Parahatçylyk döredijilik Bitarap Türkmenistanyň syýasatynyň esasydyr | TDH
Syýasat habarlary

Parahatçylyk döredijilik Bitarap Türkmenistanyň syýasatynyň esasydyr

опубликованно 18.02.2020 // 241 - просмотров
 

Şu gün Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň gününe gabatlanylan hem-de «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» diýlip yglan edilen şu ýylda bellenilýän ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna bagyşlanan «Bitaraplyk syýasaty we parahatçylyk medeniýeti» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi.

Foruma Türkmenistanyň diplomatik düzüminiň, ýurdumyzda işleýän diplomatik wekilhanalaryň we halkara guramalaryň, ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlar düzüminiň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri hem-de talyp ýaşlar gatnaşdylar.

Ýygnananlar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň foruma gatnaşyjylara iberen Gutlagyny uly üns bilen diňlediler. Milli Liderimiziň Gutlagynda ýurdumyzyň parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmek boýunça bilelikdäki tagallalara özüniň saldamly goşandyny goşmak bilen, Birleşen Milletler Guramasynyň derejesinde seretmek üçin birnäçe teklipleri hem öňe sürendigi nygtalýar.

BMG-niň Baş Assambleýasynyň 12-nji dekabry Halkara Bitaraplyk güni diýip yglan etmek hakyndaky Kararnamasynyň biragyzdan kabul edilmegi ýurdumyzyň durmuşa geçirýän oýlanyşykly daşary syýasatynyň ählumumy ykrar edilmeginiň aýdyň subutnamasydyr.

Maslahatyň barşynda çykyş edenler şu ýylyň başynda geçirilen «Türkmenistan we halkara guramalary: parahatçylygyň we ösüşiň hatyrasyna hyzmatdaşlyk» atly halkara maslahata gatnaşyjylaryň BMG-niň Baş sekretaryna iberen Ýüzlenmesini özüniň 74-nji sessiýasynyň resminamasy hökmünde kabul etmeginiň, şeýle hem Baş Assambleýasynyň nobatdaky mejlisinde parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmekde bitaraplyk ýörelgelerini ulanmagyň kadalarynyň toplumyny taýýarlamak barada beýan edilen başlangyjyň aýratyn ähmiýetini nygtadylar.

Bellenilişi ýaly, bitaraplygyň dostlarynyň Toparyny döretmek boýunça bilelikdäki işiň netijeli häsiýete eýe bolmagy häzirki zamanyň howplaryna we wehimlerine garşy göreşmekde hem-de olaryň öňüni almakda bar bolan syýasy-diplomatik serişdeleri utgaşykly we toplumlaýyn peýdalanmagyň ýollaryny kesgitlemek üçin giň mümkinçilikleri açýar.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda «Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň 2017 — 2023-nji ýyllar üçin Konsepsiýasy» işlenip taýýarlanyldy we üstünlikli durmuşa geçirilýär. Bu resminama özygtyýarly döwletimiziň dünýä giňişligindäki abraýyny artdyrmaga, halkara gatnaşyklary ösdürmäge gönükdirilendir.

Biziň ýurdumyz daşary ýurtly hyzmatdaşlary bilen bilelikde energetika, ulag we aragatnaşyk, suw-ekologiýa howpsuzlygy, ýokary tehnologiýalar, «ýaşyl» ykdysadyýet, medeniýet, ylym hem-de bilim ulgamlarynda iri halkara taslamalary işjeň durmuşa geçirýär.

Foruma gatnaşyjylaryň çykyşlarynda Türkmenistanyň Bitaraplygynyň sebit howpsuzlygynyň möhüm şerti bolup durýandygy nygtaldy.

Bitaraplygyň esasy ýörelgeleri BMG-niň Merkezi Aziýadaky strategik wezipelerine doly gabat gelýär. Şol wezipeler bolsa sebiti parahatçylyk we hyzmatdaşlyk zolagyna öwürmäge gönükdirilendir. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ählumumy ekologiýa we energetika howpsuzlygyny üpjün etmek, yklymara ulag geçelgelerini döretmek, Owganystandaky ýagdaýy parahatçylykly ýol arkaly kadalaşdyrmak hem-de möhüm halkara-hukuk gurallaryny işläp taýýarlamak baradaky başlangyçlary dünýä bileleşiginiň giň seslenmesine we ykrarnamasyna eýe bolýar.

Halkara guramalarda we daşary ýurtlarda Diýarymyzyň bähbitlerine wekilçilik edýän Türkmenistanyň diplomatik düzümi sebit we ählumumy möçberdäki wajyp meseleleri çözmekde taýsyz tagallalary edýän milli Liderimiziň başlangyçlaryny hem-de taslamalaryny üstünlikli durmuşa geçirmegi esasy wezipeleriň hatarynda goýýar.

Dabaraly çäräniň çäklerinde diplomatik gullugyň ýaş işgärlerine hem-de Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyplaryna döwletimiziň daşary syýasy strategiýasyny durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşýandygy üçin degişli diplomlar gowşuryldy.

Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Ýüzlenme kabul edip, milli Liderimize ýurdumyzyň diplomatik gullugyny kämilleşdirmek meselelerine uly üns berýändigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler hem-de türkmen diplomatlarynyň halkara giňişliginde Watanymyzyň bähbitlerini ygtybarly goramak üçin mundan beýläk-de ähli tagallalary etjekdiklerine ynandyrdylar.

Maslahatyň çäklerinde Halkara gatnaşyklary institutynyň binasynda Daşary işler ministrliginiň daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalary bilen bilelikde guran sergisi ýaýbaňlandyryldy.

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter