Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi | TDH
Syýasat habarlary

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

опубликованно 22.11.2019 // 498 - просмотров
 

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň möhüm meselelerine, şeýle hem birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy.

Hormatly Prezidentimiz mejlisiň gün tertibine geçip, ilki bilen Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Myradowa söz berdi. Ol gözegçilik edýän düzümlerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, ykdysadyýetimiziň pudaklaryny häzirki zaman maglumat tehnologiýalary bilen üpjün etmek hem-de olaryň işini döwrüň talabyna laýyk derejede guramak boýunça durmuşa geçirilýän çäreler barada hasabat berdi.

2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň konsepsiýasyna laýyklykda, döwlet edaralaryny elektron resminama dolanyşygy ulgamyna geçirmegi işjeňleşdirmek boýunça toplumlaýyn çäreler amala aşyrylýar. Şonuň bilen baglylykda, guramalaryň maddy-enjamlaýyn binýady döwrebaplaşdyrylýar, ýörite programma üpjünçiligini taýýarlamak boýunça anyk işler ýerine ýetirilýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, sanly ykdysadyýetiň häzirki döwürde täzeçil usullaryň, döwlet ösüşiniň ýokary depginlerini üpjün etmegiň möhüm şerti bolup durýandygyny belledi. Milli Liderimiz munuň durmuş-ykdysady ähmiýetli meseleleriň çözgüdine täzeçe çemeleşmeleriň işlenip taýýarlanylmagyny talap edýändigini belläp, degişli Konsepsiýada kesgitlenen wezipeleriň öz wagtynda ýerine ýetirilmegine berk gözegçiligi alyp barmagyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň öňünde durýan möhüm wezipeleriň biridigini aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz halk hojalygy toplumynyň ähli pudaklarynyň uzak möhletleýin esasda durnukly ösüşini üpjün etmek üçin ykdysadyýetimizi sanlaşdyrmak işini yzygiderli dowam etmegiň zerurdygyny aýtdy. Şeýle hem milli Liderimiz maýa goýumlary giňden çekmek, has ähmiýetli ugurlaryň eksport kuwwatyny ýokarlandyrmak we import düzüminiň işini kämilleşdirmek maksady bilen, anyk çäreleriň görülmelidigini belledi hem-de bu babatda wise-premýere birnäçe görkezmeleri berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Meredow ýurdumyzyň nebitgaz toplumynyň işini kämilleşdirmek, nebitgaz senagatynyň önümçilik we serişde kuwwatyny pugtalandyrmaga we ony köpugurly esasda ösdürmäge gönükdirilen birnäçe iri maýa goýum taslamalaryny amala aşyrmak maksady bilen durmuşa geçirilýän çäreler barada hasabat berdi.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň Hazar deňziniň türkmen ýalpaklygyny özleşdirmek we bu ugurda hyzmatdaşlyk etmäge gyzyklanma bildirýän iri daşary ýurt kompaniýalary bilen gepleşikleri geçirmek boýunça beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada maglumat berildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Hazaryň geljegi uly nebitgaz känlerinde düýpli gözleg işlerini geçirmek we olary işläp taýýarlamaga tabşyrmak çäreleriniň wajypdygyny belledi. Kenarýaka zolaklary ýurdumyzyň energetika strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlary bolup durýar.

Bu sebitde bar bolan uglewodorod serişdeleriniň iri gorlaryny özleşdirmek, olaryň netijeli peýdalanylmagyny üpjün etmek milli ykdysadyýetimiziň sazlaşykly ösüşine kuwwatly itergi berer hem-de nebiti we gazy düýpli gaýtadan işlemäge ýöriteleşdirilen täze önümçilik kuwwatlyklarynyň döredilmegi, ýurdumyzyň energiýa serişdeleriniň dünýä bazarlaryna bolan eksport ugurlarynyň giňeldilmegini şertlendirer.

Döwlet Baştutanymyz bu işleriň maýa goýum we dünýäniň işewür toparlarynyň wekilleri bilen netijeli hyzmatdaşlyk üçin ägirt uly mümkinçilikleri açýandygyny belläp, bu babatda wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.

Nebitgaz işlerini alyp barmakda Hazar deňziniň baý tebigy serişdeleriniň netijeli peýdalanylmagyna hem-de ekologiýa derejesiniň saklanylmagyna gönükdirilen toplumlaýyn tebigaty goraýyş çärelerine möhüm üns berilmelidir diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýratyn nygtady.

Sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilýän hökümet mejlisiniň dowamynda wise-premýer ýurdumyzyň çäginde bar bolan ýerasty baýlyklary ýüze çykarmak, olary ylmy esasda öwrenmek we özleşdirmek boýunça alnyp barylýan işleriň oňyn netije berýändigini aýtdy. Şeýle hem ol ýurdumyzyň dürli künjeklerinde geçirilen geologiýa-gözleg işleriniň dowamynda Balkan welaýatynyň çäginde demriň ägirt uly gorlary bar bolan känleriň ýüze çykarylandygyny habar berdi.

Döwlet Baştutanymyz bu habary kanagatlanma bilen diňläp, şol bir wagtyň özünde sanly wideoaragatnaşyga wise-premýerler B.Öwezowy we Ç.Purçekowy çagyrdy. Hormatly Prezidentimiz türkmen topragynda bar bolan tebigy baýlyklaryň ýurdumyzyň abadançylygynyň we alnyp barylýan işleriň netijeli häsiýete eýe bolmagynyň bähbidine işjeň peýdalanylmalydygyny we degişli derejede özleşdirilmelidigini aýtdy.

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, häzirki döwürde ýurdumyzda gurluşyk işleriniň geriminiň giňelýändigini we depginleriniň ýokarlanýandygyny nazara alanyňda, gurluşyk serişdelerine, aýratyn-da, demir önümlerine bolan isleg artýar. Şunuň bilen baglylykda, ýüze çykarylan demir gorlarynyň netijeli özleşdirilmegi üçin ylmyň we tehnikanyň iň soňky gazananlarynyň esasynda işleýän täze önümçiligiň döredilmegi zerur bolup durýar.

Bu işleriň ýurdumyzyň senagatlaşdyrylmagynda aýratyn orun eýeleýändigini belläp, döwlet Baştutanymyz ýüze çykarylan demriň gorlaryny senagat taýdan işleýän täze metallurgiýa kärhanasyny gurmak, onuň degişli derejedäki işini ýola goýmak hem-de zawodyň ýerleşjek ýerlerini kesgitlemek boýunça bilelikde iş alyp barmak babatda degişli ýolbaşçylara birnäçe tabşyryklary berdi.

Şeýle hem hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýakyn wagtda dünýä derejesinde bar bolan oňyn tejribeleri, gazylyp alynýan peýdaly baýlyklary işläp taýýarlamak we onuň senagat taýdan önümçiligini ýola goýmak boýunça ylmyň halkara derejedäki gazananlaryny işjeň öwrenmek we bu ugurda degişli teklipleri taýýarlamak babatda wise-premýerlere anyk görkezmeleri berdi.

Munuň özi ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan gurluşyk işleriniň ýerli çig mallardan taýýarlanan gurluşyk serişdeleri bilen doly üpjün edilmeginde aýratyn ähmiýetlidir. Şunuň bilen baglylykda, bu işlere hemmetaraplaýyn we ylmy esasda çemeleşmegiň zerurdygyna ünsi çekip, milli Liderimiz degişli geologiýa-gözleg işlerini yzygiderli dowam etmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Purçekow jemagat hyzmatlaryny etmek üçin ýörite awtoulag serişdelerini hem-de tehnikalary satyn almak boýunça Aşgabat şäheriniň häkimligi tarapyndan görülýän çäreler hem-de daşary ýurtlara iberilýän elektrik energiýasynyň möçberlerini artdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, milli Liderimiziň tabşyryklaryna laýyklykda, paýtagtymyzy abadanlaşdyrmak, onuň inžener-tehniki ulgamlaryny döwrebaplaşdyrmak boýunça işler dowam etdirilýär, ýol-ulag ulgamy kämilleşdirilýär. Şäheri bagy-bossanlyga öwürmek boýunça işler amala aşyrylýar.

Wise-premýer döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň milli ykdysadyýetimiziň esasy pudaklarynyň biriniň öňünde goýan wezipeleriniň oňyn çözülendigi barada hasabat berip, häzirki wagtda Serhetabat — Hyrat, Kerki — Andhoý hem-de Rabatkaşan — Kalaýnau ugurlary boýunça 793 million 980 müň kilowat sagat möçberinde elektrik energiýasynyň iberilýändigini belledi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, wise-premýere gözegçilik edýän düzümleriniň işine berk gözegçiligi
amala aşyrmagy tabşyrdy. Milli Liderimiz döwletimiziň paýtagtymyzyň we ýurdumyzyň beýleki ilatly ýerleriniň düzümleriniň döwrebaplaşdyrylmagyna hem-de ösdürilmegine iri möçberli maliýe serişdelerini gönükdirýändigini belledi.

Milli Liderimiz Energetika ministrliginiň garamagyndaky edaralaryň öňünde durýan wezipeleriň ählisiniň talabalaýyk ýerine ýetirilmeginiň wajypdygyna ünsi çekdi. Bu ugurda amala aşyrylýan giň möçberli işleriň ýurdumyza özüni
elektrik energiýasy bilen doly üpjün etmäge hem-de ony Owganystan Yslam Respublikasyna ibermäge mümkinçilik berýändigi bellenildi. Mälim bolşy ýaly, Owganystana iberilýän elektrik energiýasynyň möçberini artdyrmak üçin elektrik geçirijiler hem-de beketler guruldy.

Milli Liderimiz döwletimiziň mundan beýläk-de pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak hem-de onuň kuwwatyny artdyrmak meselelerine uly üns berjekdigini aýdyp, ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşinde bu giň gerimli meýilnamalaryň ähmiýetini belledi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow elektrik energiýasynyň daşary ýurtlara iberilýän möçberlerini artdyrmak boýunça meýilleşdirilen işleriň ýerine ýetirilmegi üçin toplumlaýyn çäreleri görmegiň wajypdygyny nygtap, bu babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Öwezow şu ýylyň 27-28-nji noýabrynda Aşgabatda geçiriljek telearagatnaşyk, telemetriýa, habar beriş tilsimatlarynyň we teleradioýaýradyş enjamlarynyň «Türkmentel — 2019» atly ХII halkara sergisine hem-de onuň çäklerinde ylmy maslahata görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi. Halkara sergä ýerli we daşary ýurtlaryň 90-dan gowrak kompaniýalarynyň gatnaşmagyna garaşylýar.

Telekommunikasiýa, telemetriýa, ölçeg enjamlary, wideokonferens aragatnaşyk ulgamlary, audio we wideoýazgy enjamlary, kabel önümleri, aragatnaşyk ulgamyndaky hyzmat operatorlary, ýörite tehnikalar, logistika we beýleki bölümlerde iň täze işläp taýýarlamalar görkeziler.

Ylmy maslahatda tejribeli hünärmenler, pudaklaýyn aragatnaşyk, kommunikasiýa ulgamlarynyň, ulag pudagynyň ýolbaşçylary öz teklipleri bilen çykyş ederler. Foruma gatnaşyjylar diňe bir aragatnaşyk toplumynyň wajyp ugurlarynyň häzirki ýagdaýy we geljekki ösüş ugurlary barada maglumat almak bilen çäklenmän, eýsem, özara gatnaşyklaryň möhüm ugurlary boýunça pikir alyşmaga, tejribe alyşmaga, hyzmatdaşlygyň hem-de maýa goýumlaryň görnüşlerini kesgitlemäge mümkinçilik alarlar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, telekommunikasiýa pudagyna öňdebaryjy tehnologiýalary çekmekde, ylmy-tehniki ösüşi gazanmakda halkara hyzmatdaşlygyň ägirt uly ähmiýetiniň bardygyny belledi. Döwlet Baştutanymyzyň aýdyşy ýaly, degişli ýokary halkara ölçeglere gabat gelýän telekommunikasiýa ulgamynyň döredilmegi ýurdumyzyň halk hojalyk toplumynyň mundan beýläk-de ösdürilmegine, Watanymyzyň dünýä giňişligindäki abraýynyň belende galmagyna hem ýardam eder.

Milli Liderimiz halkara serginiň ýurdumyzyň maglumat tehnologiýalary we telekommunikasiýa senagatynda ýeten derejelerini, pudagyň ösüş meýillerini we geljekki ugurlaryny açyp görkezmekde, Türkmenistanyň öňdebaryjy tehnologiýalara eýe bolan daşary ýurt kompaniýalary bilen özara peýdaly hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmekde möhüm ähmiýetiniň bardygyny aýtdy. Döwlet Baştutanymyz forumyň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmelidigini belläp, bu babatda wise-premýere birnäçe anyk görkezmeleri berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Gylyjow gözegçilik edýän pudaklarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, şeýle hem söwda ulgamynda edilýän hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmak boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyryklaryndan we Türkmenistanyň «Söwda işi hakynda», «Sarp edijileriň hukuklaryny goramak hakynda» Kanunlarynyň düzgünnamalaryndan ugur alnyp, «Türkmenistanda söwda işini guramagyň we söwda hyzmatlaryny amala aşyrmagyň Tertibiniň» taslamasy işlenip taýýarlanyldy. Bu resminama ilata edilýän hyzmatlaryň düzgünlerini kämilleşdirmäge we bu pudaga degişli edaralaryň işini döwrüň talabyna laýyk derejede alyp barmaga gönükdirilendir.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, söwda pudagynyň bazar ykdysadyýetine geçilýän şertlerde milli ykdysadyýetimiziň eýeleýän ornuny we ýeten derejesini äşgär edýän öňdebaryjy pudaklaryň biri bolup durýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, haryt dolanyşygynyň möçberlerini artdyrmak, olaryň bolçulygyny ýola goýmak, içerki bazarlarda zerur bolan önümleriň üpjünçiligini amala aşyrmak möhüm wezipe bolup durýar.

Bu işleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi söwda edaralarynyň işiniň guralyşyna bagly bolup durýar. Şunlukda, sarp ediş bazarlarynyň we hyzmatlaryň üpjünçiligi, sarp edijileriň, telekeçileriň we döwletiň bähbitleriniň we hukuklarynyň goralmagy kadalaşdyryş kanunçylygyny, olaryň görnüşleriniň we usullarynyň utgaşdyrylmagy hem-de bu işlere degişli gözegçiligiň ýola goýulmagy esasynda alnyp barylmalydyr diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Önümleriň hilini we görnüşlerini artdyrmak, olaryň harytlyk görnüşini ýokarlandyrmak, pudagyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek, marketing meselelerini ösdürmek işleriniň wajypdygyna ünsi çekip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.

Wise-premýer mejlisiň dowamynda 27-nji noýabrda Bahreýn Patyşalygynyň Manama şäherinde geçiriljek türkmen-bahreýn işewürler maslahatyna görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi. Duşuşyga nebiti gaýtadan işleýän, himiýa, dokma we azyk senagatlarynda, senagat harytlarynyň önümçiliginde, gämi gurluşygynda, şeýle hem kommunikasiýa, syýahatçylyk, söwda, maýa goýum, bank ulgamy ýaly ugurlarda ýöriteleşdirilen döwlet düzümleriniň, kompaniýalaryň wekilleri gatnaşarlar.

Forumyň dowamynda bahreýn tarapyny Türkmenistanyň ykdysady ösüşiniň esasy ugurlary, öňdebaryjy pudaklarda amala aşyrylýan giň möçberli taslamalar bilen tanyşdyrmak meýilleşdirilýär. Şeýle hem onuň gün tertibine döwletara gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň meseleleri giriziler. Çäräniň deslapky maksatnamasyna laýyklykda, ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirmek we birnäçe kärhanalara, senagat toplumyna baryp görmek göz öňünde tutulýar.

Ýakyn Gündogaryň ýurtlary, şol sanda Bahreýn Patyşalygy bilen gatnaşyklary ösdürmek Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi. Biziň ýurtlarymyz sazlaşykly ösýän we tebigy serişdelere baý hem-de amatly geografik ýagdaýyna eýe bolan döwlet hökmünde milli ykdysadyýetiň esasy pudaklarynda özara peýdaly gatnaşyklary giňeltmek üçin ägirt uly mümkinçiliklere eýedir diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi.

Bar bolan mümkinçilikleri doly amala aşyrmagyň zerurdygyny belläp, döwlet Baştutanymyz işewür duşuşyklaryň yzygiderli esasda geçirilmelidigini aýtdy. Öňde boljak türkmen-bahreýn işewürler maslahaty döwletara gatnaşyklaryň okgunly ösdürilmegine, maýa goýum işjeňliginiň höweslendirilmegine, iki ýurduň telekeçi düzümleriniň arasynda netijeli gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna gönükdirilmelidir diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi we çäräniň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek boýunça wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.

Soňra döwlet Baştutanymyz «EKSPO 2020» sergisine görülýän taýýarlyk işleri bilen gyzyklanyp, bütindünýä sergisinde milli ykdysadyýetimiziň gazanan netijeleriniň görkeziljekdigini belledi. Şeýle gözden geçirilişe gatnaşmak ähli gyzyklanma bildirýän taraplar bilen daşary ykdysady gatnaşyklary ösdürmäge ýardam berjekdigini belläp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow oňa taýýarlyk işlerini degişli derejede alyp barmak üçin zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary P.Agamyradow Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasyna laýyklykda, bilim özgertmelerini amala aşyrmagyň çäklerinde netijeli halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boýunça ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli daşary we içeri syýasaty netijesinde dünýäniň dürli ýurtlary bilen, şeýle hem abraýly halkara guramalar, şol sanda BMG-niň Çagalar gaznasy, BMG-niň Ilat gaznasy, Ýewropa Bileleşigi bilen bilelikde bilim we ylym ulgamlarynda netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak babatda baý tejribe toplanyldy.

Bu ugurda ikitaraplaýyn gatnaşyklar işjeň ösdürilýär. Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň hem-de daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň we ylym-bilim merkezleriniň arasyndaky gatnaşyklaryň kadalaşdyryjy-hukuk binýady berkidilýär. Soňky ýyllarda bu binýadyň üsti milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň daşary ýurtlara amala aşyran saparlarynyň hem-de daşary ýurt döwletleriniň ýolbaşçylarynyň ýurdumyza bolan saparlarynyň barşynda gol çekilen resminamalar bilen ýetirildi.

Koreýa Respublikasynyň hem-de Singapuryň iri ýokary okuw mekdepleriniň wekiliýetleriniň Türkmenistana bolan iş saparynyň çäklerinde bilim ulgamynda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek baradaky meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Hususan-da, singapurly hyzmatdaşlar bilen bilelikdäki ýokary okuw mekdebini döretmek meselesine garaldy.

Hasabatyň dowamynda wise-premýer 2020-nji ýylda Aşgabatda geçiriljek Futzal boýunça Aziýanyň çempionaty bilen baglylykda, bije atyşmak çäresine görülýän taýýarlyk hem-de onuň işlenip taýýarlanylan resmi nyşanlary barada habar berdi. Şol nyşanlaryň nusgalary döwlet Baştutanymyzyň garamagyna hödürlenildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, bilim we ylym ulgamynyň kämilleşdirilmeginiň hem-de ösdürilmeginiň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini nygtap, bu ugurda durmuşa geçirilýän toplumlaýyn çäreleriň, dünýäniň iň gowy tejribesini ösdürmegiň hem-de daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmegiň wajypdygyny belledi.

Ýurdumyzyň senagatlaşdyrmak we sanlaşdyrmak ugry bilen öňe barýandygyny nazara almak bilen, täze taryhy eýýamda bilim, ýokary bilimli hem-de öňdebaryjy tehnologiýalardan baş çykarýan hünärmenleri taýýarlamagyň meseleleri aýratyn ähmiýete eýedir. Milli Liderimiz häzirki wagtda Türkmenistanyň orta we ýokary okuw mekdeplerinde ýokary hilli bilim almak, döwrebap bilimleri özleşdirmek, ýaşlaryň aň-paýhas kuwwatyny artdyrmak üçin ähli şertleriň döredilendigini belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow halkara hyzmatdaşlyk baradaky gürrüňi dowam etmek bilen, bilim we ylym ulgamynda netijeli gatnaşyklary çuňlaşdyrmak üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny belledi. Bu babatda dünýäniň dürli ýurtlary bilen gatnaşyklary ösdürmegiň köpýyllyk tejribesi toplanyldy. Mälim bolşy ýaly, bu ulgamda hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri ýokary derejede geçirilýän ikitaraplaýyn gepleşikleriň gün tertibine girizilýär.

Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz wise-premýere daşary ýurtlaryň esasy ýokary okuw mekdepleri bilen gatnaşyklary mundan beýläk-de giňeltmek, ikitaraplaýyn resminamalarda öz beýanyny tapan ylalaşyklary iş ýüzünde durmuşa geçirmek boýunça anyk tabşyryklary berdi.

Döwlet Baştutanymyz indiki ýyl Aşgabatda geçiriljek Futzal boýunça Aziýanyň çempionatyna taýýarlyk görmek baradaky meselä geçmek bilen, Bitarap Türkmenistanyň sport döwleti hökmünde eýeleýän ornuny berkidýändigini, abraýly halkara ýaryşlaryň öňüsyrasynda uly üstünlikleri gazanýandygyny nygtady.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow öňümizdäki Futzal boýunça Aziýanyň çempionatynyň ýokary derejede guralmagyny üpjün etmegi tabşyryp, çempionatyň resmi nyşanlarynyň nusgalaryny makullady. Bu çempionat Aziýa sebitiniň sport durmuşynda ýatdan çykmajak waka öwrüler.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Abdyýewa 2019-njy ýylyň dowamynda ýurdumyzyň taryhy-medeni ýadygärliklerinde möwsümleýin alnyp barlan arheologik gazuw-agtaryş işleriniň netijeleri we ýüze çykarylan tapyndylary döwletimiziň muzeýlerine tabşyrmak çäresi barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, bu işler 2018 — 2021-nji ýyllarda Türkmenistanyň çäginde, Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen taryhy-medeni ýadygärliklerde gazuw-agtaryş işlerini geçirmegiň we medeni mirasy ylmy esasda öwrenmegiň hem-de wagyz etmegiň döwlet maksatnamasyna laýyklykda amala aşyryldy.

Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky milli müdirliginiň hem-de Ylymlar akademiýasynyň Taryh we arheologiýa institutynyň hünärmenleri ýylyň dowamynda birnäçe açyşlary etdiler. Häzirki wagtda aýry-aýry taryhy-binagärlik ýadygärliklerini ylmy esasda öwrenmek we dikeltmek, olary syýahatçylyk ugurlaryna goşmak boýunça işler dowam etdirilýär.

Wise-premýer taryhy-medeni gymmatlyklar babatda uly ylmy ähmiýete eýe bolan gazuw-agtaryş işleri wagtynda ýüze çykarylan gymmatlyklary ýörite şekillerde görkezmek bilen, olaryň degişli barlag işlerinden geçirilenden we rejelenenden soň, Ahal welaýatynyň «Ak bugdaý» milli muzeýine, Lebap we Mary welaýatlarynyň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýlerine beriljekdigini belledi. Şu mynasybetli dabaralar Halkara Bitaraplyk gününiň öňüsyrasynda geçirmek meýilleşdirilýär.

Ýurdumyzyň arheologlarynyň we gymmatlyklary dikeldijileriň ylmy işleriniň netijeleri «Beýik Ýüpek ýolunyň ugrundaky taryhy-medeni ýadygärlikleri öwrenmegiň ähmiýeti: rejeleýiş-berkidiş işleri, ylmy barlaglar» atly maslahatyň barşynda ara alnyp maslahatlaşylar. Şeýle hem şu arheologik gymmatlyklara bagyşlanan kitaby çap etmek meýilleşdirilýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, türkmen halkynyň maddy we ruhy medeniýetiniň ýadygärliklerini dünýäde giňden wagyz etmek boýunça amala aşyrylýan işleriň ähmiýetini belledi. Munuň özi dünýä medeniýetiniň aýrylmaz bölegi bolup durýar.

Döwlet Baştutanymyz türkmen arheologlaryna geçiren işleri üçin minnetdarlyk bildirip, ýüze çykarylan ähli gymmatlyklary ýurdumyzyň muzeýlerine bermegiň wajypdygyny, olaryň aýawly saklanylmagyny hem-de öwrenilmegini üpjün etmegiň möhümdigini nygtady.

Milli Liderimiz bu ugurda işleriň maksadalaýyk we yzygiderli häsiýete eýe bolmalydygyny, ýurdumyzyň arheologlarynyň alyp barýan işlerini höweslendirmegi, arheologiýa, etnografiýa we taryh meseleleri boýunça daşary ýurtlaryň ylmy-barlag merkezleri bilen hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň möhümdigini nygtady we wise-premýere bu babatda degişli tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Içeri işler ministrliginiň Metbugat merkeziniň medeniýet bölüminiň režissýory Hakberdy Hudaýberdyýewe «Türkmenistanyň halk artisti» diýen hormatly ady dakmak hakyndaky Permana gol çekip, ony elektron resminama dolanyşygy arkaly wise-premýere iberdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew oba hojalygynda amala aşyrylýan özgertmeleriň barşy hem-de sebitlerde geçirilýän möwsümleýin işler barada hasabat berdi.

Häzirki wagtda welaýatlaryň ekin meýdanlarynda pagta hasylyny ýygnamak işleri dowam etdirilýär. Ýetişdirilen hasyly ýitgisiz ýygnamak, şeýle hem ony kabul ediş nokatlaryna we gaýtadan işlemek üçin pagta arassalaýjy kärhanalara bökdençsiz ýetirmek ugrunda ähli zerur çäreler geçirilýär.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyryklaryna laýyklykda, oba hojalygynda özgertmeleri durmuşa geçirmek, bu ulgama hojalygy ýöretmegiň döwrebap usullaryny ornaşdyrmak, ýer we suw serişdelerini netijeli ulanmagyň hasabyna, geljek ýylda bol hasyl ýetişdirmek boýunça işler dowam etdirilýär.

Şunuň bilen birlikde, ýazky ekişe taýýarlyk görmegiň çäklerinde gowaçadan boşan ýerleri sürmek, etraplarda tehniki taýdan hyzmat ediş işleri amala aşyrylýar.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, obasenagat toplumynda amala aşyrylýan özgertmelere toplumlaýyn çemeleşmegiň, ýurdumyzda öndürilýän oba hojalyk önümleriniň möçberiniň yzygiderli artdyrylmagynyň wajypdygyny nygtap, wise-premýere bu babatda degişli tabşyryklary berdi.

Bugdaýa ideg etmekde agrotehniki talaplaryň ählisiniň ýerine ýetirilişine berk gözegçiligi amala aşyrmak, şu ýyl ýetişdirilen pagta hasylynyň iň soňky hanasyna çenli ýitgisiz ýygnap almak möhümdir.

Soňra söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-özbek toparynyň türkmen tarapynyň düzümini tassyklap, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow degişli Karara gol çekdi. Döwlet Baştutanymyz resminamany elektron resminama dolanyşygy arkaly wise-premýere ugradyp, ony ýerine ýetirmek boýunça degişli tabşyryklary berdi.

Mejlisiň Başlygy G.Mämmedowa milli parlamentiň häzirki döwürde alyp barýan işleri, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň häzirki ösüş döwründe döwlet gurluşynyň ileri tutulýan ugurlaryny nazara almak bilen, Mejlisiň deputatlarynyň öňünde goýýan wezipelerini ýerine ýetirmegiň çäklerinde durmuşa geçirilýän çäreler barada habar berdi.

Bellenilişi ýaly, häzirki döwürde ministrliklerden we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryndan gelip gowşan teklipleriň esasynda, birnäçe täze kanunçylyk taslamalaryny taýýarlamak işleri alnyp barylýar we üýtgetmeler, goşmaçalar girizilmegi teklip edilýän hukuk namalary seljerilýär.

Mejlisiň we döwlet häkimiýet edaralarynyň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň parlamenti ýurdumyzyň Konstitusiýasyna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek boýunça degişli işleri amala aşyrýar.

Şunuň bilen birlikde, Mejlisiň deputatlary kanun çykaryjylygyň halkara tejribelerini öwrenýärler we BMG-niň, ÝHHG-niň Türkmenistandaky wekilhanalary bilen degişli pudaklaryň bilelikde guramagynda geçirilýän çärelere işjeň gatnaşýarlar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow habary diňläp, durmuş-ykdysady özgertmeleriň işjeň durmuşa geçirilmeginde wajyp bolan milli kanunçylygy kämilleşdirmek, şeýle hem halkara gatnaşyklaryň kanunçylyk binýadyny pugtalandyrmak boýunça Mejlisiň durmuşa geçirýän çäreleriniň ähmiýetini belledi.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilýän mejlise gatnaşyjylaryň ünsüni Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli geçiriljek çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmäge çekdi. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, baýramçylyk dabaralarynda ýurdumyzyň ýeten derejesi, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryna esaslanýan işjeň halkara hyzmatdaşlyk, parahatçylyk söýüjilik, oňyn Bitaraplyk syýasatlary öz beýanyny tapmalydyr.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň ähli ulgamlaryna dünýäniň ösen tejribesini ornaşdyrmak we sanly ulgama geçmek işlerini çaltlandyrmak meselelerine möhüm ünsüň berilmelidigini belledi. Milli Liderimiz alnyp barylýan işleriň döwrüň talabyna laýyk gelmelidigini belläp, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyň ösdürilmelidigine, dünýäniň ösen ýurtlarynyň işewür toparlary bilen ýola goýulýan gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmelidigine ünsi çekdi.

Mundan başga-da, milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda alnyp barylýan işler boýunça kadalaşdyryş-hukuk namalarynyň kämilleşdirilmegi möhümdir diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.

Şeýle hem milli Liderimiz ýurdumyzyň welaýatlaryna we Aşgabat şäherine gözegçilik edýän wise-premýerleriň ünsüni çagalar baglarynyň, mekdepleriň we ýaşaýyş jaýlarynyň ýyladyş ulgamlaryny yzygiderli gözegçilikde saklamaga çekdi.

Mejlisde şeýle hem döwlet durmuşynyň beýleki möhüm meselelerine garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisini tamamlap, oňa gatnaşanlaryň ählisine berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter