Türkmenistan – Owganystan – Pakistan - Hindistan gaz geçirijisiniň konsorsiumynyň öňbaşçysy kesgitlenildi | TDH
Syýasat habarlary

Türkmenistan – Owganystan – Pakistan - Hindistan gaz geçirijisiniň konsorsiumynyň öňbaşçysy kesgitlenildi

опубликованно 06.08.2015 // 1233 - просмотров
 

Aşgabat, 6-njy awgust (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Nebitgaz senagaty we mineral serişdeler minstrliginde hakyky taryhy ähmiýetli waka boldy—Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan baş gaz geçirijisiniň taslamasy baradaky Ýolbaşçy komitetiň 22-nji mejlisiniň çäklerinde “Türkmengaz” döwlet konserni biragyzdan “TAPI Ltd.” konsorsiumynyň öňbaşçysy hökmünde saýlanyldy.

Şeýlelikde, Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan transmilli gaz geçirijisiniň gurluşygynyň taslamasyna gatnaşyjylar gaz geçirijisiniň gurluşygynyň başlanmagyna has golaýlaşdylar. Çünki, mälim bolşy ýaly, taslama boýunça deslapky işleriň ählisi diýen ýaly tamamlandy. Hususan-da, türkmen tebigy gazyny satyn almak-satmak boýunça şertnamalar baglaşyldy, taslamanyň tehniki – ykdysady esaslandyrmasy gutarnykly işlenildi, Tranzaksion Geňeşçi (Aziýanyň ösüş banky) bilen Ylalaşyga gol çekildi, “TAPI Ltd.” konsorsiumy döredildi. “Türkmengaz” döwlet konserni konsorsiumyň öňbaşçysy hökmünde saýlanandan soň, taraplar ýakyn wagtda paýdarlar ylalaşygyny ylalaşarlar, onda Direktorlar geňeşiniň agzalarynyň borçlary kesgitlenildi.

Gaz geçirijisiniň gurluşygyna şu ýylyň ahyryna çenli başlamak göz öňünde tutulýar, başlangyç tapgyrda iri “Galkynyş” gaz käni serişdeler binýady bolmalydyr. Konsorsiumyň öňbaşçysy hökmünde “Türkmengaz” döwlet konserni TOPH gaz geçirijisini gurmak, maliýeleşdirmek, eýeçilik etmek we ulanmak boýunça özara gatnaşyklara ýolbaşçylyk eder.

“Türkmengaz” döwlet konserni gazy işläp geçmekde, çykarmakda we ugratmakda, şeýle hem turbageçirijileri gurmakda 50 ýyldan gowrak tejribä eýedeir. Özi-de, soňky ýyllarda bu tejribe halkara derejesine eýe boldy. Göz öňünde tutulyşy ýaly, şu ugurda işleýän beýleki kompaniýalar taslamany durmuşa geçirmegiň nobatdaky tapgyrlarynda konsorsiumyň öňbaşçysynyň toparyna goşular.

Türkmen gazy Hindistanyň we Pakistanyň “mawy ýangyja” bolan artýan isleglerini kanagatlandyryp biler. Şol döwletlerde bu islegler 2030-njy ýyla çenli iki esse artyp biler. Mundan başga-da, üstaşyr geçirýän Owganystanda energiýa serişdeleriniň ýetmezçiligini azaldar. Bangladeş hem bu taslama gyzyklanma bildirýändigini mälim etdi. TOPH taslamasy durmuşa geçirilenden soň, Hindistan özüniň ilkinji transmilli gaz geçirijisine eýe bolar. Häzirki wagtda bu ýurt gazy suwuklandyrylan görnüşde satyn alýar we ony tankerler bilen getirýär.

Mälim bolşy ýaly, 2010-njy ýylyň dekabr aýynda Aşgabatda geçirilen “Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan” duşuşygynyň barşynda TOPH transmilli gaz geçirijisiniň gurluşygyny iş ýüzünde amala aşyrmagyň başy başlandy. Bu taryhy waka hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýöredýän syýasatynyň üstünlige eýe bolýandygynyň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi. Dünýäniň ähli döwletleri bilen özara bähbitli halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmäge gönükdirilen energiýa strategiýasy şol syýasatyň esasy ugry bolup durýar.

2010-njy ýylda geçirilen Aşgabat duşuşygyna Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň, Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Hamid Karzaýyň, Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Asif Ali Zardariniň, şeýle hem Hindsitan Respublikasynyň nebit we tebigy gaz ministri Murli Deoryň gatnaşandygyny ýatlatmalydyrys.

Ýokary derejedäki duşuşygyň çäklerinde Türkmenistanyň ýerasty känlerinde tebigy gazyň ägirt uly gorlarynyň bardygy bu taslamanyň ykdysady taýdan esaslydygyny tassyklaýandygy bellenildi. Ýurdumyzyň ägirt uly gorlara eýedigi hemmeler, şol sanda abraýly halkara bilermenleri tarapyndan tassyklanyldy. Munuň özi ýurdumyza “mawy ýangyjy” islendik ugur, şol sanda TOPH ugry boýunça uzakmöhletleýin ibermegini üpjün etmäge mümkinçilik berýär.

Ýokary derejedäki “Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan” duşuşygynyň barşynda taslama gatnaşýan döwletleriň baştutanlary tarapyndan, ilkinji nobatda, Owganystan tarapyndan transmilli gaz geçirijisiniň howpsuzlygy babatda kepillikler berildi, şeýle hem degişli Hökümetara ylalaşyga gol çekildi.

2012-nji ýylyň maý aýynda III Halkara gaz kongresiniň çäklerinde Hindistanyň we Pakistanyň milli kompaniýalary bilen tebigy gazy satyn almak, satmak hakyndaky Ylalaşyga gol çekildi. Ýolbaşçy komitetiň 2013-nji ýylyň 9-njy iýulynda geçirilen 17-nji mejlisinde “Türkmengaz” döwlet konserniniň we Owganystanyň gaz korporasiýasynyň arasynda gazy satyn almak-satmak hakyndaky şertnama gol çekildi. 2013-nji ýylyň 19-njy noýabrynda bolsa türkmen paýtagtynda Halkara nebitgaz forumynyň çäklerinde Tranzaksion Geňeşçi bilen Hyzmat ediş ylalaşygyna gol çekildi. Aziýanyň ösüş banky Tranzaksion Geňeşçi hökmünde çykyş etdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, häzirki döwürde uglewodorod serişdelerini ibermegiň köpugurly ulgamyny döretmek we energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna howpsuz üstaşyr geçirmegiň ygtybarly guralyny kemala getirmek türkmen döwletiniň energetika strategiýasynyň möhüm ugry bolup durýar. Ýangyç-energetika ulgamynda Türkmenistan tarapyndan durmuşa geçirilýän we häzirki wagtda üstünlikli amala aşyrylýan iri düzümleýin taslamalar, şol sanda häzirki wagtda gurluşygy tamamlaýjy tapgyra gadam basan “Gündogar – Günbatar” gaz geçirijisi, şeýle hem ýurdumyzyň ählumumy energetika howpsuzlygyny üpjün etmek babatdaky halkara başlangyçlary munuň aýdyň subutnamasydyr. TOPH taslamasynyň durmuşa geçirilmegi hem ählumumy energetika howpsuzlygyny üpjün etmäge ýardam eder.

Taslamanyň tehniki-ykdysady esaslandyrmasyna laýyklykda uzynlygy 1800 kilometre barabar bolan TOPH gaz geçirijisi Türkmenistanyň iri gaz ýataklary ýerleşýän günorta-gündogar sebitinden badalga alar hem-de Owganystanyň we Pakistanyň çäginden geçip, pakistan-hindi serhedindäki Fazilka diýen ilatly ýere (Hindistan) baryp ýeter. Gaz geçirijisi boýunça ýylda 33 milliard kub metre çenli türkmen tebigy gazy uzakmöhletleýin esasda iberiler.

Biziň her birimiziň durmuşymyzda bolşy ýaly, häzirki zaman jemgyýetiniň durmuşyny hem energiýa serişdelersiz göz öňüne getirmek mümkin däldir. Energiýa serişdeleri köp babatda biziň gündelik durmuşymyzy kesgitleýär. Ýöne dünýäniň ýerasty ýataklarynda bar bolan nebitiň gorlary barha azalyp barýar we şu ýagdaýda tebigy gazyň (häzirki wagtda ähmiýeti boýunça energiýa serişdeleriniň arasynda ikinji ýerde durýar) orny barha ýokarlanýar.

Seljerijileriň baha bermegine görä, ýakyn onýyllyklarda islegleriň durnukly artmagy netijesinde, dünýäniň energiýa deňagramlylygynda tebigy gazyň paýy we onuň sarp edilişiniň möçberi köp ýurtlarda yzygiderli ýokarlanar. Köp halklaryň abadançylygy, döwletleriň durnukly ösüşi we dünýädäki syýasy durnuklylyk köp babatda dürli sebitleriň gaz bilen üpjünçiligine bagly bolar.

Häzirki wagtda “mawy ýangyç” senagat taýdan ösen döwletleriň ählisinde öz täsirini artdyryp, dünýä bazarlarynda diňe bir özboluşly “pul” bolmak bilen çäklenmän, eýsem, möhüm syýasy şerte öwrülýär.

Ýöne hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň daşary- ykdysady strategiýasy turuwbaşdan syýasy, ideologiki we haýsydyr bir beýleki garaýyşlardan daşda bolup, daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň ählisi bilen deňhukukly we özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýar. Döwlet Baştutanymyz bu barada ýokary derejedäki halkara forumlarynda hem-de ýokary derejedäki gepleşikleriň çäklerinde ençeme gezek belläpdi. “Türkmenistan diňe pragmatiki çemeleşmä eýerip, özüni täjirçilik taslamalaryny syýasylaşdyrmakdan daşda saklaýar” diýip, döwlet Baştutanymyz nygtaýar.

Hünärmenleriň baha bermegine görä, dünýäniň iri energetika döwletleriniň hataryna girýän Türkmenistanyň ýerasty ýataklarynda tebigy gazyň ägirt uly gorlary bardyr. Munuň özi ýangyç serişdelerini dünýäniň iri gazeksport bazarlaryna çykarmak boýunça uzakmöhletli geljek üçin meýilnamalary işläp taýýarlamaga hem-de durmuşa geçirmäge mümkinçilik berýär.

Biziň döwletimiz özüniň daşary syýasat işinde gyzyklanma bildirýän ýurtlaryň ählisi bilen deňhukukly hyzmatdaşlyk ýörelgelerine eýerýär. Türkmenistanyň özüniň hyzmatdaşlary babatda bitarap orny eýeleýändigi we ykdysady pragmatizmi köpugurly turbageçiriji düzümi döretmekde ýüze çykýar. Geljekde bu düzüm energiýa howpsuzlygyny üpjün edip biler. Munuň özi bolsa Ýewraziýa kontinentiniň örän uly giňişliginde ýaşaýan millionlarça adamyň durmuşynyň gowulyga tarap üýtgejekdigini alamatlandyrýar.

Mälim bolşy ýaly, energiýa serişdeleriniň halkara iberilmeginiň ygtybarlylygyny we durnuklylygyny üpjün etmek meseleleri energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna diwersifikasiýa ýoly bilen ibermegiň möhüm şerti hökmünde çykyş edýär. Häzirki wagtda bu meseleler ählumumy gün tertibiniň öň hataryna çykyp, köp ýurtlaryň bähbitlerini gozgaýar. Durmuşyň ähli ulgamlary energiýa serişdeleriniň elýeterliligine gönüden-göni baglydyr. Munuň özi döwletiň ösüşine, adamlaryň ýaşaýyş-durmuşynyň derejesine täsir edýär. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň turbageçiriji ulgamyň howpsuzlygyny üpjün etmek barada öňe süren pikiri aýratyn ähmiýete eýe bolýar. Ýurdumyzyň bu başlangyjy BMG-niň "Energiýa serişdeleriniň ygtybarly we durnukly üstaşyr geçirilmegi hem-de durnukly ösüşi we halkara hyzmatdaşlygyny üpjün etmekde onuň hyzmaty" hakyndaky Rezolýusiýalarynyň ikisi bilen berkidildi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tutuş dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan goldanylan bu başlangyjy Türkmenistanyň halkara giňişliginde eýeleýän ornunyň barha berkeýändiginiň, şeýle hem ýurdumyzyň ählumumy energetika howpsuzlygyny üpjün etmäge saldamly goşant goşýandygynyň ykrarnamasy bolup durýar.

Öz nobatynda, TOPH taslamasy diňe ykdysady wezipelerden başga-da, taslama gatnaşýan ýurtlara möhüm durmuş we gumanitar meseleleri, ilkinji nobatda bolsa, goşmaça iş orunlaryny döretmek, tutuş gaz geçirijisiniň ugrunda ulag-kommunikasiýa we durmuş düzümini kemala getirmek bilen baglanyşykly wajyp meseleleri çözmäge mümkinçilik berer.

TOPH taslamasyny iş ýüzünde durmuşa geçirmek boýunça möhüm ädimler ädildi. Ol geljekki gaz geçirijisiniň geçjek ugrundan başga-da, giň çäklere öz täsirini ýetirjekdigini görkezdi. Bu taslama barada eýýäm häzirden geljekde Merkezi we Günorta Aziýadaky hem-de goňşy sebitlerdäki umumy ýagdaýa oňyn täsir etmäge ukyply durnuklaşdyryjy ýagdaý hökmünde aýdyp bolar. Ol yklymda syýasy we ykdysady gatnaşyklaryň tutuş ulgamynyň durnukly bolmagyna ýardam eder.

TOPH taslamasy diňe bir özara bähbitli energetika we ykdysady taslama bolmak bilen çäklenmän, eýsem, ol syýasy ähmiýetli jebisleşdiriji ýagdaýdyr, energiýa serişdelerini öndürijileriň, üstaşyr geçirijileriň we sarp edijileriň bähbitleriniň deňagramlylygyny üpjün etmegiň aýdyň subutnamasydyr.

TOPH – bu parahatçylyk gaz geçirijisidir!

TOPH - Aziýa sebitiniň parahatçylykly geljegine barýan energiýa köprüsidir!

Maksim Papanowyň fotokollažy

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter