Resmi habarlar | TDH
Syýasat habarlary

Resmi habarlar

опубликованно 06.12.2019 // 440 - просмотров
 

Beýik ata-babalarymyzyň bize wesýet eden rehimdarlyk we ynsanperwerlik ýörelgelerini goldanyp, türkmen jemgyýetiniň hem-de her bir maşgalanyň agzybirligini we bitewüligini has-da pugtalandyrmak maksady bilen, şeýle hem Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedow «Iş kesilenleriň Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli günäsini geçmek hakynda» Permana gol çekdi. Günäsi geçilen raýatlar mundan beýläk azatlykdan mahrum etmek görnüşindäki esasy jeza çäresini, şeýle hem belli bir ýerde ýaşamak borjuny ýüklemek görnüşindäki goşmaça jeza çäresini çekmekden boşadyldy.

***

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen Türkmenistanyň Fransiýa Respublikasyndaky (Pariž şäheri) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Şöhrat Durdykulyýewiç Jumaýew Türkmenistanyň Halkara sergiler býurosynyň ýanyndaky wekili wezipesine bellenildi.

***

Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek hem-de ilata konsullyk işi boýunça netijeli hyzmat edilmegini üpjün etmek maksady bilen, şeýle hem «Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky konsullyk edaralary hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasynda (Kazan şäheri) Baş konsullygyny açmak bellenildi.

***

Türkmenistanyň Prezidentiniň ulag diplomatiýasyny ösdürmäge we häzirki zaman ulag üstaşyr geçelgelerini kämilleşdirmek arkaly durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen daşary syýasatyny iş ýüzünde durmuşa geçirmek we bu babatda halkara guramalar bilen geçirilýän çäreleri yzygiderli dowam etdirmek maksady bilen Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Daşary işler ministrligine, Senagat we kommunikasiýa ministrligine Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi bilen bilelikde Türkmenistanda 2020-nji ýylyň mart aýynda deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ulag ministrleriniň derejesindäki halkara maslahaty ýokary derejede we guramaçylykly geçirmek tabşyryldy.

***

Türkmenistanda durnukly ösüşiň, adam hukuklarynyň we azatlyklarynyň üpjün edilmegine, ilatyň durmuş we hukuk taýdan goraglylygynyň has-da pugtalandyrylmagyna gönükdirilen halkara ynsanperwer hukugy bilen baglanyşykly adam söwdasyna garşy hereket etmek babatda döwlet edaralarynyň, jemgyýetçilik birleşikleriniň halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygyny ösdürmek, şeýle hem bu ugurda alnyp barylýan işleri kämilleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanda adam söwdasyna garşy hereket etmek boýunça 2020 — 2022-nji ýyllar üçin hereketleriň milli meýilnamasy tassyklanyldy.

Türkmenistanyň ministrliklerine, pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna hem-de jemgyýetçilik birleşiklerine şu meýilnamada göz öňünde tutulan çäreleriň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek tabşyryldy.

Türkmenistanda adam söwdasyna garşy hereket etmek boýunça 2020 —2022-nji ýyllar üçin hereketleriň milli meýilnamasynda göz öňünde tutulan çäreleri üstünlikli durmuşa geçirmek we adam söwdasyna garşy göreş babatda halkara borçnamalaryň berjaý edilmegini utgaşykly alyp barmak Türkmenistanyň adam hukuklary babatda halkara borçnamalarynyň we halkara ynsanperwer hukugynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça pudagara toparynyň üstüne ýüklenildi.

***

Türkmenistanda halkyň asuda durmuşyny, parahatçylygy, howpsuzlygy, ynsanperwerligi we durnukly ösüşi üpjün etmek, dünýäde häzirki döwrüň wajyp halkara meselesi bolup durýan terrorçylyga garşy göreş çygrynda döwlet syýasatynyň ulgamlaýyn esasda alnyp barylmagyny üpjün etmek hem-de döwlet edaralarynyň, jemgyýetçilik birleşikleriniň halkara guramalary bilen hyzmatdaşlygyny ösdürmek, şeýle hem bu ugurda alnyp barylýan işleri kämilleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, zorlukly ekstremizmiň öňüni almak we terrorçylyga garşy hereket etmek boýunça 2020 — 2024-nji ýyllar üçin Türkmenistanyň milli strategiýasy tassyklanyldy.

Türkmenistanyň ministrliklerine, pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna hem-de jemgyýetçilik birleşiklerine şu strategiýada göz öňünde tutulan çäreleriň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek tabşyryldy.

***

Türkmenistanda enäniň, çaganyň we ýetginjekleriň saglygyny gorap saklamak babatda döwlet edaralarynyň, jemgyýetçilik birleşikleriniň halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygyny ösdürmek, şeýle hem bu ugurda alnyp barylýan işleri kämilleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanda çaganyň irki ösüşi boýunça 2020 — 2025-nji ýyllar üçin milli strategiýa tassyklanyldy.

Türkmenistanyň ministrliklerine, pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna hem-de jemgyýetçilik birleşiklerine şu strategiýada göz öňünde tutulan çäreleriň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek tabşyryldy.

Türkmenistanda çaganyň irki ösüşi boýunça 2020 — 2025-nji ýyllar üçin milli strategiýada göz öňünde tutulan çäreleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegi Türkmenistanyň adam hukuklary babatda halkara borçnamalarynyň we halkara ynsanperwer hukugynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça pudagara toparynyň üstüne ýüklenildi.

***

Türkmenistanyň daşary ykdysady işini maksatnamalaýyn esasda ösdürmek, onuň syýasy-hukuk esaslaryny mundan beýläk-de kämilleşdirmek, ýurdumyzyň daşary ýurt döwletleri, halkara guramalar, şol sanda halkara maliýe we ykdysady guramalary bilen özara bähbitli gatnaşyklaryny işjeňleşdirmek, daşary ykdysady gatnaşyklary diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek, bu ugurda öňde goýlan sepgitlere ýetmek üçin alnyp barylýan işleri anyk kesgitlemek we olaryň ýerine ýetirilişine gözegçiligi güýçlendirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň daşary ykdysady işini ösdürmegiň 2020 — 2025-nji ýyllar üçin maksatnamasy tassyklanyldy.

Ministrliklere we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna maksatnamadan gelip çykýan wezipeleri amala aşyrmak maksady bilen, bir aý möhletde degişli pudak meýilnamalarynyň taslamalaryny taýýarlamak we olary Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň degişli orunbasarlaryna tassyklamak üçin bermek tabşyryldy.

***

2020-nji ýylda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygy mynasybetli milli we halkara derejedäki çäreleri ýokary derejede guramaçylykly geçirmek, döwletimiziň parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatyny giňden wagyz etmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.

Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Daşary işler ministrligine Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň Iş dolandyryş müdirligi bilen bilelikde Aşgabat şäherinde 2020-nji ýylyň 11 — 12-nji dekabrynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygy mynasybetli «Bitaraplyk syýasaty we onuň halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmekdäki ähmiýeti» atly halkara maslahaty, dabaralary hem-de çäreleri ýokary derejede we guramaçylykly geçirmek tabşyryldy.

Şeýle hem resminama laýyklykda, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygy mynasybetli 2020-nji ýylda Türkmenistanda hem-de daşary ýurtlarda geçiriljek dabaralaryň we çäreleriň meýilnamasy;

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygy mynasybetli Aşgabat şäheriniň etraplarynda 2019 — 2020-nji ýyllarda ýerine ýetirilmeli işleriň meýilnamasy;

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygy mynasybetli 2020-nji ýylda ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň geçirmeli sergileriniň, ýarmarkalarynyň hem-de maslahatlarynyň meýilnamasy;

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygy mynasybetli 2020-nji ýylda gurluşygy tamamlanmaly hem-de ulanmaga tabşyrylmaly iri önümçilik we durmuş maksatly binalaryň hem-de desgalaryň sanawy tassyklanyldy.

Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygy mynasybetli 2020-nji ýylda dabaralary we çäreleri geçirmek boýunça Hökümet guramaçylyk topary döredildi we onuň düzümi tassyklanyldy.

***

«Diplomatik gulluk hakyndaky», «Türkmenistanyň daşary ýurt döwletlerindäki diplomatik wekilhanalarynyň statusy hakyndaky» we «Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky konsullyk edaralary hakyndaky» Türkmenistanyň kanunlaryna laýyklykda, şeýle hem Türkmenistanyň daşary ýurt döwletlerindäki diplomatik wekilhanalarynyň we konsullyk edaralarynyň işini kämilleşdirmek we olaryň öz üstüne ýüklenen wezipelerini netijeli ýerine ýetirmeklerini üpjün etmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti «Türkmenistanyň diplomatik gullugynyň maliýe meseleleri hakyndaky» Karara gol çekdi.

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter