«Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2019» atly XXIV halkara sergi we maslahat | TDH
Ykdysadyýet

«Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2019» atly XXIV halkara sergi we maslahat

опубликованно 22.10.2019 // 232 - просмотров
 

Şu gün Söwda-senagat edarasynyň sergi merkezinde «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2019» atly XXIV halkara sergi we maslahat öz işine başlady. Olaryň esasy wezipesi dünýä jemgyýetçiligini ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň üstünlikleri bilen tanyşdyrmakdan, ýetilen sepgitlere baha bermekden, innowasion tehnologiýalary we taslamalary tanyşdyrmakdan, tejribe alyşmakdan hem-de halkara hyzmatdaşlygy öňe ilerletmekden ybaratdyr.

«Türkmennebit» döwlet konserni hem-de Söwda-senagat edarasy tarapyndan guralan forum alymlary we bilermenleri, hökümet düzümleriniň hem-de abraýly guramalaryň, dünýäniň öňdebaryjy ýangyç-energetika kompaniýalarynyň, ýurdumyzyň ugurdaş edaralarynyň, daşary ýurtlaryň we ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerini bir ýere jemledi.

Çärä gatnaşyjylaryň şeýle giň düzümi ägirt uly energetika kuwwatyna eýe bolan hem-de uglewodorod gorlary boýunça dünýäde öňdäki orunlaryň birini eýeleýän Türkmenistan bilen dürli döwletleriň işewür toparlarynyň netijeli gatnaşyklary ösdürmäge uly gyzyklanmasynyň aýdyň subutnamasydyr. Şonuň bilen birlikde, dünýä jemgyýetçiliginiň ýurdumyz bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga bolan gyzyklanmasy «Açyk gapylar» syýasaty hem-de hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ählumumy energetika howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça öňe süren netijeli başlangyçlary bilen berk baglydyr.

Serginiň açylyş dabarasyna hökümet agzalary, Mejlisiň, ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň baştutanlary, nebitgaz pudagynyň hünärmenleri, daşary ýurtly myhmanlar, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri we beýlekiler gatnaşdylar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň foruma gatnaşyjylara iberen Gutlagynda ägirt uly tebigy baýlyklara eýe bolan ýurdumyzyň iri energiýa serişdelerini öndüriji döwlet we ygtybarly hyzmatdaş hökmünde bütin dünýäde uly abraýdan peýdalanýandygy bellenilýär. Şunda milli Liderimiziň Gutlagynda nygtalyşy ýaly, Türkmenistan öz tebigy baýlyklaryny dine bir halkymyzyň däl, eýsem, bütin adamzadyň abadan durmuşynyň, ýagty geljeginiň bähbitlerine gönükdirýär.

Pudaklaýyn sergi ýurdumyzyň hem-de daşary ýurtlaryň hünärmenleriniň, Ýewropanyň, Aziýanyň we Amerikanyň öňdebaryjy öndürijileriniň arasynda işewür hem-de göni netijeli gatnaşyklaryň ýola goýulmagy üçin oňat çäre bolup hyzmat edýär. Forumyň işi täze taslamalary ulanmak, dünýädäki ýagdaýlar we pudagy ösdürmegiň geljegi bilen tanyşmak üçin ajaýyp mümkinçilikdir.

Şu ýyl Söwda-senagat edarasynyň sergi zalynda oňa gatnaşyjy ýurtlaryň 60-dan gowragy öz diwarlyklaryny ýerleşdirdiler. Şolaryň köp bölegi Azerbaýjan Respublikasynyň, Belarus Respublikasynyň, Beýik Britaniýanyň, Koreýa Respublikasynyň, Hytaý Halk Respublikasynyň, Latwiýa Respublikasynyň, Malaýziýanyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Russiýa Federasiýasynyň, Singapuryň, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň, Türkiýe Respublikasynyň, Ýaponiýanyň we beýleki ýurtlaryň kompaniýalarydyr.

Ýöriteleşdirilen sergide uglewodorod çig malyny gözläp tapmak, gazyp almak hem-de ibermek, düýpli burawlamak, hereket edýän turbageçirijileri döwrebaplaşdyrmak we şolaryň täzelerini gurmak, nebiti we gazy gaýtadan işlemek boýunça kuwwatlyklary artdyrmak, guýularyň önüm berijiligini köpeltmek babatda önümleriň hem-de hyzmatlaryň giň gerimi görkezildi. Sergide Hazarda taslamalary durmuşa geçirmek üçin zerur kenar düzümleriniň kemala getirilmegi baradaky ugurlara aýratyn orun berildi.

Mälim bolşy ýaly, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Merkezi Aziýanyň ýurtlary bilen goňşy sebitleriň arasyndaky söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy hil taýdan täze derejä çykarmaga gönükdirilen iri halkara taslamalaryň başyny başlaýjy bolup çykyş etmek bilen, energetika howpsuzlygynyň pugtalandyrylmagyna hem-de daşky gurşawy goramak ulgamyndaky wezipeleriň çözülmegine örän uly ähmiýet berýär. Şunuň bilen baglylykda, serginiň bölümleriniň biri eko-täzeliklere we gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeler ulgamynda öňdebaryjy işläp taýýarlamalara bagyşlanýar.

Esasy gatnaşýanlaryň hatarynda «Türkmennebit», «Türkmengaz» döwlet konsernleri, pudaklaýyn kärhanalaryň 10-dan gowragy hem-de ýangyç-energetika toplumynda işleýän hususy telekeçileriň 12-si bar.

Nebitgaz işewürligi ulgamynda ýöriteleşen hem-de ýokary tehnologiýa we tehniki kuwwata eýe bolan daşary ýurt kompaniýalarynyň wekilleri serginiň işine gatnaşmak mümkinçiligine diňe bir öz önümlerini görkezmek üçin däl, eýsem, işewür gatnaşyklary giňeltmek mümkinçiligi hökmünde hem garaýarlar. Şeýle çemeleşme bu ulgamda netijeli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny artdyrmak işine hyzmat edýär we gürrüňsiz suratda, ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň dünýäniň umumy energetika ulgamyna mundan beýläk-de goşulyşmagyna ýardam bermäge gönükdirilendir.

Günüň ikinji ýarymynda öz işine başlan maslahatda energetika bazarlarynyň ösüşinde ählumumy ýagdaýlar hem-de hyzmatdaşlygyň geljegi, bar bolan känleri işlemek, daşary ýurt maýadarlaryny çekmek arkaly, şol sanda Hazar deňziniň türkmen böleginiň deňiz toplumlaryny özleşdirmek üçin nebit we gaz känlerinde gazyp almak işini işjeňleşdirmek ýaly möhüm meselelere garaldy. Umumy mejlisiň esasy meseleleriniň hatarynda Türkmenistanyň energetika diplomatiýasy, transmilli turbageçiriji taslamalar, gazhimiýa we nebiti gaýtadan işleýän pudaklaryň ileri tutulýan ugurlary, uglewodorodlaryň düýpli gaýtadan işlenilmegi diýen ugurlar boldy.

Forum gatnaşyjylaryň 400-den gowragyny, şol sanda daşary ýurtlaryň wekilleriniň 280-sini bir ýere jemledi, olar ýangyç-energetika toplumynyň halkara, sebit we ýurdumyz derejesindäki senagatynyň geljekdäki strategiýasyny kemala getirmäge bagyşlanan tanyşdyrmalar, dünýäniň nebit bazaryndaky, bu ulgamdaky marketing strategiýalaryndaky işleriň ýagdaýy baradaky synlar bilen tanyşdyryldy.

Türkmenistanyň wekilleriniň çykyşlarynda nebitgaz senagatynyň halk hojalyk toplumynyň öňdebaryjy pudagydygy bellenildi. Şol pudaga innowasion esasda ýurdumyzy senagatlaşdyrmak, eksport mümkinçiliklerini giňeltmek boýunça hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tassyklan maksatnamalaryny durmuşa geçirmekde ähmiýetli orun berilýär. Abraýly düzümleriň bilermenleriniň maglumatlaryna görä, uglewodorod serişdeleriniň gorlary şertli ýangyjyň (ýa-da nebit ekwiwalentiniň) 71 milliard tonnadan gowragyna barabar bolup, şonuň 20 milliard tonnadan gowragy nebit we 50 trillion kub metrden gowragy tebigy gazdyr.

Bu ulgamda halkara hyzmatdaşlygy tebigy gazyň gorlary boýunça dünýäde dördünji orny eýeleýän hem-de uzak möhletleýinlik, açyklyk, hemme taraplaryň milli bähbitlerini we özara jogapkärçiligini nazara almak ýörelgeleri syýasatyny amala aşyrýan döwletimiziň ykdysady strategiýasynyň ileri tutulýan ugrudyr.

Nebitgaz toplumynda durmuşa geçirilen we amala aşyrylýan iri taslamalar, hususan-da, dünýäde uly gyzyklanma döredýän Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň taslamasy munuň aýdyň mysalydyr. Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ençeme gezek nygtaýşy ýaly, täze energetika geçirijisi Günorta Aziýanyň iri ýurtlaryna türkmen gazynyň diňe bir uzak möhletleýin iberilmegini üpjün etmäge däl, eýsem, tutuş sebiti durmuş-ykdysady taýdan has-da ösdürmäge, bu ýerde parahatçylygy, durnuklylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmaga kuwwatly itergi berjek güýje öwrülmäge gönükdirilendir.

Döwletara ylalaşyklara laýyklykda, Türkmenistan — Hytaý gaz geçirijisiniň kuwwaty tapgyrma-tapgyr artdyrylýar. Bu gün halkara gaz geçirijisiniň çig mal binýady berkidilýär, onuň gurluşygy häzir hem anyk netijäni ugur edinýän uzak möhletleýin, netijeli halkara hyzmatdaşlygyň subutnamasy bolup durýar.

«Bagtyýarlyk» şertnamalaýyn çäkde täze ýataklaryň tapgyrlaýyn ulanmaga berilmegi aýdyň mysallaryň hatarynda görkezildi.

Çykyşlarda özara bähbitli hyzmatdaşlygyň meselelerine netijeli çemeleşmäniň, ählumumy energetika howpsuzlygynyň täze binýadyny döretmek boýunça türkmen Lideriniň netijeli başlangyçlarynyň dünýä bileleşiginiň giň goldawyna eýe bolandygy bellenildi. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan iki gezek kabul edilen «Energiýa serişdeleriniň ygtybarly we durnukly üstaşyr geçirilmegi hem-de durnukly ösüşi we halkara hyzmatdaşlygy üpjün etmekde onuň hyzmaty» hakynda Kararnamalar munuň subutnamasydyr.

Hazarüsti gaz geçirijisiniň gurluşygy geljegi uly taslamalaryň biridir. Şunuň bilen baglylykda, Hazar deňziniň hukuk derejesi hakynda Konwensiýa gol çekilenden soň, türkmen «mawy ýangyjynyň» Ýewropanyň bazarlaryna iberilmegini üpjün etmek üçin bu ugurda işler ýaýbaňlandyryldy. Şunda şu ýylyň iýulynda Türkmenistanyň Hökümetiniň, Ýewropa Bileleşiginiň hem-de ÝB-niň atom energiýasy boýunça Ýewropa jemgyýetiniň arasynda gol çekilen Ylalaşyga laýyklykda, Aşgabatda döredilen Ýewropa Bileleşiginiň wekilhanasynyň işine uly ähmiýet berilýär.

Çykyş edenler hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýakyn geljek üçin öňde goýan möhüm wezipeleri barada aýtmak bilen, energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna ibermek bilen bir hatarda, tebigy gazyň we nebitiň çykarylýan mukdaryny artdyrmaga, täze uglewodorod ýataklaryny gözläp tapmagyň hasabyna pudagyň çig mal binýadynyň pugtalandyrylmagyna, guýulary burawlamak hem-de düýpli abatlamak, şol sanda ýöriteleşdirilen daşary ýurt kompaniýalary we olaryň maýa goýumlaryny çekmegiň hasabyna abatlamak boýunça işleriň geriminiň giňeldilmegine uly üns berilýär.

Şunuň bilen baglylykda, dünýäde iri «Galkynyş» gaz käniniň senagat taýdan özleşdirilmeginiň uly möçberli maýa goýum taslamalaryň biridigi nygtaldy. Onuň gorlary Ýaşlar we Garaköl ýataklary bilen umumylykda 27 trillion kub metr möçberde kesgitlenildi. Bellenilişi ýaly, bu gaz känini dürli tapgyrlarda gurmak işine ýurdumyzyň kärhanalary bilen bilelikde, dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalary — «Hyundai Engineering» hem-de «LG International Corp» (Koreýa Respublikasy), «CNPC» (HHR), «Petrofac International» we «Gulf Oil & Gas Fze» (Birleşen Arap Emirligi) gatnaşdylar.

Mundan başga-da, «Türkmengaz» döwlet konserni bilen «Itochu Corporation», «JGC Corporation», «Mitsubishi Corporation», «Chiyoda Corporation», «Sojitz Corporation» (Ýaponiýa), «Çalyk» hem-de «Rönesans» (Türkiýe) kompaniýalar konsorsiumynyň arasynda bu ýatagy özleşdirmegiň çäklerinde desgalary gurmagyň taslamasy hakynda Çarçuwaly ylalaşyk baglaşyldy.

Türkmenistanyň çägi, ýokarda bellenilişi ýaly, häzir täze uglewodorod ýataklaryny gözläp tapmagyň nukdaýnazaryndan uly gyzyklanma döredýär. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyza daşary ýurt maýalaryny çekmek hem-de nebitgaz ulgamyny ösdürmek üçin halkara hyzmatdaşlygy höweslendirmek babatda has amatly şertleri döretmek boýunça geçirýän işleri netijesinde, çuňlukda ýerleşen ýataklary öwrenmäge gönükdirilen känlerde geologiýa gözleg işleri dikeldildi.

Demirgazyk Goturdepe, Altyguýy, Uzynada, Barsagelmez hem-de Çekişler ýaly geljegi uly we nebite baý ýataklarda innowasion ýokary netijeli tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy netijesinde, tebigy gazy, çig nebiti hem-de gaz kondensatyny çykarmagyň depginini artdyrmak üçin şertler döredildi.

Şonuň bilen birlikde, nebitgaz pudagyny ösdürmek, uglewodorod çig malyny gaýtadan işlemäge ýöriteleşdirilen, şol sanda nebithimiýa, gazhimiýa we himiýa pudaklaryna, elektroenergetika ulgamyna degişli iri senagat desgalaryny gurmak boýunça uly işler amala aşyrylýar.

Geçen ýyl Gyýanly şäherçesinde milli Liderimiziň gatnaşmagynda polimer zawody dabaraly ýagdaýda ulanmaga berildi. Bu döwrebap gazhimiýa toplumy «Türkmengaz» döwlet konserniniň buýurmasy boýunça «LG International Corp» we «Hyundai Engineering» (Koreýa Respublikasy) kompaniýalary hem-de «TOYO Engineering Corporation (Ýaponiýa) kompaniýasynyň gatnaşmagynda bina edildi. Kärhananyň önümçilik kuwwaty bir ýylda tebigy gazyň 5 milliard kub metrini gaýtadan işlemäge hem-de şonuň hasabyna ýokary dykyzlykdaky polietileniň 386 müň tonnasyny, polipropileniň 81 müň tonnasyny öndürmäge mümkinçilik berýär. Bu taslamanyň täzeçilligi hem-de daşky gurşaw üçin howpsuzlygy Ýulius Kýun adyndaky institutyň (Germaniýa), Paul Şerrer institutynyň (Şweýsariýa) hem-de Sagdyn daşky gurşaw gaznasynyň (ABŞ) güwänamalary bilen tassyklanyldy.

Ahal welaýatynda tebigy gazdan sintetiki benzin öndürýän dünýäde ilkinji zawodyň ulanmaga berilmegi şu ýylyň şanly wakasyna öwrüldi. Toplum bir ýylda EURO-5 ölçegine kybap gelýän ekologiýa taýdan arassa ECO-93 benziniň 600 müň tonnasyny çykarmaga hem-de ugurdaş önümlerden kükürtden saplanan dizel ýangyjynyň 12 müň tonnasyny hem-de suwuklandyrylan gazyň 115 müň tonnasyny goşmaça öndürmäge ukyplydyr.

Ýeri gelende aýtsak, senagat kärhanasy «Tebigy gazdan benzin öndürýän dünýäde ilkinji zawod» hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi, Şweýsariýanyň federal tehnologik institutynyň «Innowasion tehnologiýalar» hem-de Daşky gurşawy goramak gaznasynyň (ABŞ) «Ekologiýa taýdan arassa» diýen güwänamalaryna mynasyp boldy.

Çykyş edenleriň belleýşi ýaly, nebitgaz senagatyny ösdürmegiň maksatnamasyna laýyklykda, ýakyn wagtda ýurdumyzyň sebitlerinde gazhimiýa toplumlarynyň we zawodlaryň ýene-de birnäçesini gurmak göz öňünde tutulýar. Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda täze tehnologik desgalary gurmak meýilleşdirilýär, olar nebiti gaýtadan düýpli işlemegi 90 göterimden ýokary derejä ýetirmäge, ýokary hilli benzinleriň, esaslyk tehniki ýaglaryň we beýleki önümleriň öndürilýän mukdaryny artdyrmaga mümkinçilik berer.

Geljegi uly taslamalaryň hatarynda Seýdi şäherindäki nebiti gaýtadan işleýän zawodda benzol önümçiliginiň, Balkan welaýatynda ikinji polimer zawodynyň hem-de Ahal welaýatynda sintetiki benzin öndürýän kärhananyň ikinji tapgyrynyň, Lebapda kauçuk we polistirol, Daşoguz welaýatynda poliwinilasetat (PVAC) we metanol öndürýän zawodlaryň gurluşygy bar.

Çykyş edenler nebitgaz ulgamynda dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalary bilen has giň hyzmatdaşlygy ýola goýmak boýunça türkmen tarapynyň tekliplerini beýan etmek bilen, munuň üçin ýurdumyzda oňaýly şertleriň, şol sanda amatly maýa goýum ýagdaýynyň döredilmeginiň ýeňillikli salgytlaryň hereket etmeginiň Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumynyň gazyp çykarýan we gaýtadan işleýän senagatyny ösdürmäge maliýe serişdelerini çekmek üçin ajaýyp şertlerdigini bellediler.

Maslahata gatnaşyjylaryň çykyşlarynda dünýäniň energetika bazarynyň ösüş ýagdaýlaryna aýratyn üns çekildi. Şolaryň täsiri astynda häzirki tapgyrda milli ýangyç-energetika toplumlary ösdürilýär. Häzirki wagtda dünýä energetikasy geljegi uly täze ugurlara eýe bolýar.

Şunuň bilen baglylykda, halkara işlerine täze maksatlary öňe sürýän gatnaşyjy bolmak bilen, Türkmenistanyň öz ägirt uly kuwwatyny ählumumy bähbitler üçin peýdalanmagy teklip edip, durnukly maksatlara hem-de olara ýetmegiň mümkinçiliklerine öz garaýyşlaryny beýan edýändigi bellenildi. Bu ulgamda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan strategiýa ýokary tehnologiýaly pudaklaryň ileri tutulmagyny, döwletiň ýaşaýyş durmuşynyň hemme düzümleriniň işlemeginiň binýatlyk ýagdaýy hökmünde «ýaşyl ykdysadyýeti» ösdürmek üçin şertleriň döredilmegini göz öňünde tutýar.

Çykyş edenler munuň dünýäniň öňdebaryjy nebitgaz döwletleriniň biri, uglewodorod çig malyny iri öndüriji we halkara bazarlaryna iberiji hökmünde ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyna hem doly derejede degişlidigini nygtap, nebitgaz senagatynda alnyp barylýan giň gerimli işleriň anyk mysallaryny getirdiler.

Forumyň çäklerinde ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň edara-kärhanalarynyň ýolbaşçylarynyň hem-de olaryň geljekki hyzmatdaşlarynyň arasynda duşuşyklar geçirilip, bu pudakda özara gatnaşyklaryň strategik ugurlary ara alnyp maslahatlaşylar.

«Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2019» halkara sergi we maslahat 24-nji oktýabra çenli öz işini dowam eder.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter