Türkmenistanyň Merkezi döwlet arhiwi 90 ýyllyk şanly senesini belleýär | TDH
Jemgyýet

Türkmenistanyň Merkezi döwlet arhiwi 90 ýyllyk şanly senesini belleýär

опубликованно 01.11.2019 // 147 - просмотров
 

Şu gün Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Baş arhiw müdirliginiň maslahatlar zalynda ýurdumyzyň Merkezi döwlet arhiwiniň döredilmeginiň 90 ýyllygyna bagyşlanan dabaraly maslahat geçirildi. Arhiwiň işi milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň üstünlikli alyp barýan syýasaty babatda amala aşyrylýar.

Merkezi döwlet arhiwiniň işgärleri bilen bir hatarda, onuň ýaşuly işgärleri, dürli derejedäki ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, Ylymlar akademiýasynyň, ugurdaş ýokary okuw mekdepleriniň iş-önümçilik we arhiw gulluklarynyň hünärmenleri, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri çärä gatnaşmaga çagyryldy.

Maslahat «Milli miras — rowaçlygyň gözbaşy» diýen mazmunly şygar astynda geçip, taryhy hakydany gorap saklamakda hem-de Diýarymyzy mundan beýläk-de yzygiderli ösdürmekde arhiwleriň we arhiw resminamalarynyň eýeleýän ornuna hem-de ähmiýetine bagyşlanyldy. Ýurdumyzyň Merkezi döwlet arhiwi — baş edara bolup, bu ýerde ýüz müňlerçe maglumatlar toplanyp, şolaryň arasynda Türkmenistan, onuň şöhratly geçmişi we şu güni hakynda maglumatlary saklaýan seýrek hem-de täsin resminamalar az däl.

Türkmen arhiwçileri özleriniň, hakykatdan-da, yhlasly işleriniň esasy wezipesini köne resminamalaýyn subutnamalary diňe bir düýpli gorap saklamakda däl, eýsem, halkymyzyň baý milli mirasyny giňden wagyz etmek maksady bilen, şolary iş ýüzünde peýdalanmakda hem-de barlag işlerini işjeň alyp barmakda görýärler.

Maslahata gatnaşyjylar öz çykyşlarynda Türkmenistanda arhiw işiniň ösüşiniň tapgyrlaryny beýan etdiler, ýygnalan maglumatlary milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyryklaryna laýyklykda, ulgamlaşdyrmak we arhiwleşdirmek, ylmy-tehniki taýdan işlemek tejribesi bilen paýlaşdylar.

Taryhy resminamalara laýyklykda, musulman Gündogarynda arhiw işiniň gözbaşy uzak gadymyýetden gözbaş alyp gaýdýar, emma onuň häzirki garaýyşdaky esaslary Türkmenistanda Zakaspiý oblastynda dolandyryş edaralarynyň döredilmegi bilen XIX asyryň ahyrlarynda goýuldy. Şol edaralaryň her biriniň öz iş önümçiligi — ilkinji arhiw gaznalaryny kemala getiren resminamalary bolupdyr. 1929-njy ýylyň 5-nji noýabrynda Merkezi döwlet arhiwi döredildi.

Türkmenistanyň arhiw edaralary onýyllyklaryň dowamynda resminamalary toplamagy, hasaba almagy ulgamlaşdyrmagy, ylmy-tehniki taýdan işlemegi alyp bardylar, pudaklaýyn edaralaryň arhiwleriniň işine gözegçiligi we usulyýet ýolbaşçylygyny amala aşyrdylar. Şeýdip, milli arhiw gaznasy kemala geldi. 235-den gowrak gurama Merkezi döwlet arhiwinde hasapda durýar. Guramalarda resminamalaryň saklanylyşy üpjün edilende, uly işler geçirilýär.

Dabara gatnaşanlaryň belleýşi ýaly, ýurdumyzyň arhiw ulgamynyň ösdürilmegine döwletimiz tarapyndan goldaw berilýär. Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow halkymyzyň maddy we ruhy mirasyny gorap saklamak hem-de dünýäde wagyz etmek meselelerini döwlet syýasatynyň wajyp wezipeleriniň hatarynda kesgitledi. Bu möhüm işleri alyp barmakda arhiwlere örän uly orun degişli bolup, bu ýerde ajaýyp taryhy-medeni mirasyň bir bölegi bolup durýan gymmatly resminamalaýyn çeşmeler jemlenendir.

Käbir çykyşlar ýurdumyzyň ajaýyp adamlarynyň: ýazyjylaryň, alymlaryň, kompozitorlaryň, sazandalaryň, bagşylaryň, suratkeşleriň, artistleriň, lukmanlaryň, görnükli döwlet işgärleriniň, harby serkerdeleriň, Beýik Watançylyk urşuna gatnaşanlaryň şahsy maglumatlaryndan resminamalary toplamak hem-de saklamak boýunça geçen asyryň 50-nji ýyllarynyň ahyrynda başlanan işleri beýan etdi. 1959-njy ýylyň ýanwarynda Merkezi döwlet arhiwinde edebiýat we sungat bölümi döredildi, bu bölüm gönüden-göni şu meseleler bilen meşgullandy.

Maslahatyň dowamynda häzir ýokary tehnologiýaly enjamlar bilen üpjün edilen arhiw toplumynda döwürleýin resminama we beýleki maglumatlary saklamak üçin hemme şertleriň döredilendigi bellenildi.

Türkmen arhiwçileri ylmy-barlag we neşirýat işlerini amala aşyrýarlar. Munuň mysaly hökmünde, bäş jiltlik «Hatyra» diýen işi agzap bolar, ol 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda Watan ugrundaky söweşlerde gahrymançylykly göreşen, dereksiz ýiten hem-de söweş meýdanlarynda wepat bolan türkmenistanly esgerleriň hatyrasyna bagyşlanýar, şeýle hem mähriban ojagyna ýeňiş bilen dolanyp gelen esgerler baradaky «Şöhrat» diýen kitap bar.

Mundan başga-da, Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Baş arhiw müdirligi giň okyjylar köpçüligine niýetlenen «Türkmen arhiwi» diýen taryhy resminama, ylmy-taglymat we usulyýet žurnaly neşir edýär. Türkmen we rus dillerinde çap edilýän neşiriň esasy wezipesi Türkmenistanyň Milli arhiw gaznasynyň resminamalaryny wagyz etmekden, ýurdumyzyň arhiwini öwrenmegiň hem-de bu ulgamda gazanylanlary beýan etmegiň nazaryýet esaslaryny ösdürmäge ýardam bermekden ybaratdyr.

Arhiw maglumatlaryna elýeterlilik geçmişi beýan etmäge hem-de ýurdumyzyň taryhyna bolan gyzyklanmany ösdürmäge mümkinçilik berýär. Türkmenistanyň arhiw gaznasynyň resminamalaryny işjeň peýdalanýanlaryň hatarynda alymlar, aspirantlar we talyplar, kompozitorlar, ülkäni öwrenijiler we beýlekiler bar.

Arhiwde kino boýunça ders bermegiň hem-de talyplaryň ylmy birleşmeleriniň mejlisleriniň geçirilmegi, arhiwiň muzeýlerine gezelençleriň guralmagy däbe öwrüldi. Ýurdumyzyň taryhynyň baky sahypalary bilen tanşyp, bu ýere gelýän köp sanly adamlar ady rowaýata öwrülen ildeşleriniň söweşjeň we zähmet terjimehaly barada mümkin boldugyça köp bilmegi maksat edinýärler. Şunuň ýaly her bir çäre ýaş türkmenistanlylar üçin watançylygyň hem-de ahlaklylygyň sapagyna öwrülýär.

Şu gün hem şanly senäni gutlamak maksady bilen, Merkezi döwlet arhiwine gelen maslahata gatnaşyjylar we myhmanlar üçin fotosergiler taýýarlanyldy.

Şolaryň biri Türkmenistanda arhiw işiniň ösüş tapgyrlary hem-de Merkezi döwlet arhiwiniň işi, şeýle hem ömrüniň köp bölegini şu işe bagyşlan adamlar barada gürrüň berýär.

Ýörite gaznanyň resminamalaryna esaslanan ikinji fotosergi ylym, medeniýet we sungat işgärlerine bagyşlandy. Bularyň ählisi ýurdumyzyň taryhynyň bir bölegidir, hakydamyzdaky barlykdyr. Merkezi döwlet arhiwiniň şanly senesiniň gününde iň mukaddes hasaplanýan resminamalaryň saklanýan ýeriniň gapysy açylyp, bu ýerde tanyşdyryş gezelenji guraldy.

Maslahata gatnaşyjylar Watanymyzyň taryhyny, halkymyzyň medeni mirasyny gorap saklamak, öwrenmek hem-de wagyz etmek boýunça alyp barýan syýasaty, arhiw işiniň ösdürilmegine berýän goldawy üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.

Ajaýyp türkmen kompozitorlarynyň eserlerini ýerine ýetiren Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň sazandalarynyň çykyşlary baýramçylyk öwüşginini çaýdy. Olara saz eserleriniň notalaryny Merkezi döwlet arhiwi berdi.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter