Birža täzelikleri | TDH
Ykdysadyýet

Birža täzelikleri

опубликованно 21.12.2019 // 271 - просмотров
 

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 43-si hasaba alyndy.

Daşary ýurt puluna Owganystandan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen uçar kerosinini satyn aldylar. Gyýanlynyň polimer zawodynda öndürilen ýokary dykyzlykdaky polietilen we polipropilen, «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň önümi bolan karbamid Russiýadan we Beýik Britaniýadan hem-de beýleki ýurtlardan gelen işewürleriň geleşikleriniň esasyny düzdi.

Bulardan başga-da, Hytaýdan, ABŞ-dan, Beýik Britaniýadan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Türkiýeden, Pakistandan, Gruziýadan, Gyrgyzystandan gelen telekeçiler daşary ýurt puluna nah ýüplügi, buýan köküniň gury ekstraktyny, bejeriş-kosmetiki serişdeleriniň giň görnüşini satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 41 million 574 müň dollaryndan gowrak boldy.

Manat serişdelerine Russiýanyň, Beýik Britaniýanyň, Kanadanyň, BAE-niň, Gazagystanyň işewür toparlarynyň wekilleri jemi bahasy 9 million 400 müň manatlykdan gowrak nah ýüplügi, lukmançylyk serişdelerini satyn aldylar.

Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin jemi bahasy 3 million 445 müň manatlykdan gowrak pagta süýümini we übtügini satyn aldylar.

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter