Türkmenistanyň Prezidenti «Rönesans Holding» kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi | TDH
Syýasat habarlary

Türkmenistanyň Prezidenti «Rönesans Holding» kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi

опубликованно 10.12.2019 // 311 - просмотров
 

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow «Rönesans Holding» türk kompaniýasynyň müdiriýetiniň başlygy Erman Ylyjagy kabul etdi.

Işewür duşuşmak üçin döredilen mümkinçilige hoşallygyny beýan edip hem-de pursatdan peýdalanyp, milli Liderimizi ýetip gelýän Halkara Bitaraplyk güni bilen gutlady, türkmen halkyna bagt we abadançylyk, mundan beýläk-de ösüş hem-de rowaçlyk arzuw etdi.

Erman Ylyjak soňky ýyllarda ýurdumyzda amala aşyrylýan hem-de Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň durmuş-ykdysady taýdan ösüşine we halkara derejede abraýynyň belende göterilmegine kuwwatly itergi beren giň gerimli özgertmelere ýokary baha berip, kemala gelen üstünlikli hyzmatdaşlyga tüýs ýürekden buýsanýandygyny aýtdy hem-de öz ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň netijeli hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge uly gyzyklanma bildirýändigini tassyklady.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow «Rönesans Holding» kompaniýasynyň hyzmatdaşlyga örän jogapkärli çemeleşýändigini, özüni ygtybarly hyzmatdaş hökmünde görkezendigini kanagatlanma bilen belläp, ýurdumyzyň öz ykdysady ösüşinde belli daşary ýurt korporasiýalarynyň, şol sanda Türkiýe Respublikasynyň kompaniýalarynyň innowasiýa häsiýetli işläp taýýarlamalaryny peýdalanmagy ugur edinýändigini aýtdy.

Bellenilişi ýaly, dünýäniň iri işewürler toparlary bilen hyzmatdaşlyk gatnaşyklary häzirki döwürde täze many-mazmuna eýe bolýar, şähergurluşyk, şeýle hem senagat ulgamlarynda giň gerimli bilelikdäki taslamalara öwrülýär.

Milli ykdysadyýetimiziň esasy pudaklarynyň döwrebaplaşdyrylmagy we diwersifikasiýalaşdyrylmagy, täze ýokary tehnologiýaly önümçilikleriň döredilmegi daşary ýurt işewürler bileleşikleri bilen hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin giň mümkinçilikler açýar. Muňa «Rönesans Holding» kompaniýasynyň gatnaşmagynda Ahal welaýatynda gurlup, ulanmaga berlen tebigy gazdan sintetiki benzin öndürýän zawod hem şaýatlyk edýär.

Duşuşygyň çäklerinde milli Liderimiz we myhman özara bähbitlere esaslanýan hyzmatdaşlygyň geljekki mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Erman Ylyjak döwlet Baştutanymyza dürli maksatly düzümleýin desgalaryň gurluşygy bilen baglanyşykly kompaniýa ynanylan taslamalaryň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bellenilen ähli gurluşyk işleriniň ýokary hil derejesiniň we bellenilen möhletde ýerine ýetirilmegini üpjün etmegiň zerurdygyna ünsi çekdi.

Işewür ýolbaşçylyk edýän kompaniýasyna daşary ýurtlaryň işewür toparlarynyň netijeli işi üçin giň mümkinçilikleriň döredilen ýurdy bolan Türkmenistan bilen oňyn we netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmegiň uly hormatdygyny ýene bir gezek nygtap, «Rönesans Holding» kompaniýasynyň öz üstüne alan borçnamalaryny ýerine ýetirjekdigine döwlet Baştutanymyzy ynandyrdy.

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter