Birža täzelikleri | TDH
Ykdysadyýet

Birža täzelikleri

опубликованно 12.01.2020 // 235 - просмотров
 

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 29-sy hasaba alyndy.

Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirliklerinden gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen yşyklandyryş kerosinini we tehniki kükürdi («Türkmengaz» DK), Russiýanyň işewür toparlarynyň wekilleri Gyýanlynyň polimer zawodynyň ýokary dykyzlykdaky polietilenini satyn aldylar. Bulardan başga-da, daşary ýurt walýutasyna buýan köküniň gury ergini, pagta-süýümi we ulýuk ýerlenildi. Satyn alan ýurtlara: BAE, Türkiýe, Serbiýa degişlidir. Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 10 million 433 müň dollaryndan gowrak boldy.

Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin jemi bahasy 29 million manatlyk ýokary dykyzlykdaky polietileni satyn aldylar.

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter