Türkmenistan Owganystana nobatdaky ynsanperwer ýüküni iberdi | TDH
Jemgyýet

Türkmenistan Owganystana nobatdaky ynsanperwer ýüküni iberdi

опубликованно 17.12.2019 // 380 - просмотров
 

Şu gün Owganystan Yslam Respublikasynyň Hyrat welaýatynyň Turgundy şäherçesinde Türkmenistanyň ynsanperwer kömeginiň berilmegi — dostlukly ýurduň ykdysady hajatlary üçin kuwwatly elektroenergetika enjamlarynyň gowşurylmagy mynasybetli dabara boldy.

Hormatly Prezidentimiziň şu ýylyň noýabrynda gol çeken Buýrugyna laýyklykda, owgan tarapyna güýjenmesi 220/110/10 kW, kuwwatlylygy 125 MWt bolan transformatory degişli enjamlary bilen bilelikde ynsanperwer kömek hökmünde berilýär. Bu goňşy ýurtda ygtybarly energiýa üpjünçiligini ýola goýmakda, şeýle hem ýurdumyzyň ugradýan elektrik energiýasynyň möçberini artdyrmakda möhüm ähmiýete eýe bolar.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen Türkmenistan Owganystanyň durmuş-ykdysady taýdan ösmegine, bu ýerde durnuklylygyň we howpsuzlygyň üpjün edilmegine hemmetaraplaýyn goldaw berýär.

Elektrik energiýasynyň ýeňillikli bahadan berilmegi, türkmen gurluşykçylarynyň güýji bilen durmuş maksatly desgalaryň, şol sanda lukmançylyk hem-de bilim edaralarynyň gurulmagy, Ahal welaýatynda gurlan zawodda tebigy gazdan öndürilen ekologiýa taýdan arassa benziniň ilkinji tapgyrynyň ugradylmagy Bitarap ýurdumyzyň hoşniýetli goňşuçylyk we ynsanperwer döwlet syýasatynyň aýdyň subutnamasy bolup durýar.

Bulardan başga-da, Türkmenistan Owganystanyň ýakyn goňşusy hökmünde owgan ykdysadyýetiniň energetika, ulag-aragatnaşyk we senagat sütünlerini berkitmäge gönükdirilen giň gerimli ykdysady taslamalaryň amala aşyrylmagyna işjeň gatnaşýar.

Şu maksatlar bilen, ýurdumyz hyzmatdaşlary bilen bilelikde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan halkara taslamalaryny durmuşa geçirýär. Şolaryň hatarynda Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisi, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan ugry boýunça ýokary woltly elektrik geçiriji ulgamy hem-de optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamy möhüm orun eýeleýär.

Şeýle hem Owganystanyň çäginde demir ýollarynyň gurluşygy dowam edýär, bu bolsa dostlukly döwleti Türkmenistanyň üsti bilen Ýewraziýa yklymynyň geoykdysady giňişligi bilen birleşdirmäge mümkinçilik berer.

Şeýlelikde, biziň ýurdumyz goňşy Owganystandaky ýagdaýy durnuklaşdyrmaga, onuň dünýä hojalyk gatnaşyklaryna goşulmagyna ymtylýar, bu bolsa degişli ugurda geçirilýän işe yzygiderli häsiýeti çaýmaga mümkinçilik berýär diýip, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow onuň sebitde parahatçylygy, howpsuzlygy berkitmäge, durnukly ösüşi üpjün etmäge ýardam edýändigini belleýär.

Hyrat welaýatynyň Turgundy şäherçesinde geçirilen dabarada çykyş edenleriň belleýşi ýaly, Türkmenistan Owganystanyň durmuş-ykdysady taýdan ösmegine, bu ýerde parahatçylygyň we durnuklylygyň berkarar bolmagyna uly goşant goşýar.

Dostlukly ýurduň wekilleri ynsanperwer kömek hökmünde gelip gowşan kuwwatly transformatoryň owgan halkyna ajaýyp sowgat bolandygyny bellediler hem-de Türkmenistanyň Prezidentine we halkyna Owganystanda asuda durmuşy berkarar etmek babatda berilýän yzygiderli goldaw üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.

Şeýle hem bu ýerde sadaka berlip, oňa gatnaşanlar owgan halkyna doganlyk kömegini yzygiderli berýän milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başynyň dik bolmagyny, Türkmenistanyň mundan beýläk-de gülläp ösmegini Beýik Biribardan dilediler.

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter