Birža täzelikleri | TDH
Ykdysadyýet

Birža täzelikleri

 

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 40-sy hasaba alyndy.

Daşary ýurt puluna Russiýadan «Türkmengaz» döwlet konserninde öndürilen ýokary dykyzlykdaky polietileni, Türkiýäniň we Özbegistanyň işewür toparlarynyň wekilleri bolsa nah ýüplügi we reňksiz aýnany satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 1 million 220 müň dollaryndan gowrak boldy.

Manat serişdelerine Birleşen Arap Emirliklerinden, Türkiýeden, Gazagystandan we Pakistandan gelen işewürler jemi bahasy 12 million manatlyga golaý nah ýüplügi satyn aldylar.

Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin «Türkmengaz» döwlet konserninde öndürilen, jemi bahasy 12 million 490 müň manatlykdan gowrak ýokary dykyzlykdaky polietileni we pagta süýümini satyn aldylar.

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter