Birža täzelikleri | TDH
Ykdysadyýet

Birža täzelikleri

опубликованно 23.11.2019 // 249 - просмотров
 

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 82-si hasaba alyndy.

Daşary ýurt walýutasyna Russiýa Federasiýasyndan, Beýik Britaniýadan, Şweýsariýadan, BAE-den, Türkiýeden, Gazagystandan, Owganystandan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen awtobenzini we binýatlyk ýagy, şeýle hem Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda öndürilen awtobenzini we göni işlenen benzini satyn aldylar.

Russiýadan, Birleşen Arap Emirliklerinden we Estoniýadan gelen işewürler Gyýanlynyň polimer zawodynda öndürilen ýokary dykyzlykdaky polietileni satyn aldylar.

Bulardan başga-da, Russiýa Federasiýasynyň, Beýik Britaniýanyň, Hytaýyň, BAE-niň, Irlandiýanyň, Gruziýanyň, Azerbaýjanyň, Gyrgyzystanyň işewür toparlarynyň wekilleri daşary ýurt puluna nah ýüplügi satyn aldylar.

Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 104 million 220 müň dollaryndan gowrak boldy.

Manat serişdelerine Russiýadan, Türkiýeden, Birleşen Arap Emirliklerinden we Pakistandan gelen telekeçiler jemi bahasy 14 million 790 müň manatlykdan gowrak nah ýüplügi satyn aldylar.

Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin bahasy 1 million 757 müň manatlykdan gowrak Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen polipropilen örtügini we “Türkmengaz” döwlet konserninde öndürilen ýokary dykyzlykdaky polietileni satyn aldylar.

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter