Türkmenistanyň Prezidenti oba hojalyk toplumyny ösdürmek boýunça maslahat geçirdi | TDH
Syýasat habarlary

Türkmenistanyň Prezidenti oba hojalyk toplumyny ösdürmek boýunça maslahat geçirdi

опубликованно 21.11.2019 // 491 - просмотров
 

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow oba hojalyk toplumynyň ýolbaşçylary bilen iş maslahatyny geçirdi. Onda pudakdaky işleriň ýagdaýyna seljerme berildi, ýer-suw serişdeleriniň ulanylyşynyň netijeliligini ýokarlandyrmaga, geçirilýän özgertmeleriň depginini güýçlendirmäge degişli meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy, oba zähmetkeşleriniň öňünde durýan wezipeler kesgitlenildi.

Milli Liderimiz gün tertibini yglan edip, obasenagat toplumynyň ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň esasy pudaklarynyň biridigini, biziň gazanýan üstünliklerimiziň, halkymyzyň bolelin we bagtyýar durmuşda ýaşamagynyň bu pudagyň netijeli ösdürilmegine köp derejede baglydygyny belledi. Soňra döwlet Baştutanymyz pudakda amala aşyrylýan işler barada hasabat bermek üçin maslahata gatnaşanlara söz berdi.

Ilki çykyş eden oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministri M.Baýramdurdyýew hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa oba hojalyk pudagynyň ýokary depginler bilen ösdürilmegi, pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň has-da pugtalandyrylmagy, dünýäniň öňdebaryjy tejribeleriniň we ylmyň soňky gazananlarynyň önümçilige yzygiderli ornaşdyrylmagy ugrunda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, ministrlik tarapyndan welaýatlaryň häkimlikleri bilen bilelikde, bugdaýyň, pagtanyň, şalynyň, gant şugundyrynyň we beýleki oba hojalyk ekinleriniň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek hem-de ýurdumyzda azyk bolçulygyny has-da pugtalandyrmak boýunça degişli işler alnyp barylýar.

Şeýle hem ösdürilip ýetişdirilýän oba hojalyk ekinleriniň hasyllylygyny ýokarlandyrmak, ekerançylygy ylmy esasda alyp barmak, oba hojalyk önümleriniň öndürilýän mukdaryny artdyrmak babatda pudagyň alymlary hem-de ministrligiň garamagyndaky Tohumçylyk we sort-synag gullugynyň hünärmenleri dürli oba hojalyk ekinleriniň hasyllylygyny ýokarlandyrmak boýunça maksada gönükdirilen işleri amala aşyrýarlar.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tagallalary netijesinde, oba hojalyk pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da pugtalandyrmak üçin iri möçberli maýa goýum serişdeleriniň goýberilmegi hem-de daşary ýurtlaryň ýokary öndürijilikli döwrebap oba hojalyk tehnikalarynyň we gurallarynyň yzygiderli satyn alynmagy ekinleri ösdürip ýetişdirmekde agrotehniki çäreleriň öz wagtynda hem-de talabalaýyk geçirilmegine ýardam edýär.

Şonuň bilen birlikde, häzirki wagtda ýurdumyzda gowaça ösdürip ýetişdirmek boýunça ýerine ýetirilýän mehanizmleşdirilen işleri telematik sanly elektron ulgamy arkaly dolandyrmak boýunça degişli işler amala aşyrylýar.

Mundan başga-da, gowaça meýdanlarynda bar bolan pagta hasylyny iň soňky hanasyna çenli ýygnap almagyň dowam edýändigi, geljek ýylyň hasyly üçin bugdaý ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg etmek işleriniň utgaşykly ýerine ýetirilýändigi aýdyldy.

Soňra milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň başlygynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji J.Sedekowa söz berdi. Ol ýurdumyzyň suw hojalygyny ösdürmekde bellenilen işleri amala aşyrmakda görülýän çäreler barada hasabat berdi.

Hususan-da, «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna» we beýleki döwlet maksatnamalaryna laýyklykda, goşmaça suw gorlaryny döretmek üçin täze suw howdanlaryny gurmak we bar bolanlarynyň göwrümini giňeltmek, şeýle hem ýerleriň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak boýunça işler amala aşyrylýar. Geçirilýän işleriň çäklerinde täze suw howdanlarynyň taslama we gurluşyk işleri alnyp barylýar. Şeýle hem suw howdanlarynyň göwrümini giňeltmek boýunça degişli işler geçirilýär.

Mundan başga-da, Merkezi Aziýa sebitinde ekologiýa ýagdaýynyň gowulandyrylmagyna oňyn täsirini ýetirýän «Altyn asyr» Türkmen kölüniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynyň çäklerinde, bu kölüň Baş şor suw akabasynyň hem-de Daşoguz golunyň suw geçirijiligini ýokarlandyrmak, onuň boýunda suw hojalyk desgalarynyň we köprüleriň gurluşygyny alyp barmak, akabalaryň ugrunda süýşýän çägeleri berkitmek boýunça işleriň ýerine ýetirilýändigi bellenildi.

Türkmenistanyň Suw hojalygy baradaky döwlet komiteti bilen Ýaponiýanyň «Itochu Corporation» kompaniýasynyň arasynda gol çekilen Baş ylalaşyga laýyklykda, Ýaponiýanyň «Komatsu» kysymly ekskawatorlaryny we buldozerlerini satyn almak boýunça işler geçirilýär.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow «Türkmen atlary» döwlet birleşiginiň baş direktory A.Berdiýewe söz berdi. Ol birleşik boýunça ýurdumyzda ösdürilip ýetişdirilýän ahalteke bedewleriniň baş sanyny artdyrmak, atçylykda tohumçylyk işini has-da kämilleşdirmek, ahalteke atlarynyň genofondyny we milli atşynaslyk sungatyny gorap saklamak hem-de atlaryň ösüşini we reňk aýratynlyklaryny ylmy esasda öwrenmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyzyň şu ýylyň 4-nji oktýabrynda geçiren Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde Türkmen bedewiniň milli baýramyny hem-de Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň 10-njy ýubileý mejlisini Lebap welaýatynda geçirmek boýunça beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek maksady bilen, birleşigiň garamagyndaky Lebap atçylyk sport toplumynda degişli taýýarlyk işleri alnyp barylýar.

Mundan başga-da, ýurdumyzda geçirilýän at çapyşyklarynyň hilini has-da ýokarlandyrmak, çapyksuwarlaryň hünär derejesini kämilleşdirmek boýunça dünýä döwletleriniň oňyn tejribeleri öwrenilýär.

Şeýle hem ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ähli ugurlaryny sanly ulgama geçirmek boýunça milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňe sürýän başlangyçlaryndan ugur alnyp, pudakda amala aşyrylýan tohumçylyk işlerini sanly ulgama geçirmek boýunça anyk çäreleriň görülýändigi habar berildi.

Iş maslahaty Türkmen oba hojalyk institutynyň Oba hojalyk ylmy-önümçilik merkeziniň direktory D.Berdimyradowyň hasabaty bilen dowam etdi. Ol merkeziň seçgiçilik işleri bilen meşgullanýan alymlary tarapyndan ýurdumyzyň welaýatlarynyň toprak-howa şertlerine laýyk gelýän ýokary hasylly, kesellere durnukly oba hojalyk ekinlerinden bugdaýyň we gowaçanyň täze görnüşlerini döretmek hem-de olary önümçilige giňden ornaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda merkeze degişli 5 sany ylmy bölüm hem-de 9 sany ylmy-önümçilik synag hojalygy bolup, şolarda oba hojalyk ekinleriniň seçgiçilik işi, tohumçylygy, agrotehnikasy we ösümlikleri goramak ugurlary boýunça ylmy işler alnyp barylýar. Şonuň bilen birlikde, däneçilik ugry boýunça alymlar tarapyndan Ahal ylmy-önümçilik synag hojalygynyň tejribe meýdanlarynda bugdaýyň tohumçylyk-seçgiçilik işleri geçirilýär.

Däneçi seçgiçileriň yhlasly zähmeti bilen güýzlük bugdaýyň täze bol hasylly, dänesiniň unluk ähmiýeti ýokary bolan «Bagtyýarlyk», «Döwletli» sortlary döredilip, önümçilige ornaşdyryldy. Şu ýyl gowy hilli görkezijileri bolan güýzlük ýumşak bugdaýyň «Galkynyş» we «Rowaçlyk» atly täze sortlary döwlet sort synagyna tabşyryldy.

Hasabatyň dowamynda ýurdumyzda gowaçanyň ekilýän meýdanlaryny köpeltmek barada döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňde goýan wezipelerinden ugur alnyp, şeýle-de ýurdumyzyň toprak-howa şertleriniň gowaçanyň inçe we orta süýümli görnüşlerini ösdürip ýetişdirmek üçin örän amatly bolup durýandygy bilen baglylykda, tejribe meýdanlarynda şolary önümçilige ornaşdyrmak boýunça tohumçylyk-seçgiçilik işleriniň alnyp barylýandygy barada hem habar berildi.

Soňra maslahatda Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň rektory D.Myradow hasabat bilen çykyş etdi. Ol ýokary okuw mekdebinde ýaşlara bilim bermegiň we hünär öwretmegiň usulyýetini ata-babalarymyzyň ösen ekerançylyk däbi bilen utgaşdyryp, häzirki döwrüň ösen talaplaryna laýyk getirmek maksady bilen, hünärleriň okuw meýilnamalarynyň we dersleriň okuw maksatnamalarynyň yzygiderli kämilleşdirilýändigi barada aýdyp, bu ugurda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, talyplara döwrebap bilim-terbiýe bermek, hünär öwretmek, innowasiýalar hem-de ylmyň soňky gazananlary, ýurdumyzyň oba hojalyk ulgamynda ýetilen sepgitler we öňdebaryjy dünýä tejribesi utgaşdyrylyp alnyp barylýar. Ýurdumyzda giňden ornaşdyrylýan sanly bilim ulgamynyň we sanly ykdysadyýetiň ösen tehnologiýalary hem-de beýleki möhüm ugurlar, şolaryň ähmiýeti ýaşlara çuňňur öwredilýär.

Mundan başga-da, uniwersitet bilen Ýewropanyň, Aziýanyň we Amerikanyň döwletleriniň, şol sanda abraýly ugurdaş ýokary okuw mekdepleriniň hem-de häzirki zaman oba hojalyk tehnikalaryny we himiki serişdelerini öndürýän öňdebaryjy kompaniýalaryň arasynda bilim, ylym hem-de innowasiýalar babatda özara bähbitli halkara hyzmatdaşlygyň ýola goýlandygy habar berildi.

Türkmen oba hojalyk institutynyň rektory A.Gapurow hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa institutda alnyp barylýan işler barada hasabat berip, talyplaryň hem-de mugallymlaryň ylmy işlere gatnaşygyna, ýokary derejeli ýaş hünärmenleriň taýýarlanylyşyna berilýän ünsüň has-da güýçlendirilendigi barada aýtdy.

Hususan-da, oba hojalyk ylmynyň ileri tutulýan ugurlary boýunça synag-barlag işleri geçirilýär. Institutda hereket edýän okuw merkezinde oba hojalyk tehnikalaryna ulanylýan iň täze tehnologiýalar boýunça okuwlary guramak, oba hojalyk önümçiliginde sanly elektron dolandyryşyň usullaryny öwretmek meýilleşdirilýär.

Soňra hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýewe söz berdi. Wise-premýer ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynda özgertmeleri amala aşyrmagyň barşy hem-de häzirki döwürde ýaýbaňlandyrylan işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi.

Ministrler Kabinetiniň şu ýylyň 10 aýynyň jemlerine bagyşlanyp geçirilen mejlisinde döwlet Baştutanymyzyň ýurdumyzyň oba hojalyk pudagyny ösdürmek boýunça beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek ugrunda geçirilmeli işler barada alymlar we tejribeli hünärmenler bilen bilelikde degişli seljerme işleri alnyp barylýar.

Şeýle-de, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň geljek ýylda gowaçanyň ekiljek meýdanlaryny köpeltmek baradaky tabşyryklary göz öňünde tutulyp, bu ugurda ekin meýdanlaryny taýýarlamak, agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda suwaryş suwy bilen üpjün etmek, zerur tohum, mineral dökünleri hem-de gowaça meýdanlarynda işlediljek tehnikalary we gurallary taýýarlamak boýunça degişli işler alnyp barylýar.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň birinji mejlisinde oba hojalyk pudagynda geçirilýän özgertmeleri has-da kämilleşdirmek, bu ugurda alnyp barylýan işleri döwrebap usulda guramak we pudaga hususy önüm öndürijileri giňden çekmek boýunça kabul edilen çözgütleri durmuşa geçirmek ugrunda maksatnamalaýyn işler amala aşyrylýar.

Şeýle hem hasabatda arassa daşky gurşawy, ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek, tebigy serişdelerimizi rejeli peýdalanmak, ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek, ösümlik we haýwanat dünýäsiniň biodürlüligini köpeltmek meselelerine aýratyn üns berilýändigi hem-de bu ugurda zerur işleriň durmuşa geçirilýändigi bellenildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň oba hojalyk pudagyna dünýäniň öňdebaryjy tejribelerini we ylmyň soňky gazananlaryny ornaşdyrmak barada berýän tabşyryklaryndan ugur alnyp, bu pudaga sanly elektron ulgamy arkaly dolandyrmagy girizmek boýunça degişli işler alnyp barylýar hem-de bu babatda oba hojalyk bilimini we ylmyny ösdürmek, maglumat hem-de maslahat beriş hyzmatlaryny giňeltmek boýunça dünýäniň öňdebaryjy tejribeleri öwrenilýär.

Hormatly Prezidentimiz hasabatlary diňläp hem-de iş maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, döwletimiziň oba hojalygyny ösdürmäge we pudakda düýpli özgertmeleri amala aşyrmaga uly üns berýändigini nygtady. Munuň üçin köp möçberde maýa goýumlaryny goýmak bilen, pudagyň maddy-tehniki binýadyny has-da pugtalandyrmak, ýurdumyzyň azyk howpsuzlygyny berkitmek üçin giň gerimli çäreler amala aşyrylýar.

Oba ilatynyň öndürijilikli zähmet çekmegi, halal zähmeti bilen baýamagy üçin ähli zerur şertler döredilýär. Daýhanlarymyz tehniki hyzmatlar we suw bilen, mineral dökünlerdir tohum, himiki serişdeler bilen ýeňillikli bahalardan üpjün edilýär diýip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi.

Tabşyrylýan önümler üçin hasaplaşyklar hem öz wagtynda geçirilýär. Biz bugdaýyň we gowaçanyň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek hem-de bu önümleri öndürijileri ykdysady taýdan höweslendirmek maksady bilen, şu ýylyň hasylyndan başlap, bugdaýyň we pagtanyň döwlet satyn alyş bahalaryny hem ýokarlandyrdyk. Geçirilýän şu işleriň netijesinde, oba zähmetkeşleri uly üstünlikleri hem gazanýarlar.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz şu ýyl edermen daýhanlarymyzyň 1 million 650 müň tonnadan gowrak galla, häzire çenli 1 million 60 müň tonnadan hem köp pagta taýýarlamagy başarandyklaryny nygtady. Beýleki oba hojalyk ekinlerinden hem bol hasyl ýygnalyp alyndy.

Şeýlelikde, biz pudakda döwrebap özgertmeleri geçirmek arkaly ýurdumyzda azyk bolçulygyny berkitmek hem-de dokma kärhanalarymyzy pagta önümleri bilen ýeterlik möçberde üpjün etmek boýunça zerur çäreleri durmuşa geçirýäris diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Şonuň bilen baglylykda, ilatyň un, çörek we çörek önümleri bilen üpjünçiligini nazara alyp, bugdaý ekilýän meýdanlary geljek ýylyň hasylyndan başlap, 760 müň gektardan 690 müň gektara çenli azaltmak we 1 million 400 müň tonna galla öndürmek meýilleşdirildi diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Täze dokma kärhanalarynyň gurlup, ulanylmaga berilýändigini hem-de içerki önüm öndürijileriň pagta önümlerine islegleriniň artýandygyny göz öňünde tutup, bugdaýdan artýan 70 müň gektar ýeri täze ýylyň hasylyndan başlap, gowaça ekilýän meýdanlara goşmak we gowaça meýdanlaryny 620 müň gektara çenli köpeltmek hem-de ýurdumyz boýunça 1 million 250 müň tonna pagta öndürmek bellenildi.

Bu bolsa dokma we ösümlik ýagyny öndürýän senagat kärhanalarymyzy pagta önümleri we tehniki çigit bilen üpjün etmäge mümkinçilik berer. Bu önümleriň özümizden artýan bölegini daşarky bazarlara ýerlemäge hem şert döreder diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz maldarçylyk baradaky meselä degip geçip, bu pudakda önümçiligi alyp barmagy kämilleşdirmek, pudaga hususy maýa goýumlaryny çekmek, mallaryň baş sanyny köpeltmek, tohumçylygyny alyp barmak we alynýan önümleriň möçberlerini artdyrmak boýunça hem zerur işleriň durmuşa geçirilýändigini nygtady.

Ilaty et-süýt, ýumurtga we beýleki maldarçylyk önümleri bilen ýeterlik möçberde üpjün etmek, bu pudaga hususy önüm öndürijileri giňden çekmek, olar üçin amatly şertleri döretmek we ýeňillikli bank karzlaryny bermek boýunça maksatnamalaýyn işler amala aşyrylýar.

Şunuň bilen birlikde, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow häzirki wagtda ýurdumyzda uly maldarçylyk we guşçulyk toplumlary yzygiderli gurlup, işe girizilýär diýip belledi. Bu döwrebap toplumlaryň ot-iýmler bilen üpjünçiligini gowulandyrmak üçin ekerançylyk ýerleri bölünip berilýär. Döwletimiz tarapyndan şeýle şertleriň döredilmegi netijesinde, ýurdumyzda daşary ýurtlardan getirilýän azyk harytlarynyň ornuny tutýan önümleri öndürýän döwrebap önümçilikler döredilýär. Hususy önüm öndürijiler ýurdumyzyň söwda nokatlaryny we bazarlaryny maldarçylyk önümleri bilen bolelin üpjün etmäge saldamly goşant goşýarlar.

Häzirki wagtda ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek, Howanyň üýtgemegi boýunça Türkmenistanyň Milli strategiýasynda we Milli Tokaý maksatnamasynda göz öňünde tutulan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, eziz Diýarymyzy bagy-bossanlyga öwürmek, ösümlik we haýwanat dünýäsini baýlaşdyrmak, gözel tebigatymyzy aýawly saklamak boýunça hem giň möçberli işler alnyp barylýar diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.

Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň mejlislerinde we halkara forumlarda daşky gurşawy gorap saklamak, suwy we energiýa serişdelerini aýawly peýdalanmak, azyk howpsuzlygyny üpjün etmek, Aralýaka sebitiň ekologiýa meselelerine toplumlaýyn çemeleşmek arkaly çözmek, Hazar deňziniň ekologiýa abadançylygyny gorap saklamak boýunça sebit we dünýä ähmiýetli täze başlangyçlar we teklipler bilen yzygiderli çykyş edýär.

Emma, gazanylan bu üstünliklere garamazdan, ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynda heniz çözülmedik meseleler, ulanylmaýan mümkinçilikler hem az däl diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady. Şoňa görä-de, ýerden-suwdan peýdalanmakda, ýeriň hakyky eýesini tapmakda, hasyllylygy ýokarlandyrmakda we ekin dolanyşygyna geçmekde netijeli işleri alyp barmaly.

Geljek ýyldan başlap gowaça meýdanlarynyň artdyrylýandygyny göz öňünde tutup, ýerleri ekişe talabalaýyk taýýarlamak üçin täze, döwrebap usullary, tehnologiýalary we tehnikalary ulanmaly. Ýerleri endigan tekizlemek üçin lazerli tekizleýjileri giňden peýdalanmaly diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Umuman, oba hojalygynda alnyp barylýan özgertmeleriň depginini güýçlendirmeli. Sanly ulgama geçmek boýunça işleri hem talabalaýyk alyp barmaly diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady. Hasyllylygy ýokarlandyrmak babatda ylmyň gazananlaryny giňden ornaşdyrmaly. Ekinlere hyzmat etmegiň agrotehniki çäreleri öz wagtynda geçirilmeli.

Ýerleriň hasabyny takyk ýöretmek üçin Ýer kadastryny taýýarlamagy çaltlandyrmaly. Oba hojalyk tehnikalaryny aýawly saklamaly we netijeli ulanmaly. Pudagyň mineral dökünler bilen öz wagtynda üpjün edilmegini hem gazanmaly. Ekinleriň kesellerine we zyýankeşlerine garşy netijeli göreş alyp barmaly diýip, milli Liderimiz belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow iş maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, geçen ýylyň sentýabrynda geçirilen Halk Maslahatynyň birinji mejlisinde oba hojalygynda geçirilýän özgertmeleri çaltlandyrmak, pudaga hususy önüm öndürijileri giňden çekmek hem-de ýer we suw serişdelerini netijeli peýdalanmak boýunça möhüm çözgütleriň kabul edilendigini ýatlatdy.

Şol çözgütlere laýyklykda, ýurdumyzda ösdürilip ýetişdirilýän gök-bakja, ýeralma ekinleriniň, üzümiň we miweli baglaryň meýdanlaryny artdyrmak, bu ugurda ýöriteleşdirilen hojalyklary döretmek hem-de azyk bolçulygyny has-da pugtalandyrmak maksady bilen, hususy önüm öndürijiler üçin daýhan birleşikleriniň ekerançylyk ýerlerinden ýörite ýer gaznasy döredilip, olara ýer bölekleri bellenen tertipde paýlanyp berildi diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi.

Mundan başga-da, oba hojalyk önümlerini öndürijilere ekinleri ösdürip ýetişdirmekde hem-de oba we suw hojalyk tehnikalaryny, gurallary we enjamlary satyn almak üçin ýeňillikli bank karzlaryny bermek barada ýörite karar kabul edildi. Şoňa görä-de, daýhanlara bank karzlaryny uzaga çekdirmän, wagtynda bermeli diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy. Bu işe Merkezi bankyň we «Daýhanbankyň» ýolbaşçylary berk gözegçilik etmeli.

Telekeçiler bölünip berlen ýerlerde ýyladyşhanalaryň we beýleki önümçilik desgalarynyň gurluşygyny çaltlandyrmaly diýip, milli Liderimiz belledi.

Oba hojalygyny suw serişdeleri bilen ýeterlik möçberde üpjün etmek hem örän möhüm wezipe bolup durýar. Döwlet Baştutanymyz bular barada aýtmak bilen, ýurdumyzda goşmaça suw gorlaryny döretmek, ekerançylyk meýdanlarynyň suw üpjünçiligini gowulandyrmak, suwuň ýitgisini azaltmak maksady bilen, täze suw howdanlaryny gurmak, bar bolanlarynyň göwrümini giňeltmek, derýalarymyzyň, suwaryş we şor suw akabalarynyň geçirijiligini ýokarlandyrmak, suw hojalygynda ulanylýan döwrebap tehnikalary we läbik sorujylary satyn almak boýunça döwletimiz tarapyndan uly möçberde maýa goýumlaryň goýberilýändigini nygtady.

Şoňa görä-de, bu ugurda hem ýeterlik işleri geçirmeli. Garagum derýasyny gyrmançadan arassalamak, suw howdanlarynyň göwrümini giňeltmek işlerini, täze howdanlaryň gurluşygyny çaltlandyrmaly. Ekinleri suwarmakda suw tygşytlaýjy usullary, ýagny damjalaýyn we ýagyş ýagdyrmak usullaryny hem giňden ornaşdyrmaly. Zeýkeşleri wagtly-wagtynda arassalap durmaly diýip, milli Liderimiz nygtady.

Mallary hususy eýeçilige bermek işlerini hem çaltlandyrmaly. Maldarçylyk pudagynyň ot-iým üpjünçiliginde, öri meýdanlaryny ulanmakda netijeli işleri geçirmeli diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

Mallaryň önümliligini artdyrmak, tohumçylygyny gowulandyrmak, pudagy ylmy esasda ösdürmek boýunça işleri hem talabalaýyk alyp barmaly. Bu işde alymlaryň ornuny has ýokarlandyrmaly. Oba milli maksatnamasynyň ýerine ýetirilişini hem çaltlandyrmaly.

Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, oba hojalygyny ýokary depginler bilen ösdürmäge gönükdirilen döwlet Maksatnamalarynyň doly we öz wagtynda ýerine ýetirilmegi, pudakda bar bolan kemçilikleriň düzedilmegi üçin şu ýerde oturan ýolbaşçylar gönüden-göni jogapkärçilik çekýärler.

Şoňa görä-de, bu ugurda işleriň bellenen möhletlerde ýerine ýetirilmegi we ýüze çykýan meseleleriň öz wagtynda çözülmegi üçin, milli Liderimiz aşakdaky anyk wezipelere bu ýere ýygnananlaryň aýratyn ünsüni çekdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligine oba hojalygynda geçirilýän özgertmeleriň depginini güýçlendirmegi, oba hojalyk önümleriniň bol öndürilmegini üpjün edip, ýurdumyzyň azyk howpsuzlygyny has-da berkitmegi tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz Halk Maslahatynyň birinji mejlisiniň çözgüdine laýyklykda, hususy önüm öndürijilere ekerançylyk ýerlerini uzak möhletleýin peýdalanmaga bermek boýunça alnyp barylýan işleri güýçlendirmegi we berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Milli Liderimiz ministrligiň öňünde Suw hojalygy baradaky döwlet komiteti hem-de welaýatlaryň häkimlikleri bilen bilelikde oba hojalyk ekinlerini ýetişdirmegiň agrotehniki çärelerini wagtynda geçirmek, hasyly ýitgisiz ýygnap almak, önüm öndürijilere hyzmatlary ýerine ýetirmek, ýerleriň takyk hasabyny ýöretmek we suw serişdelerini netijeli ulanmak işlerini sanly elektron ulgam arkaly dolandyrmak üçin çäreleri görmek wezipesini goýdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzda ýerleriň görnüşleri boýunça toparlaryny, mukdaryny we hil häsiýetnamalaryny, ykdysady bahasyny, ýerleşýän çägini, şeýle hem ýer bölekleriniň eýeleri boýunça resmileşdirilen maglumatlaryň ýeke-täk döwlet geomaglumat ulgamyny özünde jemleýän Döwlet ýer kadastryny döretmek boýunça zerur işleri geçirmegi tabşyrdy.

Bugdaý ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg edilmegini, suw tutmak işleriniň ylmy esasda we öz wagtynda ýerine ýetirilmegini gazanmaly. Welaýatlaryň häkimlikleri bilen bilelikde şu ýyl ýetişdirilen pagta hasylyny soňky hanasyna çenli ýitgisiz ýygnap almak boýunça zerur çäreleri görmeli. Täze ýyl gowaça ekiljek ýerlerde sürüm we tekizleýiş işleriniň öz wagtynda ýokary hilli geçirilmegini gazanmaly diýip, döwlet Baştutanymyz görkezme berdi.

Oba hojalyk tehnikalaryny ekiş möwsümine çenli abatlap, talabalaýyk saklamak, şeýle hem ýokary hilli tohumlary taýýarlamak boýunça zerur işleri geçirmeli. Ekin dolanyşygyna uly üns berip, hasyllylygy ýokarlandyrmak üçin netijeli usullary ornaşdyrmaly.

Ylymlar akademiýasy we oba hojalyk ylmy-barlag institutlary bilen bilelikde ýurdumyzyň toprak-howa şertlerine uýgunlaşan, ýokary hasyl berýän we kesellere durnukly ekinleriň täze görnüşlerini döredip, önümçilige ornaşdyrmak boýunça netijeli işleri alyp barmaly.

Milli Liderimiz bu ugurda ekinleriň tohumçylyk-seçgi işlerini talabalaýyk ýola goýmak üçin netijeli ylmy barlaglary geçirmegi, ekinleriň zyýankeşlerine we mallaryň kesellerine garşy alnyp barylýan işleri güýçlendirmegi tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow pagtanyň we beýleki oba hojalyk önümleriniň gaýtadan işlenýän hem-de eksport edilýän möçberlerini artdyrmagy, oba hojalyk tehnikalaryny aýawly saklamagy we netijeli ulanmagy üpjün etmegi ministrligiň öňünde goýlan wezipeleriň hatarynda kesgitledi.

Mallaryň we guşlaryň baş sanyny köpeltmek, tohumçylygyny gowulandyrmak, olardan alynýan önümleriň möçberini artdyrmak hem-de ot-iým üpjünçiligini berkitmek, örüleri netijeli ulanmak boýunça alnyp barylýan işleri berk gözegçilikde saklamaly diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.

Daşky gurşawy goramaga hem aýratyn üns bermeli. Ýurdumyzyň ösümlik we haýwanat dünýäsini gorap saklamak hem-de baýlaşdyrmak üçin goraghanalaryň işini talabalaýyk guramaly. Milli Tokaý maksatnamamyza laýyklykda, ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek işini yzygiderli dowam etmeli diýip, milli Liderimiz görkezme berdi.

Oba hojalyk pudagyna telekeçileri giňden çekmeli we ýyladyşhanalaryň hem-de beýleki önümçilik desgalarynyň gurluşygyny giň gerim bilen alyp barmaly. Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi bilen bilelikde telekeçilere berlen ýer bölekleriniň ulanylmagyna berk gözegçilik etmeli diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz şeýle hem oba hojalygy üçin ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamaga aýratyn üns bermegi, degişli ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçylary we welaýatlaryň häkimlikleri bilen bilelikde okuwy tamamlan ýaş hünärmenleri öz ugurlary boýunça işe ýerleşdirmek hem-de olar üçin amatly ýaşaýyş-durmuş we iş şertlerini döretmek boýunça zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.

Suw hojalygy baradaky döwlet komiteti hakynda aýdylanda, milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, ýurdumyzyň toprak-howa şertlerini hem-de suw üpjünçiligini göz öňünde tutmak bilen, suw gorlarynyň tygşytly ulanylmagyny we goralmagyny üpjün etmeli.

Ekerançylyk ýerleriniň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak, şorlaşmagynyň öňüni almak üçin hojalygara we içerki suwaryş hem-de şor suw akabalarynda arassalaýyş işlerini yzygiderli geçirip durmaly. Garagum derýasyny gyrmançadan arassalamak we giňeltmek işlerini yzygiderli geçirmeli.

Suw howdanlarynyň ýagdaýyny seljerip, göwrümini giňeltmek, täze howdanlaryň gurluşygyny güýçlendirmek üçin meýilnamalaýyn işleri alyp barmaly. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bular barada aýtmak bilen, ilatly ýerleri arassa agyz suwy bilen üpjün etmek boýunça Baş maksatnamanyň ýerine ýetirilişini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Milli Liderimiz «Türkmen atlary» döwlet birleşigine aşakdaky wezipeleri tabşyrdy: welaýatlardaky atçylyk-sport toplumlarynda abatlaýyş işlerini geçirmeli, olaryň ýagdaýyny berk gözegçilikde saklamaly, arassa ganly tohum atlary köpeltmek, olaryň tohumçylygyny kämilleşdirmek üçin zerur işleri yzygiderli alyp barmaly, atlar üçin ýokumly ot-iým binýadyny döretmek boýunça zerur çäreleri görmeli.

Döwlet Baştutanymyz wise-premýere hem-de welaýatlaryň häkimliklerine Oba milli maksatnamasynda göz öňünde tutulan işleriň depginini güýçlendirip, obalaryň abadanlaşdyrylmagyna we durmuş taýdan üpjünçiligine aýratyn üns bermegi, meýdanlarda galan pagta hasylyny iň soňky hanasyna çenli ýygnap almak üçin zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.

Ýeriň hakyky eýesini tapmak we ýeri-suwy netijeli ulanmak üçin yzygiderli işleri alyp barmaly. Ýerleri we tehnikalary ýaz ekişine taýýarlamak işlerine berk gözegçilik etmeli.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi bilen Senagatçylar we telekeçiler birleşmesine bilelikde gök-bakja, ýeralma we miwe hem-de et-süýt önümleriniň öndürilýän möçberlerini artdyrmak, şu önümler bilen bazarlarymyzy bolelin üpjün etmek boýunça degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz Merkezi banka we «Daýhanbanka» tabşyrylan önüm üçin öndürijiler bilen hasaplaşyklary gijikdirmän, wagtynda geçirmek, oba ýerlerinde bankomatlaryň sanyny köpeldip, olarda hemişe nagt pul serişdeleriniň bolmagyny üpjün etmek we muňa berk gözegçilik etmek boýunça görkezmeleri berdi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň «Ýurdumyzda oba hojalyk önümlerini öndürijileri maliýe taýdan goldamak hakynda» geçen ýylyň oktýabrynda kabul eden kararyna laýyklykda, önüm öndürijilere ekinleri ýetişdirmek hem-de tehnika satyn almak üçin ýeňillikli bank karzlarynyň yzygiderli berilmegini üpjün etmeli we bu işleri berk gözegçilikde saklamaly.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýewe ýüzlenip, oba hojalyk önümlerini öndürip, ýurdumyzyň azyk howpsuzlygyny berkitmäge telekeçileri giňden çekmek boýunça çäreleri görmegi tabşyrdy. Şeýle hem wise-premýere telekeçilere peýdalanmaga berlen ýer bölekleriniň maksadalaýyk ulanylmagyna berk gözegçilik etmek tabşyryldy.

Mundan başga-da, döwlet Baştutanymyz ýyladyşhanalaryň gysga wagtyň içinde gurlup, ulanylmaga berilmegini hem-de olarda öndürilen ýokary hilli gök önümler bilen bazarlarymyzyň bolelin üpjün edilmegini gazanmagyň wajypdygyny aýtdy.

Öndürilýän oba hojalyk önümleriniň eksport edilýän möçberlerini artdyrmak boýunça hem zerur işleri geçirmeli diýip, hormatly Prezidentimiz nygtady.

Milli Liderimiz iş maslahatynyň netijelerini jemläp hem-de bu ýere ýygnananlara ýüzlenip, görnüşi ýaly, ata Watanymyzy dünýäniň ösen döwletleriniň birine öwürmek, oba hojalyk pudagyny mundan beýläk-de ösdürmek, oba hojalyk önümleriniň hemişe bolçulygyny üpjün edip, ýurdumyzyň azyk howpsuzlygyny has-da berkitmek boýunça öňümizde uly wezipeler durýar, bu wezipeleri abraý bilen ýerine ýetirmek biziň hemmämiziň mukaddes borjumyzdyr diýip nygtady.

Hormatly Prezidentimiz bular barada aýtmak bilen, ýurdumyzyň oba zähmetkeşleriniň, ähli oba hojalyk işgärleriniň pudagy depginli ösdürmekde öňde duran şu wezipeleri abraý bilen ýerine ýetirjekdigine, Garaşsyz döwletimiziň has ýokary netijeleri gazanmagy, mähriban halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunda amala aşyrylýan işlere mynasyp goşant goşjakdygyna ynam bildirdi.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow maslahaty tamamlap, oňa gatnaşanlaryň ählisine berk jan saglygyny, maşgala abadançylygyny, oba hojalygyny ösdürmek boýunça alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter