Iýmit önümlerini seljermek boýunça Türkmenistanyň barlaghanalarynyň ygtybarly işleri halkara derejesinde ykrar edildi | TDH
Jemgyýet

Iýmit önümlerini seljermek boýunça Türkmenistanyň barlaghanalarynyň ygtybarly işleri halkara derejesinde ykrar edildi

опубликованно 27.01.2020 // 206 - просмотров
 

Indi üç ýyldan gowrak wagt bäri Aşgabatda Jemgyýetçilik saglygy we iýmit merkezi hereket edýär. Onuň açylyş dabarasyna hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy. Milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda Türkmenistanda ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynda toplumlaýyn özgertmeler üstünlikli amala aşyryldy.

Döwlet arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň Jemgyýetçilik saglygy we iýmit merkezi innowasion kärhana bolup, onuň işi durmuş hem-de biologik şertleriniň ilatyň saglygyna täsir etmegi, umuman, ekologiýa taýdan arassa azyk tehnologiýalaryny we sagdyn iýmitlenmek kadalaryny işläp taýýarlamagy babatda ylmy-barlaglary geçirmäge gönükdirilendir.

Bu saglygy goraýyş edarasy döwrebap barlaghana hem-de lukmançylyk enjamlary bilen üpjün edildi, munuň özi onuň işinde milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň amaly we ylmy-barlag hem-de tejribe-önümçilik wezipelerini çözmekde alym lukmanlaryň öňünde goýan wezipeleri öňdebaryjy usullary peýdalanmaga mümkinçilik berýär.

Umumy meýdany 18 müň inedördül metr bolan 4 gatly binada aýratyn howply ýokanç keselleriniň ýaýramagyna garşy göreşmek, azyk önümlerini we olary gaplamak üçin serişdeleriň döwlet hasaba alyş, bazarlara gözegçilik barlaghanasy, ýöriteleşdirilen azyk barlaghanalary, daşky gurşaw, zähmet, jemagat we radiasion gigiýenasy, toksikologiýa, bakteriologiýa, wirusologiýa, parazitologiýa, epidemiologiýa hem-de immuno biologik serişdeleriniň merkezi ammary bolan immunologiýa bölümleri bar.

Bu ýerde maglumatlary seljermek hem-de ylmy-önümçilik bölümleri-de göz öňünde tutuldy. Munuň özi ýurdumyzyň barlaghanalaryny öz içine alýan umumy barlaghana ulgamyny kämilleşdirmäge mümkinçilik berýär. Merkeziň hünärmenleri azyk önümleriniň hili hem-de howpsuzlygy, ekologiýa-biologiýa gurşawy, azyk önümleri we suw bilen bagly bolan keselleriň öňüni almak babatda barlaglary geçirýärler, şeýle hem ýokanç keselleriň çeşmelerini kesgitlemek üçin wiruslary, bakteriýalary hem-de parazitleri öwrenýän ylymlaryň belli bir ugurlary boýunça işleri amala aşyrýarlar.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, bu edaranyň işe girizilmegi bilen döwrebap we ylmy-tehniki çemeleşmeler arkaly «Türkmenistanda ýokanç däl keselleriň öňüni almak we olara garşy göreşmek boýunça Aşgabat Jarnamasynda kesgitlenen wezipeleri 2014 —2020-nji ýyllarda ýerine ýetirmegiň milli maksatnamasyny» hem-de «Türkmenistanda 2003 — 2020-nji ýyllar üçin immun-öňüni alyş milli maksatnamasyny» ýokary guramaçylykly amala aşyrmak üçin uly mümkinçilikler açyldy.

Wiruslary öwreniş bölüminde oturdylan innowasion barlaghana enjamlary referens barlaghanasy bilen bilelikde gysga wagtyň içinde wiruslary anyklamaga mümkinçilik berýär, şeýle hem bu ýerde wiruslary howpsuz saklamak üçin awtomatlaşdyrylan ulgamly biobank döredildi.

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy tarapyndan 2019-njy ýylyň sentýabr aýynda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik saglygy we iýmit merkeziniň barlaghanasyna Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň dümew boýunça Milli merkeziniň we şol bir wagtyň özünde dümewiň öňüni almaga gözegçilik we jogap çärelerini kabul etmek boýunça Ählumumy ulgamyň agzasy derejeleri berildi.

Munuň özi ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň ýeten derejesiniň nobatdaky subutnamasydyr. Bu düzümiň ösdürilmegine hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow möhüm ähmiýet berýär. Bu bolsa ýurdumyzyň lukmançylyk düzümine döwlet tarapyndan ägirt uly serişdeleriň gönükdirilýändiginiň, pudagyň täze tehnologiýalar bilen üpjün edilýändiginiň, şeýle hem bu pudakda BMG-niň ýöriteleşdirilen düzümleri, şol sanda Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy bilen hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmegine goldaw berilýändiginiň aýdyň nyşanydyr.

Mälim bolşy ýaly, Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy ýurdumyzda ýokanç wiruslaryň käbiriniň ýokdugyny ykrar etdi. Ynha, eýýäm ençeme ýyl bäri ýurdumyzda gyzamyk we garamyk keselleriniň hasaba alnan ýagdaýlary bolmady. Bularyň hemmesi-saglygy goraýyş ulgamynda milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda yzygiderli geçirilýän işleriň netijesidir.

Soňky döwürde daşary ýurtlarda dümewiň wiruslary özgerýär, keseli döredijileriň täze görnüşleri peýda bolýar, olaryň tiz ýaýramak howpy emele gelýär. Aşgabatdaky Jemgyýetçilik saglygy we iýmit merkeziniň barlaghanasy bolsa ştammlary ýokary derejede kesgitlemek mümkinçiliklerine eýedir.

Şeýlelikde, ol dümew boýunça Milli merkez derejesine mynasyp boldy. Munuň özi Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy tarapyndan resmi taýdan ykrar edilýändiginiň we oňa Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň esasy maksatnamasy bolan dümewiň öňüni almak we jogap çärelerini kabul etmek boýunça Ählumumy ulgama gatnaşmaga hukuk berilýändiginiň nobatdaky subutnamasydyr.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Jemgyýetçilik saglygy we iýmit merkezi ýurdumyzda Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň ulgamlaýyn çäreleri halkara standartlaryna laýyk derejede ýokary hilli geçirýändigini alamatlandyrýar.

Munuň üçin Merkezde biologiýa howpsuzlyk barlaghanasy hereket edýär. Ol biologiki howpsuzlygyň 3-nji derejesiniň mikroorganizmler tarapyndan döredilen keselleriň öňüni almak, Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň tekliplerine hem-de talaplaryna laýyklykda, azyk önümleriniň howpsuzlygyny we hilini üpjün etmek maksady bilen, et we süýt önümleriniň nusgalarynyň, howanyň, topragyň hem-de adam bedenindäki suwuklyklaryň barlaglaryny geçirmäge niýetlenendir.

Mundan başga-da, merkeziň barlaghanalarynda agyr metallarda duzuň, izotoplaryň we beýleki toksiki maddalaryň, sarp ediş harytlaryň düzüminde zyýanly birleşmeleriň bardygyny anyklamaga mümkinçilik berýän enjamlaryň kömegi arkaly gigiýena we kosmetika, durmuş-hojalyk we polimer serişdeleriniň barlaglary amala aşyrylýar.

Iýmit önümlerine molekulýar-genetik we immunoferment usullar arkaly barlag geçirýän bölüm hem bar. Şeýlelikde, iýmit önümlerinde gormonlaryň sany, genetik modefisirlenen çeşmeleriň bardygy kesgitlenýär. Umuman, hil barlagy onlarça nusga esasynda amala aşyrylýar.

Iýmit önümleriniň şu barlaglary ozal alty sagadyň dowamynda ýerine ýetirilýän bolsa, indi täze tehnologiýalaryň kömegi bilen ol bir sagatda amala aşyrylýar. Germaniýanyň degişli barlaghanalarynda taýýarlyk geçen hünärmenler iň täze maglumatlaryň hem-de maksatnamalaryň esasynda alnan maglumatlary seljerýärler.

Ýakynda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Döwlet arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň Jemgyýetçilik saglygy we iýmit merkezine iýmit önümleriniň barlagy bölüminiň düzümine girýän iýmit önümleriniň barlaghana-gural usullary arkaly barlagy, iýmit önümleriniň baktereologiýa barlagy we iýmit önümleriniň molekulýar-genetiki we immunoferment usullary arkaly barlagy bölümçeleriniň barlaghanalarynda geçirilýän barlag işleriniň netijesinde halkara akkreditasiýa şahadatnamasy gowşuryldy.

Bu resminama akkreditasiýa boýunça Ýewropa hyzmatdaşlygynyň agzasy bolan «Latwiýanyň milli akkreditasiýa býurosy» (LATAK) döwlet agentligi tarapyndan berildi. Munuň özi Jemgyýetçilik saglygy we iýmit merkeziniň iýmit barlaghanalarynyň ISO/IEС 17025:2017 «Synag we deňeşdirme barlaghanalaryň başarnygyna bildirilýän umumy talaplar» halkara standartyna laýyk gelýändiginiň nobatdaky subutnamasydyr.

Jemgyýetçilik saglygy we iýmit merkeziniň iýmit önümlerine barlaglar boýunça barlaghanasyny akkreditasiýa etmek işi Ýewropa Bileleşiginiň Wekilhanasy bilen bilelikde Türkmenistanda «Oba hojalygynyň we oba ýerleriň durnukly ösüşine goldaw» (SARD III) taslamasynyň çäklerinde geçirildi.

2019-njy ýylyň dowamynda merkeziň ukyplylyk boýunça abraýly halkara ulgamlarynyň biri bolan Beýik Britaniýanyň «FAPAS» guramasy tarapyndan gurnalan halkara barlaghanalaryň arasynda deňeşdirme synaglaryň tapgyryna degişli barlaghanalary gatnaşdy.

Geçen ýylyň noýabr aýynda iýmit önümleriniň düzüminde garly hromatografiýa, ion selektiw, atom-absiona, spektrometriýa, polimeraz zynjyrly reaksiýa we bakteriologiýa barlag usullary arkaly agyr metallaryň duzlaryna, nitratlara, pestisidlere, genetiki modifisirlenen organizmlere, umumy mikrob sanyna, içege taýajyklaryna, salmonellalara, stafilokoklara we hamyr maýalara, heň kömeleklerine geçirilýän barlag işlerini geçirmek maksady bilen, merkeziň bölümlerine LATAK agentliginiň bilermenler topary geldi.

Takyk geçirilen auditiň netijeleri boýunça üç barlaghananyň ählisine halkara standartlara laýyk gelýändigi babatynda oňat baha berildi, munuň özi ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň ýokary derejä çykandygynyň hem-de milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň bu ulgamda geçirýän özgertmeleriniň oňyn netije berýändigine şaýatlyk edýär.

Iýmit barlaghanalarynyň akkreditasiýalaşdyrylmagy — bu alnyp barylýan wezipeleriň halkara derejede ykrar edilmegidir we geljekde iýmit önümleriniň hiline we howpsuzlygyna döwlet gözegçiliginiň, şol sanda barlaghana barlaglarynyň halkara standartyna laýyklykda alnyp barylmagyna ýardam eder, söwda-ykdysady ugurlary boýunça halkara hyzmatdaşlygynyň çäginde iýmit önümleri babatynda eksport we import gatnaşyklarynda ýokary hilli hyzmatlarynyň kepillendirilmegine mümkinçilik berer.

Ýeri gelende aýtsak, 2018-nji ýylda Merkezi Aziýa we Kawkaz ýurtlary hem-de degişli halkara guramalar tarapyndan Iýmit çygrynda mümkinçilikleri we hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça Sebitleýin platforma esaslandyrylyp, Türkmenistanyň 2021 — 2022-nji ýyllar aralygynda bu Sebitleýin platformanyň sekretariatyna başlyklyk etmegi we sekretariatyň Jemgyýetçilik saglygy we iýmit merkezinde ýerleşdirilmegi boýunça ylalaşyk gazanylandygyny bellemeli.

2018 — 2019-njy ýyllarda ýurdumyzda ilkinji gezek Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň Ýewropa sebitleýin býurosynyň ýardam bermeginde (FEEDCities) taslamasynyň çäklerinde iýmit önümleriniň düzüminde transýaglary we duzlary anyklamak boýunça ilkinji gezek barlaghana barlaglary amala aşyryldy we Jemgyýetçilik saglygy we iýmit merkeziniň BSGG-niň hyzmatdaşlyk merkezi derejesi babatynda ýerine ýetirilmeli işleriň iş resminamalary taýýarlanylýar we degişli işleri alnyp barylýar.

Şeýle sertifikat — «Latwiýanyň milli akkreditasiýa býurosy» döwlet agentligi tarapyndan ýurdumyzda ilkinji gezek «Hil standart» hojalyk jemgyýetiniň hususy mikrobiologiýa barlaghanasyna hem berildi. Häzirki döwürde bu barlaghana milli Liderimiziň ýurdumyzyň halkara bazarlarda bäsdeşlige ukyply harytlarynyň möçberlerini mundan beýläk-de artdyrmak boýunça öňde goýan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmegi esasy ugur edinýär. Bu ýerde bir ýylyň dowamynda et-ýag, süýt, delikates, et, balyk, çörek önümleri, gök we miwe, konditer hem-de beýlekiler ýaly 11 ugur boýunça bir ýarym million barlaglary geçirmek bolýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, ýokary halkara ülňülerine we hiline laýyk gelýän eksport ugurly harytlaryň möçberlerini artdyrmak ýurdumyzyň ählumumy ykdysady ulgama goşulmagynyň çäklerindäki wajyp wezipedir.

Şunuň bilen baglylykda, iýmit önümlerine barlaglar boýunça ýurdumyzyň barlaghanalaryna akkreditasiýa şahadatnamalarynyň berilmegi «Türkmenistanda öndürildi» nyşanly önümleriň halkara bazarlara işjeň ugradylmagyny, halkyň saglygynyň we durmuş derejesiniň ýokarlanmagynyň üpjün edilmegini şertlendirer.

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter