Türkmenistanyň Prezidenti Bitaraplyk binasyna gül goýmak dabarasyna gatnaşdy | TDH
Syýasat habarlary

Türkmenistanyň Prezidenti Bitaraplyk binasyna gül goýmak dabarasyna gatnaşdy

опубликованно 12.12.2019 // 343 - просмотров
 

Şu gün Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halky dünýä bileleşigi bilen bilelikde Halkara Bitaraplyk gününi belleýär. Şanly baýramçylyk mynasybetli tutuş ýurdumyzda dabaralar giňden ýaýbaňlandyryldy. Şolaryň esasylary türkmen paýtagtynda guraldy. Bu ýerde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Bitaraplyk binasyna gül goýmak dabarasy boldy.

Irden Aşgabadyň ajaýyp künjekleriniň birinde dikeldilen hem-de ata Watanymyzyň parahatçylyk, döredijilik we hoşniýetlilik ýörelgelerine ygrarlydygyny alamatlandyrýan beýik binanyň öňüne paýtagtymyzyň köp sanly ýaşaýjylary hem-de daşary ýurtly myhmanlar ýygnandylar.

Olaryň hatarynda Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, milli parlamentiň deputatlary, Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky ilçileri, ýurdumyzda işleýän diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary, işewürler hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, hormatly ýaşulular we talyp ýaşlar bar.

Ýygnananlar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy — häzirki döwürde türkmen döwletiniň okgunly ösüşini hem-de ýurdumyzyň halkara abraýynyň has-da belende galmagyny üpjün eden öňdengörüjilikli syýasatyň we netijeli başlangyçlaryň awtoryny mähirli garşylaýarlar.

Hemişelik Bitaraplyk derejesine hem-de milletiň gadymy ruhy gymmatlyklaryna, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk we ynsanperwerlik ýörelgelerine esaslanmak bilen, bu strategiýa eziz Watanymyzyň gülläp ösmeginiň hem-de türkmenistanlylaryň abadan durmuşynyň ygtybarly kepiline öwrüldi. Döwlet Baştutanymyzyň durmuşa geçirýän, giň netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen hem-de tutuş adamzadyň abadançylygynyň bähbitlerine laýyk gelýän syýasy ugry Türkmenistanyň halkara giňişliginde alyp barýan işiniň üstünlige eýe bolmagyny üpjün etdi.

Hormatly Prezidentimiz Bitaraplyk binasynyň ýanyna gelýär. Türkmenistanyň Döwlet senasy ýaňlanýar. Milli Liderimiz dabaraly ýagdaýda beýik binanyň etegine gül goýýar.

Döwlet Baştutanymyzyň yzysüre Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary we dabara gatnaşyjylar gül goýýarlar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň halkyna baýramçylyk Gutlagynda belleýşi ýaly, 1995-nji ýylyň 12-nji dekabry Türkmenistanyň taryhyna örän möhüm syýasy seneleriň biri hökmünde ýazyldy. Mundan ýigrimi dört ýyl ozal Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan taryhy Kararnamanyň kabul edilmegi bilen, Türkmenistan döwletimiz hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýe boldy.

Bu gysga taryhy döwrüň içinde Aziýanyň we Ýewropanyň çatrygynda ýerleşýän döwletimiz parahatçylygy, ählumumy howpsuzlygy, durnukly ösüşi üpjün etmek ugrunda dünýä döwletleri, abraýly halkara guramalar bilen sazlaşykly gatnaşyklary ýola goýmak, halkara hyzmatdaşlygyň düýbünden täze, netijeli ýollaryny hem-de ugurlaryny kemala getirmek babatynda gymmatly tejribeleri toplady.

Eziz Watanymyzyň Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan resmi taýdan ykrar edilen ilkinji Bitarap döwlet bolandygyny nazara alsaň, bu waka dünýä diplomatiýasy üçin möhüm wakalaryň birine öwrüldi.

Ýurdumyzyň seçip alan daşary syýasy strategiýasynyň nusgasy türkmen halkynyň özboluşlylygyna, onuň gadymdan gelýän parasatly däplerine hem-de anyk ýagdaýa laýyk gelýär. Garaşsyzlygynyň ilkinji ýyllaryndan Türkmenistan özüni parahatçylyk dörediji döwlet hem-de Milletler Bileleşiginiň strategik hyzmatdaşy hökmünde ykrar etdirip, bu belent ady anyk ädimleri bilen berkitdi.

2007-nji ýylyň dekabrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Aşgabatda BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň açylmagy munuň aýdyň subutnamalarynyň biridir. Bu ýöriteleşdirilen düzümiň döredilmegi Türkmenistan — BMG gatnaşyklarynda hil taýdan täze waka öwrüldi. Şu geçen döwürde BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezi işjeň iş alyp barmak bilen, döwletleriň arasyndaky özara düşünişmegi, ynanyşmagy we hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga ýardam edýär.

Merkezi Aziýa sebitinde möhüm orun eýeleýän ýurdumyzyň alyp barýan ähli işleri Bitaraplygyň filosofiýasynyň esasyny düzýän ýörelgelere, ilkinji nobatda bolsa, beýleki döwletleriň içerki işlerine goşulyşmazlyk hem-de parahatçylyk döredijilik işlerine işjeň ýardam bermek ýörelgelerine berk eýerýändiginiň aýdyň subutnamasy bolup durýar.

Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, «Bitaraplyk we parahatçylyk düşünjeleri biri-birinden aýrylmazdyr». Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 2017-nji ýylda geçirilen 71-nji mejlisinde 12-nji dekabryň Halkara Bitaraplyk güni diýlip yglan edilmegi baradaky Kararnamasynyň biragyzdan kabul edilmegi Türkmenistanyň parahatçylyk döredijilikli kuwwatynyň uly ähmiýete eýediginiň aýdyň subutnamasydyr.

Ýurdumyz dünýäde ylalaşyklaryň hem-de hyzmatdaşlygyň köpugurly ýörelgesini işläp taýýarlamaga, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmäge saldamly goşant goşýandygyna buýsanmaga haklydyr.

Özüni sebit hem-de dünýä möçberinde howpsuzlygy we durnuklylygy pugtalandyrmagyň netijeli guraly hökmünde görkezen türkmen Bitaraplygynyň üstünligi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasynyň 73-nji mejlisinde kabul edilen möhüm ähmiýetli resminamada «2021-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan etmek hakyndaky Kararnamada ýene-de bir gezek ählumumy ykrarnamasyna eýe boldy.

Türkmenistan ösüş babatda saýlap alan ýoly bilen, BMG-niň beren derejesini toplumlaýyn özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, türkmenistanlylaryň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak üçin ulanýar hem-de halklaryň ýakynlaşmagyna we özara bähbitli hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna, onuň ugurlarynyň hem-de çäginiň giňeldilmegine ýardam edýän milli, sebit we halkara ähmiýetli iri düzümleýin taslamalary yzygiderli amala aşyrýar.

Ýurdumyz ähli gyzyklanma bildirýän döwletler we abraýly guramalar bilen köpugurly netijeli hyzmatdaşlyk ugruna eýermek bilen, bähbitleriň gabat gelýän ugurlaryny gözlemek bilen çäklenmän, eýsem, özüniň hyzmatdaşlaryny umumy abadançylygyň bähbidine bilelikde netijeli işlemäge ygrarly pikirdeşler hasaplaýar.

Bu gün Türkmenistanyň Bitaraplygynyň häzirki döwrüň örän möhüm meseleleri boýunça umumy ykrar edilen gepleşikler meýdançasyna öwrülendigini ynamly aýtmak bolar. Türkmen döwletiniň üýtgewsiz ýörelgesi halkara işlerindäki jedelli meseleleri hem-de gapma-garşylyklary diňe syýasy-diplomatik serişdeler arkaly çözmäge ýardam bermekden ybaratdyr.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Owganystandaky ýagdaýy parahatçylykly ýol bilen kadalaşdyrmak, goňşy ýurduň durmuş-ykdysady taýdan dikeldilmegine netijeli kömek we goldaw bermek boýunça yzygiderli ädýän ädimleri oňyn bitaraplyk strategiýasynyň maksadaokgunly hem-de netijeli häsiýete eýediginiň aýdyň subutnamasydyr.

Döwletimiz ägirt uly ykdysady hem-de serişdeler kuwwatyna, baý taryhy we medeniýete eýe bolmak bilen, hoşmeýilli erk-islege daýanyp, ählumumy ähmiýete eýe bolan möhüm çözgütleri işläp taýýarlamaga işjeň gatnaşýar.

Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, islendik ýurduň daşary syýasaty içeri syýasaty bilen berk baglanyşyklydyr. Türkmenistan jemgyýetde parahatçylyk söýüjilik, ylalaşyklylyk, hoşniýetlilik hem-de ynsanperwerlik ýörelgelerini durmuşa geçirmek arkaly, bu düşünjeleri daşky dünýä bilen özara gatnaşyklarynda hem giňden ulanýar.

Şeýlelikde, türkmen döwletiniň bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik daşary syýasy ugry diňe bir milli bähbitlere däl, eýsem, dünýä bileleşiginiň uzak möhletli maksatlaryna, ähmiýetini ýitirmeýän umumadamzat gymmatlyklaryna esaslanýan ölçeglere, dünýäde durnuklylygy we howpsuzlygy üpjün etmek babatdaky çemeleşmelere, halkara gatnaşyklaryň esaslary hökmünde BMG-niň Tertipnamasynyň ýörelgeleriniň berkarar bolmagyna laýyk gelýändigini görkezýär.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ählumumy energetika howpsuzlygyny üpjün etmek hem-de durnukly ulag boýunça başlangyçlarynyň, şeýle hem beýleki ugurlar boýunça wajyp başlangyçlarynyň möhüm ähmiýetini bellemek gerek. Şol başlangyçlar Birleşen Milletler Guramasyna agza döwletler tarapyndan goldanyldy hem-de BMG-niň Baş Assambleýasynyň degişli Kararnamalary bilen berkidildi.

Ýurdumyzyň geçen ýylyň maý aýynda BMG-niň düzümleriniň üçüsine — 2020 — 2022-nji ýyllar döwür üçin Bütindünýä azyk maksatnamasynyň Ýerine ýetiriji Geňeşine, 2020 — 2024-nji ýyllar döwür üçin Ilat we ösüş boýunça komissiýasyna hem-de 2020 — 2023-nji ýyllar döwür üçin Neşe serişdeleri boýunça komissiýasyna saýlanylmagy milletler bileleşigi bilen uzak möhletli hyzmatdaşlyk üçin täze sepgitleri açdy.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan ençeme gezek Birleşen Milletler Guramasynyň iri ugurdaş düzümlerine saýlanyldy. Şolaryň çäklerinde ýurdumyz degişli işleri alyp bardy we häzirki döwürde ol işleri hem dowam etdirýär.

Ýetip gelýän 2020-nji ýylyň hem möhüm waka beslenjekdigi bellärliklidir. Öňümizdäki ýylda Watanymyzyň BMG tarapyndan ykrar edilen Bitaraplyk derejesiniň 25 ýyllygy bellenip geçiler. Ýokary guramaçylyk derejesinde belleniljek bu şanly senä taýýarlyk görmek işleri eýýäm badalga aldy.

Mälim bolşy ýaly, Ministrler Kabinetiniň şu ýylyň 6-njy dekabrynda geçirilen giňişleýin mejlisinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şu şanly waka bagyşlanan halkara maslahatyny, dabaralary hem-de çäreleri geçirmek hakyndaky Karara gol çekdi. Şol resminama laýyklykda, Hökümetiň degişli Guramaçylyk toparynyň düzümi tassyklanyldy.

Umuman, Türkmenistan hemişelik Bitaraplyk derejesini yzygiderli durmuşa geçirmek bilen, ählumumy işlere has işjeň gatnaşyp, parahatçylygyň, abadançylygyň we ösüşiň bähbidine netijeli halkara gatnaşyklary ösdürmäge saldamly goşant goşýar.

Gül goýmak dabarasy tamamlanandan soň, hormatly Prezidentimiz oňa gatnaşanlar bilen mähirli hoşlaşdy we bu ýerden ugrady.

Halkara Bitaraplyk gününe bagyşlanan baýramçylyk çäreleri ýurdumyzyň ähli sebitlerinde geçirildi.

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter