Birža täzelikleri | TDH
Ykdysadyýet

Birža täzelikleri

опубликованно 14.03.2020 // 196 - просмотров
 

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 15-si hasaba alyndy.

Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirliklerinden, Türkiýeden we Owganystandan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen gidro usulda arassalanan dizel ýangyjyny, tehniki kerosini, awtobenzini, dizel ýangyjyny satyn aldylar. Bulardan başga-da, daşary ýurt puluna BAE-den, Türkiýeden we Owganystandan gelen telekeçiler el halylaryny satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 3 million 37 müň dollaryndan gowrak boldy.

Manat serişdelerine Birleşen Arap Emirlikleriniň işewür toparlarynyň wekilleri bahasy 5 million 700 müň manatlyk distillirlenmedik we pagta soapstogynyň çig ýagly kislotalaryny satyn aldylar.

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter