Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany H.Hudaýberdyýewe «Türkmenistanyň halk artisti» diýen hormatly ady dakmak hakynda | TDH
Syýasat habarlary

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany H.Hudaýberdyýewe «Türkmenistanyň halk artisti» diýen hormatly ady dakmak hakynda

опубликованно 22.11.2019 // 252 - просмотров
 

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe medeniýet we sungat işgärleri ýurdumyzda gazanylýan ägirt uly üstünlikleri ýokary derejede wasp etmäge, amala aşyrylýan özgertmeleriň many-mazmunyny giňden açyp görkezmäge, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň gülläp ösmegine yhlasly we tutanýerli zähmeti bilen uly goşant goşýarlar. Döredijilik işgärleriniň ak ýürekden çekýän zähmetinden dörän ajaýyp eserler beýik Garaşsyzlygymyzy, bagtyýar döwrümizi has-da dabaralandyrýar, eziz Watanymyzyň ýeten belent sepgitlerini, merdana halkymyzyň gazanýan ajaýyp üstünliklerini dünýä ýaýýar.

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanda aýdym-saz sungatyny ösdürmäge, döredijilik işgärlerini taýýarlamaga we terbiýelemäge goşan saldamly goşandy üçin hem-de uzak ýyllaryň dowamynda çeken halal we tutanýerli zähmetini, çeperçilik ussatlygyny we joşgunly zehinini nazara alyp, karar edýärin:

Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Metbugat merkeziniň medeniýet bölüminiň režissýory Hakberdy Hudaýberdyýewe «Türkmenistanyň halk artisti» diýen hormatly ady dakmaly.

Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW.

Aşgabat şäheri, 2019-njy ýylyň 22-nji noýabry.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter