Türkmenistanyň Prezidenti Konstitusion toparyň nobatdaky mejlisini geçirdi | TDH
Syýasat habarlary

Türkmenistanyň Prezidenti Konstitusion toparyň nobatdaky mejlisini geçirdi

опубликованно 04.12.2019 // 876 - просмотров
 

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ruhyýet köşgünde Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek boýunça 2019-njy ýylyň 25-nji sentýabrynda bolan Halk Maslahatynda degişli çözgüt esasynda döredilen Konstitusion toparyň nobatdaky mejlisini geçirdi.

Döwlet Baştutanymyz mejlisi açyp, şu günki çäräniň esasy maksadynyň ýurdumyzyň kanun çykaryjy edarasynyň işiniň ýagdaýyna we onuň mümkinçiliklerine baha bermekden, ýerlerden Topara gelip gowuşýan maglumatlary deslapdan umumylaşdyrmakdan, onuň geçen döwürde ýerine ýetiren işlerini ara alyp maslahatlaşmakdan ybaratdygyny belledi. Şeýle hem milli Liderimiz iki palataly parlamentiň maksatlaryny, wezipelerini we onuň öňünde durýan işleri kesgitlemek bilen baglanyşykly möhüm meseleleriň has netijeli çözgüdini taýýarlamagyň zerurdygyny belledi.

Döwlet häkimiýet edaralary we jemgyýetçilik birleşikleri bilen sazlaşykly işlemek ýurdumyzyň Baş Kanunyny kämilleşdirmek boýunça Konstitusion toparyň netijeli işlemeginiň möhüm şertidir diýip hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi. Şu wezipelerden ugur alnyp, Mejlise Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek boýunça teklipleri işläp taýýarlamak hem-de umumylaşdyrmak boýunça Konstitusion toparyň ýanynda degişli Iş toparyny döretmek tabşyryldy.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz kabul edilen çözgütleri ýerine ýetirmek, Baş Kanunymyzy jemgyýetimiziň ösüşiniň täze ýagdaýlaryna we mümkinçiliklerine laýyk getirmek boýunça geçirilen işleri seljermek barada Konstitusion toparyň agzalarynyň çykyşlarynyň diňleniljekdigini habar berdi. Şeýle hem raýatlardan, döwlet we jemgyýetçilik edaralaryndan gelip gowuşýan teklipleriň hasabynyň ýöredilişine baha berler.

Soňra milli Liderimiz Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň orunbasary, Konstitusion toparyň ýanyndaky iş toparynyň başlygy K.Babaýewa söz berdi. Ol öz çykyşynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňe sürýän täze taryhy başlangyçlarynyň we ýurdumyzda amala aşyrylýan Konstitusion özgertmeleriň örän wajypdygyny, türkmen jemgyýetinde döwletliligiň, adalatlylygyň, milli demokratiýanyň dabaralanmasynyň aýdyň subutnamasydygyny aýratyn belledi.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň Türkmenistanyň Konstitusiýasyny kämilleşdirmek boýunça Konstitusion toparyň birinji mejlisinde eden taryhy çykyşynda ýurdumyzyň döwlet häkimiýetiniň kanun çykaryjy edarasynyň hil taýdan täze, iki palataly ulgama geçmeginiň milli Parlamentiň türkmen jemgyýetiniň ähli gatlaklarynyň bähbitlerine wekilçilik edýän edara öwrülmegine şert döretjekdigi hem-de wagty ýeten wezipeleri çözmäge mümkinçilik berjekdigi barada aýdanlarynyň esas goýujy ähmiýete eýedigi aýratyn nygtaldy.

Bellenilişi ýaly, häzir milli Liderimiziň tabşyrygyna laýyklykda, Türkmenistanyň Mejlisiniň karary bilen Türkmenistanyň Konstitusion toparynyň ýanynda Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek boýunça gelip gowuşýan teklipleri öwrenmek hem-de umumylaşdyrmak barada iş topary döredildi. Toparyň işine Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, hukuk goraýjy edaralaryň tejribeli hünärmenleri, bilermenleri, jemgyýetçilik birleşikleriniň, Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň wekilleri, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary, alymlar gatnaşýar.

Hormatly Prezidentimiziň milli parlamentimiziň iki palatadan ybarat bolmalydygy, onuň işini täze görnüşde guramagyň dürli ugurlary bilen baglanyşykly başlangyjy bilen bagly iş toparyna gelip gowuşýan degişli teklipler düýpli seljerilýär, bu ulgamdaky dünýä tejribesi, şol sanda sanly tehnologiýany ulanmak boýunça tejribeler öwrenilýär.Şunda hormatly Prezidentimiziň Esasy Kanunymyzy mundan beýläk-de kämilleşdirmek, şeýle hem milli parlamentiň palatalarynyň ygtyýarlyklaryny anyk kesgitlemek barada beren tabşyryklary işde gollanma hökmünde ulanylýar.

Çykyş eden bu ugurda alnyp barylýan işleriň milli Liderimiziň «Döwlet adam üçindir!» diýen parasatly syýasatynyň dabaralanmagynyň aýdyň nyşanydygyny belläp,ýurdumyzda amala aşyrylýan konstitusion özgertmeleriň mundan beýläk-de döwlet gurmagyň milli tejribesinden, halkara ölçeglerinden ugur almak bilen durmuşa geçiriljekdigini ynandyrdy.
Soňra Mary welaýatynyň häkimi D.Annaberdiýew çykyş etdi. Ol hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň paýhasly ýolbaşçylygynda Türkmenistanda ýurdumyzyň sebitlerini durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmak boýunça ägirt uly özgertmeleriň amala aşyrylýandygyny we ähli ulgamlarda olaryň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini nygtady.

Jemgyýeti mundan beýläk-de demokratiýalaşdyrmak, durmuşa geçirilýän toplumlaýyn özgertmeleriň ygtybarly hukuk binýadyny üpjün etmek, milli kanunçylygy halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryna kybap getirmek boýunça maksatnamalaýyn işler alnyp barylýar.

Nygtalyşy ýaly, milli Liderimiziň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde Türkmenistanyň Konstitusiýasyny kämilleşdirmek boýunça öňe süren başlangyjy ählihalk goldawyna eýe boldy. Ylmyň, döwlet häkimiýet edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň, ýaşlaryň hem-de umuman, giň jemgyýetçiligiň konstitusion özgertmeleriň yzygiderli we netijeli durmuşa geçirilmegine gatnaşmagy Türkmen döwletiniň hukuk hem-de demokratik esaslarynyň pugtalandyrylmagyna ýardam edýär. Şunuň bilen birlikde, ata Watanymyzyň ykdysady kuwwaty we halkymyzyň abadançylyk derejesi ýokarlanýar.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Halk Maslahatynyň mejlisinde hem-de Konstitusion toparyň birinji mejlisinde öňde goýan wezipelerini üstünlikli amala aşyrmak maksady bilen, konstitusion özgertmeleriň mazmunyny we ähmiýetini ilatyň arasynda giňden düşündirmek, gelip gowuşýan teklipleri umumylaşdyrmak boýunça degişli işler alnyp barylýar.

Şu maksat bilen welaýatda ýörite topar döredildi. Onuň düzümine sebitiň dolandyryş ulgamynyň jogapkär işgärleri, Mejlisiň deputatlary, welaýat, şäher, etrap halk maslahatynyň agzalary, syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň, halk hojalygynyň dürli pudaklarynyň, bilim ulgamynyň wekilleri we hormatly ýaşulular girdiler. Şu günler bu toparyň agzalarynyň gatnaşmagynda düşündiriş-wagyz duşuşyklary yzygiderli geçirilýär. Şolaryň çäklerinde “sowal-jogap” görnüşinde pikir alyşmalar guralýar we öňe sürlen teklipler ara alnyp maslahatlaşylýar.

Mary welaýatynyň häkimi ýurdumyzyň Baş Kanunyny kämilleşdirmek boýunça döwlet Baştutanymyzyň öňe süren başlangyçlaryny tüýs ýürekden goldap, hormatly Prezidentimiziň öňde goýan wezipelerini üstünlikli durmuşa geçirmek üçin ähli tagallalaryny gaýgyrmajakdygyna ynandyrdy.
Soňra Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň başlygy A.Serdarowa söz berildi. Ol Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňdengörüjilikli, oýlanyşykly hem-de paýhasly syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde, mähriban Watanymyzyň öz saýlap alan döredijilik ýoly bilen ynamly gadam urýandygyny we belent sepgitleri eýeleýändigini nygtady.

Häzir Halk Maslahatynyň ikinji mejlisinde döwlet Baştutanymyzyň yglan eden syýasy-hukuk özgertmeleriniň mazmunyny we ähmiýetini ilatyň arasynda giňden düşündirmek boýunça netijeli işleriň alnyp barylýandygy bellenildi. Ýaşulularyň we ýaş nesilleriň, intelligensiýanyň wekilleriniň, dürli pudaklaryň zähmetkeşleriniň Arkadag Prezidentimiziň ata Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine gönükdirilen oňyn özgertmeler syýasatyny hemmetaraplaýyn goldaýandygy barada aýdyldy.

Türkmenistanlylar döwlet Baştutanymyzyň Halk Maslahatynyň hukuk derejesini kämilleşdirmek boýunça öňe sürýän özgertmelerine, parlamentiň iki palataly ulgama geçirilmegine uly gyzyklanma bildirýärler. Şoňa görä-de Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek zerurlygy ýüze çykýar. Şeýle hem dünýäniň bu ugur boýunça öňdebaryjy tejribesi öwrenilýär.

Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň ähli künjeklerinde geçirilýän çäreleriň dowamynda, köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde degişli teklipler beýan edilýär. Şolara düzgünnama laýyklykda seredilýär we umumylaşdyrylýar, soňra bolsa Mejlisde hereket edýän Iş toparyna iberilýär.

Çykyş edýäniň belleýşi ýaly, türkmen halky täze taryhy eýýamyň ruhuna we umumy ykrar edilen halkara hukuk kadalaryna kybap gelýän konstitusion özgertmeleriň döwletimiziň syýasy, demokratik, hukuk esaslarynyň yzygiderli kämilleşdirilmegine, milli kanunçylyk binýadynyň, jemgyýetimiziň bitewüliginiň berkidilmegine hem-de onuň syýasy işjeňliginiň ýokarlandyrylmagyna, Türkmenistanyň abadançylygyň we ösüşiň ýoly bilen öňe ilerlemegine ýardam etjekdigine berk ynanýar.

TDP-niň başlygy çykyşynyň ahyrynda Demokratik partiýanyň we ýurdumyzyň beýleki jemgyýetçilik guramalarynyň öňde durýan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi üçin ähli zerur çäreleri amala aşyrjakdygyna ynandyrdy.

Soňra adalat ministri B.Muhamedow hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzda hukuk binýadynyň yzygiderli kämilleşdirýändigini we ulgamlaýyn özgertmeleriň amala aşyrýandygyny belledi.

Bellenilişi ýaly, häzir dünýä tejribesinde kanunçylyk ulgamy döwrebaplaşdyrylýar. Munuň özi döwletiň we jemgyýetiň hemmetaraplaýyn ösüşiniň möhüm şerti bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, Konstitusion toparyň birinji mejlisinde döwlet Baştutanymyz bu ugur boýunça möhüm çäreleri anyk kesgitledi.

Häzir Adalat ministrligi halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryny, döwlet dolandyryşynyň milli we halkara tejribesini öwrenmegiň esasynda degişli teklipleri taýýarlamak hem-de şolary Türkmenistanyň Mejlisinde döredilen Iş toparynyň garamagyna hödürlemek boýunça işlemegi dowam edýär.

Hukuk özgertmelerini durmuşa geçirmegiň ähmiýetini halkyň arasynda düşündirmek, bu ugurda alnyp barylýan işler barada raýatlarymyzy habardar etmek maksady bilen, edaralarda, kärhanalarda, ýokary okuw mekdeplerinde, harby gullukçylaryň arasynda duşuşyklar guralýar. Şolaryň dowamynda Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň ösüşiň täze belentliklere çykmagyna gönükdirilen konstitusion özgertmeleriň wajypdygyna aýratyn üns berilýär.

Adalat ministri geçen döwürde teleýaýlymlarda we beýleki köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde şu meselä bagyşlanan «tegelek stoluň» başyndaky söhbetdeşlikleriň guralandygyny aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň kanun çykaryjylyk işini kämilleşdirmek boýunça öňe sürýän başlangyçlarynyň jemgyýetimiziň we döwletimiziň mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn ösmegi üçin ygtybarly binýat bolup durýandygyny belläp, ministr ýurdumyzda amala aşyrylýan özgertmeleriň hem-de öňde durýan wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmeginde ministrligiň zerur işleri alyp barjakdygyna ynandyrdy.

Soňra Mejlisiň Başlygy G.Mämmedowa söz berildi. Ol hem öz çykyşynda milli Liderimiziň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde Türkmenistanyň okgunly ösüşiniň, halkymyzyň durmuşynyň abadançylygynyň üpjün edilmegine gönükdirilen giň möçberli özgertmeleri amala aşyrmagyň çäklerinde öňe süren başlangyçlarynyň ähmiýetini belledi.

Parlamentiň Başlygy hukuk ulgamyndaky özgertmeleri durmuşa geçirmek, Konstitusiýany kämilleşdirmek, iki palataly kanun çykaryjy edarany döretmek boýunça öňe sürlen başlangyçlar ählihalk goldawyna eýe bolandygyny we ýurdumyzyň jemgyýetçiliginde giň seslenme döredendigini belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklygynda şu ýylyň 4-nji oktýabrynda geçirilen Konstitusion toparyň birinji mejlisinde ýurdumyzyň Mejlisiniň, Ministrler Kabinetiniň, degişli ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn dolandyryş düzümleriniň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň öňünde bu ugurda anyk wezipeleriň goýlandygy bellenildi.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Konstitusion toparynyň ýanynda ýurdumyzyň Baş Kanunyna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek boýunça teklipleri öwrenýän hem-de umumylaşdyrýan iş topary döredildi hem-de toparyň iş meýilnamasy tassyklanyldy.

Bu işe dürli ugurlar boýunça hünärmenler, alymlar, bilermenler toparlary işjeň gatnaşýar. Olar gelip gowuşýan ähli teklipleri, şol sanda döwlet häkimiýetiniň täze wekilçilikli kanun çykaryjy edarasynyň her bir palatasynyň borçlaryny we ygtyýarlyklaryny kesgitlemek bilen baglanyşykly teklipleri jikme-jik öwrenýärler.

Bu işler döwlet gurluşynyň milli usuly, halkymyzyň däp-dessurlary, umumadamzat gymmatlyklary, halkara tejribesi, şeýle hem Türkmenistanyň Bitaraplyk hukuk derejesi BMG tarapyndan iki gezek ykrar edilen döwlet hökmünde halkara giňişliginde eýeleýän orny nazara alnyp durmuşa geçirilýär.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyryklaryna laýylykda, Halk Maslahatynyň ikinji mejlisinde kabul edilen taryhy çözgüdiň mazmunyny hem-de ähmiýetini, ýurdumyzda alnyp barylýan konstitusion özgertmeleri we hormatly Prezidentimiziň ählihalk forumynda eden çuňňur manyly çykyşynda kesgitlän wezipelerini ilatyň arasynda giňden wagyz etmek boýunça ýörite toparlar döredildi diýip, parlamentiň Başlygy sözüni dowam etdi.

Nygtalyşy ýaly, Türkmenistanyň Konstitusiýasyna girizilmegi göz öňünde tutulýan goşmaçalar we üýtgetmeler demokratik, ynsanperwer hem-de adalatlylyk ýörelgelerine esaslanýan raýat jemgyýetini pugtalandyrmagyň, milli kanunçylygy kämilleşdirmegiň we ony döwrüň talabyna, halkara tejribelere hem-de hukuk kadalaryna laýyk işjeňleşdirmegiň ýolunda nobatdaky ähmiýetli ädime öwrüler.

Mejlisiň Başlygy deputatlaryň dünýäniň ösen tejribeleriniň, halkara standartlarynyň hem-de esasy hukuk kadalarynyň esasynda amala aşyrylýan giň gerimli maksatnamalary, durmuş-ykdysady we jemgyýetçilik-syýasy özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirmekde güýç-gaýratlaryny, bilimlerini gaýgyrmajakdyklaryna döwlet Baştutanymyzy ynandyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýdylanlary jemläp, mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, Türkmenistanda häzirki zaman demokratik jemgyýetini kemala getirmek we mundan beýläk-de ösdürmek üçin ähli şertleriň döredilendigini belledi. Konstitusiýamyza laýyklykda döwletimiz alyp barýan içeri we daşary syýasatynda raýatlarymyzyň syýasy hem-de durmuş hukuklarynyň we azatlyklarynyň gyşarnyksyz berjaý edilmegine hem-de amala aşyrylmagyna, Garaşsyz Watanymyzyň ösüşiniň dünýewi ugruna uly üns berýär. Ýurdumyzy häzir we geljekde ösdürmegiň maksatnamalarynda bu meselelere möhüm orun berilýär.

Biziň jemgyýetimiziň ykdysady we durmuş ösüşiniň belentliklerine tarap mundan beýläk-de öňe gitmegi, gün tertibinde, hususan-da, döwleti dolandyrmak işini kämilleşdirmek, Watanymyz üçin aýratyn ähmiýeti bolan çözgütleri işläp taýýarlamagy hem-de kabul etmegi mundan beýläk-de demokratiýalaşdyrmak meselelerini goýýar.

Şundan ugur alyp, biz bu möhüm we jogapkärli işe halk köpçüliginiň giňden gatnaşmak meselesine birinji derejeli ähmiýet berýäris diýip, milli Liderimiz belledi. Bu bolsa, milli parlamentiniň işiniň konstitusion esaslaryny mundan beýläk-de kämilleşdirmäge, ony halk häkimiýetiniň hakyky demokratik edarasyna öwürmäge çalşylýandygynda öz beýanyny tapmalydyr.

Şu günki çykyşlardan görnüşi ýaly, biz Türkmenistanyň Konstitusiýasyny kämilleşdirmek boýunça başlangyjymyzy öz wagtynda öňe sürendigimizi aýtmalydyrys diýip, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi. Jemgyýetimiziň ähli ugurlaryny özgertmegi kämilleşdirmek, mundan beýläk-de demokratiýalaşdyrmak baradaky tekliplerimiz, şeýle hem halkymyzyň durmuşynyň ýokary derejede üpjünçiligini kepillendirmek boýunça alyp barýan işlerimiz ýurdumyzda giň jemgyýetçilik seslenmesine hem-de goldawyna eýe boldy.

Kanun çykaryjylyk edarasynyň täze gurluşyny emele getirmegi hem-de işini guramagy göz öňünde tutup, Türkmenistanyň Mejlisi häzirki döwürde Ministrler Kabinetiniň agzalary, hukuk goraýjy edaralar, degişli ministrlikler we pudak edaralary, şeýle hem syýasy partiýalar, jemgyýetçilik guramalary hem-de döwlet häkimiýet edaralary, ýurdumyzyň raýatlary bilen bilelikde Esasy Kanunymyzy kämilleşdirmegiň anyk ugurlaryny kesgitlemek boýunça zerur işleri geçirýär.

Halk köpçüligine wekilçilik edýän ýygnaklara gatnaşyjylaryň düýpli gyzyklanmasy hem-de olarda Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek boýunça aýdýan teklipleri kanun çykaryjy döwlet häkimiýet edarasynyň hil taýdan täze, iki palataly gurluşa geçmeginiň jemgyýetimizde goldaw tapýandygyna aýdyň şaýatlyk edýär diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

Bu ugurda ýerlerden gelip gowuşýan teklipler Iş toparynyň mejlislerinde giňden ara alnyp maslahatlaşylýar. Şol Toparyň düzümine bolsa, alymlar, degişli ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, jemgyýetçilik birleşikleriniň wekilleri, tejribeli işgärler we hünärmenler girýär. Şeýlelikde, häzirki döwürde Türkmenistanyň Konstitusiýasyna degişli üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek boýunça has gymmatly teklipleri hasaba almakda netijeli işler alnyp barylýar diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi.

Soňra milli Liderimiziň belleýşi ýaly, dünýäde bolup geçýän özgertmeleri we köp ýurtlarda döwlet gurluşynyň toplanan tejribesini öwrenmek, türkmen halkynyň asyrlardan gözbaş alyp gelýän demokratik kadalary bilen Esasy Kanuna girizilýän üýtgetmeleriň hem-de goşmaçalaryň sazlaşygyny üpjün etmek Konstitusion toparyň esasy wezipeleriniň biri bolup durýar.

Şunuň bilen baglylykda, aýratyn-da dünýäniň iki palataly parlamentli ýurtlarynyň kanun çykaryjy edaralaryny guramagyň we olaryň işiniň öňdebaryjy tejribesini öwrenmek üçin, Türkmenistanyň Mejlisinde hereket edýän, daşary ýurtlaryň parlamentarileri bilen parlamentara dostluk toparlarynyň mümkinçiliklerini peýdalanmak zerurdyr diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow milli parlamentiň palatalarynyň her biriniň döwlet häkimiýetiniň düzümindäki ornuny we ygtyýarlyklaryny anyk kesgitlemegiň, häzirki döwrüň aýratynlyklaryny nazara almak bilen, bu edaralaryň halka hyzmat etmegi üçin amatly hukuk giňişligini döretmegi möhüm wezipeleriň hatarynda belledi.

Şu meselelere degişli kadalar hem-de düzgünler döwleti we jemgyýeti dolandyrmakda toplanan milli we halkara tejribesini öwrenmekden hem, gelip gowuşýan köpsanly teklipleri hasaba almak nukdaýnazaryndan hem seljerilmäge degişlidir diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi.

Şeýle hem, täze gurluşyň düzümini emele getirmek, onuň işiniň, ýagny çagyrylyşynyň dowamlylygynyň, ygtyýarlyklarynyň möhletlerini kesgitlemek bilen bagly meseleler toplumyna üns berilmelidir. Bu işde döwlet edaralaryndan, jemgyýetçilik guramalaryndan, şeýle hem raýatlarymyzdan gelip gowuşýan teklipler esasy mesele bolmalydyr.

Täze parlamentiň her palatasy döredilende halkyň saýlan wekilleriniň hünär taýýarlygy, bilim derejesi, işjeňlik häsiýeti, ýagny özüne berlen ygtyýarlyklary has netijeli amala aşyrmaga ukyby göz öňünde tutulmalydyr. Bu barada aýtmak bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow parlamentiň ygtyýarlyklary kesgitlenende türkmen halkynyň baý tejribesinden, şeýle hem ata-babalarymyzyň däplerinden ugur alynsa, ozaly bilen milli tejribä daýanylsa, dogry boljakdygyny belledi.

Göz öňünde tutulýan üýtgetmeleri we goşmaçalary Konstitusiýamyzda beýan etmek – jemgyýetimiziň ähli agzalarynyň hal-ýagdaýyny hem-de deň hukuklylygyny, durmuş adalatlylygynyň ähli taraplaryny doly durmuşa geçirmegi aňladýan ynsanperwerlik kadalarynyň dabaralanmagyny üpjün etmäge gönükdirilmelidir diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.

Ýurdumyzyň kanun çykaryjy häkimiýet ulgamyny özgertmäge tutuş jemgyýetimiz, ähli jemgyýetçilik guramalary düýpli gyzyklanma bildirip, bu işe işjeň gatnaşýarlar. Şoňa görä-de, Konstitusiýamyzy kämilleşdirmek boýunça taryhy işleriň many-mazmunyny we ähmiýetini wagyz etmek hem-de düşündirmek üçin, zähmetkeşleriň, talyp ýaşlaryň, alymlaryň arasynda giň gerimli işleri dowam etmeli. Edilýän teklipleri işgärler toparlarynyň arasynda hem, ilatyň ýaşaýan ýerlerinde hem giňden ara alyp maslahatlaşmaly diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Mejlise deputatlaryň, syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik birleşikleriniň wekilleriniň hem-de degişli hünärmenleriň gatnaşmagynda ýerlerde, ilat arasynda duşuşyklary, teleradioýaýlymlarda çykyşlary guramagy tabşyrdy. Umuman, Esasy Kanunymyzy döwrüň talaplaryna laýyk getirmek boýunça alnyp barylýan işleriň mazmunyny halkymyza giňden ýetirmek üçin geçirilýän çäreleri dowam etmeli.

Türkmenistanyň kanun çykaryjy edarasyny özgertmek Milli Parlamente türkmen jemgyýetiniň ähli gatlaklarynyň bähbitlerine has gowy wekilçilik etmäge mümkinçilik berer diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi. Munuň özi, häzirki döwrüň wagty ýeten meselelerini çözmäge, kanunlary taýýarlamagyň we ulanmagyň ýagdaýyny düýpli gowulandyrmaga täsir eder. Saýlawçylaryň deputatlar bilen has ysnyşykly özara gatnaşyklaryny ýola goýmak, şeýle hem kanunlaryň we milli maksatnamalaryň ýerine ýetirilişine gözegçilik etmek wezipesini netijeli amala aşyrmak üçin şertleri döreder.

Bu bolsa, ýurdumyzyň Parlamentiniň kanun çykaryjylyk işini ösdürmegi hil taýdan täze derejä çykarmak üçin hakyky şertleri üpjün eder. Şeýlelikde, ol hakykatda borçlaryň we ygtyýarlyklaryň giň toparyna eýe bolan umumymilli wekilçilikli kanun çykaryjy edara öwrüler diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi we bu işiň üstünlikli dowam etmegi, özygtyýarly döwletimizi ykdysady we durmuş taýdan üstünlikleriň ýoly bilen mundan beýläk-de ýokary depginler bilen ösdürmegiň ygtybarly kepillendirmesini döretjekdigine ynam bildirdi.

Mähriban halkymyzyň abadan hem-de bagtyýar durmuşda ýaşamagyny doly derejede üpjün edip, raýatlarymyzyň demokratik hukuklaryny we azatlyklaryny has doly durmuşa geçireris diýip, milli Liderimiz belledi.

Milli Parlamentiň hil taýdan täze iki palataly gurluşyna geçmegi bilen bagly ýurdumyzyň Konstitusiýasyna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek Garaşsyz döwletimiziň jemgyýetçilik-syýasy durmuşynda möhüm taryhy waka öwrüler diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi. Bu bolsa «Döwlet adam üçindir!» diýen şygarymyzda beýan edilen ynsanperwer hem-de ýaşaýyş-durmuş şertlerini yzygiderli gowulandyrmaga gönükdirilen ugrumyzy has netijeli durmuşa geçirýändigimiziň aýdyň tassyklanmasyna öwrüler.

Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz ýurdumyzyň Konstitusiýasyna täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylan maddalaryň, şeýle hem üýtgetmeleriň we goşmaçalaryň girizilmeginiň Türkmenistanda demokratik, hukuk we dünýewi döwletiň esaslaryny kämilleşdirmegiň ýolunda has uly üstünlikleri gazanmaga saldamly goşant boljakdygyna ynam bildirdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň aýdyşy ýaly, Konstitusion toparyň indiki mejlisini geçirmek geljek ýylyň fewral aýynda meýilleşdirildi. Onda Konstitusiýamyza girizilen maddalaryň taslamalaryna serederis hem-de olary ähli halkymyzyň ara alyp maslahatlaşmagy üçin çap ederis.

Döwlet Baştutanymyz aýdylanlary umumylaşdyryp, Halk Maslahatynyň indiki mejlisinde bolsa täze Konstitusiýanyň kabul ediljekdigine ynam bildirdi.

Şunuň bilen Konstitusion toparyň mejlisini jemläp, hormatly Prezidentimiz oňa gatnaşyjylara berk jan saglyk, ata Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikler arzuw etdi.

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter