Türkmenistanyň Prezidenti Ysraýyl Döwletiniň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi | TDH
Syýasat habarlary

Türkmenistanyň Prezidenti Ysraýyl Döwletiniň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi

опубликованно 17.08.2015 // 889 - просмотров
 

Aşgabat, 17-nji awgust (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ysraýyl Döwletiniň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi jenap Ishak Karmel Kagany kabul etdi. Ilçi döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy.

Myhman ýüzbe-ýüz duşuşmaga döredilen mümikinçilik üçin döwlet Baştutanymyza hoşallyk bildirip, Ysraýyl Döwletiniň Prezidentiniň hem-de Premýer-ministriniň milli Liderimize iberen salamyny we türkmen halkyna bagtyýarlyk, abadançylyk baradaky iň oňat arzuwlaryny ýetirdi.

Ilçi öz ýurdunyň oňyn özgertmeler ýolunda ynamly gadam urýan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan bilen özara bähbitli hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň berkidilmegine, ähli möhüm ugurlar boýunça işjeň döwletara aragatnaşyklarynyň işjeňleşdirilmegine aýratyn ähmiýet berýändigini belledi.

Milli Liderimiz myhmany jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlap, Ysraýyl Döwletiniň ýolbaşçylaryna hoşniýetli arzuwlaryny aýdyp, Türkmenistanyň hem deňhukuklylyk we özara peýdaly esasda ýola goýulýan türkmen-ysraýyl gatnaşyklarynyň çuňlaşdyrylmagyna gyzyklanma bildirýändigini nygtady.

Döwlet Baştutanymyz we Ysraýyl Döwletiniň doly ygtyýarly wekili ikitaraplaýyn esasda bolşy ýaly, köptaraplaýyn görnüşde, iri halkara guramalarynyň we abraýly düzümleriň, ilkini nobatda bolsa, Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde ýola goýulýan gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy we geljegi boýunça pikir alyşmalaryň barşynda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge gyzyklanma bildirýändiklerini bellediler.

Ilçi gatnaşyklary ösdürmek üçin bar bolan kuwwatyň ägirt uly ähmiýete eýedigini belläp, hyzmatdaşlygyň yzygiderli ösdürilmeginde hormatly Prezidentimiziň ählumumy parahatçylygyň we abadançylygyň bähbidine giň halkara hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny giňeltmegi nazarlaýan parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasat strategiýasynyň möhüm orun eýeleýändigini nygtady.

Türkmenistanyň ählumumy howpsuzlygynyň pugtalandyrylmagyna we durnukly ösüşiň üpjün edilmegine gönükdirilen başlangyçlary we olaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr. 2007-nji ýylyň dekabr aýynda Aşgabatda BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebit merkeziniň ştab-kwartirasynyň açylmagy, soňky ýyllarda onuň sebit hyzmatdaşlygy, sebitdäki çylşyrymly ýagdaýlary parahatçylykly we syýasy-diplomatiki usulary arkaly çözülmegine ýardam berýändigini bellemeli.

Ilçi milli Liderimiziň ählumumy howpsuzlygyň täze binýadynyň kemala getirilmegine, sebitde hem-de tutuş dünýäde durnukly ösüş üçin oňyn şertleriň döredilmegine gönükdirilen işjeň orny we öňe sürýän halkara başlangyçlary üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Türkmenistanyň bu ýörelgesiniň dünýäniň ähli ýurtlary üçin nusgalyk göreldedigine ynam bildirdi.

Döwlet Baştutanymz ähli gyzyklanma bildirýän hyzmatdaşlar bilen ýurdumyzyň açyklyk esasynda ýola goýulýan gatnaşyklara ygrarlydygyny tassyklap, oňyn bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilikli we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryna daýanýan syýasaty durmuşa geçirýän Türkmenistanyň ählumumy rowaçlygyň hem-de adançylygyň bähbidine alnyp barylýan halkara tagallalara öz goşandyny goşjakdygyny aýtdy. Milli Liderimz pursatdan peýdalanyp, Ysraýyl Döwletiniň ýolbaşçy düzümini şu ýylyň dekabr aýynda Türkmenistanyň Bitaraplyk derejesine eýe bolmagynyň 20 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzda guraljak dabaraly çärelere we halkara maslahatyna gatnaşmaga çagyrdy.

Mundan başga-da, syýasy-diplomatiki hem-de söwda-ykdysady gatnaşyklaryň okgunly ösdürilmeginde medeni-ynsanperwer ulgamda, has takygy, ylym, medeniýet, bilim, saglygy goraýyş, sport we syýahatçylyk ugurlaryndaky döwletara gatnaşyklaryny hemmetaraplaýyn işjeňleşdirmegiň möhümdigi bellenildi. Bu ulgmalarda hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi iki dostlukly ýurduň sazlaşykly hyzmatdaşlygynyň wajyp şerti bolup durýar.

Häzirki döwürde aýratyn ähmiýet berilýän oba we suw hojalygyndaky we suwaryş ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň ugurlary ikitaraplaýyn gepleşikleriň easyny düzdi. Şunuň bilen baglylykda, ilçi Ysraýylyň bu ugurda ägirt uly tejribesiniň hem-de bähbitli işläp taýýarlamalarynyň bardygyny aýdyp, Türkmenistan bilen suw serişdelerini arassalamak we netijeli peýdalanmak barada öz bilimini we täzeçil usullary babatda hyzmatdaşlyk etmäge taýýardygyny belledi.

Ilçi ak mermerli türkmen paýtagtynyň gözelliginiň özünde uly täsir galdyrandygyny, bu şähere ýedi ýyl mundan ozal gelendigini we şu döwürde amala aşyrylan işleriň Aşgabady tanalmaz derejede özgerdendigini nygtady.

Ysraýyl Döwletiniň Türkmenistandaky diplomatik wekilhanasynyň baştutany jenap Ishak Karmel Kagan bähbitli hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik hem-de hoşniýetli sözleri üçin hormatly Prezidentimize ýene bir ýola hoşallyk bildirip, milli Liderimizi özüne bildirilen ynamy abraý bilen ödejekdigine, özara gyzyklanmalara kybap gelýän däp bolan hyzmatdaşlygyň, ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň hemmetaraplaýyn yzygiderli ösdürilmegi üçin ähli tagallasyny gaýgyrmajakdygyna ynandyrdy.

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter