Türkmenistanyň Prezidenti döwlet sapary bilen Gyrgyz Respublikasyna geldi | TDH
Syýasat habarlary

Türkmenistanyň Prezidenti döwlet sapary bilen Gyrgyz Respublikasyna geldi

опубликованно 05.08.2015 // 951 - просмотров
 

Aşgabat-Bişkek, 5-nji awgust (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow döwlet sapary bilen Gyrgyz Respublikasyna ugrady. Aşgabadyň Halkara howa menzilinde milli Liderimizi resmi adamlar ugratdylar.

Gyrgyzystanyň paýtagtyna çenli uçuşy amala aşyryp, hormatly Prezidentimiziň uçary Bişkek şäheriniň iki ýurduň Döwlet baýdaklary bilen bezelen “Manas-2” Halkara howa menzilinde gondy. Bu ýerde belent mertebeli myhmanyň hormatyna uçaryň ýanyndan resmi wekiliýetler zalyna çenli haly düşelen ýodajygyň ugrunda Hormat garawuly nyzama düzüldi.

Howa menzilinde Türkmenistanyň Prezidentini resmi garşylamak dabarasy boldy. Uçaryň ýanynda türkmen Liderini Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Almazbek Atambaýew mähirli garşylady.

Türkmenistanyň we Gyrgyzystanyň Prezidentleri howa menziliniň Resmi wekiliýetler zalynda özleri üçin ýörite bellenilen ýere geçýärler.

Türkmenistanyň we Gyrgyz Respublikasynyň Döwlet senalary ýerine ýetirilenden soňra Hormat garawulynyň serkerdesi döwlet Baştutanlaryna dabaraly ýagdaýda hasabat berýär. Iki ýurduň Liderleri Gyrgyz Respublikasynyň Döwlet baýdagyna hormat goýýarlar we Hormat garawulynyň esgerleriniň hatarynyň öňünden geçýärler.

Prezident Almazbek Atambaýew hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy Gyrgyz Respublikasynyň resmi wekiliýetiniň agzalary bilen tanyşdyrýar. Soňra türkmen Lideri öz gyrgyz kärdeşini Türkmenistanyň hökümet wekiliýetiniň agzalary bilen tanyşdyrýar.

Howa menzilinden Türkmenistanyň we Gyrgyzystanyň Prezidentleriniň awtoulag kerweni bilelikde “Ala-Arça” döwlet kabulhanasyna tarap ugrady.

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter