Resmi habar | TDH
Syýasat habarlary

Resmi habar

опубликованно 20.10.2019 // 415 - просмотров
 

«Elektrik energetikasy hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunyny ýerine ýetirmek, şeýle hem elektrik energetikasy pudagynyň kadalaşdyryjy hukuk binýadyny kämilleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda:

- Elektroenergetika ulgamynyň kärhanalarynyň adatdan daşary ýagdaýlarda durnukly işlemegini üpjün etmek boýunça çäreleriň işlenip düzülmeginiň we durmuşa geçirilmeginiň Tertibi;

- Elektroenergetika ulgamynyň önümçilik-tehnologik obýektleriniň gurluşygy we ulanylmagy üçin bölünip berilýän ýer bölekleriniň ölçeglerini we olaryň ulanylyş Tertibi;

- Ýaşaýşyň üpjün edilmegine degişli obýektleriň, şeýle hem elektroenergetika ulgamynyň kadaly işleýän düzgüninde energoüpjünçilik ulgamyndan aýrylmaga degişli bolmadyk önümçiligiň tehnologik ulgamy üznüksiz bolan obýektleriniň Sanawy tassyklanyldy.

Energetika ministrligine Adalat ministrligi bilen bilelikde şu karardan gelip çykýan üýtgetmeleri we goşmaçalary Türkmenistanyň kanunçylygyna girizmek baradaky teklipleri bir aý möhletde taýýarlamak we Ministrler Kabinetine bermek tabşyryldy.

Türkmenistanyň Prezidentiniň 1999-njy ýylyň 9-njy sentýabrynda çykaran 2022-nji buýrugyny güýjüni ýitiren diýip ykrar etmeli.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter