Birža täzelikleri | TDH
Ykdysadyýet

Birža täzelikleri

опубликованно 18.01.2020 // 157 - просмотров
 

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 30-sy hasaba alyndy.

Daşary ýurt puluna Şweýsariýa Konfederasiýasyndan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Singapurdan, Owganystan Yslam Respublikasyndan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky Nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen gidro usulda arassalanan dizel ýangyjyny we uçar kerosinini satyn aldylar. Gyýanlynyň polimer zawodynda öndürilen ýokary dykyzlykdaky polietilen Russiýa Federasiýasynyň işewürleriniň geleşikleriniň esasyny düzdi.

Bulardan başga-da, Russiýa Federasiýasyndan, Türkiýe Respublikasyndan, Gazagystan Respublikasyndan gelen telekeçiler daşary ýurt puluna tikinçilik we örme önümleriniň giň görnüşini, gazbeton bloguny, nah ýüplügi, pagta süýümini satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 76 million 509 müň dollaryndan gowrak boldy.

Manat serişdelerine Beýik Britaniýanyň, Kanadanyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýe Respublikasynyň işewür toparlarynyň wekilleri jemi bahasy 3 million 722 müň manatlykdan gowrak nah ýüplügi satyn aldylar.

Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin jemi bahasy 636 müň manatlyk pagta süýümini satyn aldylar.

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter