Türkmenistanda Somali Federatiw Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady | TDH
Syýasat habarlary

Türkmenistanda Somali Federatiw Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady

опубликованно 17.02.2020 // 174 - просмотров
 

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrmagy boýunça Mejlisiň Başlygy G.Mämmedowa Somali Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Jama Abdullahi Mohamedden ynanç hatyny kabul etdi.

Milli parlamentiň ýolbaşçysy ilçini döwlet Baştutanymyzyň adyndan jogapkärli diplomatik wezipä bellenilmegi bilen gutlap, iki ýurduň arasynda dostlukly gatnaşyklary we özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek işinde üstünlikleri arzuw etdi.

Jenap Jama Abdullahi Mohamedi mähirli kabul edilendigi üçin hoşallyk bildirip, Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanda — parahat söýüjilikli syýasaty hem-de oňyn başlangyçlary bilen ägirt uly halkara abraýyna eýe bolan döwletde Somaliniň doly ygtyýarly wekili wezipesinde işlemegiň özi üçin uly mertebedigini belledi.

Söhbetdeşligiň dowamynda ilçä Türkmenistanyň durmuş ugurly içeri hem-de daşary syýasatynyň esasy we ileri tutulýan ugurlary barada habar berildi, şunda dünýäniň gyzyklanma bildirýän ähli döwletleri bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygyň hemmetaraplaýyn ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berilýär.

Şeýle hem Somaliniň doly ygtyýarly wekili türkmen parlamentiniň düzümi we köptaraplaýyn işi bilen tanyşdyryldy.

Diplomat ikitaraplaýyn söwda, işewürlik we medeni-ynsanperwer, şol sanda syýahatçylyk hem-de sport ulgamynda gatnaşyklaryň hemmetaraplaýyn ösdürilmegine öz wekilçilik edýän ýurdunyň uly gyzyklanma bildirýändigini belledi. Parlamentara derejede gatnaşyklaryň möhümdigi bellenildi.

***

Şu gün Somali Federatiw Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Daşary işler ministrliginde hem kabul edildi. Duşuşykda döwletara gatnaşyklary ösdürmegiň geljegi barada pikir alşyldy.

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter