Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň dabaralar zalynda baýramçylyk konserti boldy | TDH
Medeniýet

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň dabaralar zalynda baýramçylyk konserti boldy

опубликованно 08.03.2020 // 437 - просмотров
 

Halkara zenanlar gününde jemgyýetimiziň ajaýyp zenanlarynyň hormatyna ýurdumyzyň belli artistleri uly konsert maksatnamasyny taýýarladylar. Aýdym-sazly çykyşlar ýurdumyzyň Söwda-senagat edarasynda ýaýbaňlandyryldy. Bu ýerde gelin-gyzlara bagyşlanan çykyşlar guraldy.

Milli Liderimiz zenanlaryň dürli işleri ýerine ýetirmekde, ýurdumyzyň syýasy, ykdysady, medeni-durmuş taýdan ösdürmekde möhüm orun eýeleýändigini belläp, olaryň ösüp ýaş nesilleri watansöýüjilik ruhunda, ahlak we beden taýdan sagdyn hem-de zähmetsöýer edip ýetişdirmekde möhüm orun eýeleýändigini nygtaýar.

Ýurdumyzyň gelin-gyzlaryna iberen baýramçylyk Gutlagynda döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow 8-nji mart mynasybetli guralan dabaralaryň mähriban zenanlara hoşwagtlyk we ruhubelentlik eçiljekdigine, olaryň kalplaryny Watana bolan buýsanç duýgulary bilen doldurjakdygyna ynam bildirdi.

Şu günki guralan konsertde gelin-gyzlar üçin täsirli çykyşlar taýýarlanyldy. Onuň maksatnamasyna söýgi aýdymlary, folklor çykyşlary, şeýle hem ozal belli we täze aýdymlar, halk aýdym-sazlary hem-de häzirki zaman estrada çykyşlary girizildi.

Dabara gatnaşýan hormatly myhmanlaryň hatarynda köp çagaly eneler, zähmet weteranlary, önümçiligiň öňdebaryjylary, jemgyýetçilik gurmalarynyň işjeň agzalary, medeniýet işgärleri, alymlar we dürli pudaklarda zähmet çekýän zenanlar bar. Şeýle hem baýramçylyk çäresine ýurdumyzda işleýän diplomatik wekilhanalaryň we missiýalaryň, halkara düzümleriniň, şol sanda BMG-niň we ÝHHG-niň zenan işgärleri çagyryldy.

Konsertiň başynda «Zenan kalby» atly edebi aýdym-sazly kompozisiýa ýaýbaňlandyryldy. Oňa Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyplary, Türkmen milli konserwatoriýasynyň toparlary, çagalar toparlary gatnaşdylar. Olaryň aýdym-sazly çykyşlary enelere bolan çäksiz söýgüniň beýanyna öwrüldi. Şeýle hem aýdym-sazlarda öý- ojaklaryň sütüni bolan, ýagşy dessurlary dowam edýän, şeýle hem mähir, hoşniýetlilik, ýagşylyk dileg edýän zenanlaryň hemmesine çuňňur hoşallygyň nyşany öz beýanyny tapdy.

Sahnada çykyş eden sungat ussatlary, ýaş ýerine ýetirijiler gelin-gyzlara öz aýdymlaryny bagyş etdiler. Olaryň milli äheňdäki aýdym-sazlarynda ýurdumyzyň gelin-gyzlaryna bolan hormat-sarpa hem-de ýagşy gatnaşyklar has aýdyňlygy bilen duýuldy.

Estrada aýdymlary joşgunly tanslar bilen utgaşyp, dabara gatnaşyjylarda ýatdan çykmajak täsirler galdyrdy. Şowhunly el çarpyşlamalar olaryň çykyşlaryna sagbolsunyň nyşany bolup eşidildi. Şeýle hem bu ýerde guralan çykyşlar baýramçylyk gutlaglary bilen utgaşyp, baharyň ajaýyp pursatlarynyň, ýakymly duýgularyň, zenan gözelliginiň waspyna öwrüldi. Bu barada şahyrlar, kompozitorlar we aýdymçylar birnäçe ajaýyp eserleri döretdiler.

Baýramçylyk konserti «Diýarymyň owadan, bagtyýar zenanlary» atly aýdym bilen jemlendi. Onda ähli enelere, gelin-gyzlara, söýgüli zenanlara tüýs ýürekden çykýan hoşniýetli arzuwlar öz beýanyny tapdy. Bellenilişi ýaly, gelin-gyzlar dünýäniň bezegi bolup, ony has ýakymly görkezýär we şeýle gözellik äleme sazlaşyk, döredijilik şatlygyny we ruhubelentlik eçilýär.

Konserte gatnaşyjylaryň ählisi bagtyýar durmuş, döredijilikli zähmet we öz mümkinçilikleriňi doly açyp görkezmek üçin döredilen şertler üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa çuňňur hoşallyklaryny beýan etdiler.

Baharyň şu günlerinde ähli ýerde uly dabaralar, şatlyk-şowhuna beslenýän çykyşlar ýaýbaňlandyryldy. Şeýle hem çeperçilik sergileri, çagalar we ýaşlar bäsleşikleri, dabaraly maslahatlar we köpçülikleýin medeni çäreler ýurdumyzyň gelin-gyzlaryna bagyşlandy. Halkara zenanlar güni mynasybetli guralan baýramçylyk çäreleri paýtagtymyzyň we ýurdumyzyň welaýatlarynyň esasy sahnalaryny we konsert meýdançalaryny gurşap aldy.

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter