gol çeken halkara maglumatlar howpsuzlygy ulgamynda hyzmatdaşlyk barada Bilelikdäki beýannnamasynyň ähmiýeti nygtaldy.

Maslahatda çykyş edenler Türkmenistanyň Prezidentiniň öňe süren Gündogar bilen Günbataryň, Aziýa bilen Ýewropanyň arasynda geosyýasy we geoykdysady taýdan amatlyklaryň nukdaý-nazaryndan Arkalaşygy Ýewraziýada söwda-ykdysady, ulag-logistika, energetika hyzmatdaşlygynyň netijeli merkezine öwürmäge gönükdirilen başlangyjy esasynda kabul edilen Arkalaşygyň döwletleriniň strategiki ykdysady hyzmatdaşlyk baradaky Jarnamasynyň ähmiýetine uly üns berdiler.

* * *

Ýurdumyzyň ministrlikleriniň we jemgyýetçilik guramalarynyň birnäçesinde bolan maslahatlarda döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy bilen kabul edilen Aşgabat jarnamasynyň türkmen tarapynyň Arkalaşygyň giňişliginde özara hyzmatdaşlygy berkitmekde hem-de ösdürmekde işjeň orun eýeleýändiginiň aýdyň subutnamasydygy bellenildi.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter