Türkmenistanda Bosniýa we Gersegowinanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady | TDH
Syýasat habarlary

Türkmenistanda Bosniýa we Gersegowinanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady

опубликованно 21.10.2019 // 221 - просмотров
 

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy G.Mämmedowa Bosniýa we Gersegowinanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Samir Welajiçden ynanç hatyny kabul etdi.

Milli parlamentiň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyzyň adyndan diplomaty jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlady hem-de iki ýurduň arasynda däp bolan dostlukly gatnaşyklaryň ösdürilmeginde üstünlikler arzuw etdi.

Ilçi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Bosniýa we Gersegowinanyň ýolbaşçylarynyň mähirli salamyny ýetirip, türkmen halkyna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi hem-de öz tarapyndan oňyn döwletara gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagyna ýardam etjekdigini aýtdy.

Duşuşygyň dowamynda diplomat Bitarap Türkmenistanyň içeri we daşary syýasatynyň möhüm ugurlary, durmuş-ykdysady ösüşiň ileri tutulýan wezipeleri, ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan giň gerimli özgertmeler maksatnamalary bilen tanyşdyryldy. Milli Liderimiziň baştutanlygynda amala aşyrylýan hem-de adamlaryň abadan durmuşy üçin aňrybaş amatly şertleriň döredilmegine gönükdirilen durmuş ugurly döwlet strategiýasyna aýratyn üns berildi.

Ilçi Mejlisiň düzümi we alyp barýan işleri, onuň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen amala aşyrylýan toplumlaýyn demokratik özgertmeleriň kanunçylyk taýdan üpjün etmekdäki orny bilen hem tanyşdyryldy.

Diplomat öz ýurdunda parahatçylygyň hem-de howpsuzlygyň pugtalandyrylmagyna, sebit we ählumumy derejede durnukly ösüşe ýetilmegine uly goşant goşýan Bitarap Türkmenistanyň syýasatynyň doly goldanylýandygyny belledi. Tutuş dünýäde bolşy ýaly, Bosniýa we Gersegowinada hem türkmen Lideriniň häzirki zamanyň möhüm meseleleriniň çözgüdine, ählumumy abadançylygyň bähbidine netijeli halkara hyzmatdaşlygynyň işjeňleşdirilmegine gönükdirilen döredijilikli başlangyçlary giň ykrarnama eýe bolýar. Şunuň bilen baglylykda, Doly ygtyýarly wekil öz ýurdunyň Türkmenistan bilen söwda-ykdysady hem-de ynsanperwer medeni ulgamlarda has ýakyn hyzmatdaşlygy ýola goýmaga uly gyzyklanma bildirýändigini nygtady.

***

Şol gün Bosniýa we Gersegowinanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Samir Welajiç Daşary işler ministrliginde hem kabul edildi, duşuşygyň barşynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlary boýunça pikir alşyldy.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter