Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa | TDH
Prezidentiň poçtasy

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

опубликованно 17.08.2015 // 953 - просмотров
 

Ysraýyl Döwletiniň hem-de Türkmenistanyň arasyndaky dostluk we birek-birege düşünişmek gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmek hem-de pugatalandyrmak maksady bilen, men jenap Ishak Karmel Kagani Ysraýyl Döwletiniň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine bellemek kararyna geldim.

Jenap Ishak Karmel Kaganyň belent adamkärçilik häsiýeti we başarnygy mende onuň öz üstüne ýüklenen wezipäni doly ýerine ýetirjekdigine ynam döredýär.

Şoňa görä-de, Siziň Alyhezretiňizden ilçimizi mähirli kabul etmegiňizi we onuň Size Ysraýyl Döwletiniň Hökümetiniň adyndan aýtjak zatlaryna ynanmagyňyzy haýyş edýärin.

Pursatdan peýdalanyp, Siziň Alyhezretiňize Ysraýyl Döwletiniň Türkmenistanda öz işini tamamlan Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Şem Sura bildiren myhmansöýerligiňiz hem-de goldawyňyz üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirýärin.

Siziň Alyhezretiňize tüýs ýürekden hormat goýýandygym hem-de abadançylyk, Türkmenistanyň halkyna bolsa rowaçlyk arzuw edýändigim baradaky ynandyrmalarymy kabul etmegiňizi haýyş edýärin.

Dostlukly arzuwlar bilen,

Reuwen Riwlin,
Ysraýyl Döwletiniň Prezidenti

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter