Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi | TDH
Syýasat habarlary

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi

опубликованно 14.08.2015 // 910 - просмотров
 

Aşgabat, 14-nji awgust (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda şu ýylyň ýedi aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri, Prezident maksatnamasynyň we ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça kabul edilen beýleki maksatnamalaryň ýerine ýetirilişi ara alnyp maslahatlaşyldy. Mejlisiň gün tertibiniň çäklerinde ýolbaşçylary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak bilen bagly meselelere hem seredildi. Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisine welaýatlaryň häkimleri, Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri, ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, gazetleriň we žurnallaryň redaktorlary hem-de beýleki ýolbaşçylar çagyryldy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Hojamämmedow 2015-nji ýylyň ýanwar-iýul aýlarynda milli ykdysadyýetiň ösüşiniň netijeleri barada hasabat berdi. Wise-premýeriň belleýşi ýaly, hasabat döwründe ýurdumyzyň durnukly durmuş-ykdysady ösüşini üpjün etmäge, maýa goýum işjeňligini ýokarlandyrmaga, türkmenistanlylaryň hal-ýagdaýyny gowulandyrmaga gönükdirilen iri möçberli işler amala aşyryldy.

Şu ýylyň ýedi aýynyň makroykdysady görkezijilerine laýyklykda, jemi içerki önümiň ösüş depgini 108,7 göterim derejesinde, şol sanda ösüşler senagat pudagynda--104,4 göterim, gurluşykda--112,6 göterim, ulag we aragatnaşyk pudagynda—111,9 göterim, söwdada—113 göterim, oba hojalygynda 112,2 göterim we hyzmatlar ulgamynda—112,1 göterim üpjün edildi.

Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende şu ýylyň ýanwar-iýul aýlarynda önüm öndürilişiniň ösüş depgini 107,5 göterime deň boldy. Ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda ýokary önümçilik görkezijilieri gazanyldy.

Bölek-satuw haryt dolanyşygynyň möçberi 2014-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 19,5 göterim artdy. Ýurdumyzda ortaça aýlyk zähmet haky geçen ýylyň degişli döwrüne görä, 10 göterim ýokarlandy. Halkyň sarp edýän harytlarynyň we ilata edilýän hyzmatlaryň nyrhlary bellenen çäklerde saklanyldy.

Şu döwürde daşary söwda dolanyşygynda hem ösüşler hasaba alyndy.

Hasabatyň çäklerinde Türkmenistanyň Merkezi banky tarapyndan jemlenen maglumata görä, ministrlikleriň hem-de pudak edaralarynyň hasabyna harytlaryň we edilýän hyzmatlaryň eksportyndan daşary yurt pul serişdeleriniň gelip gowuşmagy boýunça meýilnamanyň ýerine ýetirilişiniň netijeleri barada hem habar berildi.

Maliýeleşdirmegiň ähli serişdeleriniň hasabyna özleşdirilen maýa goýumlarynyň möçberi 27,7 milliard manada barabar boldy, geçen ýylyň degişli döwrüne garanyňda ösüş depgini 107,9 göterime deň boldy.

Wise-premýer "Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etrapdaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin rejelenen görnüşindäki Milli maksatnamasynyň" durmuşa geçirilişiniň depginleri barada hasabat berip, ýedi aýyň dowamynda suw arassalaýjy desgalaryň 2-sinde, durmuş ähmiýetli desgalaryň 29-synda gurluşyk işleriniň tamamlanandygyny aýtdy. Häzirki wagtda desgalaryň we binalaryň jemi 138-sinde işler alnyp barylýar, 1 million inedördül metr ýaşaýyş jaýlarynyň, inženerçilik ulgamlarynyň desgalarynyň gurluşygy dowam edýär. Degişli maglumatlara görä, şu ýylyň ýedi aýynda 3 milliard manat möçberde maýa goýumlary özleşdirildi.

Welaýatlaryň senagat pudagyny ösdürmegiň esasy ugurlaryna laýyklykda, häzirki wagtda desgalaryň 141-siniň gurluşygy tamamlandy we 164 desgada gurluşyk-gurnama işleri dowam edýär.

Hasabat döwri Döwlet býujetiniň üstünlikli ýerine ýetirilmegi bilen hem häsiýetlenýär. Ýurdumyzyň esasy maliýe meýilnamasynyň girdeji bölegi 102,4 göterime, çykdajy bölegi bolsa 90,1 göterime barabar boldy. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, salgytlar görnüşinde gelip gowuşýan daşary yurt pul serişdeleriniň möçberi 10,4 göterim artdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýokary makroykdysady görkezijileriniň milli ykdysadyýetimiziň durnukly ösýändigine şaýatlyk edýändigini belledi. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça milli maksatnamalarda kesgitlenen ähli meýilleşdirilen wezipeleriň öz wagtynda ýerine ýetirilmegine berk gözegçiligi üpjün etmegiň zerurdygyna wise-premýeriň ünsüni çekip, ykdysady ösüşiň yzygiderli ösüş depginini saklamak üçin maliýe düzümleriniň we bank edaralarynyň işini kämilleşdirmegiň wajypdygyny nygtady.

Milli Liderimiz mejlisi dowam edip, ýedi aýyň netijeleri boýunça aýry-aýry ministrlikleriň we pudak edaralarynyň daşary ýurt pulundaky girdejiler boýunça meýilnamasyny berjaý edip bilmändigi ýaly ýagdaýa ünsi çekdi.

Şunuň bilen baglylykda, Energetika ministri G.Saryýewe söz berildi, ol ýolbaşçylyk edýän ulgamynda işleriň ýagdaýy, hasabat döwründe işleriň netijeleri boýunça pudaklaýyn görkezijiler, şol sanda elektroenergiýanyň eksport edilmegi babatda işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, daşary ýurtlara elektroenergiýanyň iberilýän möçberini artdyrmakda zerur çäreleri görmändigi üçin Türkmenistanyň energetika ministrine nägilelik bildirdi. Wezipe borçlaryny göwnejaý berjaý etmän, daşary ýurt pulundaky girdejiler boýunça meýilnamany ýerine ýetirmekde kemçiliklere ýol berendigi üçin hormatly Prezidentimiziň Buýrugy bilen, energetika ministri G.Saryýewe käýinç yglan edildi.

Soňra Türkmenistanyň demir ýol ulaglary ministri B.Annameredowa söz berildi, ol demir ýol düzümlerini has-da ösdürmegiň meýilnamalaryny ýerine ýetirmek boýunça amala aşyrylýan işler barada hasabat berdi.

Milli Liderimiz demir ýol ulaglarynyň işine nägilelik bildirip, bu pudakda birnäçe kemçiliklere, şol sanda ministrligiň daşary ýurt pulundaky girdejiler boýunça meýilnamasyny ýerine ýetirmekde kemçiliklere ýol berlendigini aýtdy.

Şunuň bilen baglylykda, wezipe-borçlaryny göwnejaý berjaý etmän, daşary ýurt pulundaky girdejiler boýunça meýilnamany ýerine ýetirmekde kemçiliklere ýol berendigi üçin hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň demir ýol ulaglary ministri B.Annameredowa käýinç yglan etdi.

Soňra “Türkmengallaönümleri” döwlet birleşiginiň başlygy N.Sapardurdyýew gözegçilik edýän ulgamynda geçirilýän işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz bu düzümiň ýedi aýyň jemleri boýunça möhüm görkezijileriniň depginleriniň pesdigini belläp, birleşigiň daşary ýurt pulundaky girdejileriniň meýilnamasyny ýerine ýetirmekde kemçiliklere ýol berendigi üçin, N.Sapardurdyýewe käýinç yglan etdi.

Soňra hasabat bermek üçin “Türkmenpagta” döwlet konserniniň başlygy M.Ataýewe söz berildi, ol gözegçilik edýän düzümlerinde ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Milli Liderimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda pagta önümçiligini ýokarlandyrmakda, ony gaýtadan işlemekde we daşary ýurt bazarlarynda ýerlemekde möhüm ähmiýeti bolan “Türkmenpagta” döwlet konserniniň daşary ýurt pulundaky girdejiler boýunça meýilnamasyny ýerine ýetirmekde kemçilikleriň bardygyny belledi we munuň üçin döwlet konserniniň başlygy M.Ataýewe käýinç yglan etdi.

Döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň agzalaryna ýüzlenip,
ministrlikleriň we pudak edaralarynyň daşary ýurt pulundaky girdejileri boýunça tabşyrygyny ýerine ýetirmek bilen çäklenmän, eýsem önüm öndürmek boýunça meýilnamalaryny hem berjaý etmelidigi barada ähli ýolbaşçylara ýene-de bir gezek ýatlatdy. Bu işi ýerine ýetirmekde hiç hili bahana bolmaly däldigini duýdurdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Hojamuhammedow “Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasynyň” ýerine ýetirilişiniň barşy hem-de geçen ýedi aýda ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň alyp baran işleriniň netijeleri barada hasabat berdi. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende nebitiň we gaz kondensatynyň çykarylyşynyň ösüş depgininiň 107,8 göterim, buraw işleriniň ösüş depgininiň 136,7 göterim, özleşdirilen maýa goýumlarynyň ösüş depgininiň 148,3 göterim bolandygy bellenildi.

Nebitgaz çig malyny gaýtadan işlemek we nebit önümlerini öndürmek babatda gazanylan tehniki-ykdysady görkezijiler hem-de kärhanalarda, edaralarda, guramalarda, ýaşaýyş jaýlarynda gaz hasaplaýjy enjamlaryny oturtmak boýunça geçirilýän işler barada habar berildi.

Wise-premýer Aşgabatda Ýaponiýanyň birnäçe iri kompaniýalarynyň ýolbaşçylary bilen geçirilen duşuşyklary barada hasabat berdi. Şol duşuşyklaryň çäklerinde ýangyç-energetika toplumynda bilelikdäki täze taslamalary durmuşa geçirmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy, özara düşünişmek hakynda degişli Ähtnama gol çekildi.

Türkmen paýtagtynda geçirilen Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan uly gaz geçirijisini gurmagyň taslamasy boýunça Ýolbaşçy toparynyň 22-nji mejlisiniň netijeleri barada hasabat berildi. Şol mejlisiň barşynda TOPH taslamasynyň gurluşygynyň iş ýüzünde durmuşa geçirilişine degişli meseleleriň giň toplumyna garaldy. Hususan-da, “Türkmengaz” döwlet konserni “TAPI Ltd.” konsorsiumynyň biragyzdan ýolbaşçylygyna saýlanyldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hasabaty diňläp, wise-premýer B.Hojamuhammedowyň we nebitgaz toplumynyň ýolbaşçylarynyň alyp barýan işlerine nägilelik bildirdi.

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, häzirki wagtda dünýä syýasatynda we ykdysadyýetinde ýagdaýlar çalt üýtgeýär. Bu bolsa dünýä energetika bazaryna, şol sanda ýurdumyzyň ykdysadyýetine hem öz täsirini ýetirip biler. Şoňa görä-de, dünýä ykdysadyýetinde bolup geçýän ýaramaz ýagdaýlaryň ykdysadyýetimize ýetirip biljek täsiriniň öňüni almaga gönükdirilen çeýe syýasaty alyp barmak häzirki döwrüň möhüm talaby bolup durýar.

Milli Liderimiz häzir energiýa serişdelerine dünýä bazarynda nyrh peselýändigini, şeýle ýaramaz täsirleriň öňüni almagyň we ykdysadyýetimize ýetirip biljek zyýanynyň öwezini dolmagyň ýollaryny gözlemegiň esasy wezipe bolup durýandygyny aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz türkmen tebigy gazyny daşary ýurtlara diwersifikasiýa ýoly bilen ibermek, şeýle hem täze önümleri öndürýän döwrebap önümçilikleri döretmek boýunça alnyp barylýan işleri çalt depginler bilen dowam etmegi talap edip, bu babatda wise-premýere birnäçe tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz TOPH gaz geçirijisiniň gurluşygy baradaky meseläniň üstünde durup geçip, iri möçberli bu energetika taslamasynyň iş ýüzünde durmuşa geçirilmeginiň wajypdygyny nygtady. Ol oňa gatnaşyjy ýurtlar üçin ykdysady bähbitlerden başga-da, dostlugyň, hoşniýetli goňşuçylygyň hem-de umumy abadançylygyň we gülläp ösüşiň maksatlaryna gabat gelýän netijeli hyzmatdaşlygyň hakyky “köprüsine” öwrülmäge gönükdirilendir. Şunuň bilen birlikde, TOPH gaz geçirijisiniň ähmiýeti geljekki transmilli gaz geçirijisiniň geografiki ugrundan örän giňdir. Eýýämden ol barada hakyky birleşdiriji we durnuklaşdyryjy ýagdaýlar diýip aýdyp bolar. Ol taslama geljekde Merkezi we Günorta Aziýadaky we umuman, sebitdäki ýagdaýlara oňyn täsir etmäge, yklymda syýasy we ykdysady aragatnaşyklaryň tutuş ulgamyna goşmaça durnuklylyk bermäge ukyply bolar.

Türkmenistan dünýäniň energetika döwleti bolmak bilen, özüniň ägirt uly nebitgaz kuwwatyny ählumumy bähbitlere peýdalanmaga çalyşýar we şu maksatlar bilen yzygiderli anyk çäreleri, şol sanda ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň düzümlerini toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmak, türkmen energiýa serişdeleriniň eksport ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmak, gyzyklanma bildirýän ähli hyzmatdaşlar bilen netijeli gatnaşyklary ösdürmek boýunça çäreleri görýär diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Ereşow milli ykdysadyýetimiziň senagat pudagyna degişli gözegçilik edýän düzümlerinde 2015-nji ýylyň ýedi aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Türkmenistanyň Senagat ministrligi boýunça şu ýylyň ýanwar-iýul aýlarynda önüm öndürmek boýunça meýilnama 122,5 göterim ýerine ýetirildi, ösüş depgini 115,1 göterime deň boldy. Sementiň öndürilişi boýunça 106,4 göterim, magdan däl serişdeler boýunça 130,4 göterim, keramzitiň öndürilişi boýunça 116,2 göterim we gurnama demir-beton önümleriniň öndürilişi boýunça 107,6 göterim ösüş depgini gazanyldy.

Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrligi boýunça önüm öndürmegiň meýilnamasy 109,1 göterim berjaý edildi, ösüş depgini bolsa 101,1 göterime barabar boldy. Nah ýüplügiň öndürilişi boýunça 102,5 göterim, nah matalaryň öndürilişi boýunça 111,2 göterim, tikin we örme önümleriniň öndürilişi boýunça 106,5 göterim, ýüpek matalaryň öndürilişi boýunça 104,3 göterim, aýakgabyň öndürilişi boýunça 100,1 göterim we gön önümleri boýunça 100,2 göterim ösüş depgini üpjün edildi.

“Türkmenhaly” döwlet birleşigi boýunça şu ýylyň ýanwar-iýul aýlarynda önüm öndürmegiň meýilnamasy 112,5 göterim ýerine ýetirildi we ösüş depgini 110,8 göterime barabar boldy. Pudagyň kärhanalary tarapyndan hasabat döwründe 26 müň inedördül metr haly önümleri dokaldy we 102,4 göterim ösüş depgini üpjün edildi.

“Türkmenhimiýa” döwlet konserni boýunça öndürilen önümleriň ösüş depgini 2,3 essä barabar boldy. 2015-nji ýylyň ýedi aýynda önüm öndürmegiň meýilnamasy 118,6 göterim ýerine ýetirildi. Pudagyň kärhanalary tarapyndan mineral dökünleriň öndürilişi boýunça 225,9 göterim, tehniki ýoduň öndürilişi boýunça 100 göterim, tehniki uglerodyň öndürilişi boýunça 104,2 göterim we natriý sulfatynyň öndürilişi boýunça 115,2 göterim ösüş depgini gazanyldy.

Döwlet balyk hojalygy komitetiniň kärhanalary boýunça önüm öndürmek babatda ösüş depgini 172,4 göterime deň boldy. Tutulan balyk boýunça 196 göterim, balyk we gaýtadan işlenilip gaplanan balyk önümleri boýunça 154,1 göterim ösüş depgini gazanyldy.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, baý çig mal serişdelerini özleşdirmegiň hasabyna milli ykdysadyýetimiziň senagat pudagynyň kuwwatyndan netijeli peýdalanmaga gönükdirilen goşmaça çäreleri görmegiň möhümdigini nygtady. Türkmenistan bolsa çig mal serişdelerine örän baýdyr.

Milli Liderimiz ýurdumyzyň okgunly ösýän gurluşyk serişdeleri senagatyna daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek we bäsdeşlige ukyply önümleriň daşary ýurtlara iberilýän möçberlerini artdyrmak boýunça kabul edilen döwlet maksatnamalaryny amala aşyrmakda möhüm orun berilýändigini nygtap, kärhanalaryň düşewüntliligini ýokarlandyrmak, pudaklara innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak, marketingiň häzirki zaman usullaryny ulanmak meselelerine ünsi çekdi we bu babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Ýazmuhammedowa gözegçilik edýän ulgamynda şu ýylyň ýedi aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Hasabatyň çäklerinde halkara ähmiýetli wakalaryň ençemesiniň, şol sanda Hytaýda, Hindistanda, Gazagystanda, Ermenistanda we Täjigistanda möhüm çäreleriň hem-de Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 20 ýyllygyna bagyşlanan dabaralarynyň geçirilendigi habar berildi. Türkmenistanyň Medeniýet günleri Ermenistan Respublikasynda, Gyrgyz Respublikasynda we Horwatiýa Respubilkasynda, ýurdumyzda Eýran Yslam Respublikasynyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň hem-de Hytaý Halk Respublikasynyň Medeniýet günleri geçirildi. Häzirki wagtda Mongoliýada Türkmenistanyň Medeniýet günlerini geçirmäge, şeýle hem Belgiýa Patyşalygynda, Niderlandlar Patyşalygynda, Gazagystan Respubilkasynda we Şweýsariý Konfederasiýasynda ýurdumyzyň Bitaraplygynyň 20 ýyllygynyň hormatyna döredijilik çärelerini guramaga taýýarlyk görülýär.

2015-nji ýylda Mary şäheriniň türki dünýäsiniň medeni paýtagty diýlip yglan edilmeginiň çäklerinde çäreler dowam edýär. Neşirýat işi kämilleşdirilýär. Geçen ýedi aýyň dowamynda Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan kitap önümleriniň 212 görnüşi çap edildi. Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti tarapyndan dünýä bileleşigini Türkmenistanyň dürli ulgamlarda gazanan üstünlikleri bilen tanyşdyrmak boýunça işler alnyp barylýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp we täze taryhy eýýamyň talaplaryna laýyklykda hem-de bu ulgamlarda dünýäniň gazananlaryny nazara almak bilen, medeniýet ulgamyny we köpçülikleýin habar beriş serişdelerini mundan beýläk-de ösdürmegiň ähmiýetini nygtap, ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işine nägilelik bildirdi.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz soňky döwürde gazet -
žurnallarda berilýän materiallarda köp sanly gödek ýalňyşlara ýol berilýändigini aýtdy. Häzirki döwrüň möhüm meselelerini gozgaýan makalalar çap edilmeýär. Ýurdumyzda geçirilýän özgertmeler hem ýaramaz beýan edilýär. Milli Liderimiz 2017-nji ýylda ýurdumyzda V Aziýa oýunlary bilen baglanyşykly meseläniň kanagatlanarsyz şöhlelendirilýändigini muňa mysal hökmünde görkezdi. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, metbugatda hem, halkara teleýaýlymlarynda hem döwletimiz üçin örän möhüm bolan bu wakany wagyz edýän mahabatlandyryjy maglumatlar, makalalar we wideoşekiller berilmeýär.

Hormatly Prezidentimiz neşirýat işi bilen baglanyşykly meselelere degip geçip, ýaňy-ýakynda iň kämil enjamlar bilen üpjün edilen Metbugat öýi toplumynyň ulanmaga berlendigine garamazdan, häzirki wagtda bu toplum hem talaba laýyk işlemeýändigini aýtdy. Gazet-žurnallaryň çap edilişinde öňküden o diýen tapawut duýulmaýar. Çykarylýan metbugat önümleriniň hili hem öwerlik däl. Köplenç gazet-žurnallar wagtyndan gijikdirilip çykarylýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentliginiň başlygy B.Amansaryýewi «Neýtralnyý Turkmenistan» gazetiniň baş redaktory wezipesinden boşadyp, bu wezipä M.Alimowany belledi we ony «Mugallymlar gazetiniň» baş redaktory wezipesinden boşatdy. «Mugallymlar gazetiniň» baş redaktory wezipesine bolsa, O.Jumalyýewa bellenildi.

Şeýle hem, wezipe borçlaryny talaba laýyk berjaý etmän, işde goýberen kemçilikleri üçin, Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Metbugatda we beýleki köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde döwlet syrlaryny goramak baradaky komitetiň başlygy Ý.Ýazlyýewe berk käýinç yglan edildi. Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň başlygy A.Hudaýberdiýewe hem wezipe borçlaryny talaba laýyk ýerine ýetirmän, işde goýberen kemçilikleri üçin, käýinç yglan edildi.

Garamagyndaky edara-kärhanalaryň işine gözegçiligi gowşadandygy üçin, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Ýazmuhammedowa berk käýinç yglan edildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow kabul edilen çözgütler barada aýdyp, degişli Kararlara gol çekdi.

Hormatly Prezidentimiz Ş.Işangulyýewi Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň “Türkmenistan” teleýaýlymynyň başlygy wezipesine bellemek hem-de bu komitetiň başlygynyň orunbasary A.Kakaýewi ady agzalan teleýaýlymyň başlygynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirmekden boşatmak hakyndaky Kararlara gol çekdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Toýlyýew şu ýylyň ýedi aýynda gözegçilik edýän ulgamlarynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, täze taryhy eýýamda hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda durmuşa geçirilýän oňyn özgertmeler syýasaty we onuň toplumlaýyn esasda alnyp barylmagy netijesinde ýurdumyzda bilim, ylym, saglygy goraýyş, sport we syýahatçylyk ulgamlaryny ösdürmekde uly üstünlikler gazanyldy. Degişli düzümleri mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmak boýunça yzygiderli çäreler durmuşa geçirilýär.

Şu döwürde okuw kitaplarynyň we okuw gollanmalarynyň 218 görnüşi çap etmäge taýýarlanyldy. Olardan 109-sy neşir edildi. Ýurdumyzyň zehinli mekdep okuwçylary halkara ders bäsleşiklerine we Internet-olimpiadalaryna işjeň gatnaşmak bilen 129 medala eýe boldular. Olaryň 45-si altyn, 50-si kümüş, 34-si bolsa bürünç medallardyr. Ýurdumyzyň talyplary hem halkara paýhas bäsleşiklerinde üstünlikli çykyş edip, 106 medal eýelediler. Olaryň 18-si altyn, 43-si kümüş we 45-si bürünç medallardyr. Şeýle hem türkmen talyplarynyň birnäçesine ýokary netije gazanandyklary baradaky degişli diplomlar we şahadatnamalar gowşuryldy.

Tomusky dynç alyş möwsüminiň iki tapgyrynda Gökderedäki 14 çagalar sagaldyş-dynç alyş merkezlerinde mekdep okuwçylarynyň 13 müň 254-si dynç aldylar. "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynyň çagalar sagaldyş merkezlerinde 5 müň 988 çaga wagtlaryny şadyýan geçirdi. Şeýle hem welaýatlaryň çagalar sagaldyş merkezleriniň 37-sinde 3 müň 990 çaga dynç aldy. Mekdepleriň ýanynda döredilen dynç alyş meýdançalarynyň 692-sinde 48 müň 764 mekdep okuwçylary wagtlaryny şadyýan geçirdiler.

Hasabatyň çäklerinde häzirki döwürde ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerine giriş synaglarynyň dowam edýändigi barada aýdyldy.

Şeýle hem hasabat döwründe Türkmenistanda halkara maslahatlarynyň 4-si geçirildi. Ýurdumyzyň alymlary tarapyndan birnäçe gollanmalar, sözlükler taýýarlanyldy we olar neşir edildi. Bellenilişi ýaly, ýurdumyzda “Saglyk” döwlet maksatnamasynyň kabul edilmeginiň 20 ýyllygyna bagyşlanan dabaraly çäreler ýokary guramaçylyk derejesinde geçdi.

Ýurdumyzyň saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada aýdyp, wise-premýer häzirki döwürde bu ulgama degişli ýedi desganyň, şol sanda 6 lukmançylyk edarasynyň we bir ýaşaýyş jaýynyň gurluşygynyň alnyp barylýandygyny habar berdi. Döwlet meýletin ätiýaçlandyrmasynyň hasabyna gelip gowuşýan serişdeleriň möçberi 112 göterime deň boldy. Ýerine ýetirilen hyzmatlardan we ýerleşdirilen önümlerden alnan girdeji 123 göterime, dermanlyk serişdeleriniň önümçiligi bolsa 142 göterime deň boldy. Daşary ýurt pulunda alnan serişdeleriň görkezijisi 105 göterime barabar boldy.

Milli syýahatçylyk ulgamyny ösdürmek boýunça maksatnamalaýyn çäreler durmuşa geçirilýär. Bellenilişi ýaly, hasabat döwründe 57 müň 902 syýahatçylara hyzmat edildi. Şunda, bu görkezijiniň ösüş depgini 106,7 göterime deň boldy. Türkmenistanyň Syýahatçylyk baradaky döwlet komitetiniň maliýe-hojalyk işinde alnan girdeji 117,8 göterime barabar boldy.

Ýurdumyzyň türgenleriniň ussatlyk derejesini ýokarlandyrmak, olary halkara ýaryşlaryna taýýarlamak üçin okuw - türgenleşik işleri we dürli bäsleşikler yzygiderli geçirilýär. Hasabat döwründe Türkmenistanda 124 ýaryş we 70 sany sport-köpçülikleýin çäresi geçirildi. Şu ýylyň ýedi aýynda türkmen türgenleri halkara ýaryşlarynyň 97-sine gatnaşyp, medallaryň 209-syna mynasyp boldular. Olar 77 altyn, 52 kümüş we 80 bürünç medallary eýelediler.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp hem-de bilim, ylym, saglygy goraýyş, sport we syýahatçylyk pudaklarynyň ileri tutulýan ugurlardygyny belläp, olaryň hemişe üns merkezinde saklanmalydygyny hem-de bu ugurlarda täzeçil usullary we tehnologiýalary, dünýäniň öňdebaryjy tejribelerini iş ýüzünde ornaşdyrmak babatda maksatnamalaýyn özgertmeleri dowam etmegiň zerurdygyna ünsi çekdi.

Soňra wise-premýer «Türkmenistanda tebigy we takyk ylymlary ösdürmegiň Döwlet maksatnamasyny tassyklamak hakyndaky» kararyň taslamasyny hödürledi. Bellenilişi ýaly, bu maksatnama degişli ministrlikler we pudak edaralary bilen bilelikde işlenip taýýarlanyldy. Onuň esasy wezipesi Türkmenistanda tebigy we takyk ylymlaryň, täzeçil senagatyň ösdürilmegi, hünärli işgärleriň taýýarlanylmagy, ýaşlaryň ylym, bilim ulgamynda, ýokary tehnologiýalar ugrunda alnyp barylýan işlere çekilmegini üpjün etmekden, ýurdumyzda ylmy kuwwatlyklary artdyrmakdan ybaratdyr. Bu maksatnamany üstünlikli durmuşa geçirmek üçin birnäçe degişli çäreleri kabul etmek meýilleşdirildi.

Şeýle hem milli Liderimiziň garamagyna «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2015–2020-nji ýyllar üçin döwlet Maksatnamasyny amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasyny tassyklamak hakyndaky» kararyň taslamasy hödürlendi. Mälim bol ýaly, bu maksatnama ýaş nesilleriň döwrebap bilim almagy we sazlaşykly ösmegi, giň dünýägaraýşly hünärmenleri taýýarlamak, ýaşlaryň döwletimiziň we jemgyýetimiziň ähli ulgamlaryna işjeň gatnaşygyny üpjün etmek üçin ähli zerur şertleriň döredilmegine gönükdirilendir. Şeýle hem bu resminama ýaş türkmenistanlylarda ýokary ruhy-ahlak gymmatlyklaryny kemala getirmegi, ýaşlaryň arasynda sagdyn durmuş ýörelgeleriniň berkidilmegini ugur edinýär.

Hormatly Prezidentimiz degişli kararlara gol çekip, bu döwlet maksatnamalarynyň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň Watanymyzyň mundan beýläk-de okgunly ösdürilmeginde, ýurdumyzyň ösüşiň täze sepgitlerine çykmakda aýratyn ähmiýetiniň bardygyny belledi hem-de bu babatda wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Soňra döwlet Baştutanymyz wise-premýerler M.Ýazmuhammedowa we S.Toýlyýewe, Ylymlar akademiýasynyň prezidenti G.Mezilowe ýuzlenip türkmen halkynyň täsin taryhy – medeni mirasyny öwrenmek we ýurdumyzda arheologiki gazuw-agtaryş işlerini geçirmek ýaly meselä ünsi çekdi. Milli Lderimiziň belleýşi ýaly, dünýäniň köp sanly döwletlerinden gelýän alymlara ýurdumyzda gazuw-agtaryş işlerini we barlaglary geçirmäge rugsat berilýä we olara ata-babalarymyzyň örän baý medeni we taryhy mirasyny öwrenmäge mümkinçilikler döredilýär.
Şeýle etmek bir tarapdan örän dogry. Sebäbi, halkymyzyň şöhratly taryhy dünýä medeniýetiniň ösüşinde öçmejek yz galdyrdy. Şoňa görä-de, baý medeni mirasymyzy bütin dünýä giňden wagyz etmek boýunça zerur işleri geçirmeli diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Emma, muňa garamazdan, beýleki bir tarapdan, ýurdumyza gelýän daşary ýurtly alymlar öz makalalarynda we ylmy işlerinde halkymyzyň medeni gymmatlyklarynyň döreýşi, taryhy we ýaşaýyş-durmuşy barada öz şahsy garaýyşlaryny beýan edýärler. Bu bolsa, käbir halatlarda biziň umumy kabul eden taglymatymyza we garaýyşlarymyza laýyk gelmeýär diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi. Şunyň bilen baglylykda döwlet Baştutanymyz ýokarda ady agzalan ýolbaşçylara näme üçin, öz alymlarymyz halkymyzyň taryhyny we medeniýetini öwrenmek bilen az meşgullanýarlar, bu ugurda iş alyp barmak üçin näme ýetmezçilik edýär diýen sowal bilen ýüzlendi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şeýle hem
maliýe serişdeleri ýetmezçilik edýärmi ýa-da hünärmenler ýeterlik dälmi, näme üçin, daşary ýurtly alymlar döwletimizde alyp barýan barlaglaryny tamamlandan soň, olaryň gelen netijelerine Medeniýet ministrliginde ýa-da Ylymlar akademiýasynda alymlaryň mejlislerinde seredilmeýär diýen sowallary öňe sürdi. Bu mejlislerde geçirilen barlaglaryň netijeleriniň dogrudygy tassyklanmaly. Şol netijeler ýurdumyzyň resmi edaralary tarapyndan degişli netijenama bilen resmileşdirilmeli. Diňe şu işler geçirilenden soň, daşary ýurtly alymlar halkymyzyň baý medeni
mirasy we ýurdumyzyň şöhratly taryhy baradaky öz ylmy işlerini neşir edip bilerler diýip, milli Liderimiz aýtdy. Döwlet Baştutanymyz degişli ýolbaşçylara ýüzlenip, bu meseläni Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisine çenli seljermegi hem-de bu ugurda geçirilen işler barada şol mejlisde hasabat berermegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Satlykow 2015-nji ýylyň ýanwar-iýul aýlarynda ulag we aragatnaşyk toplumynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Wise-premýeriň habar berişi ýaly, ulag-aragatnaşyk toplumy boýunça hasabat döwründe ýolagçy we aragatnaşyk hyzmatlary ýerine ýetirilip, meýilnama 118,7 göterim, ösüş depgini 120,1 göterime deň boldy.

Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrligi boýunça ýerine ýetirlen işleriň ösüş depgini 125,7 göterime barabar boldy.

Türkmenistanyň Awtomobil ulaglary ministrligi boýunça hasabat döwründe ýerine ýetirlen hyzmatlaryň ösüş depgini 124,6 göterime deň boldy. Bu görkeziji ýük dolanyşygynda 103 göterime, ýolagçy gatmakda 101,1 göterime barabarbarabar boldy.

Ýanwar-iýul alarynda Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligi boýunça işleri ýerine ýetirmegiň ösüş depgini 106,1 göterime deň boldy. Hasabat döwründe ilatyň aragatnaşyk hyzmatlaryna bolan islegini kanagatlandyrmak maksady bilen ýurdumyz boýunça 354,3 müň , şol sanda 331,5 müň öýjükli belgi, 5,8 müň radio telefon belgi we 17 müň ýerli telefon nokady gurnalyp, meýilnama 2,4 esse ýerine ýetirildi. Geçen döwürde Oba milli maksatnamasyny amala aşyrmagyň çäklerinde 1 müň 544 telefon belgilik beketler gurnaldy we 1 müň 292 kilometr aragatnaşyk ulgamy çekildi.

“Türkmenhowaýollary” döwlet milli gullygy boýunça hasabat döwründe awiahyzmatlary ýerine ýetirmekde, ösüş depgini 118,7 göterime barabar boldy. Bu görkeziji ýük we ýolagçy dolanyşygynda degişlilikde 100,8 göterime göterime we 100 göterime deň boldy.

Türkmenistanyň Türkmenistanyň Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullygy boýunça ýanwar-iýul aýlarynda işleri ýerine ýetirmegiň ösüş depgini 130 göterime barabar boldy. Bu görkeziji ýük dolanyşygynda 100,1 göterime, ýolagçy gatnatmakda 125 göterim üpjün edildi.

Şeýle hem wise-premýer Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligi tarapyndan aragatnaşyk enjamlaryny satyn almak we gurnamak boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.

Häzir Türkmenistanda telekommunikasiýalar ulgamyny toplumlaýyn ösdürmäge we döwrebaplaşdyrmaga uly üns berilýär diýip, milli Liderimiz onyň işini has-da kämilleşdirmegiň we talap edilýän ýokary hili gazanmagyň möhümdigine ünsi çekdi. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, häzirki wagtda Internetiň we döwrebap tehnologiýalaryň ýurdumuzyň her bir raýaty üçin elýeterli bolmagy babatda ähli şertler döredilýär.

Mejlisiň barşynda Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow degişli karara gol çekdi. Bu resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligine enjamlary satyn almak, gurnamak we işe girizmek boýunça şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi. Döwlet Baştutanymyz wise-premýere ýerli telefon aragatnaşyk ulgamynyň göwrümini giňeltmek üçin zerur işleri geçirmegi tabşyrdy.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda dynç alýanlar üçin oňaýly şertleri döretmek meselesine ünsi çekdi. Bu ýerde ajaýyp dynç alyş we sagaldyş toplumlary guruldy. Bu zolakda hyzmatlaryň oňat ýola goýlandygy, deňziň suwunyň we howasynyň ekologiýa taýdan arassadygy üçin, Awaza müňlerçe adam dynç almaga gelýär. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz mejlise gatnaşyjylaryň hem ýaňy-ýakynda bu ýerde bolup, dynç almak üçin döredilen şertler bilen ýakyndan tanyşandygyny nygtady.

Şunuň bilen birlikde, milli Liderimiz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunblasary S.Satlykowa, Balkan welaýatynyň häkimi D.Durdyýewe, tebigaty goramak ministri B.Annabaýramowa, içeri işler ministri I.Mulikowa ýüzlenip, gynansak-da, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda tertip-düzgüniň berjaý edilişine hiç kimiň seretmeýändigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz ähli welaýatlardan gelen müňlerçe awtoulagyň sürüjileriniň ýol hereketiniň kadalaryny berjaý etmeýändigini we awtoulaglary ýörite duralgalarda goýmaýandygyny nygtady. Awtoulaglaryň köp toplanmagy sebäpli, dynç alyş zolagynyň käbir ýerlerinde howanyň hapalanandygy hem duýulýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dörän ýagdaýy teswirläp, Tebigaty goramak ministrliginiň bu ýerde ekologiýa kadalarynyň ýerine ýetirilişine talaba laýyk gözegçilik etmeýändigini belledi. Polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugynyň işgärleri hem ýol-ulag kadalarynyň berjaý edilişine ýeterlik üns bermeýär. Bu mesele bilen olar talaba laýyk meşgullanmaýar diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

«Awaza» milli syýahatçylyk zolagyna gelýän adamlaryň öz awtoulaglaryny ýörite duralgalarda goýmaklaryny talap etmeli. Dynç alyş zolagynyň çäginde bolsa, diňe jemgyýetçilik ulaglarynyň
we ýörite ulaglaryň gatnawyna rugsat bermeli diýip, milli Liderimiz nygtady. Hormatly Preidentimiz bu meseleleriň ählisini haýal etmän çözmegi degişli ýolbaşçylardan talap edip, berlen tabşyrygy ýerine ýetirmek boýunça geçirilen işler barada hasabat bermegi tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Artykow gözegçilik edýän pudaklarynda şu ýylyň ýanwar-iýul aýlarynda alnyp barlan işleriň netijeleri, şeýle hem hormatly Prezidentimiziň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Wise-premýer hasabat döwründe gurluşyk, energetika we jemagat hojalygy toplumy boýunça ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň meýilnamasynyň 127,2 göterim ýerine ýetirilendigini, ösüş depgininiň bolsa 117,8 göterime deň bolandygyny habar berdi.

Hususan-da, Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi boýunça degişli döwürde öndürilen önümiň we ýerine ýetirilen işleriň, hyzmatlaryň meýilnamasy 124,4 göterime, ösüş depgini bolsa 116,4 göterime barabar boldy.

Türkmenistanyň Energetika ministrligi boýunça 2015-nji ýylyň ýedi aýynda öndürilen önümiň we ýerine ýetirilen işleriň, hyzmatlaryň möçberi boýunça ösüş depgini 129,4 göterime deň boldy. Elektrik energiýasyny öndürmegiň ösüş depgini 102,1 göterim üpjün edildi.

Türkmenistanyň Jemagat hojalygy ministrligi boýunça ýerine ýetirilen işleriň, hyzmatlaryň meýilnamasy 112,5 göterim ýerine ýetirildi.

“Türkmenawtoýollary” döwlet konserni boýunça hasabat döwründe öndürilen önümiň we ýerine ýetirilen işleriň, hyzmatlaryň ösüş depgini 106,5 göterime barabar boldy.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli gurluşyk senagatynyň ösüşiň hil taýdan täze derejä çykýandygyny kanagatlanmak bilen belledi. Köpsanly desgalaryň gurluşygynyň depgininiň barha ýokarlanmagy hem-de pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň berkidilmegi hem munuň şeýledigini tassyklaýar. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz gurluşyk işleriniň hilini ýokarlandyrmak we olaryň möhletini berk berjaý etmek meselelerini hemişe gözegçilikde saklamagyň wajypdygyny nygtady.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ilata edilýän durmuş hyzmatlarynyň derejesini gowulandyrmak maksady bilen, jemagat hojalygynyň ähli ulgamlarynyň sazlaşykly işini üpjün etmegiň wajypdygyny nygtady we bu meseläni hemişe gözegçilikde saklamak barada degişli ýolbaşçylara anyk görkezmeleri berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň mejlisinde şu ýylyň ýedi aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemlerine bagyşlanyp geçilýän mejlisinde Türkmenistanyň Ýokary gözegşçilik edarasynyň başlygy B.Atdaýewe söz berildi. Ol ýurdumyzyň paýtagtynda arassaçylygyň we abadanlaşdyryş işleriniň alnyp barlyşyna geçirilen seljerme işleriniň netijeleri barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Aşgabat şäheriniň häkimi R.Nurmämmedowyň işine nägilelik bildirip, ony ýol beren kemçilikleri üçin eýeleýän wezipesinden boşatdy we degişli resminama gol çekdi.
Döwlet Baştutanymyz Aşgabat şäheriniň häkimi wezipesine M.Abilowy belläp, ony paýtagtymyzyň Köpetdag etrabynyň häkimi wezipesinden boşatmak baradaky Permana gol çekdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynň orunbasary, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň we Ministrler Kabinetiniň iş dolandyryjysy Ş.Durdylyýew şu ýylyň ýedi aýynda gözegçilik edýän düzümleriniň geçiren işleri, şeýle hem paýtagtymyzy abadanlaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler hakynda hasabat berdi.

Habar berlişi ýaly, hasabat döwründe 4456,54 million manat maýa goýumlary özleşdirilip, meýilnama 132,3 göterim ýerine ýetirildi.

Häzirki wagtda Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararlaryna laýyklykda, şäherde dürli maksatly 589 desganyň we binalaryň gurluşygy alnyp barylýar. Şol sanda Aşgabat şäheriniň häkimliginiň buýurmasy boýunça desgalaryň we binalaryň 232-siniň gurluşygy dowam edýär.

Şu ýylyň ýedi aýynda desgalaryň 24-si ulanmaga berildi we ýylyň ahyryna çenli ýene-de 43-sini ulanmaga bermek meýilleşdirilýär. Olardan binalaryň 32-siniň gurluşygy türkmen paýtagtyny gurmagyň 13-nji nobatdakysyny amala aşyrmagyň çäklerinde alnyp barylýar. Şeýlelikde, bu tapgyrda maşgalalaryň 638-si üçin niýetlenen ýaşaýyş jaýlarynyň 11-sini, 600 orunlyk mekdepleriň 2-sini, her biri 160 orunlyk çagalar baglarynyň ikisini, 200 orunlyk 3 gatly awtoduralgalaryň 2-sini, Saglyk öýüni we dürli edaralaryň binalarynyň 11-sini ulanmaga bermek göz öňünde tutulýar. Bitarap Türkmenistan şaýolundan Garaşsyzlyk şaýoluna çenli aralykda ýerasty pyýada geçelgeleriň 4-sini gurmak, şeýle hem inžener ulgamlarynyň hemmesini çalyşmak meýilleşdirildi.

1-nji sentýabrda – Bilimler we talyp ýaşlar güni 1000 orunlyk A.Kekilow adyndaky mugallymçylyk mekdebini, 600 orunlyk orta mekdepleriň 2-sini we Ruhabat etrabynda 160 orunlyk çagalar baglarynyň 2-sini ulanmaga bermek meýilleşdirildi. 2015-2016-njy ýyllarda paýtagtymyzy abadanlaşdyrmagyň meýilnamasyna laýyklykda, köçeleriň 20-siniň durkuny täzelemek işleri geçiriler, häzir olaryň 13-sinde işler alnyp barylýar.

Döwlet ýaşaýyş jaý gaznasyna degişli ýaşaýyş jaýlarynyň durkuny täzelemek we ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyrmak boýunça işler dowam edýär. Umuman alnanda, ýaşaýyş jaýlarynyň 2273-siniň durkuny täzelemek meýilleşdirildi, häzirki wagtda ýaşaýyş jaýlarynyň 949-synda abatlaýyş işleri tamamlandy we 1192-sinde dowam edýär.

Bulardan başga-da paýtagtymyzda seýilgäh toplumlary gurulýar we bag ekmek boýunça işler geçirilýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Aşgabat şäherini ösdürmegiň meseleleriniň ýakyn geljek üçin ileri tutulýan wezipeleriň hatarynda durýandygyny, bu işler üçin jogapkär düzümleriň sazlaşykly hereket etmelidigini belledi.

Milli Liderimiz ýurdumyzyň baş şäheriniň binagärlik keşbini özgertmek hem-de abadanlaşdyrmak boýunça meýilnamalaryň öz wagtynda we ýokary hilli ýerine ýetirilmegine berk gözegçilik etmegiň wajypdygyna ünsi çekdi. Döwlet Baştutanymyz paýtagtymyzy bagy-bossanlyga büremek boýunça, şol sanda gök zolaklary döretmek we bezeg agaç nahallaryny oturtmak boýunça işleri geljekde hem alyp barmagyň möhümdigini belläp, bu işi ylmy esasda geçirip, oňa Ylymlar akademiýasynyň alymlaryny we degişli düzümleriň hünärmenlerini çekmegiň zerurdygyny aýtdy we şunuň bilen baglylykda, wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary P.Taganow gözegçilik edýän ulgamlarynda 2015-nji ýylyň ýedi aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Hasabat döwründe Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi boýunça geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende haryt dolanyşygynyň umumy möçberiniň ösüş depgini 114,4 göterime barabar boldy. Şol sanda bölek satuw haryt dolanyşygynyň ösüş depgini 106,3 göterime, lomaý haryt dolanyşygynyň ösüş depgini bolsa 118,8 göterime deň boldy.

Şu ýylyň ýedi aýynyň dowamynda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasy boýunça 146 birža söwdasy geçirildi. Şol döwürde jemi bahasy 35 milliard 182,4 million manada deň bolan 12 müň 659 şertnama hasaba alyndy.

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy boýunça ýanwar-iýul aýlarynda ýerine ýetirilen hyzmatlaryň ösüş depgini 106,7 göterime barabar boldy. Ýedi aýyň dowamynda 15 sergi we 14 maslahat geçirildi.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň kärhanalary boýunça geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 2015-nji ýylyň ýanwar-iýul aýlarynda senagat önümleriniň öndürilişi 14,3 göterim, oba hojalyk önümleriniň öndürilişi 19,2 göterim artdy. Ýerine ýetirilen gurluşyk – gurnama işleriniň ösüş depgini 101 göterim üpjün edildi. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi boýunça umumy söwda - haryt dolanyşygynyň ösüş depgini 124 göterime, ýerine ýetirilen hyzmatlaryň ösüş depgini bolsa 130,6 göterime barabar boldy.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň eksport kuwwatyndan netijeli peýdalanmak we önüm öndürijileriniň önümlerini dünýä bazarlarynda ilerletmek maksady bilen, toplumlaýyn çäreleriň görülmeginiň wajypdygyny nygtady. Milli Liderimiz işjeň gatnaşyklaryň ösýän häzirki döwründe hususy ulgamyň ornuny ýokarlandyrmagyň ileri tutulýan wezipeleriň biridigini belledi. Häzirki wagtda bu ulgam milli ykdysadyýetimiziň okgunly ösýän pudagydyr. Hormatly Prezidentimiz söwda we telekeçilik ulgamyny ösdürmek baradaky döwlet maksatnamalaryny durmuşa geçirmegiň möhümdigine ünsi çekip, bu babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen wekiliýetiniň abraýly ykdysady forumlaryň biri bolan Izmir halkara ýarmarkasyna gatnaşmagy barada durup geçip, bu çäräniň ýurdumyzyň ykdysadyýetine daşary ýurt maýalaryny çekmäge, daşary ýurtlaryň kärhanalary bilen netijeli işjeň gatnaşyklary ýola goýmaga, bilelikdäki önümçilikleri guramaga, söwdany ösdürmäge ýardam etmelidigini nygtady. Döwlet Baştutanymyz milli bölümimiziň Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň dürli pudaklarynda gazanan üstünliklerini, ýurdumyzyň taryhy-medeni mirasyny, baý eksport we serişdeler kuwwatyny doly açyp görkezmelidigini belläp, wise-premýere bu foruma taýýarlyk görmek boýunça işleri talabalaýyk guramagy tabşyrdy.

Mejlisiň barşynda hormatly Prezidentimiz başga işe geçmegi sebäpli A.Gurbanowany Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministriniň orunbasary wezipesinden boşatmak, R.Meredowy Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministriniň orunbasary wezipesine belläp, ony Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň başlygynyň orunbasary wezipesinden boşatmak, A.Aýnazarowy Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň başlygynyň orunbasary wezipesine bellemek hakyndaky Kararlara gol çekdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew şu ýylyň ýedi aýynda gözegçilik edýän pudaklarynyň alyp baran işleriniň netijeleri hakynda hasabat berip, tutuş oba hojalyk toplumy boýunça önüm öndürmegiň, ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň ösüş depgininiň 100,9 göterime deň bolandygyny habar berdi.

Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdireniňde bu görkeziji Oba hojalyk ministrligi boýunça 109,8 göterime, Suw hojalyk ministrligi boýunça 106,8 göterime, Tebigaty goramak ministrligi boýunça 111,1 göterime, “Türkmengallaönümleri” döwlet birleşigi boýunça 112,3 göterime, “Türkmenobahyzmat” döwlet birleşigi boýunça 102,2 göterime, Azyk senagaty döwlet birleşigi boýunça 105,4 göterime, Döwlet maldarçylyk birleşigi boýunça 114,9 göterime, “Türkmen atlary” döwlet birleşigi boýunça 110 göterime deň boldy.

Wise-premýer şeýle hem oba hojalyk toplumynda maýa goýum maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi we ýurdumyzda geçirilýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy hakynda hasabat berdi. Hususan-da, agrotehniki kadalara laýyklykda, häzirki wagtda gowaça ideg etmek – hatarara bejergi, ösüş suwuny tutmak hem-de gowaçalaryň ujyny çyrpmak işleri utgaşykly dowam etdirilýär. Bu işler bilen bir hatarda, pagta ýygymy möwsümine guramaçylykly taýýarlyk görmek, ýygnaljak hasyly bökdençsiz kabul etmek we ýokary hilli gaýtadan işlemek maksady bilen, pagta arassalaýyjy kärhanalaryny, pagta kabul ediş harmanhanalary hem-de pagta ýygýan kombaýnlary möwsüme doly taýýarlamak boýunça degişli işler geçirilýär. Bugdaý ekiljek meýdanlarda sürüm işleri dowam edýär.

Döwlet Baştutanymyzyň garamagyna “Türkmenistanda 2016-njy ýylda bugdaýyň bol hasylyny öndürmek hakynda” kararyň taslamasy hödürlenildi. Bu resminama laýyklykda, geljek ýylda 760 müň gektar meýdana bugdaý ekip, 1 million 600 müň tonna bugdaý hasyl öndürmek göz öňünde tutulýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, oba hojalygynda geçirilýän özgertmeleriň depginlerinden, şol sanda ilaty ter gök önümler bilen üpjün etmek maksadynda geçirilýän işlerden nägiledigini aýtdy.

Milli Liderimiziň belleýişi ýaly, geçen ýyl biz beýleki döwletlerden getirilýän gök önümleriň möçberlerini azaltmagy öz öňümizde wezipe edip goýduk. Emma, muňa garamazdan, berilýän hasabatlardan görnüşi ýaly, häzirki döwürde daşary ýurtlardan getirilýän soganyň, kartoşkanyň, hyýaryň, pomidoryň möçberleriniň artmagy dowam edýär. Bu gök önümleri daşary ýurtlardan getirmek üçin 50 million amerikan dollaryna golaý serişde sarp edilipdir.

Döwlet Baştutanymyz wise-premýerler E.Orazgeldiýewe, B.Hojamämmedowa we P.Taganowa ýüzlenip, daşary ýurt pulundaky serişdeleriň sarp edilişine, beýleki döwletlerden önümleriň getirilişine gözegçiligi güýçlendirmegi talap etdi.

Hormatly Prezidentimiziň belleýişi ýaly, häzirki döwürde her welaýatyň öz-özüni gök önümler we miweler bilen üpjün etmeli. Şunda Aşgabat we Türkmenbaşy şäherlerine gök we bakja önümlerini uzak aralykdan – Daşoguz ýa-da Lebap welaýatlaryndan getirmegiň hajaty ýok. Gök önümleri beýleki döwletlerden getirmegiň hem zerurlygy ýok! Sebäbi, bu önümler uzak aralykdan getirilende olaryň bahasy ýokarlanýar, ilat üçin gymmat düşýär.

Döwlet Baştutanymyz E.Orazgeldiýewe ýurdumyzyň uly şäherleriniň her biriniň golaýynda ýyladyşhanalary gurmak üçin gerek bolan möçberde ýer böleklerini bermek üçin zerur işleri geçirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Hojamämmedow isleg bildirýän adamlaryň ählisine ýyladyşhanalary gurmak we gök önümleri öndürmek üçin ýeňillikli karz serişdelerini bermek işini talaba laýyk guramak tabşyryldy.

Içeri işler ministri I.Mulikowa täze ýyldan başlap ýurdumyzyň çäklerinde gök önümleriň we miweleriň demir ýol we awtomobil ulaglary bilen daşalyşyna gözegçiligi ýola goýmak barada tabşyryk berildi.

Awgust aýynda ýurdumyzda iki sany möhüm çäre – bugdaý ekişi we köpçülikleýin pagta ýygymy möwsümleri başlanýar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow E.Orazgeldiýewden welaýatlaryň häkimleri, oba hojalyk toplumynyň ýolbaşçylary bilen bu möwsümleri çalt we ýokary hilli tamamlamak üçin, ähli zerur çäreleri ähli zerur çäreleri görmegi talap etdi.

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ykdysadyýetimiziň ähli pudaklary bilen bir hatarda oba hojalygy hem yzygiderli ösýär. Ýurdumyzda daýhanlaryň netijeli zähmet çekmegi, toprakdan bol hasyl almagy üçin ähli zerur şertler döredilýär.

Daýhanlarymyz ýokary hilli tohum, dökünleriň dürli görnüşleri, kämil oba hojalyk tehnikalary, ýeterlik mukdarda suw hem-de beýleki zerur serişdeler bilen doly üpjün edilýär. Olar özleri üçin döredilýän bu mümkinçiliklerden netijeli peýdalanyp, uly zähmet üstünliklerini gazanýarlar diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Oba hojalyk işgärleriniň yhlasly zähmeti netijesinde, ýurdumyzda azyk bolçulygy döredilýär diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz bu ugurda gallaçy daýhanlarymyzyň alyp barýan işlerini aýratyn belledi. Olar her ýyl bugdaýyň bol hasylyny ýygnap, Watan harmanyna tabşyrmagy başarýarlar.

Ýygnalan bol galla hasyly mähriban halkymyzyň, berkarar Watanymyzyň baýlygydyr, saçaklarymyzyň rysgal-berekedidir diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz bu ýere ýygnanalara ýüzlenip, häzir gallaçy daýhanlarymyzyň öňünde möhüm wezipe durýar - ekiş möwsümini gysga wagtyň içinde, ýokary hilli, agrotehniki kadalara laýyklykda geçirmek wezipesi durýar. Şundan ugur almak bilen, hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda 19-njy awgustdan başlap, bugdaý ekişine guramaçylykly girişmäge ak pata berdi. Il içinde sylanýan hormatly ýaşulularymyzdan bolsa, bugdaý ekişini «Bissimilla!» bilen başlap bermeklerini haýyş etdi.

Zähmetsöýer daýhanlarymyzyň yhlasly zähmeti bilen şu ýyl hem ýurdumyzda pagtanyň bol hasyly ösdürilip ýetişdirildi diýip bellemek bilen, milli Liderimiz indi pagtaçylaryň ýyl boýy çeken zähmetiniň netijeleriniň jemlenýän döwrüniň, ýagny ýygym möwsüminiň ýetip gelendigini nygtady. Köp zähmet siňdirilip ýetişdirilen pagta hasylyny gysga wagtyň içinde ýygnap almak häzirki döwürde merdana daýhanlarymyzyň esasy wezipesi bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz edermen pagtaçylarymyzyň şu ýyl hem milli baýlygymyz bolan «ak altynyň» bol hasylyny ýygnap, uly zähmet üstünliklerini gazanjakdyklaryna berk ynam bildirdi.

Hormatly Prezidentimiz ýygym möwsümini guramaçylykly geçirmek maksady bilen, Ahal, Lebap we Mary welaýatlarynda 29-njy awgustda, Daşoguz welaýatynda bolsa, 6-njy sentýabrda pagta ýygymyna başlamaga ak pata berdi.

Milli Liderimiz il içinde sylanýan hormatly ýaşulularymyzdan pagta ýygymyny «Bissimilla!» bilen başlap bermeklerini haýyş etdi. Ýere sepen her bir dänäňiz müň bolsun, edermen gallaçylar! Harmanyňyza bereket, merdana pagtaçylar! diýip, milli Liderimiz bu ýere ýygnanlaryň el çarpyşmagynda ýurdumyzyň zähmetsöýer daýhanlaryna, ähli oba hojalyk işgärlerine berk jan saglyk, asuda we bagtyýar durmuş, yhlas bilen zähmet çekip, ene ýerden bol hasyl almagy, sahawatly türkmen topragynyň berekedini has-da artdyryp, belent sepgitlere ýetmegi tüýs ýürekden arzuw etdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Türkmenistanda 2016-njy ýylda bugdaýyň bol hasylyny öndürmek hakynda” karara gol çekip, oba hojalyk toplumynyň ýolbaşçylaryna degişli resminamany ýerine ýetirmek babatda birnäçe anyk görkezmeleri berdi.

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy A.Nurberdiýewa ýurdumyzyň kanunçylygyny has-da kämilleşdirmek boýunça Mejlisiň şu ýylyň ýedi aýynda alyp baran işleriniň netijeleri barada maglumat berdi.

Hasabat döwründe Türkmenistanyň Mejlisiniň maslahatlarynyň ikisi geçirildi. Onda döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy boýunça durmuşa geçirilýän hukuk özgertmeleriniň çäklerinde döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary babatda milli kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmäge gönükdirilen Türkmenistanyň Kanunlarynyň 50-si we Türkmenistanyň Mejlisiniň kararlarynyň 39-sy kabul edildi. Şu ýylyň 18-nji awgustynda Mejlisiň nobatdaky maslahatyny geçirmek göz öňünde tutulýar. Oňa ykdysadyýetiň pudaklaryny we beýleki ulgamlary has-da ösdürmäge ýardam etjek möhüm kanunlaryň taslamalarynyň birnäçesi giriziler.

Raýat hukugy, gender meseleleri, notarial işi we şähergurluşyk bilen baglanyşykly täze kanunlaryň taslamalaryny taýýarlamak baradaky işler tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar. Käbir halkara konwensiýalaryny tassyklamak üçin resminamalar taýýarlanyldy. Türkmenistanyň Mejlisiniň halkara we parlamentara gatnaşyklaryny işjeň ösdürýändigi bellenildi.

Milli parlamentiň ýolbaşçysy ýurdumyzyň Esasy Kanunyny kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada habar berip, gelip gowuşýan teklipleri seljermek baradaky iş toparynyň maslahatlarynyň 47-siniň geçirilendigini aýtdy. Şeýle hem Merkezi saýlaw topary bilen bilelikde şu ýylyň 16-njy awgustynda geçiriljek geňeşleriň agzalarynyň hem-de iki saýlaw okrugy boýunça Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň saýlawlaryna görülýän taýýarlyk barada habar berildi.

Döwlet Baştutanymyz halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyk gelýän döwrebap hukuk binýadyny kemala getirmegiň ýurdumyzda durmuş-ykdysady özgertmeleri kanunçylyk taýdan üpjün etmäge gönükdirilendigini nygtap, parlamentiň işini işjeňleşdirmegiň möhümdigine Mejlisiň ýolbaşçysynyň ünsüni çekdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Geňeşleriň agzalarynyň we aýry-aýry okruglar boýunça Mejlisiň deputatlarynyň saýlawlary barada durup geçip, saýlawlary ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek üçin ähli çäreleri görmegi tabşyrdy.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow “Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň 2013-2017-nji ýyllar üçin Konsepsiýasyny” durmuşa geçirmegiň barşynda Daşary işler ministrliginde şu ýylyň ýedi aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, Bitarap Türkmenistanyň dünýäde Watanymyzyň ýokary abraýa eýe bolmagyny şertlendiren netijeli halkara hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryna ygrarlydygyny belledi.

Hormatly Prezidentimiziň şu ýylyň başyndan bäri daşary ýurtlara guran iş saparlarynyň oňyn netijeleri, milli Liderimiziň birnäçe ýokary derejedäki maslahatlara gatnaşmagy, daşary döwletleriniň Baştutanlarynyň we BMG-niň Baş sekretarynyň ýurdumyza bolan saparlary munuň aýdyň subutnamasydyr.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň paýhasly ýolbaşçylygynda Türkmenistan ikitaraplaýyn görnüşde bolşy ýaly, abraýly halkara guramalarynyň we düzümleriniň çäklerinde ýola goýulýan netijeli gatnaşyklary yzygiderli ösdürýär. Hasabat döwründe daşary ýurtlaryň wekiliýetleriniň 315-siniň ýurdumyzyň Daşary işler ministrliginiň üsti bilen Türkmenistana gelmegi, Türkmenistandan 515 wekiliýetiň daşary ýurtlara ugradylmagy gatnaşyklaryň täze derejä çykýandygynyň subutnamasydyr. Hasabat döwründe halkara derejesindäki dürli çäreleriň 135-si geçirildi. Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlygynyň kadalaşdyryjy-hukuk binýadyna degişli resminamalaryň 140-sy goşuldy.

Hasabat döwründe Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen beýleki ýurtlaryň daşary syýasat edaralarynyň arasynda netijeli halkara gatnaşyklaryny berkitmäge we giňeltmäge gönükdirilen geňeşmeleriň 27-si geçirildi. Şeýle hem hyzmatdaşlyk boýunça ikitaraplaýyn hökümetara toparlarynyň birnäçe mejlisi boldy. Olaryň gün tertibine söwda-ykdysady we medeni ulgamlardaky özara peýdaly gatnaşyklary ösdürmek bilen baglanyşykly möhüm meseleler girizildi.

Şeýle hem Bitaraplyk we parahatçylyk ýylynda ýurdumyzda we onuň çäklerinden daşynda türkmen döwletiniň hemişelik Bitaraplyk derejesiniň 20 ýyllygyna bagyşlanan çäreler giň gerime eýe boldy. Bu şanly sene mynasybetli köpsanly makalalar, tele we radio gepleşikleri, daşary ýurtlarda taýýarlanan we çap edilen mowzuklaýyn neşirler taýýarlanyldy. Şanly sene mynasybetli halkara maslahatlarynyň 98-si, metbugat maslahatlarynyň 15-si, medeni çäreleriň 49-sy we sport çäreleriniň 41-si guraldy. Umuman, Türkmenistanda we daşary ýurtlarda Bitarap Watanymyzyň 20 ýyllygyna bagşylanan çäreleriň hem-de dabaralaryň 372-si geçirildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanyň oňyn Bitaraplyk we halkara hyzmatdaşlyk ýörelgelerine, sebit we ähliumumy möçberdäki parahatçylygyň hem-de abadançylygyň bähbidine laýyk gelýän daşary syýasat strategiýasyny yzygiderli durmuşa geçiriljekdigini belledi. Şunda döwlet Baştutanymyz ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda abraýly halkara guramalarynyň çäklerinde netijeli gatnaşyklary ösdürmek bilen, ýurdumyzyň döwrüň möhüm wezipeleriniň we meseleleriniň deňeçer çözgüdini işläp taýýarlamaga mundan beýläk-de gatnaşmaga gyzyklanma bildirýändigini aýtdy.

Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz wise-premýere Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 20 ýyllygynyň hormatyna guraljak esasy dabaralara, şeýle hem BMG-niň Baş Assambleýasynyň 70-nji ýubileý mejlisine gatnaşmak üçin ýurdumyzyň wekiliýetiniň ABŞ-nyň Nýu-Ýork şäherine boljak iş saparyna taýýarlyk boýunça birnäçe anyk tabşyryklry berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlygyň möhüm ähmiýetiniň bardygyny belläp, Türkmenistanyň ählumumy ösüşiň we rowaçlygyň maksatlaryna kybap gelýän netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmaga taýýardygyny tassyklady. Milli Liderimiz BMG-niň 70 ýyllyk ýubileýi bilen bir hatarda, şu ýylda türkmen döwletiniň hemişelik Bitaraplyk derejesine eýe bolmagnyň 20 ýyllygynyň bellenilmegi barada aýdyp, dünýä jemgyýetçiligini ýurdumyzyň döredijilikli başlangyçlarynyň mazmunyny düşündirmek we wagyz etmek boýunça alnyp barylýan işleriň dowam etdirilmeginiň zerurdygyny nygtady. Hormatly Prezidentimiz munuň BMG-niň çäklerinde ýola goýulýan gatnaşyklarda aýdyň äşgär edilmelidigini belläp, wise-premýere bu babatda birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Soňra döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň agzalaryna ýuzlenip,
ýurdumyzyň Hökümetiniň işini has-da kämilleşdirmek maksady bilen, käbir ýolbaşçylary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak barada karara gelendigini aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz wise-premýer M.Artykowa ýüzlenip, onuň Hökümetiň düzüminde dürli wezipelerde işländigini, ýeterlik tejribe toplandygyny, bilimini hem artdyrandygyny belledi. Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, häzirki döwürde kabul eden energetika maksatnamamyzy ýerine ýetirmek, elektrik energiýasynyň daşary ýurtlara iberilýän möçberlerini artdyrmak biziň üçin möhüm wezipeleriň biri bolup durýar.
Bu ugurda işleriň talaba laýyk alnyp barylmagy, ýurdumyza gelip gowuşýan daşary ýurt pulundaky serişdeleriň möçberlerini artdyrmaga mümkinçilik berer, mähriban halkymyzyň ýaşaýyş - durmuş derejesini mundan beýläk-de gowulandyrmak boýunça kabul eden maksatnamalarymyzy üstünlikli ýerine ýetirmäge oňyn şertleri döreder.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz M.Artykowy Energetika ministrliginiň Owganystan Yslam Respublikasyndaky wekili wezipesine belläp, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary wezipesinden boşatdy. Hormatly Preidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, täze işinde onuň wezipesi energetika ulgamlarynyň we kiçi stansiýalaryň gurluşygyny dowam etmekden, ýurdumyzdan Owganystana we beýleki döwletlere iberilýän elektrik energiýasynyň möçberlerini artdyrmak boýunça zerur işleri geçirmekden ybaratdyr.

Milli Liderimiz şeýle hem Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Durdylyýewi Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň we Ministrler Kabinetiniň Iş Dolandyryjysy wezipesinden boşatdy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz onuň M.Artykowyň gözegçilik eden ministrliklerine we pudak edaralaryna, Aşgabat şäherine hem-de Ahal welaýatyna gözegçilik etjekdigini aýtdy. Şeýle hem, wise-premýer Ş.Durdylyýew Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen – türk toparynyň Türkmen bölegine ýolbaşçylyk eder.

Döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary P.Taganowy Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň we Ministrler Kabinetiniň Iş Dolandyryjysy wezipesine belledi. Ol Iş dolandyryjynyň wezipesini berjaý etmek bilen birlikde, öz garamagyndaky ministrlikleriň we pudak edaralarynyň işine hem gözegçiligi dowam eder.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow A.Arabowy başga işe geçýändigi sebäpli, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Demokratiýa we adam hukuklary baradaky Türkmen milli institutynyň direktory wezipesinden boşatdy. Döwlet Baştutanymyz bu wezipä Gylyçmyrat Hallyýewi belläp, ony adalat ministriniň orunbasary wezipesinden boşatdy.

Hormatly Prezidentimiz mejlisi dowam edip, häzirki döwürde biz milli ösüşiň uzak möhlete gönükdirilen strategiýasyny amala aşyrmak boýunça zerur işleri geçirmeli diýip belledi. Bu strategiýada öňdebaryjy tehnologiýalaryň, ylmyň we tehnikanyň gazananlarynyň binýadynda, tebigy çig mal serişdelerine bagly bolmadyk, ösen senagata esaslanýan ykdysadyýeti döretmek göz öňünde tutulýar. Häzirki döwürde bu biziň esasy maksadymyz bolup durýar diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Şu ýylyň ýedi aýynyň netijelerinden görnüşi ýaly, mähriban halkymyzyň hal-ýagdaýyny has-da gowulandyrmaga, ykdysadyýetimizi senagat taýdan diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalar üstünlikli ýerine ýetirilýär.

Emma, muňa garamazdan, käbir ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary, gynansak-da, entek ýaramaz işleýär diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi. Häzirki döwürde aýry-aýry kärhanalaryň ösüş depgini pes bolmagynda galýar. Şoňa görä-de, olaryň ösüş depginini ýokarlandyrmaly, maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmeli. Ösen tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça giň gerimli işleri alyp barmaly. Halkara bazarlaryny özleşdirmeli. Netijede, döwletimize köp möçberde daşary ýurt pulundaky serişdeleriň gelip gowuşmagyny gazanmaly. Bu bolsa, ýurdumyzyň ykdysadyýetini ýokary depginler bilen ösdürmäge, mähriban halkymyzyň hal-ýagdaýyny mundan beýläk-e gowulandyrmaga mümkinçilik berer diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz wise-premýerler B.Ereşowa we Ş.Durdylyýewe, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň başlygy A.Dadaýewe ýüzlenip, biziň ýurdumyzyň magdan däl serişdelerine örän baýdygyny nygtady. Şol ýerli serişdeleriň esasynda gurluşyk materiallary senagatyny çalt depginler bilen ösdürmeli. Bu bolsa, ýene birnäçe ýyldan gurluşyk materiallaryny beýleki döwletlerden getirmek zerurlygyny peselder. Daşary ýurtly raýatlary işe çekmek zerurlygyny düýpli azaldar. Ýurdumyzda köp sanly täze iş orunlaryny döretmäge mümkinçilik berer diýip, milli Liderimiz belledi.

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň durmuşynda şanly seneleriň ýetip gelýändigini nygtap, gurluşygy tamamlanan kärhanalaryň we beýleki desgalaryň esasy bölegini döwletimiziň Garaşsyzlyk baýramyna we Bitaraplygymyzyň şanly 20 ýyllyk ýubileýine çenli ulanmaga bermek we täze desgalaryň düýbüni tutmak üçin häzirden zerur çäreleri görmegi ähli ýolbaşçylara tabşyrdy. Bu işleriň üstünlikli alnyp barylmagy bize şanly baýramlarymyzy ýokary derejede we guramaçylykly geçirmäge mümkinçilik berer diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Ýaşulularynyň maslahaty hem golaýlap gelýändigini ýatladyp, maslahatyň gün tertibini häzirden düzüp başlamagyň, şeýle hem onda serediljek meseleler we 2016-njy ýylda öňümizde durýan wezipeler barada häzirden teklipleri taýýarlamagyň wajypdygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz wise-premýerlere bu ugurda taýýarlanan ähli teklipleri ýakyn wagtda Türkmenistanyň Mejlisiniň garamagyna bermegi tabşyrdy.

Milli Liderimiz Mejlisiň başlygy A.Nurberdiýewa bu teklipleri jemläp, Ýaşulularyň maslahatynyň gün tertibiniň taslamasyny Ministrler Kabinetiniň 21-nji awgustda geçiriljek mejlisiniň garamagyna hödürlemegi tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz ýygnananlara ýüzlenip, täze ýyla çenli galan döwürde öňde duran wezipelere Ministrler Kabinetiniň geçen ýarym ýylyň netijelerine bagyşlanyp ýakynda geçirilen mejlisinde jikme-jik seredilendigini belläp, bu wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek boýunça ähli zerur işleriň geçirjekdigine ynam bildirdi.

Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde döwlet durmuşynyň beýleki käbir meselelerine hem garaldy, olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabineti giňişleýin mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi, mähriban halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter