Birža täzelikleri | TDH
Ykdysadyýet

Birža täzelikleri

опубликованно 09.11.2019 // 154 - просмотров
 

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda geçirilen söwdalarda baglaşylan geleşikleriň 36-sy hasaba alyndy.

Russiýadan, Beýik Britaniýadan, BAE-den, Owganystandan we beýleki ýurtlardan gelen telekeçiler daşary ýurt puluna Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen uçar kerosinini hem-de esaslyk ýagyny satyn aldylar. BAE-den we Owganystandan gelen işewürler “Türkmengaz” döwlet konserninde öndürilen suwuklandyrylan gaz satyn aldylar.

Russiýa, BAE we Gyrgyzystandan gelen işewürler daşary ýurt puluna nah ýüplük, haly önümlerini satyn aldylar. Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 42 million 70 müň dollaryndan geçdi.

Russiýadan we BAE-den gelen telekeçiler manat serişdelerine 372 müň manatlykdan gowrak nah ýüplügini satyn aldylar.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter