Türkmenistanyň Prezidentiniň Gyrgyz Respublikasyna döwlet sapary tamamlandy | TDH
Syýasat habarlary

Türkmenistanyň Prezidentiniň Gyrgyz Respublikasyna döwlet sapary tamamlandy

 

Bişkek, 6-njy awgust /TDH/. Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Gyrgyz Respublikasyna amala aşyran iki günlük döwlet saparyny tamamlady.

Ozal habar berlişi ýaly, düýn Bişkekde ýokary derejedäki türkmen-gyrgyz gepleşikleri üstünlikli geçip, olaryň barşynda iki dostlukly döwletleriň uzakmöhletleýin özara bähbitli esasda, ikitaraplaýyn görnüşde, şeýle hem abraýly halkara guramalarynyň çäklerinde giň gerimli hyzmatdaşlygy ösdürmäge we giňeltmäge taýýardygy tassyklanyldy. Ýokary derejedäki duşuşygyň jemleri boýunça gazanylan ylalaşyklar, şeýle hem söwda-ykdysady we ynsanperwer-medeni ulgamlarda Türkmenistanyň we Gyrgyz Respublikasynyň arasyndaky netijeli gatnaşyklary giňeltmäge gönükdirilen resminamalar munuň şeýledigine aýdyň şaýatlyk edýär.

Şu gün irden döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Almazbek Atambaýew bilen Bişkegiň taryhy merkezinde ýerleşen Ýeňiş meýdançasyndaky ýadygärlikler toplumyna bardylar.

1941-1945-nji ýyllaryň urşunda wepat bolan Gyrgyz Respublikasynyň milli gahrymanlarynyň hormatyna gurlan binagärlik-heýkel ýadygärlikler toplumynyň merkezinde ak öýi alamatlandyrýan üç sany egri ýaý halka we Baky alawyň ýanynda enäniň heýkeli seleňläp dur.

Ýadygärlikler toplumyna alyp barýan ýoluň iki tarapynda hormat garawulynyň esgerleri nyzama düzülipdir. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow we Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Almazbek Atambaýew Baky alawyň etegine ajaýyp gül çemenlerini goýýarlar. Türkmenistanyň we Gyrgyz Respublikasynyň Döwlet senalary ýaňlanýar.

Çäre tamamlanandan soň, Türkmenistanyň we Gyrgyzystanyň Prezidentleriniň awtoulag kerweni paýtagtyň “Manas-2” halkara howa menziline tarap ugur aldy.

Iki dostlukly döwletleriň Baştutanlary hoşlaşanlarynda, türkmen Lideriniň şu döwlet saparynyň türkmen-gyrgyz gatnaşyklarynyň taryhynda täze möhüm sahypany açandygyny bellediler we ýokary derejedäki gepleşikleriň jemleri boýunça gazanylan ylalaşyklaryň iş ýüzünde amala aşyryljakdygyna hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmäge hyzmat etjekdigine ynam bildirdiler.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Prezident Almazbek Atambaýewe mähirli kabul edendigi üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirip, uçara mündi we Bişkek şäherinden ugrady.

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter