Resmi habarlar 18-nji Awgust | TDH
Resminamalar

Resmi habarlar 18-nji Awgust

опубликованно 18.08.2015 // 959 - просмотров
 

Türkmenstanyň Mejlisi “Girdejiler üçin salgytlar babatda iki gezek salgyt salynmagyny aradan aýyrmak hem-de fiskal boýun gaçyrylmagynyň öňüni almak hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Koreýa Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda Konwensiýany tassyklamak hakynda”, “Girdejiler we maýa üçin salgytlar babatda iki gezek salgyt salynmagyny aradan aýyrmak hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Awstriýa Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda Konwensiýany tassyklamak hakynda” Kararlary kabul etdi.

***

Türkmenistanyň Mejlisiniň Kararyna laýyklykda, Döwranberdi Orazberdiýewiç Annaberdiýew Türkmenistanyň Mejlisiniň Ykdysady meseleler baradaky komitetiniň başlyklygyna saýlanyldy.

***

Türkmenistanyň Mejlisiniň Kararyna laýyklykda, Gülşat Sahyýewna Mämmedowa Türkmenistanyň Mejlisiniň Durmuş syýasaty baradaky komitetiniň başlyklygyna saýlanyldy.

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter