Daşary ýurtly kärdeşleri Türkmenistanyň Prezidentini Halkara Bitaraplyk güni bilen gutlaýarlar | TDH
Syýasat habarlary

Daşary ýurtly kärdeşleri Türkmenistanyň Prezidentini Halkara Bitaraplyk güni bilen gutlaýarlar

опубликованно 12.12.2019 // 466 - просмотров
 

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Siziň Alyhezretiňiz!

Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli Siziň Alyhezretiňize hem-de tutuş türkmen halkyna Ysraýylyň halkynyň adyndan mähirli gutlaglarymy we iň gowy arzuwlarymy beýan edýärin.

Ýurduňyzyň daşary syýasatynyň möhüm esasy hökmünde Bitaraplyk pikirine ýokary baha berilýär. Ol döwletleriň arasyndaky netijeli hyzmatdaşlygyň ýörelgesi bolup hyzmat edýär.

Biz Ysraýylyň we Türkmenistanyň arasynda dostlugy hem-de hyzmatdaşlygy has-da ösdürmek mümkinçiligine sabyrsyzlyk bilen garaşýarys.

Siziň Alyhezretiňizden meniň iň gowy arzuwlarymy we uly hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul etmegiňizi haýyş edýärin.

Hormatlamak bilen,

Reuwen Riwlin,
Ysraýyl Döwletiniň Prezidenti.

***

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Siziň Alyhezretiňiz!

Halkara Bitaraplyk gününiň baýram edilmegi mynasybetli ukrain halkynyň adyndan we hut öz adymdan tüýs ýürekden çykýan gutlaglarymy kabul ediň!

Siziň başlangyjyňyz bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 12-nji dekabry Halkara Bitaraplyk güni diýip yglan etmegi halkara durmuşynda möhüm ädim boldy.

Ukraina Merkezi Aziýa sebitinde hem-de tutuş dünýäde parahatçylygy we durnuklylygy berkitmek babatda Türkmenistanyň tagallalaryna ýokary baha berýär.

Ukrain-türkmen hyzmatdaşlygynyň birek-birege hormat goýmagyň, döwlet özygtyýarlylygyny hem-de çäk bitewüligini saklamagyň, halkara borçnamalaryny yzygiderli ýerine ýetirmegiň esasynda geljekde hem üstünlikli ösdüriljekdigine ynanýaryn.

Siziň Alyhezretiňiz, Size berk jan saglyk hem-de döwlet işiňizde täze üstünlikleri, dostlukly türkmen halkyna bolsa parahatçylyk, ylalaşyk we abadançylyk arzuw edýärin.

Hormatlamak bilen,

Wladimir Zelenskiý,
Ukrainanyň Prezidenti.

***

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA

Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç!
Gadyrly doganym!

Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli tüýs ýürekden çykýan gutlaglarymy kabul etmegiňizi haýyş edýärin.

Türkmenistanyň yzygiderli durmuşa geçirýän, özara hormat goýmak, deňhukuklylyk, beýlekileriň içerki işlerine goşulyşmazlyk, hoşniýetlilik we hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasaty halkara bileleşiginiň giň ykrarnamasyna eýe boldy.

Bitarap Türkmenistan döwlet we jemgyýetçilik gurluşynyň ähli ulgamlarynda haýran galdyryjy üstünliklere eýe boldy, durnukly ösüş ýoly bilen ynamly öňe gidip, özüniň ägirt uly ykdysady hem-de aň-paýhas kuwwatyndan netijeli peýdalanýar. Ýurduň dünýä giňişligindäki abraýy barha ýokarlanýar.

Türkmenistanyň gülläp ösmegi, döwletde parahatçylygyň hem-de asudalygyň höküm sürmegi Siziň parasatly baştutanlygyňyzda durmuşa geçirilýän çuňňur oýlanyşykly we uzak möhletli özgertmeler strategiýasynyň aýdyň netijeleridir.

Iň ýakyn goňşular we döwrüň synagyndan geçen dostlar hökmünde biz Özbegistanda doganlyk türkmen halkynyň gazanýan uly üstünliklerine tüýs ýürekden guwanýarys.

Şu ýylyň noýabr aýynda Siziň Özbegistana bolan iş saparyňyzyň hem-de Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň Daşkentde guralan konsultatiw duşuşygynyň barşynda geçirilen netijeli gepleşiklerimizi aýratyn mähirlilik bilen ýatlaýaryn.

Siziň öňe süren döredijilikli başlangyçlaryňyzyň we gazanylan ylalaşyklaryň özbek-türkmen gatnaşyklarynyň, köpasyrlyk dostlugyň, hoşniýetli goňşuçylygyň hem-de strategik hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagyna, biziň tutuş sebitimiziň durnuklylygyny we okgunly ösüşini üpjün etmäge ýardam etjekdigine ynanýaryn.

Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç, Size berk jan saglyk, abadançylyk hem-de Siziň döwlet işiňizde uly üstünlikler, Türkmenistanyň doganlyk halkyna bolsa, parahatçylyk we rowaçlyk arzuw edýärin.

Tüýs ýürekden hormatlamak bilen,

Şawkat MIRZIÝOÝEW,
Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti.

***

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA
Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç!

Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli tüýs ýürekden çykýan gutlaglarymy kabul etmegiňizi haýyş edýärin.

Siziň ýurduňyz daşary syýasatda şu ýörelgeden ugur almak bilen, dünýäniň ähli döwletleri bilen hoşniýetli goňşuçylygyň we üstünlikli ösýän hyzmatdaşlygyň aýdyň nusgasyny görkezýär.

Belarus Türkmenistanyň netijeli halkara başlangyçlaryny goldamak bilen, biziň halklarymyzyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmaga ygrarlydygyny tassyklaýar.

Strategik belarus-türkmen gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de parahatçylygy, howpsuzlygy we raýat ylalaşygyny üpjün etmek ýaly belent maksatlara hyzmat etjekdigine ynanýaryn.

Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç, Size berk jan saglyk hem-de isleg-arzuwlaryňyzyň hasyl bolmagyny, doganlyk Türkmenistanyň ýaşaýjylaryna bolsa, bagt we rowaçlyk arzuw edýärin.

Hormatlamak bilen,

Aleksandr LUKAŞENKO,
Belarus Respublikasynyň Prezidenti.

***

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA
Hormatly jenap Prezident!

Sizi Halkara Bitaraplyk güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Birleşen Milletler Guramasynyň 12-nji dekabry Halkara Bitaraplyk güni diýip yglan etmeginde Siziň ýurduňyzyň eýeleýän orny aýgytlaýjy häsiýete eýedir.

Pursatdan peýdalanyp, Gruziýa bilen Türkmenistanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň pugtalandyryljakdygyna ynam bildirýärin, çünki, hut özara ynanyşmaga esaslanýan gatnaşyklar tutuş dünýäde parahatçylygy, howpsuzlygy we ösüşi üpjün edýär.

Size ýurduňyzyň abadançylygynyň bähbidine alyp barýan işleriňizde üstünlikler, Türkmenistanyň dostlukly halkyna bolsa parahatçylyk we abadançylyk arzuw edýärin.

Hormatlamak bilen,

Salome ZURABIŞWILI,
Gruziýanyň Prezidenti.

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter