Türkmenistanda Hytaý Halk Respublikasynyň Medeniýet günleri başlandy | TDH
Medeniýet

Türkmenistanda Hytaý Halk Respublikasynyň Medeniýet günleri başlandy

опубликованно 04.08.2015 // 1042 - просмотров
 

Aşgabat, 4-nji awgust (TDH). Şu gün türkmen paýtagtynda Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleri açyldy.Iki dostlukly döwletiň Liderleri – Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow we HHR-iň Başlygy Si Szinpin tarapyndan başy başlanan iri möçberli bu medeni çäre beýik iki medeniýetleriň we halklaryň ýakynlaşmagynda möhüm goşant bolmagyna gönükdirilendir.

Onuň geçirilmeginiň özi iki dostlukly ýurduň özara gatnaşyklarynyň soňky ýyllarda ýola goýlan hil taýdan täze derejesine aýdyň şaýatlyk edýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, Hytaý diňe bir beýik döwlet, dünýäniň örän kuwwatly ykdysady we senagat merkezi bolman, eýsem, geljegi uly bazardyr. Biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklar uzakmöhletleýin, strategiki häsiýete eýedir.Bu gatnaşyklar wagtyň synagyndan geçip, öz netijeliligini görkezdi hem-de häzirki wagtda Ýewraziýa giňişliginde durnuklylygyň we ösüşiň möhüm alamaty bolup durýar.

Ynsanperwer ulgamda türkmen-hytaý hyzmatdaşlygy köpasyrlyk tejribä hem-de baý däp-dessurlara eýedir, milletiň ösüşinde ruhy gymmatlyklaryň ornuna düýpli düşünmäge esaslanýar. Asyrlaryň jümmüşinden gelýän ruhy-ahlak gymmatlyklara daýanylmagy gatnaşyklaryň häzirki tapgyrynda halklarymyzy has-da birleşdirýär.

Mälim bolşy ýaly, türkmen-hytaý ynsanperwer gatnaşyklarynyň geljegi Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň arasynda strategiki hyzmatdaşlygy ösdürmek we çuňlaşdyrmak hakynda Bilelikdäki jarnamada beýanyny tapdy. Oňa hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2014-nji ýylyň maý aýynda Hytaýa bolan döwlet saparynyň netijeleri boýunça gol çekildi.

Soňky wagtda medeniýet, bilim we ylym babatda türkmen-hytaý gatnaşyklary örän işjeňleşdirildi, atçylyk pudagynda netijeli hyzmatdaşlyk ýola goýuldy. Iki ýurduň döredijilik işgärleriniň, medeniýet we sungat ussatlarynyň Türkmenistanda hem-de Hytaýda geçirilýän halkara festiwallaryna, ylmy maslahatlara, sergilere gatnaşmagy medeniýet ulgamynda özara gatnaşyklary baýlaşdyrdy. Geçen ýylda Pekinde beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 290 ýyllygynyň giňden bellenilip geçilendigini ýatlatmak isleýäris. Şu ýyl dostlukly ýurtda Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 20 ýyllygyna hem-de şunuň bilen baglylykda, 2015-nji ýylyň ýurdumyzda Bitaraplyk we parahatçylyk ýyly diýlip yglan edilmegine bagyşlanan çäreler geçirilýär. Olaryň hatarynda maý aýynda geçirilen “Kitap parahatçylygyň we ösüşiň hyzmatynda” atly kitap sergisi hem-de “Türkmenistan – Hytaý: Beýik Ýüpek ýoly – dostlugyň we hyzmatdaşlygyň ýoly” diýen ylmy maslahat bar. Türkmen döwletiniň Baştutanynyň eserleriniň - “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly ensiklopedik işiniň hem-de “Ganatly bedewler” we “Türkmenistan – melhemler mekany” kitaplarynyň, “Döwlet guşy” romanynyň hytaý diline terjime edilmegi ýurdumyzyň häzirki zaman ösüşine gyzyklanma bildirilýändigine şaýatlyk edýär.

2013-nji ýylyň sentýabrynda Aşgabatda HHR-iň Türkmenistandaky Medeniýet günleri uly üstünlik bilen geçdi, geçen ýyl bolsa şonuň ýaly döredijilik çäresi bilen türkmen wekilýeti Pekinde boldy. Olar Hytaýyň paýtagtynyň ýaşaýjylaryny we myhmanlaryny türkmen halkynyň ajaýyp sungaty bilen tanyşdyrdylar.

Bu gün Aşgabat dostlukly ýurduň medeniýet we sungat wekillerini ýene-de kabul edýär. HHR-iň Medeniýet günlerini geçirmek üçin Türkmenistana gelen wekiliýetiň düzümine HHR-iň Edebiýat we sungat işgärleriniň Bütinhytaý assosiasiýasynyň, Hytaýyň akrobatlar assosiasiýasynyň, Syçuan we Szýansu welaýatlarynyň edebiýat we sungat işgärleriniň assosiasiýasynyň, opera, amaly-haşam we akrobatika sungatlarynyň ussatlarynyň ýolbaşçylary girdiler.

HHR-iň wekiliýeti Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginde kabul edildi, şol ýerde medeniýet ulgamynyň dürli ugurlarynda iki ýurduň mundan beýläkki özara gatnaşyklarynyň meseleleri ara alnyp masahatlaşyldy. Pikir alyşmalaryň barşynda myhmanlara Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary barada gürrüň berildi. Medeni-ynsanperwer ulgamda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek şol ileri tutulýan ugurlaryň biridir.

Agşamara Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenstandaky Medeniýet günleriniň dabaraly açylyşy boldy.

Bu ýerdäki çykyşlarda parahatçylygy hem-de dostlugy pugtalandyrmakda, medeniýetleriň özara baýlaşmagynda we iki halkyň özara düşünişmeginde, ynsanperwer gatnaşyklary giňeltmekde şu döredijilik çäresiniň ähmiýeti nygtaldy. Dabara gatnaşyjylar iki dostlukly ýurduň Baştutanlaryna türkmen we hytaý halklarynyň gadymy ruhy gatnaşyklaryny berkitmäge hem-de täze mazmun bilen baýlaşdyrmaga gönükdirilen döredijilik forumyny guramaga goldawy üçin hoşallyk bildirdiler.

Çäräniň dabaraly bölegi tamamlanandan soň, guralan konsertiň maksatnamasyny Pekiniň opera aýdymçylarynyň we akrobatlar toparynyň çykyşlary düzdi.

Owadan lybaslar, milli sazlar, ajaýyp akrobatiki çykyşlar tomaşaçylara gadymy we häzirki zaman Hytaýyň ruhuny duýmaga, nesilden-nesle geçirilip gelinýän haýran galdyryjy horeografiýa hem-de sirk sungatynyň güýjüne baha bermäge mümkinçilik berdi. Bütindünýä belli Dalýan akrobatika toparynyň artistleri çykyşlarynda tans hereketlerini, maşk tilsimlerini akrobatiki emeller bilen täsin baglanyşdyrdylar.

Bütin dünýäni özleriniň gyzykly we çylşyrymly çykyşlary bilen geň galdyran Hytaýyň sungat ussatlary türkmenistanlylara ýatdan çykmajak täsirleri sowgat etdiler hem-de olara tomaşaçylaryň dostlukly el çarpyşmalary bilen mynasyp baha berildi.

HHR-iň ýurdumyzdaky Medeniýet günleriniň maksatnamasynda 5-nji awgustda Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty döwlet muzeýinde açylýan sergi bar.Onda Hytaýyň fotosuratkeşleriniň altmyşdan gowrak işleri görkeziler. Olaryň aglaba bölegini mähriban ülkeleriniň täsin tebigatyna bagyşlanan işler düzýär.

Sergä gelenlere Hytaýyň medeniýetiniň we sungatynyň gymmatlygy, ýagny iki müň ýyldan gowrak taryhy bolan Suçžou el işleri görkeziler. Sergide geçen asyryň 50-nji ýyllarynda el işlerinde öz ýoluny döreden ussat Žen Hoýsýanyň şägirtleriniň we täsin döredijilik işleriniň otuza golaý bar. Ussadyň döredijilik işi Suçžou el işleriniň adaty sungatyny häzirki zaman Hytaý we daşary ýurt žiwopisi bilen utgaşdyrmagyň başyny başlady. Suçžou el işleri sungatynyň ösüşindäki gazanylanlar bilen baglanyşyklykda, Žen Hoýsýany “mukaddes iňňäniň” ussady diýip atlandyrdylar. Sergä gelenler ussadyň sapak bermegi bilen, şeýle täsin, özboluşly çeper eseriň döreýşini görüp bilerler.

Şol gün hem Türkmenistanyň Döwlet sirkinde Hytaýyň akrobatika sungatynyň wekilleri ussatlygyny görkezerler.
Iki ýurduň medeniýet we sungat ussatlarynyň bilelikdäki uly konserti Hytaý Halk Respublikasynyň ýurdumyzdaky Medeniýet günleriniň jemini jemlär. Ol Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde 6-njy awgustda bolar.

Myhmanlar üçin baý medeni maksatnama taýýarlanyldy. Onda “Köne Nusaý” döwlet taryhy-medeni goraghanasyna, paýtagtymyzyň muzeýlerine hem-de Aşgabadyň gözel ýerlerine baryp görmek göz öňünde tutulýar.

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter