Döwlet Baştutanynyň adyna hatlar gelip gowuşdy | TDH
Syýasat habarlary

Döwlet Baştutanynyň adyna hatlar gelip gowuşdy

опубликованно 21.03.2020 // 169 - просмотров
 

Onuň Alyhezreti
Türkmenistanyň Prezidenti,
Jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç,

Nowruz baýramy mynasybetli Size we Türkmenistanyň halkyna öz adymdan hem-de azerbaýjan halkynyň adyndan iň gowy arzuwlarymy iberýärin.

Tebigata täze öwüşgin we ösüş eçilýän bu baýramçylyk adamlary asylly işlere çagyrýar.

Ýaňy-ýakynda Siziň Azerbaýjana bolan resmi saparyňyzyň çäklerinde geçirilen duşuşygy hem-de giň ugurlar boýunça guralan pikir alyşmalary ýakymly duýgular bilen ýatlaýaryn. Biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklarynyň halklarymyzyň erkine laýyklykda mundan beýläk-de berkidiljekdigine we giňeldiljekdigine ynanýaryn.

Pursatdan peýdalanyp, Size berk jan saglyk, alyp barýan işleriňizde üstünlik, Türkmenistanyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk we abadançylyk arzuw edýärin.

Hormatlamak bilen,

Ilham Aliýew,
Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti.


* * *

Onuň Alyhezreti
Türkmenistanyň Prezidenti,
Jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç,

Sizi we Türkmenistanyň tutuş halkyny ählihalk baýramçylygy bolan Nowruz güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Tutuş adamzada hoşniýetlilik eçilýän we hoşniýetliligi, nurana ýörelgeleri alamatlandyrýan Nowruzyň aýratyn ähmiýetiniň bardygyny bellemeli. Goý, halklarymyz üçin umumy bolan bu ajaýyp baýramçylyk dostlukly ýurtlarymyzyň arasyndaky doganlyk gatnaşyklaryny mundan beýläk-de pugtalandyrsyn we şatlyk hem-de bolçulyk getirsin.

Bilelikdäki tagallalaryň netijesinde, Gazagystan bilen Türkmenistanyň arasyndaky dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryna esaslanýan
wajyp hyzmatdaşlygyň halklarymyzyň abadançylygynyň bähbidine mundan beýläk-de sazlaşykly ösdüriljekdigine ynam bildirýärin.

Bu ajaýyp baýramçylyk gününde hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç, Size döwletiňiziň mundan beýläk-de gülläp ösmegine gönükdirilen asylly başlangyçlaryňyzda üstünlik, Türkmenistanyň doganlyk halkyna bolsa abadançylyk we rowaçlyk arzuw edýärin.

Hormatlamak bilen,

Kasym-Jomart Tokaýew,
Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti.

* * *

Onuň Alyhezreti
Türkmenistanyň Prezidenti,
Jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Siziň Alyhezretiňiz,

Sizi Nowruz baýramy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Size berk jan saglyk, alyp barýan işleriňizde üstünlik, Türkmenistanyň dostlukly halkyna bolsa parahatçylyk we abadançylyk arzuw edýärin.

Hormatlamak bilen,

Salome Zurabişwili,
Gruziýanyň Prezidenti.

* * *

Onuň Alyhezreti
Türkmenistanyň Prezidenti,
Jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Siziň Alyhezretiňiz,

Sizi Nowruz baýramy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.
Size köpmüňýyllyk taryhy bolan we doganlygyň, bagtyýarlygyň, parahatçylygyň hem-de abadançylygyň nyşany hökmünde taryhda möhüm orun eýeleýän Nowruz baýramy mynasybetli gutlaglarymy uly şatlyk bilen iberýärin.

Baharyň gelendigini, tebigatyň janlanýandygyny alamatlandyrýan Nowruzyň halklaryň arasyndaky raýdaşlyk hem-de doganlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmagy, hemmelere bolçulyk, abadançylyk we parahatçylyk eçilmegini arzuw edýärin.

Siziň Alyhezretiňiz, Sizi Nowruz baýramy bilen tüýs ýürekden gutlap, hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine berýän goldawyňyz we goşandyňyz üçin hoşallyk bildirýärin.

Tüýs ýürekden hormatlamak bilen,

Bagdat Amreýew,
Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk Geňeşiniň Baş sekretary.

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter