Birža täzelikleri | TDH
Ykdysadyýet

Birža täzelikleri

опубликованно 03.11.2019 // 257 - просмотров
 

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 15-si hasaba alyndy.

Daşary ýurt walýutasyna owganystanly işewürler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen binýatlyk ýagyny satyn aldylar.

Şeýle hem daşary ýurt walýutasyna reňksiz aýna we nah ýüplügi, matalar, buýan kökünden taýýarlanylan çaý içgileri ýerlenildi. Beýik Britaniýadan, BAE-den, Gonkongdan, Türkiýeden, Ermenistandan, Özbegistandan, Gyrgyzystandan, Pakistandan gelen işewürler satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 2 million 796 müň dollaryndan gowrak boldy.

Manat serişdelerine Russiýadan we Pakistandan gelen telekeçiler umumy bahasy 5 million 536 müň manatdan gowrak nah ýüplügini satyn aldylar.

Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin jemi bahasy 785 müň manatdan gowrak bolan pagta süýümini satyn aldylar.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter