Birža täzelikleri 16-nji awgust | TDH
Ykdysadyýet

Birža täzelikleri 16-nji awgust

опубликованно 16.08.2015 // 797 - просмотров
 

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 27-si hasaba alyndy.

Daşary ýurt walýutasyna Russiýadan, Şotlandiýadan, Gonkongdan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Türkiýeden, Owganystandan, Gyrgyzystandan we Ukrainadan gelen telekeçiler azyklyk bugdaýy, arassalanan pagta ýagyny, nah ýüplügi, pagta lintini, süýüm ulýugyni, şeýle hem pagta galyndysyny satyn aldylar. Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 3 million 70 müň dollaryndan gowrak boldy.

Manat serişdelerine Hindistandan we Pakistandan gelen täjirler jemi bahasy 4 million manatdan gowrak nah ýüplügi satyn aldylar.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter