Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow: - Halkymyzyň saglygy—ýurdumyzyň gazanýan üstünlikleriniň girewi | TDH
Jemgyýet

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow: - Halkymyzyň saglygy—ýurdumyzyň gazanýan üstünlikleriniň girewi

опубликованно 03.08.2015 // 911 - просмотров
 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Watanymyzyň gülläp ösmegine we halkymyzyň abadançylynyň ýokarlandyrylmagyna gönükdirilen öňdengörüjilikli syýasaty, ýurdumyzyň şäherleriniň we obalarynyň binagärlik-şähergurluşyk keşbini düýpli özgertdi. Ak mermerli Aşgabadymyzda, welaýat we etrap merkezlerinde gurlup ulanylmaga berilýän medeni ojaklaryň, seýilgähleriň, dynç alyş merkezleriniň, ýokary amatlylygy bolan ýaşaýyş jaýlarynyň, döwrebap mekdepleriň, çagalar baglarynyň, iri sport desgalarynyň hem-de ykdysady maksatly binalaryň sany barha artýar. Munuň özi her bir türkmenistanlynyň ruhuny göterip, olaryň Watana bolan buýsanjyny goşalandyrýar.

Şol desgalaryň hatarynda saglygy goraýyş ulgamyna degişli binalar möhüm orun eýeleýär. Munuň özi, milli Liderimiziň belleýşi ýaly, halkymyzyň saglygy abadan we bagtyýar durmuşyň ygtybarly esasy bolup durýar.

Şu ýylyň 20-nji iýulynda, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününiň hem-de “Saglyk” döwlet maksatnamasynyň kabul edildmeginiň 20 ýyllyk baýramçylygynyň öňüsyrasynda täze iri saglygy goraýyş binalarynyň açylyş hem-de saglygyň köpugurly düzüiminde nobatdaky ýöriteleşdirilen toplumyň düýbüni tutmak dabarasy boldy. Şanly seneler mynasybetli guralan dabaraly çärelere Türkmenistanda saglygy goraýyş ulgamynda düýpli özgertmeler syýasatyny durmuşa geçirýän hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy.

Paýtagtymyzda Okuw-ylmy merkezi, Halkara kardiologiýa merkezi, Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkezi, Ahal welaýatynda Baş dermanhana birleşiginiň ammarlar toplumy, Tejen şäherinde ýöriteleşdirilen dikeldiş merkezi ulanmaga berildi. Mundan başga-da, Aşgabatda Halkara hirurgiýa we endrokrinologiýa merkeziniň düýbi tutuldy. Bu desgalaryň taslamalary toplumlaýyn çözgütler esasynda durmuşa geçirildi. Olaryň taslamalaryndan başlap, gurluşygyna, enjamlaşdyrylyşyna çenli ähli ugurlary buýrujynyň islegine görä amala aşyryldy.

Bu desgalaryň hatarynda Halkara okuw-ylmy merkezi esasy orun eýeleýär. Munuň özi pudakda umumylaşdyrylan ulgamyň kemala getirilmegine gönükdirilen täze guramaçylyk düzümidir. Ol pudagyň mümkinçilikleriniň hil taýdan yzygiderli artdyrylmagyny üpjün etmäge, lukmançylyk ylmyny täzeçil ýol bilen sazlaşykly ösdürmegiň strategiýasyny we tejribesini kesgitlemäge gönükdirilendir.

Halkara okuw-ylmy merkezi—munuň özi öňdebaryjy tehnologiki enjamlary bolan iri okuw merkezidir. Onuň binagärlik aýratynlygy döwrüň talaplaryna doly laýyk gelýär.

Merkeziň daş keşbi deňiz tolkunlaryna çalymdaş bolup, bina özboluşly şekil berýär. Dürli aýnalar bilen bezelen geçelgeleri, gatlary bolan eýwanyň bezeginde özüneçekiji özboluşlylyk bar. Bu ýerde dürli yşyklandyryjylaryň kömegi arkaly hereket üznüksizligi döredilipdir.

Merkezde Orta Aziýada deňi-taýy bolmadyk enjamlar oturdyldy. Olaryň kömegi bilen talyplar, ordinatorlar, lukmanlar we beýleki hünärmenler tejribe sapaklaryny geçerler, hünär derejesini ýokarlandyrarlar, möhüm işläp taýýarlamalary, düýpli we amaly barlaglary alyp bararlar, dünýä tejribelerini öwrenerler we öňdebaryjy usullary, tilsimatlary synagdan geçirerler. Toplumyň düzümine endoskopiýa hirurgiýasy, ylmy-barlag we seljerme bölümleri bolan lukmançylyk simulýator merkezi girýär.

Halkara kardiologiýa merkezi döwrebap 2 binadan ybarat bolup, olar ýörite gurnalan döwrebap geçelge arkaly baglanyşýar. Kardiologiýa merkezi iň döwrebap lukmançylyk ylmynyň gazananlary we ýokary dünýä ölçeglerine kybap gelýän tehnikalar bilen üpjün edilen 13 bölümden ybaratdyr. Merkez 141 orunlyk bolup, bu ýerde näsaglara ýokary derejelei lukmançylyk kömegi berilýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow merkeziň açylyş dabarasynda bu ýerde döredilen şertler bilen tanyşlygynyň barşynda binanyň gurluşykçylaryna, taslamaçylaryna, beýleki hünärmenlere, enjamlary getirijilere we merkeziň gurluşygyna degişli ähli işgärlere, giň möçberli işleriň ýokary derejede ýerine ýetirilendigi üçin minnetdarlyk bildirdi.

Şunuň ýaly bir bitewi binagärlik-şähergurluşyk çözgütleriniň, inženerçilik-tehniki ýörelgeleriň we häzirkizaman lukmançylygynyň dünýä derejeli talaplarynyň esasynda ýene-de bir nusgalyk edara—Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkez döredildi. 7 gatly bu bina 670 orunlyk bolup, onda 28 bölüm herekekt edýär. Bu iri saglygy goraýyş edarasy bolmak bilen, özüne ylmyň we tejribäniň esasy ugurlaryny, akuşerçilik, perinatologiýa, yzygiderli terapiýa, täze doglan çagalaryň reanimasiýasy, lukmançylyk genetikasy, anyklaýyş we maslahat beriş hyzmatlary, çaga kesellerini bejermek we başga-da köpsanly esasy ugurlary özünde jemleýär.

Toplumyň binagärleri lukmançylyk, ylmy-barlag ugurlaryny bir ýere jemläp, aýry-aýry desgalaryň we tutuş toplumyň bildirilýän köpugurly talaplara laýyk gelýän tehnologiki we inženerçilik çözgütlerini üpjün edipdirler.

Täze lukmançlyyk merkezlerinde işgärleriň netijeli işlemegi we näsaglara ýokary derejeli lukmançylyk hyzmatlaryny ýola goýmak üçin ähli zerur şertler dördeildi. Otaglaryň oýlanyşykly enjamlaşdyrylyşy, bezegi, olaryň ähmiýeti babatda ýerleşişi, binagärlik çözgütleri amatly ýagdaýy döredýär. Munuň özi merkeze gelýänler üçin aňrybaş amatlylygy üpjün edýär. Alymlar saglygy goraýyş edaralarynyň oýlanyşykly çözgüdiniň, olaryň daşky we içki bezeginiň, umuman, toplumyň gurluşynyň näsaglaryň ýagdaýyna oňyn täsirini ýetirýändigini hem-de olaryň tiz sagalmagyna ýardam edýändigini belleýärler.

Otaglarda näsaglar üçin oňaýly şertleriň döredilmegi hem örän ähmiýetlidir. Çünki häzirki döwürde näsaglaryň ýatýan otaglary ýokary derejede bolmak bilen, olarda köpsanly lukmançylyk tehnikalary we durmuş üpjünçilik serişdeleri jemlenendir. Şunda, ähli arassaçylyk, keselleriň öňüni alyş talaplary berk berjaý edilipdir.

Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynda gurlan Baş dermanhanalar birleşiginiň ammarlar toplumy derman serişdelerini we lukmançylyk enjamlaryny saklamagyň kadalaryna laýyk derejede, ýöriteleşdirilen görnüşde bir ugurly talap esasynda bina edilipdir. Toplumyň umumy eýeleýän meýdany 6 gektara barabar bolup, onuň 2,6 gektarynda esasy binalar we tehhiki desgalar ýerleşdirildi. Ammarlaryň içiniň howasy yzygiderli çalyşýar we awtomatiki usulda zerur ýylylyk derejesi saklanylýar. Bu işlere ýörite ulgam esasynda gözegçilik edilýär. Bu ýerde işler robotlary – ýükleýjileri simsiz dolandyrmagyh em öz içine alýan ähli işler aňrybaş awtomatlaşdyrylan usulda guralýar.

Şeýlelikde, bu giň möçberli binagärlik desgalary hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň yzygiderli aladasy we tagallasy netijesinde ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň edaralarynyň üstüni ýetirdi. Saglygy gorýyş ulgamynyň döwrebap binalary ýurdumyzyň lukmançylygynyň esasyny düzýär. Häzir gürrüň diňe bir iri, ähmiýetli desgalar babatda däl-de, eýsem, tutuş saglygy goraýyş ulgamynyň toplumlaýyn ösdürilmegi barada barýar. Diýarymyzyň ähli şähelerinde hem-de obalarynda saglygy goraýyş merkezleri açylýar, olarda zerur, döwrebap şertler üpjün edilýär. Munuň özi ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň döwür bilen aýakdaş gadam urýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter