Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň döwlete dahylsyz ulgamy: innowasiýalara tarap ugur | TDH
Ykdysadyýet

Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň döwlete dahylsyz ulgamy: innowasiýalara tarap ugur

опубликованно 17.03.2020 // 344 - просмотров
 

Şu gün paýtagtymyzda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň sergisiniň we maslahatynyň açylyş dabarasy boldy. Däp bolşy ýaly, giň gerimli gözden geçiriliş bu iri jemgyýetçilik düzüminiň döredilen gününe gabatlanyldy. Ol özüne milli ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynda işleýän hususy işewürligiň wekilleriniň 24 müňden gowragyny birleşdirýär.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi tarapyndan Söwda-senagat edarasy bilen bilelikde guralan gözden geçirilişiň açylyş dabarasyna hökümet agzalary, Mejlisiň ýolbaşçylary we deputatlary, Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň, ministrlikleriň we edaralaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň senagatçylarynyň we telekeçileriniň sergisine hem-de birleşmäniň agzalarynyň maslahatyna gatnaşyjylara Gutlag iberip, ýurdumyzyň ykdysadyýetini ösdürmekde hususy pudagyň ornunyň barha artýandygyny nygtady. «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» diýlip yglan edilen ýylda bu serginiň we maslahatyň geçirilmegi aýratyn many-mazmuna eýe bolýar. Çünki parahatçylygyň, bagtyýarlygyň, gülläp ösüşiň mekanyna öwrülen Türkmenistanyň durmuş-ykdysady taýdan depginli ösüşlerinde, düýpli özgertmelere esaslanýan döwlet maksatnamalarynyň üstünlikli durmuşa geçirilmeginde hususy pudagyň paýy örän uludyr” diýlip, milli Liderimiziň Gutlagynda bellenilýär.

Döwlete dahylsyz ulgamyň ykdysadyýetde eýeleýän ornunyň barha artdyrylmagy Türkmenistany 2025-nji ýyla çenli durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň esasy ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlenildi.

Daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçilikleriň giňeldilmeginde, ýurdumyzyň eksport kuwwatynyň artdyrylmagynda, bäsleşige ukyply önümçiligiň ösdürilmeginde telekeçilige möhüm orun degişlidir. Kiçi we orta işewürlik innowasion ykdysadyýeti döretmegiň aýrylmaz bölegi bolup durýar. Munuň üçin döwletimiz tarapyndan ähli zerur şertler we mümkinçilikler döredilýär. Mundan beýläk-de şeýle goldaw berler diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belleýär.

Şu ýylyň başyndan bäri hususy ulgamyň wekilleri senagat önümleriniň öndürilen möçberini 11 göterim, oba hojalyk we azyk önümleriniň möçberini bolsa 2,1 esse artdyrdylar. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilen gününden bäri geçen 12 ýylyň dowamynda döwlet — hususy hyzmatdaşlygyň üstünlikli ösdürilýändigine şaýatlyk edýän iri taslamalaryň ençemesi durmuşa geçirildi.

Şu ýylky gözden geçirilişiň sergi meýdançasy diňe bir işewür düzümleriň gazanýan üstünliklerini beýan etmek bilen çäklenmän, eýsem, olaryň ägirt uly kuwwatyny hem görkezýär. Işewürler ähli pudaklarda işjeňlik görkezýärler. Innowasiýalara — tehnologiýalara we nou-haulara aýratyn üns berilýär. Şolardan netijeli peýdalanylmagy netijesinde, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri hem-de eksport ugurly önümleri öndürmek boýunça möhüm wezipeler üstünlikli çözülýär.

Sergi bilen tanyşlyk Söwda-senagat edarasynyň eýwanynda başlanýar. Şol ýerde Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň edara binasynyň uly nusgasy hem-de monitorlar ýerleşdirildi. Şolarda hususy işewürleriň dürli pudaklarda gazanan üstünlikleri, bu jemgyýetçilik düzüminiň işiniň esasy tapgyrlary beýan edilýär.

Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň başlangyjy bilen hem-de ýardam bermeginde Şähryslam ýadygärliginde geçirilen gazuw-agtaryş işleriniň barşynda arheologlar tarapyndan ýüze çykarylan, orta asyrlara degişli gadymy gymmatlyklaryň toplumy serginiň başynda ýerleşdirilip, olar häzirki döwrüň taryhy däpler bilen aýrylmaz arabaglanyşygyny görkezýär. Birmahallar Şähryslam üstaşyr söwdanyň merkezleriniň biri bolupdyr we Beýik Ýüpek ýolunyň kerwen ýollarynyň ulgamyna giripdir diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belleýär.

Şu gün Söwda-senagat edarasynyň sergi jaýynda gözden geçirilişe gatnaşýanlaryň 200-den gowragy öz diwarlyklaryny görkezýärler. Olaryň hatarynda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň düzümleýin edaralary we welaýat guramalary hususy kärhanalar hem-de oba hojalygynda, azyk we gaýtadan işleýän senagatda, gurluşykda, gurluşyk serişdelerini we elektrik enjamlaryny öndürmekde, IT-tehnologiýalarda, şeýle hem söwdada, syýahatçylykda, bilimde, hyzmatlar ulgamynda, ulag we logistika ulgamlarynda, amaly senetçilikde we beýleki ugurlarda işleýän hususy kärhanalar hem-de hojalyk jemgyýetleri bar.

Bu ýerde «Rysgal» paýdarlar täjirçilik banky, hünär taýýarlygynyň 50-den gowrak ugry boýunça bilim babatdaky taslamalary durmuşa geçirýän Telekeçilik mekdebi, «Bäsdeş» söwda öýi hem-de «Birleşme gurluşyk» birleşigi, ýurdumyzdaky ilkinji hususy neşir bolan «Rysgal» gazeti barada maglumatlar berilýär. 2012-nji ýylda döredilen Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň hem maglumatlar bölümi bar. Häzirki wagtda bu partiýanyň wekilleriniň birnäçesi milli Parlamentde wekilçilik edýär.

Döwlet Baştutanymyzyň hususy işewürligi hukuk taýdan goramak babatda öňde goýan wezipeleriniň köpüsi milli Parlament tarapyndan 2019-njy ýylyň oktýabr aýynda kabul edilen «Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi hakyndaky» Kanunyň rejelenen görnüşinde öz beýanyny tapdy. Döwlete dahylsyz ulgamyň işini mundan beýläk-de ösdürmek üçin ähli şertleri döretmäge gönükdirilen täze kanunda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň ygtyýarlyklary giňeldildi, bu jemgyýetçilik düzüminiň hukuklary we borçlary anyklaşdyryldy.

Serginiň habarlar bölüminde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Kararyna laýyklykda we birleşmäniň goldaw bermeginde 2014-nji ýylda döredilen ştrih-kodlar boýunça «GS1 Türkmenistan» milli guramasy barada hem maglumatlary almak bolýar. Bu guramanyň işi türkmen haryt öndürijileriniň dünýä bazarlaryna işjeň çykmagyna ýardam edýär, innowasion ösüş babatda olary höweslendirýär.

Serginiň aýratyn bölegi Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň welaýat bölümleriniň işini görkezýär. Häzirki wagtda ýurdumyzyň ähli sebitlerinde kiçi we orta telekeçilik ösdürilýär, ykdysadyýetiň esasy ulgamlaryna wekilçilik edýän iri kärhanalar we hojalyk jemgyýetleri paýtagtymyzda hem-de welaýatlarda giň möçberli döwlet maksatnamalaryny amala aşyryp, raýatlarymyzyň köpüsini iş bilen üpjün edýärler.

Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň konsepsiýasyny durmuşa geçirmekde Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň mümkinçilikleriniň tanyşdyrylyşy serginiň esasy ugurlarynyň biri boldy.

Mälim bolşy ýaly, geçen ýyl Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi işewürligi innowasion taýdan ösdürmekde sanly ykdysadyýetiň gurallarynyň mümkinçiliklerinden ugur alyp, bu maksatnama işjeň goşuldy. TSTB-niň agzalary hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyryklaryny ýerine ýetirip, IT-klasteri döretmek baradaky başlangyjy öňe sürdüler.

«IT-Park» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň döredilmegi bu ugurda ilkinji ädim boldy. Onuň işi innowasion ugurly kiçi we orta telekeçiligi ösdürmäge, ylmyň, önümçiligiň we maýadaryň arasyndaky gatnaşyklary pugtalandyrmaga, innowasion önümleriň halkara bazaryna çykmaga, umuman, ýurdumyzda sanly düzümi ösdürmäge gönükdirilendir.

IT-tehnologiýalar ulgamynda işleýän iri kompaniýalar sergi meýdançasynda özboluşly innowasion bölümi emele getirdiler. «Türkmen — Tranzit» kärhanasynyň pawilýonynda saýtlary döretmegiň, şeýle hem «akylly şäher», «akylly terminal» taslamalarynyň, ýaşlar üçin niýetlenen «Zehin» taslamasynyň tanyşdyrylyşy geçirildi. «Sanly tehnologiýa merkezi», «Sanly ulgam», «Imdat Elektronik» hojalyk jemgyýetleri we beýleki kompaniýalar sanly ulgamlary ornaşdyrmakda toplan tejribelerini görkezýärler.

Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň elektron senagatyny we elektrotehnika pudaklaryny ösdürmekde hususy telekeçiligiň goşandyny bellemelidiris. Sergide ýurdumyzyň elektron töleg terminallaryny we okuw kompýuterlerini, planşetleri, routerleri we beýleki zerur bolan ýokary tehnologiýaly önümleri öndürýän düzümleriň diwarlyklary görkezilýär. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleriň öndürilmegi diňe bir importyň umumy möçberini azaltmaga däl, eýsem, harytlaryň bahasyny arzanlatmaga mümkinçilik berýär.

Sergä gelýänler elektrik paýlaýjy we sazlaýjy enjamlary öndürýän kärhanalaryň işi bilen tanşyp biler. Häzirki wagtda hususy kompaniýalar ýokary woltly we pes woltly enjamlary, elektrotehniki abzallary gurnaýarlar, ulanyş-sazlaýyş işlerini ýerine ýetirýärler hem-de ýörite enjamlaryň islendik görnüşlerini synagdan geçirýärler. Ýakyn geljekde bolsa dürli kuwwatlykdaky transformatorlary öndürýän we abatlaýan zawodlar işe giriziler.

Däp bolşy ýaly, sergide telekeçileriň gurluşyk ugurly işi giňden görkezilýär.

Häzirki döwürde ýurdumyzyň telekeçilerine strategik döwlet maksatnamalarynyň, şol sanda Aşgabat şäherini, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyny, ýurdumyzyň şäherlerini we obalaryny abadanlaşdyrmak, awtomobil ýollarynyň, gidrotehniki we beýleki desgalaryň gurluşygy bilen baglanyşykly maksatnamalaryň çäklerinde iri taslamalary amala aşyrmak ynanyldy.

Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary bahasy köp million manatlyk gurluşyk taslamalaryny durmuşa geçirýärler, ýaşaýyş jaýlarynyň, kottejleriň tutuş toplumlaryny gurýarlar, edara ediş işewürlik toplumlaryny, raýat awiasiýasynyň giň gerimli düzümleýin desgalaryny döredýärler. Olaryň hatarynda şu sergä gatnaşýan «Ussat inžener», «Rysgally zähmet», «Garadaşly gurluşyk», «Gujurly binagär» hususy kärhanalary, «Dowamat» hojalyk jemgyýeti we beýlekiler bar.

Iri döwlet buýurmalarynyň hatarynda Aşgabat — Türkmenabat awtobanynyň, Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň, Aşgabat-sitiniň desgalarynyň gurluşygyny görkezmek bolar.

Türkmen işewürleri bu ulgamda ýeterlik tejribe toplap, daşary ýurt bazarlaryna hem çykýarlar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Kararyna laýyklykda, Moldowa Respublikasynyň Gagauziýa awtonom çäk birliginde çagalar bagynyň, Russiýa Federasiýasynyň Astrahan oblastynyň Priwolžsk etrabynyň Funtowo obasynda mekdebiň gurulmagy munuň aýdyň subutnamasydyr.

Logistika ugurly hem-de ulag ulgamynyň kompaniýalarynyň giňden wekilçilik etmegi şu gezekki gözden geçirilişiň tapawutly aýratynlyklarynyň biridir. Bu ulgamda giň möçberli halkara taslamalary durmuşa geçirmekde olaryň işi aýratyn ähmiýete eýe bolýar.

Sergä gatnaşýanlaryň hatarynda «Türkmen logistika assosiasiýasy» hojalyk jemgyýeti, «Ulag-logistika merkezi» paýdarlar jemgyýeti, «Türkmen milli logistika» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti, «Bir dünýä», «Türkmen ak ýol», «Ýük ulag merkezi», «Amatly ýollar» hojalyk jemgyýetleri, «Penaly ýol», «Aziýa ulaglary», «Beýik Ýüpek ýoly», «Halkara dostluk» hususy kärhanalary we beýlekiler bar. Sergä «Awtoýoly» hojalyk jemgyýeti hem gatnaşýar. Ol awtoulag hyzmatlaryny mahabatlandyrýar. Kompaniýalaryň köpüsi täze tehnologiýalary ulanmak arkaly uly gabaraly ýükleri daşamakda öz mümkinçiliklerini görkezýärler.

Serginiň uly bölegi ýurdumyzyň işewürligini ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlarynyň birine, ýerli çig maly ulanmagyň hem-de önümçilige tehnologik täzelikleri ornaşdyrmagyň esasynda daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürýän senagat kärhanalaryny döretmäge bagyşlanýar.

Sergä gelýänler telekeçileriň ykdysadyýetiň täze pudaklaryna, şol sanda ýurdumyzyň mineral-çig mal baýlyklaryny işläp taýýarlamak bilen baglanyşykly ulgamlaryna goşýan goşandy barada maglumatlary alyp bilerler. Şu ýyl sergä gatnaşýanlaryň arasynda Türkmenistanyň mineral-çig mal baýlyklarynyň binýadynda, şol sanda Garabogazyň ýod-bromly ýerasty suwlarynyň, kaliý magdanynyň we beýleki baýlyklaryň esasynda ösdürilýän himiýa önümçiliginde işleýänleriň sany has-da artdy.

Geçen ýyl telekeçiler Balkan welaýatynyň Bereket etrabynda ýod öndürmäge girişdiler. Tutuş çylşyrymly tehnologik işi awtomatlaşdyrmaga mümkinçilik berýän innowasion enjamyň kuwwaty her ýyl ýerli tebigy-çig mal serişdelerden daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan hem-de eksport ugurly önümleriň 150 tonnasyny öndürmäge niýetlenendir.

Telekeçilik önümçilikleriniň hatarynda sintetiki ýuwujy serişdeleri, zyýansyzlandyrýan serişdeleri, nahar duzuny, boýaglary, gurluşyk ýelimlerini, gidrogoraýjy serişdeleri, gazbeton plitalaryny we beýlekileri öndürýän iri kärhanalar bar. Öndürilýän önümler diňe bir içerki bazaryň isleglerini doly kanagatlandyrmak bilen çäklenmän, eýsem, daşary ýurtlara hem uly möçberde ugradylýar.

Sergide kaliý dökünlerini (kaliý hloridini we kaliý sulfatyny), ýörite dökünleri, tehniki uglerody, etil spirtini öndürýän zawodlary gurmak baradaky taslamalary durmuşa geçirmekde gazanylanlar görkezilýär. Häzirki wagtda hususy işewürligiň kärhanalary ýerli tebigy-mineral serişdelerden kaustiki we kalsirlenen sodany, hlory, duz kislotasyny, natriý sulfatyny we beýleki himiki önümleri öndürmek boýunça maýa goýum taslamalaryny hem işläp taýýarlaýarlar.

Geljegi uly taslamalary durmuşa geçirmek üçin maýa goýumlary çekmek telekeçilik mümkinçilikleriniň şu gözden geçirilişiniň esasy maksatlarynyň biridir. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu meselä uly üns berýär. Himiýa pudagynda şeýle taslamalara tebigy gazdan suwuklandyrylan gaz, karbamid we ammiak, grafitden elektrodlary öndürýän kärhanalar degişlidir. Hususy telekeçilik tarapyndan agyr senagat, metallurgiýa, altyn çykarmak ulgamynda işlenip taýýarlanylýan geljegi uly taslamalar hem maýa goýum babatda özüne çekijidir.

Şu gözden geçirilişe gatnaşýan Aşgabadyň «Abadan haly» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň işi Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň senagat pudagynda gazanýan üstünlikleriniň aýdyň mysallarynyň biridir. Bu toplum dürli halylary hem-de bezeg babatda haýran galdyrýan palaslary hödürleýär. Şol döwrebap kärhananyň ýyllyk kuwwaty haly we haly önümleriniň bir ýarym million inedördül metrine barabardyr. Toplumyň önümleriniň esasy bölegi ýerli çig malyň esasynda polipropilen ýüplüginden öndürilýär.

Halyçylyk eksport ugurly bähbitli önümçilikdir. Geçen ýyl Dubaý şäherinde (BAE) Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň ýöriteleşdirilen dükanynyň açylmagy muňa bir mysaldyr, onda el halylary, dokma we sowgatlyk önümler alyjylara hödürlenilýär.

Şeýle hem sergide kagyz, küýzegärçilik önümlerini, bazalt süýümini, turbalary, kerpiçleri, demir-beton gurnamalaryny, suwdan goraýan serişdeleri, ýuwlan çägäni, penopolistiroly, keramziti, gurluşyk üçin boýag serişdelerini, elektrik kabellerini we suw şlangalaryny, ýanýodalar üçin bezeg daşlaryny we kafelleri, gury gurluşyk garyndylaryny, şeýle hem ýag we howa süzgüçleri, akkumulýatorlary we beýlekileri öndürýän kärhanalar senagat pudagynda ýetilen sepgitleri görkezdiler. Gözden geçirilişde «Erjel-Begenç», «Mizemez gadam», «Täjir ýoly», «Gündogar ýoly», «Rysgally ussat», «Ak bulut» we beýleki kärhanalar öz önümlerini görkezdiler.

Adatça, gurluşyk ulgamynda daşyndan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan hem-de uly islege eýe bolan önümleriň ýüzden gowrak görnüşini çykarýan, şol sanda sanfaýans, dürli ölçegdäki kabelleri we şlangalary öndürýän «Derýa plastik» hususy kärhanasynyň bölümi dürli görnüşdäki önümleri bilen tapawutlanýar. «Çaly», «Ak hünji» hususy kärhanalary innowasiýa tehnologiýalary esasynda öndürilen gurluşyk serişdeleriniň giň toplumyny hödürleýär.

Sergide görkezilýän gurluşyk serişdeleriniň aglabasy ikinji gezek ulanylýan çig mallary — plastik galyndylary, kagyzlary, polietileni, agaç galyndylaryny gaýtadan işlemek arkaly taýýarlanylandyr. Şeýle işleri ýurdumyzyň welaýatlarynda zibilleri we gaty galyndylary gaýtadan işlemek boýunça önümçilikleriň taslamalaryny amala aşyrmak arkaly dowam etdirmek göz öňünde tutulýar. Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow telekeçileriň bu tekliplerini goldap, geljekde gaýtadan ulanylýan çig maly arassalamagyň, galyndylary gaýtadan işlemegiň hem-de olardan önümleriň önümçiligini guramagyň «ýaşyl» ykdysadyýet üçin uly ähmiýete eýe boljakdygyny belledi.

Ýurdumyzda öndürilýän senagat harytlarynyň görnüşleri artdyrylýar. «Türkmen şöhle» hojalyk jemgyýetiniň, «Begler ýoly» hususy kärhanasynyň, «Saka» hojalyk jemgyýetiniň we hojalyk-durmuş maksatly önümleriň dürli görnüşlerini çykarýan beýleki kärhanalaryň alyp barýan işleri daşyndan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçilikleriň döredilmegine gönükdirilendir.

Durmuş himiýasy önümlerini, şeýle hem halkyň sarp edýän harytlarynyň önümçiliginde häzirki zaman tehnologiýalary mahabatlandyrýan diwarlyklar hem uly gyzyklanma döredýär. «Şatumar» kärhanasy, şeýle hem «Ýigit» hojalyk jemgyýeti ýuwujy we kosmetiki önümleriniň täze görnüşlerini görkezdiler.

Balkan welaýatyndan «Batly gadam» kärhanasy nah ýüplükleri we örme önümlerini hödürleýär.
Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň çäklerinde ýerleşýän mebel önümçiligi boýunça iş alyp barýan «Aýbölek» we «Çigildem» fabrikleri, «Abraýly önüm», «Durmuş dowamy», «Belent akaba», «Ak penjire», «Agaýana» kärhanalary, «Nurana Türkmen» hojalyk jemgyýeti öz gazananlaryny we mümkinçiliklerini görkezýärler. Bu ýerde şeýle hem ýurdumyzyň telekeçileriniň önümçiligini täze ýola goýan durmuş tehnikasynyň nusgalary bilen tanyşmak bolýar.

Ýurdumyzyň azyk howpsuzlygyny üpjün etmekde hususy haryt öndürijileriň orny uludyr, muňa oba hojalyk önümlerini we azyk önümlerini görkezýän köp sanly sergi bölümleri şaýatlyk edýär. Ýylyň-ýylyna olaryň görnüşleriniň artýandygyny hem bellemek gerek.

Sergä iri oba hojalyk kärhanalary, häzirki zaman ýyladyşhana hojalyklary, guşçulyk, maldarçylyk we balykçylyk, gök we bakja önümlerini hem-de miweleri gaýtadan işlemek boýunça önümçilik — gaýtadan işleýän toplumlar hem gatnaşýarlar.

Olaryň hatarynda «Guş toplumy», «Nurly meýdan», balyk ýetişdirmek we gaýtadan işlemek boýunça «Hazar balyk» toplumy, «Ajaýyp ussat halal önümleri» kärhanasy, «Hoş zaman» guşçulyk fermasy, «Bereketli» hojalyk jemgyýeti, «Täze aý önümleri», «Miweli ülke», «Toý zaman» kärhanalary we köp sanly beýleki öndürijiler bar. Olar öz işlerini kämilleşdirmek bilen, dünýä tejribesine hem-de öňdebaryjy tehnologiýalara daýanýarlar.

«Nurly meýdan» hususy hojalygy şeýle mysallaryň biridir, bu kärhana Türkmenistanda ilkinji bolup, inkubasiýa boýunça taslamany durmuşa geçirdi, bu usul broýler guş etini hem-de ýumurtgalary senagat möçberinde öndürmäge mümkinçilik berýär, şunda häzirki zaman guşçulyk pudagynda synagdan geçirilen tehnologiýa peýdalanylýar. Bu hojalyk, şeýle hem daşary ýurtly işewürler bilen hyzmatdaşlykda Balkan welaýatynyň Bereket etrabynda ozal ýurdumyzyň çäginden daşarda satyn alnan mallar üçin ot-iýmleriň önümçiligini özleşdirdi.

Häzirki wagtda telekeçiler çaga iýmitleriniň, miweden we gök önümlerden taýýarlanylýan şireleriň, maýoneziň, doňdurmanyň, gaplanylan önümleriň, balyk önümleriniň, ýogurtyň, şöhlatyň, süýji-köke önümleriniň köp görnüşlerini taýýarlaýarlar.

Şunda, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň başlangyjy boýunça döredilen «Hil standart» hojalyk jemgyýeti azyk önümleriniň howpsuzlygyna gözegçilik edýär, bu hojalyk azyk önümleriniň howpsuzlygyna baha bermek boýunça Türkmenistandaky ilkinji barlaghana merkezidir. Bu düzümiň azyk önümleriniň hiline baha bermek babatynda degişli derejede taýýarlyga eýedigini ISO/IEC17025:2017 standarty boýunça Halkara akkreditasiýasy tassyklady.

Hususy işewürligiň wekilleri döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň goldaw bermeginde bazaryň we tehnologiýalaryň täze ugurlaryny üstünlikli özleşdirmegi dowam etdirýärler, munuň özi obasenagat toplumynyň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga, ilaty dürli görnüşli ekologiýa taýdan arassa, ýokumly azyk önümleri bilen kanagatlandyrmaga mümkinçilik berýär, şu gün ýöriteleşdirilen sergä gelenler bu önümlerden dadyp gördüler. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň ähli agzalary üçin möhüm synag bolup durýan her ýyl geçirilýän sergä gabatlanyp, täze önümleriň tanyşdyrylyş çäresi hem guralýar.

«Owadan ülke» zawodynda öndürilýän «Nur» haryt nyşanly gaplanylan önümleriň giň görnüşleriniň hatarynda kädiden we behiden taýýarlanylan ballar, pomidor üwmeji hem-de duza ýatyrylan sarymsaklar, pagta ýagy esasynda taýýarlanylan maýonez önümleri peýda boldy. «Parasatly» daýhan hojalygynyň diwarlygyndaky «Täze önümler» diýen ýazgynyň aşagynda süýjüler, gaplanylan sygyr eti we guradylan miweler «Noş» söwda nyşany bilen görkezilýär, şeýle hem «Duý» ady bilen pomidor üwmeji goýlupdyr.

Ýurdumyzyň kärhanalarynyň öndürýän azyk önümlerine berlen ISO we HACCP halkara güwanamalary olaryň ýokary hilini kepillendirýär diýip milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belleýär.

«Akdaş miwe içgileri», «Berk Akar» kärhanalarynyň, «Ýakymly kümüş suwy» hojalyk jemgyýetiniň öndürýän içgileri we arassa agyz suwy, gök-bakja we miwe şireleri sergide giňden görkezilýär. «Parahat» kärhanasynyň önümleriniň hatarynda «Joş», «Eçil» şireleri, sowuk çaýlar, şöhlat önümleri, çaga iýmiti (miwe-gök önüm püreleri), uzak wagt saklamaga niýetlenilen süýt önümleri, pomidor üwmejiniň birnäçe görnüşi bar, olar arassa ýerli çig maldan miwe we gök önüm garyndylarynyň esasynda öndürilýär.

Sergi meýdançasynda «Aýaz baba», «Elin» kärhanalary, «Sahabatly» hojalyk jemgyýeti, «Şawat» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti we beýlekiler süýt önümlerini hödürleýärler.

Uly ýaşly adamlaryň hem, çagalaryň hem gowy görýän «Salkyn», «Erteki», «Täze aý» we beýleki haryt nyşanly doňdurmalaryň görkezilýän sergi bölümleri aýratyn gyzyklydyr. «Hasar», «Misgär» kärhanalarynyň, «Duýgy» hojalyk jemgyýetiniň diwarlyklarynda süýji-köke önümleriniň dürli görnüşleri özüne çekýär. Olarda çörek we çörek önümleri baýramçylyk görnüşinde bezelen gaplarda sergä gelýänlere görkezilýär.

Sergi bölümlerinde döwlet tarapyndan Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalaryna kärendä berlen ekin meýdanlarynda, ýyl-ýyldan sany artýan ýyladyşhana hojalyklarynda ýetişdirilen miweleriň, bakja we gök önümleriň köp görnüşi görkezilýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ekerançylary suwaryş tehnologiýalarynyň öňdebaryjy usullaryny, ýokary hilli önümçilik serişdelerini we häzirki zaman tehniki enjamlary ulanmaga çagyrýar. Häzirki wagtda oba hojalyk işewürliginiň gök önümçilik, bagbançylyk we gülçülik ýaly ugurlary ýokary depginlerde ösdürilýär. «Ter» hojalyk jemgyýetiniň, «Has», «ATG agro» kärhanalarynyň we sergä gatnaşýan beýleki köp sanly firmalaryň önümleri munuň aýdyň subutnamasydyr.

Birnäçe telekeçiler sergä gelýänleri ýyladyşhanalary gurnamakda ulanylýan häzirki zaman tehnologiýalary hem-de ekologiýa ulgamynda alyp barýan işleri bilen tanyşdyrýarlar. «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» atly ýylyň şygary ýokary hilli hem-de ekologiýa howpsuzlygy babatynda tapawutlanýan, ýurdumyzda öndürilen dürli görnüşli harytlaryň bezeginde giňden peýdalanylýar.

Häzirki wagtda bu önümler diňe bir ýurdumyzda däl-de, onuň çäginden daşarda hem uly islege eýedirler. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň Hytaý Halk Respublikasyndaky, Birleşen Arap Emirliklerindäki, Awstriýa Respublikasyndaky söwda wekilhanalarynyň alyp barýan işleri türkmen telekeçileriniň eksport mümkinçiliklerini durmuşa geçirmäge, öňdebaryjy dünýä tejribesiniň hem-de daşary ýurt maýa goýumlarynyň işjeň çekilmegine, halkara işewürlik gatnaşyklarynyň çäkleriniň giňeldilmegine gönükdirilendir. Mundan başga-da, birleşmäniň agzalary Gyrgyzystanda, Gruziýada, Owganystanda we Hytaýda söwda öýlerini açdylar.

Telekeçiler ilata durmuş, mahabat we neşirýat hyzmatlarynyň giň toplumyny hödürleýärler, bu mesele hem sergide öz beýanyny tapdy.

Syýahatçylyk kärhanalarynyň köp sanlysynyň gatnaşýandygy şu gezekki telekeçiler sergisiniň ýene bir aýratynlygydyr. Munuň özi syýahatçylyk kärhanalaryny döwletden aýyrmak boýunça 2019-njy ýylda geçirilen çäreler bilen baglylykda kanuny ýagdaýdyr, olar bellenilen tertipde hususylaşdyryldy, hususylaşdyrylan syýahatçylyk kärhanalaryny dolandyrmagy utgaşdyrmak üçin bolsa Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň garamagynda «Rowaçsyýahat» syýahatçylyk kärhanasy döredildi.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, hususy telekeçiligiň bu ulgamyň işiniň ösdürilmegine, şol sanda onuň sanly ulgama geçirilmegine çekilmegi syýahatçylyk hyzmatlarynyň eksportynyň ösdürilmegine ýardam berer, halkara jemgyýetçiligiň ýurdumyzyň syýahatçylyk ugurlarynyň ählisi baradaky maglumatlara elýeterliligini üpjün eder.

Bu ugurda işjeň işleri alyp barýan «Owadan syýahat», «Durdynyýaz», «Oguz abat», «Güneşli syýahat», «Rowaç-AW», «Atlaz», «Aýan», «Dag syýahat», «Halkara dostluk», «Haryt syýahat», «Nurana aý», «Zehin» syýahatçylyk kärhanalary sergä gelýänlere, ozaly bilen bolsa, geljekki daşary ýurtly hyzmatdaşlara öz mümkinçiliklerini hödürleýärler.

«Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» atly şu ýylyň şygary bilen baglylykda, syýahatlary guraýjylar ýurdumyzyň taryhy we ajaýyp künjekleri boýunça syýahatçylyk ugurlary bilen tanyşdyrýarlar. Bu mesele «Anyk» hususy kärhanasynyň «Ýasmin» atly ajaýyp modalar öýüniň iş ugruny kesgitledi, bu kärhana Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň gazananlarynyň sergisine ilkinji gezek gatnaşýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, medeni mirasy aýawly saklamak we wagyz etmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar, ajaýyp haly önümleri, zergärleriň, tikinçileriň, şekillendiriş sungatynyň ussatlarynyň täsin işleri Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň bu möhüm işe uly goşant goşýandyklaryny görkezýär. Sowgatlyk önümler, şol sanda taryhy ýerleriň, türkmen paýtagtynyň ajaýyp künjekleriniň şekilleri ýerleşdirilen köp görnüşli önümler sergä gelýänleriň ünsüni çekýär.

Möhüm döwlet maksatnamalaryny, ozaly bilen bolsa ýurdumyzy 2025-nji ýyla çenli durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasynda kesgitlenilen meseleler bilen baglylykda ýurdumyzyň işewürler toparlarynyň öňünde durýan wezipeler günüň ikinji ýarymynda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň binasynda guralan maslahatyň barşynda ara alyp maslahatlaşyldy.

Maslahatyň çäklerinde oňa gatnaşyjylar Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň we onuň welaýat bölümleriniň geçiren işleri baradaky hasabatlaryny diňlediler, işewürligi alyp barmagyň möhüm meseleleri boýunça, şol sanda maýa goýum we innowasiýa işlerini, daşyndan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçilikleri giňeltmegiň we ýurdumyzda öndürilýän önümleriň eksporta iberilýän möçberlerini artdyrmagyň geljegi uly ugurlaryny kesgitlemek boýunça pikir alyşdylar.

Ýygnananlar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň yzygiderli goldawynyň, hususy işewürligi ösdürmek üçin döwlet tarapyndan döredilýän amatly şertleriň türkmen telekeçilerine geljege ynamly garamaga, Watanymyzyň ykdysady kuwwatynyň artdyrylmagynyň, türkmen halkynyň abadançylygynyň ýokarlandyrylmagynyň bähbidine yhlasly zähmet çekmäge mümkinçilik berýändigini biragyzdan bellediler.

Forumyň çäklerinde Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň yglan eden 13 ugur boýunça «Ýylyň iň gowy telekeçisi» atly bäsleşiginiň jemleri jemlenildi.

Ertir ýöriteleşdirilen sergi öz işini tamamlar.

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter