Türkmenistanda Çaganyň hukuklary boýunça Konwensiýanyň kabul edilmeginiň 30 ýyllygy bellenildi | TDH
Jemgyýet

Türkmenistanda Çaganyň hukuklary boýunça Konwensiýanyň kabul edilmeginiň 30 ýyllygy bellenildi

опубликованно 20.11.2019 // 217 - просмотров
 

2019-njy ýylyň 20-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Çaganyň huhuklary hakyndaky Konwensiýanyň kabul edilmeginiň 30 ýyllygy mynasybetli ýokary derejeli çäre geçirildi.

Bu çärä UNICEF-yň Türkmenistandaky wekili Kristin Weýgand, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministri N.Amannepesow, Türkmenistanyň Bilim ministri M.Geldinyýazow, UNICEF-yň hünärmenleri, DÖM-nyň ýaş ilçileri, ýurdumyzda akkreditirlenen beýleki halkara guramalaryň we diplomatik wekilhanalaryň wekilleri, dürli ministrlikleriň, pudak edaralarynyň, ýurdumyzyň hususy ulgamynyň hem-de KHBS-niň wekilleri gatnaşdylar.

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministri, Bilim ministri we UNICEF-yň Türkmenistandaky wekili giriş sözleri bilen çykyş etdiler we çykyşlarynyň dowamynda Çaganyň hukuklary hakyndaky Konwensiýanyň taryhy barada gysgaça gürrüň bermek bilen, Konwensiýanyň 30 ýyllygynyň Durnukly Ösüş Maksatlarynyň kämilleşdirilmegine itergi bermekde möhüm ähmiýetiniň bardygyny bellediler. Çagalaryň hukuklary bilen 2030-njy ýyla çenli Gün tertibiniň durmuşa geçirilmeginiň berk baglanyşyklydygy barada hem bellenilip geçildi.

Çäräniň barşynda Konwensiýanyň kabul edilen pursadyndan bäri beýleki ýurtlaryň tejribesi barada, halkara guramalaryň we KHBS-niň çagalaryň huhuklarynyň kämilleşdirilmeginde, çagalaryň hukuklary we bu ugurda işleri alyp barmaklygy hem-de hususyýetçiligiň sosial jogapkärçiligi barada aýdyldy. DÖM-nyň ýaş ilçileri «Biziň çagalarymyz we ýaşlarymyz üçin isleýän Dünýämiz» atly tema boýunça çykyş etdiler.

Şeýle-de, çäräniň dowamynda Konwensiýanyň kabul edilmeginiň 30 ýyllygy mynasybetli baýramçylyk çäreleri hem-de Türkmenistandaky çagalaryň arzuwlary we maksatlary şöhlelendirilen wideo-maglumatlary görkezildi.

Çäräniň ahyrynda Türkmenistanda we bütin dünýäde Çaganyň hukuklary hakyndaky Konwensiýany girizmegiň netijeleri hem-de ähli ýerlerde çaganyň hukuklaryny durmuşa geçirmek boýunça işleriň kämilleşdirilmegini goldamak barada aýdyldy we UNICEF-yň wekilleri bilen çärä gatnaşyjylaryň arasynda sorag-jogap alyşdylar.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter