Türkmenistanyň Prezidenti sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi | TDH
Syýasat habarlary

Türkmenistanyň Prezidenti sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi

опубликованно 24.02.2020 // 478 - просмотров
 

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onuň gün tertibine ýurdumyzyň sebitlerini durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek wezipeleri, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýerine ýetirilişi hem-de öňde boljak şanly seneler mynasybetli meýilleşdirilen köpçülikleýin çäreleri guramaçylykly geçirmek bilen baglanyşykly meseleler girizildi.

Döwlet Baştutanymyz iş maslahatyny açyp, ilki bilen, göni wideoaragatnaşyga Aşgabat şäheriniň häkimi Ý.Gylyjowy çagyrdy. Häkim paýtagtymyzy abadanlaşdyrmak, şäher ilaty üçin amatly şertleri üpjün etmek, şäherde sagdyn ekologiýa ýagdaýyny kemala getirmek boýunça milli Liderimiziň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Aşgabatda gurluşygy alnyp barylýan desgalardaky işleriň ýagdaýy, onuň durmuş düzümini mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmak boýunça amala aşyrylýan toplumlaýyn çäreler barada-da habar berildi.

Şeýle hem häkim jemagat hojalygy gulluklarynyň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmaga, Watanymyzyň Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygy mynasybetli paýtagtymyzyň ähli etraplarynda baýramçylyk dabaralarynyň maksatnamasynda göz öňünde tutulan çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmäge gönükdirilen işler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şäheriň ähli künjeklerinde medeni, durmuş we ekologiýa gurşawyny döretmek boýunça öňde durýan wezipelere ünsi çekip, Aşgabadyň etraplarynyň häkimleriniň degişli çäkleriň ösdürilişine, şäher ilatynyň abadan durmuşy, döredijilikli zähmet çekmegi hem-de dynç almagy üçin amatly şertleri üpjün etmäge gönükdirilen çäreleriň amala aşyrylyşyna berk gözegçiligi ýola goýmalydyklaryny belledi. Milli Liderimiz tomus möwsüminiň ýakynlap gelýändigini belläp, seýilgähleriň we dynç alyş zolaklarynyň çäklerini tertibe getirmek, dürli gülleri ekmek hem-de binalaryň daşky bezeg işlerini geçirmek babatda anyk tabşyryklary berdi.

Döwlet Baştutanymyz öňde boljak Halkara zenanlar güni mynasybetli çärelere taýýarlyk görmek işlerine şäher gulluklaryny has işjeň çekmegi tabşyrdy. Şeýle hem milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow eziz Diýarymyzyň hemişelik Bitaraplygynyň şöhratly 25 ýyllyk baýramy mynasybetli dabaralara hemmetaraplaýyn taýýarlyk görmegiň möhümdigini aýdyp, bu babatda şäheriň häkimine birnäçe anyk görkezmeleri berdi.

Soňra Ahal welaýatynyň häkimi Ý.Gurbanow sebitde, şol sanda welaýatyň oba hojalygynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi. Hasabatyň çäklerinde bugdaýy mineral dökünler bilen iýmitlendirmek hem-de ösüş suwuny tutmak, ýazlyk ýeralma we sogan ekişini tamamlamak, köpçülikleýin bag ekmek çäresine ýokary derejede taýýarlyk görmek hem-de bag ekiljek ýerleri we zerur nahallary häzirden doly taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işler barada habar berildi.

Şeýle hem maldarçylyk hojalyklarynda dowarlardan owlak-guzy we düýelerden köşek almak möwsümini guramaçylykly geçirmek hem-de maldarlara bu babatda ähli zerur şertleri döretmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berildi.

Mundan başga-da, häkim gowaça ekişini bellenilen möhletinde we ýokary hilli geçirmek, oba hojalyk tehnikalaryny ýaz möwsümine taýýarlamak boýunça ýaýbaňlandyrylan işler barada habar berdi. Şeýle hem häkim öňde boljak şanly seneler mynasybetli meýilleşdirilen çäreler barada aýtdy.

Milli Liderimiz ak ekinleri goşmaça iýmitlendirmek, gowaça ekişine ykjam taýýarlyk görmek, ýeralmany öz wagtynda ekmek meseleleriniň wajypdygyny belläp, amatly howa şertlerinden netijeli peýdalanyp, bu işleriň depginini ýokarlandyrmagy talap etdi.

Hormatly Prezidentimiz köpçülikleýin bag nahallaryny ekmek çäresiniň ähmiýetini belläp, bu işleriň ýerli toprak-howa aýratynlyklaryny nazara alyp, şeýle hem ykdysady bähbitlerden ugur alyp, toplumlaýyn we ylmy esasda geçirilmeginiň zerurdygyny aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, derýalaryň kenarlaryna tut agaçlaryny ekmek babatda tabşyryk berildi.

Pile öndürmek boýunça borçnamalary ýerine ýetirmegiň wajypdygyna üns berildi. Milli Liderimiz meýdan işleri bilen bir hatarda, welaýatyň maldarçylyk hojalyklarynda owlak-guzy we köşek almak möwsümini guramaçylykly geçirmek, mallaryň baş sanyny artdyrmak, ýaş mallar üçin zerur şertleri üpjün etmek boýunça ähli tagallalaryň edilmelidigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz maldarçylyk hojalyklaryna toplumlaýyn goldaw bermegi talap etdi.

Halkara zenanlar güni mynasybetli meýilleşdirilen çäreleriň guramaçylyk derejesi babatda degişli tabşyryklar berildi. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow baýramçylyk çärelerini ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmegi tabşyrdy.

Soňra Balkan welaýatynyň häkimi T.Atahallyýew sebitde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, oba hojalyk ekinleriniň ekişine taýýarlyk görmek boýunça ýaýbaňlandyrylan çäreler barada hasabat berdi.

Şeýle hem oba hojalyk tehnikalaryny taýýarlamak işleri, döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi, Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, ýaşaýyş jaýlarynyň we beýleki maksatly desgalaryň gurluşygy barada habar berildi. «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda tomusky möwsüme taýýarlyk görmek boýunça geçirilýän işler barada hem habar berildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ak ekinlere degişli ideg işleriniň zerurdygyny, ösüş suwuny we goşmaça iýmitlendirmek işlerini agrotehniki kadalara laýyk geçirmegiň hasabyna hasyllylygy ýokarlandyrmagyň wajypdygyny belledi.

Milli Liderimiz ýaz-meýdan işleri barada aýdyp, ýerleriň ekiş möwsümine ýokary hilli taýýarlanylmagynyň anyk netijeleri gazanmakda möhüm ähmiýetiniň bardygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz gowaça ekişini öz wagtynda geçirmek meselesine örän jogapkärçilikli hem-de toplumlaýyn esasda çemeleşilmeginiň möhüm talapdygyny aýdyp, bu babatda häkime birnäçe görkezmeleri berdi.

Sebitde oba hojalyk tehnikalarynyň we gurallarynyň ekiş möwsümine ýokary taýýarlyk derejesiniň üpjün edilmelidigi babatda aýratyn tabşyryk berildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow häkime welaýatda ýeralmanyň we beýleki oba hojalyk ekinleriniň ekişini öz wagtynda tamamlamak meselesini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Milli Liderimiz welaýatyň dowardarçylyk we düýedarçylyk hojalyklarynda ýazky möwsümiň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmelidigini, şu döwürde maldarlaryň öndürijilikli zähmet çekmegi üçin ähli zerur şertleriň döredilmelidigini belledi.

Döwlet Baştutanymyz pile öndürmek boýunça meýilnamanyň abraý bilen ýerine ýetirilmegini gazanmak üçin zerur gurçuk tohumlaryny taýýarlap, ýüpekçiler bilen şertnamalaryň baglaşylmagyny üns merkezinde saklamagyň wajypdygyny aýtdy. Hormatly Prezidentimiz häkime öňde boljak köpçülikleýin bag ekmek çäresi bilen baglanyşykly degişli tabşyryklary berdi.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz welaýatyň çäginde gurluşygy alnyp barylýan desgalaryň bellenilen möhletinde ulanylmaga berilmeginiň möhümdigine ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz «Altyn asyr» Türkmen kölüniň çäginde täze obanyň gurluşygynda alnyp barylýan işleri yzygiderli gözegçilikde saklamak babatda häkime görkezme berdi.

«Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky ähli desgalaryň we düzümleýin ulgamlaryň taýýarlyk derejesini öz wagtynda üpjün etmek, şolaryň dynç almaga gelýänleri kabul etmegi üçin zerur çäreleri görmek boýunça anyk tabşyryklar berildi.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz Watanymyzyň Bitaraplygynyň 25 ýyllyk baýramy mynasybetli dabaralary hem-de bu şanly senä gabatlanyp guralýan çäreleri ýokary derejede geçirmek boýunça tabşyryklary berdi.

Şunuň bilen birlikde, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow welaýatda ajaýyp bahar baýramyny — 8-nji marty ýokary derejede bellemegi tabşyrdy.

Soňra Daşoguz welaýatynyň häkimi N.Nazarmyradow sebitde alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri, ekiş möwsümine görülýän taýýarlyk, şeýle hem döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz welaýatyň toprak-howa şertleriniň aýratynlyklaryny nazara alyp, ekerançylygyň medeniýetini ýokarlandyrmak boýunça häkime birnäçe anyk görkezmeleri berdi. Milli Liderimiz ýerlerde ak ekinlere ideg etmek boýunça möwsümleýin çäreleri agrotehniki möhlete laýyk we ýokary hil derejesinde geçirmegi, gowaça ekişine oba hojalyk tehnikalaryny, ýerleri we suwaryş ulgamlaryny ýokary derejede taýýarlamagy häkimden talap etdi. Şunuň bilen birlikde, ýeralmanyň we beýleki ekinleriň ekişini doly tamamlamak tabşyryldy.

Mälim bolşy ýaly, mart aýynyň ortalarynda daýhanlar üçin möhüm möwsüm bolan gowaça ekişi başlanýar diýip, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi. Hormatly Prezidentimiz bu ugurda alnyp barylýan işleriň agrotehniki kadalara doly laýyk gelmelidigini belledi.

Milli Liderimiz ýaz aýlarynda köpçülikleýin bag nahallaryny ekmegiň peýdaly hem-de asylly işdigini belläp, bag nahallaryny we ýerleri öz wagtynda taýýarlamagy tabşyrdy.

Mundan başga-da, hormatly Prezidentimiz owlak-guzy we köşek almak möwsümine girişýän maldarlara hemmetaraplaýyn goldaw berilmelidigini aýdyp, bu babatda häkime anyk görkezmeleri berdi. Şeýle hem pile öndürmek boýunça öňde durýan wezipeler babatda birnäçe tabşyryklar berildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sebitde bina edilýän durmuş we beýleki maksatly desgalaryň öz wagtynda tabşyrylmalydygy we ýokary hilli gurulmalydygy barada aýdyp, bu babatda häkime anyk görkezmeleri berdi. Watanymyzyň Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllyk baýramynyň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek boýunça aýratyn görkezmeler berildi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz Halkara zenanlar güni mynasybetli guraljak dabaralary ýokary derejede geçirmek babatda häkime birnäçe tabşyryklary berdi.

Soňra Lebap welaýatynyň häkimi Ş.Amangeldiýew sebitde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, ekiş möwsüminiň öňüsyrasynda ýaýbaňlandyrylan taýýarlyk çäreleri barada hasabat berdi. Ak ekinlere mineral dökünler berilýär, ösüş suwy tutulýar, gowaça ekmek üçin niýetlenen ýerlerde taýýarlyk işleri dowam edýär.

Häkim ýurdumyzda giňden bellenilýän baýramçylyklar mynasybetli taýýarlanylan medeni maksatnama, köpçülikleýin bag nahallaryny ekmäge görülýän meýilnamalaýyn taýýarlyk işleri, şol sanda bag ekiljek ýerleri we nahallary taýýarlamak boýunça geçirilýän işler barada habar berdi.

Şeýle hem welaýatyň iri gurluşyk meýdançalarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy barada maglumat berildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, welaýatda oba hojalyk ekinleriniň ekişine taýýarlyk işleriniň agrotehniki kada laýyk derejede alnyp barylmalydygyna ünsi çekdi. Mart aýynyň ikinji ýarymynda başlanyljak gowaça ekişini guramaçylykly we öz wagtynda geçirmek üçin oňa gatnaşyjylar ähli zerur serişdeler bilen üpjün edilmelidir.

Ýerler we degişli oba hojalyk tehnikalarynyň taýýarlygy ýokary derejede bolmalydyr. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz ylmyň öňdebaryjy gazananlaryny we täzeçil usullary ornaşdyrmagyň hasabyna ýerleriň hasyllylygyny ýokarlandyrmagyň wajypdygyny belledi.

Döwlet Baştutanymyz bu baradaky gürrüňi dowam edip, kärendeçileriň suwaryş suwy, dökünler we ýokary hilli tohumlar bilen doly mukdarda üpjün edilmegine gözegçiligi ýola goýmak babatda häkime anyk tabşyryklary berdi. Ekerançy daýhanlaryň degişli işleri öz wagtynda ýerine ýetirmegi geljekki zähmet üstünliginiň özenidir. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz ýeralmanyň we soganyň ekişini öz möhletinde tamamlamagy tabşyrdy.

Milli Liderimiz şunuň bilen birlikde, ýerleri, bag nahallaryny irgözinden we kada laýyk derejede taýýarlamak, bu çäräni welaýatyň ilatynyň işjeň gatnaşmagynda guramaçylykly geçirmek boýunça birnäçe görkezmeleri berdi.

Döwlet Baştutanymyz welaýatyň maldarçylyk hojalyklarynda owlak-guzy möwsümini guramaçylykly geçirmegiň möhümdigini belläp, pudagyň ähli işgärleri üçin zerur şertleri döretmegi tabşyrdy.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow kärendeçileriň pile öndürmek boýunça şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirmekleri üçin ähli şertleri üpjün etmegi tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz welaýatda alnyp barylýan gurluşyk işlerini, şol sanda öňde boljak baýramçylyk dabaralary bilen baglylykda, atçylyk-sport toplumyny döwrebaplaşdyrmak işlerini hemişe gözegçilikde saklamagyň zerurdygyna häkimiň ünsüni çekdi. Berkarar Watanymyzyň Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygyna hem-de Halkara zenanlar gününe bagyşlanan baýramçylyk çäreleriniň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek boýunça häkime anyk tabşyryklar berildi.

Soňra sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilýän iş maslahatynda Mary welaýatynyň häkimi D.Annaberdiýew sebitiň ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi. Şu günler ak ekin meýdanlarynda maýsalary mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak hem-de ýaz ekişine taýýarlyk işleri batly depginde we agrotehniki kada laýyk ýagdaýda dowam edýär. Şunuň bilen birlikde, gowaça ekişinde ulanyljak oba hojalyk tehnikalary we gurallary taýýarlyk hataryna çykaryldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, bugdaýyň we gowaçanyň hasyllylygyny ýokarlandyrmak, suwarymly ekerançylygyň medeniýetini kämilleşdirmek hem-de suw üpjünçiligini gowulandyrmak wezipelerini Türkmenistanda ýaýbaňlandyrylan oba hojalyk özgertmeleriniň esasy ugurlary hökmünde kesgitledi.

Döwlet Baştutanymyz ak ekin meýdanlarynda alnyp barylýan agrotehniki işleri ünsden düşürmezlik barada häkime degişli görkezmeleri berdi. Bu işleriň toplumlaýyn we ýokary hilli geçirilmegi geljekki bol hasylyň özenidir.

Bu baradaky gürrüňi dowam edip, milli Liderimiz gowaça we beýleki ekinleriň ýazky ekişine ýerleri ýokary hilli taýýarlamagy tabşyrdy hem-de bu ugurda alnyp barylýan işleriň, şol sanda oba hojalyk tehnikalaryny abatlamagyň wajypdygyny belläp, möwsümleýin çäreleri guramaçylykly geçirmek üçin degişli maddy-enjamlaýyn binýadyň üpjün edilmeginiň bu işleriň netijeli häsiýete eýe bolmagyna ýardam edýändigini aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň zähmetkeşleriniň oba hojalyk ekinlerini ösdürip ýetişdirmekde baý we oňyn tejribe toplandyklaryny belledi. Döwlet Baştutanymyz mart aýynyň ikinji ýarymynda gowaça ekişiniň başlanýandygyny aýdyp, bu ugurda alnyp barylýan işleriň depginini güýçlendirmegi hem-de ýazky ekiş möwsümini degişli derejede geçirmekde agrotehnikanyň düzgünlerine gyşarnyksyz eýerilmelidigini tabşyrdy. Mundan başga-da, milli Liderimiz ýeralmanyň we soganyň ekişini agrotehniki kadalara laýyk derejede alyp barmagy üpjün etmek boýunça degişli görkezmeleri berdi.

Hormatly Prezidentimiz köpçülikleýin bag nahallaryny ekmek dabarasyna ünsi çekip, bu babatda häkime birnäçe degişli tabşyryklary berdi.

Milli Liderimiz pile öndürmek boýunça meýilnamalaryň üns merkezinde saklanylmalydygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz şeýle hem maldarçylyk hojalyklarynda dowarlardan owlak-guzy almak möwsümi döwründe maldarlara hemmetaraplaýyn goldaw bermegi, olaryň bu jogapkärli möwsümde netijeli işi üçin zerur şertleri döretmegi tabşyrdy. Ata Watanymyzyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygyna taýýarlyk boýunça anyk görkezmeler berildi.

Milli Liderimiz Halkara zenanlar gününiň ýakynlap gelýändigini, eziz Diýarymyzyň gelin-gyzlarynyň baýramçylygynyň hormatyna guraljak çäreleriň ýokary derejede geçirilmelidigini belläp, ýurdumyzyň zenanlaryny sarpalamak bilen baglanyşykly meseleleri gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilýän iş maslahatyny tamamlap, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk hem-de berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegine, mähriban halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşynyň bähbidine gönükdirilen wezipeleri abraý bilen ýerine ýetirmek boýunça alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter