Türkmenistanyň Prezidentiniň çykyşy (ikiçäk) | TDH
Syýasat habarlary

Türkmenistanyň Prezidentiniň çykyşy (ikiçäk)

опубликованно 05.08.2015 // 902 - просмотров
 

Men size, siziň ajaýyp ýurduňyza döwlet sapary bilen gelmek baradaky çakylygyňyz üçin hem-de mähirli kabul edilendigimiz üçin minnetdarlygymy beýan edýärin hem-de siziň geçen ýylyň güýzünde biziň ýurdumyza bolan resmi saparyňyzy mähirli duýgular bilen ýatlaýaryn. Şu günki gepleşiklerimiz siziň şol saparyňyzyň kanunalaýyk dowamy bolup durýar. Biz gepleşikleriň barşynda Türkmenistan bilen Gyrgyzystanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň köp ugurlary boýunça meselelerini ara alyp maslahatlaşdyk. Biz size we doganlyk Gyrgyzystanyň ähli halkyna biziň halkara başlangyçlarymyzy goldaýandygyňyz üçin minnetdarlyk bildirýäris. Energetika howpsuzlygy, ulag-ustaşyr geçelgeleri boýunça ähli başlangyçlarymyzy goldaýarsyňyz. Biz doganlyk ýurtlaryň - Türkmenistanyň, Özbegistanyň, Täjigistanyň, Gyrgyzystanyň, Hytaýyň üstünden geçiriljek gazgeçirijisiniň taslamasyna uly ähmiýet berýäris. Biziň ýurdumyzyň geografiýa taýdan amatly ýerleşýändigi sebäpli, Gündogar-Günbatar ulag geçelgesiniň taslamasy uly ähmiýete eýedir. Biziň bu başlangyçlarymyzy goldaýandygyňyz üçin ýene bir gezek minnetdarlygymy beýan edýärin.

Siz söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni-gumanitar hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara toparyny döretmek baradaky teklibimizi hem goldadyňyz: Onuň ilkinji mejlisiniň Aşgabatda geçirilendigi guwançly ýagdýadyr. Statistika maglumatlara görä, ýurtlarymyzyň arasyndaky haryt dolanyşygy 50 göterimden gowrak artdy. Biz bu görkezijini has-da artdyrmak üçin tagallalar ederis. Şeýle hem bu ýerde iki ýurduň işewürleriniň duşuşyklary geçirildi. Ol hususy telekeçiligiň ösdürilmegine oňyn täsir eder.

Medeni-ynsanperwerlik ulgamyndaky hazmatdaşlyk hem işjeňleşdirilýär. Biziň halklarymyzyň däp-dessurlarynyň umumylygy bu ugurda hyzmatdaşlygy has-da giňeltmek üçin ygtybarly binýat bolup hyzmat edýär. Şu ýylyň maý aýynda siziň ajaýyp ýurduňyzda Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň üstünlikli geçirilendigi üçin örän minnetdardyrys. Biz hem gyrgyz medeniýet we sungat işgärlerini Türkmenistanda kabul etmäge taýýardyrys.

Şu ýyl BMG-niň Baş Assambleýasynyň ýörite Rezolýusiýasy bilen Türkmenistana hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesiniň berilmegine 20 ýyl dolýar. 2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda bu hukuk derejesi BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan gaýtadan tassyklanyldy. Şu ýylyň 12-nji dekabrynda ýurdumyzyň Bitaraplygynyň 20 ýyllygy mynasybetli ýokary derejeli halkara maslahaty we beýleki dabaraly çäreler geçiriler. Biz Sizi uly hormat bilen şol çärelere gatnaşmaga çagyrýarys.

Siz sebitde parahatçylygyň, durnuklylygyň hem-de durnukly ösüşiň üpjün edilmegine uly goşant goşýarsyňyz. Size belent jogapkärli döwlet işiňizde uly üstünlikler, doganlyk gyrgyz halkyna bolsa abadançylyk, gülläp ösüş we bagt arzuw edýärin.

Sag boluň!

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter